01:53 Küýze we Tilki | |
Tomsyň ilki aýlary Giň giden bir meýdanda Bir boz tilki bökjekläp Her ýan gezýärdi onda. Düzde tämiz şemala Tutýardy ol ýüzini, Bu çöliň ol soltany Sanaýardy özini. Diýýärdi: – “men bu çöliň, Hem soltany, hem hany”. Haýbat atyp, güpüläp, Kemsiz gyzýardy gany. Asyl göwni ýetmezdi, Ýolbarsa, şire, pile. Taý geljekmiş bir özi, Barysy gelse bile. Çöl içinden dik geçýän Örän uly ýol bardy, Söwdagärler bu ýoldan Hywa tarap gatnardy. Uzyn giden giň ýolyň Gyrasynda agnak bar, Biziň batyr tilkimiz Häzir onda dynç alýar. Iki ýana agnaklap, Uly tozan turuzýar, Ýumşak guma öz-özin Iki ýanlaýyn urýar. Arkanlygyna serrelip, Meýmiräp ýumýar gözin; Öz bolşyndan göwni hoş Asmana tutýar ýüzin. Görse bir giden kerwen Ýetip gelýärmiş ine, Görüp muny bu tilki Kürsäp urýarmyş hine. II. Uzak wagt ýol ýöräp, Kerwen gaty ýadapdy; Düşmek üçin oňaýly Kän gezek ýer aňtapdy. Şu agnagyň ýanynda Makul görüp düşmegi, Başladylar barysy Kerwen ýükin çöşmegi. Goşlaryny ýerbe-ýer Goýan soňlar bir ýana, Düýeleri duşaklap, Goýberdiler meýdana. Sary küýzäň suwyndan Doldurdylar tüňçäni; Çaý gaýnan soň ortada Goýdylar kän külçäni. Tilki pahyr bu wagt Ýatýardy hin içinde, Gaýgy-gamy dünýäniň, Bardy onyň başynda. Kerwen haçan ugrajak? – Bilip bolmaýar muny. Dar köwegiň içinde Ýyla dönýärdi güni. Öz-özine bat berip, Dünýä sygmaýan tilki, Häzir ejiz, müzzerlip, Pişikçe-de ýok belki. Düýekeşler bu ýerde Ýeke gije ýatdylar, Erteki gün öýlänler Goşlaryny çatdylar. Ýük urmaga düýeler Getirilende idekläp; Oýun edýärdi bir köşek Dynuwsyz patyrdyklap. Burunjygna ýel düşüp, Gurt açýardy köşejik. Art aýagy degdi-de Düňderildi küýzejik. Gulpy hem-de agzynyň – Bir gapdaly “ekildi”. Içindäki suwjagaz Gum üstine döküldi. Gulpy, agzy döwlen soň, Ýolagçylar küýzäni Tilkili hin agzynda Goýup gitdiler ony. Bu zatlardan habarsyz Tilki pahyr “zyndanda”, Takdyryna käýinip, Jibrenýärdi ol onda. Çünki eýýäm iki gün Çörek-de ýok, suw-da ýok. Kerwen düýpli ornaşan Daşda çykyp bilenok. Käte gelip hininiň – Agzyndan ol diň salýar, Elmydama bir heňde – Kimdir onda hiňlenýär. Ýene lapy keç bolup, Dolanýar-da yzyna Durmuşyndan käýinip, Ýaş aýlaýar gözine. Şunluk bilen aradan Ýene iki gün geçdi. Bu biçäre tilkiniň Halys ysgyny gaçdy. Ahyry ol oýlanyp, Geldi şeýle karara: “– Mundan çykyp gaçmaly, Indi başga ýok çäre. Gaçmasam-da men munda, Hemişelik galmaly, Näme bolsa şol bolsyn – Iki başdan ölmeli”. Diýdi-de ol hininden Zyňylyp çykdy daşa. Ýetdi yzyn garaman, Bir menzile bir başa. Soňra yzyn garasa, Kerwen-de ýok, zat-da ýok; Bir eýýäm ol gidipdir, Ojak-da ýok, ot-da ýok. Sesiň nirden çykanyn Barlaşdyrdy ol gelip. Edil hiniň agzynda Bir küýze dur somalyp. Asyl şuňa ýel düşüp, “Huw... huw...” edip huwlapdyr. Ýurtda galan it kimin, Uzak wagt uwlapdyr. Bu işlere tilkiniň Gahary geldi gaty. Baryp küýzäň ýanyna Urdy uly haýbaty. “– Kapasda kän ýatyrdyň Boýny bokur sen küýze, Öz hetdiňi tanaman, Ezýet berensiň bize. Indi gezek meniňki – Geçýän seniň daşyňa, Getirerin gör seniň Ahyr zaman başyňa. Bu işiňi sen melgun Siňdirmersiň janyňa, Ýalan bolsyn bu adym, Galmasam men ganyňa”. III. Diýenden soň tilkijik Aw gözlegine ugrady, Aç gözini delmurdyp, Çar tarapa garady. Aw ýadyna düşende Suw akýardy erninden, Bu gün bäş güniň ajy, Howp edýärdi garnyndan. Dilin sallap biçäre, Gezdi ençe çölleri. Ýadawlyga garaman, Sökdi uzak ýollary. Uzynly gün selpän soň, Gün günorta bolanda, Ahyry küren obaň Ýakynyna gelende. Gördi uly bir guýruk Ýakasynda giň ýolyň Kebelekläp daşynda Kän aýlandy ol onyň. Barmady-da ýanyna Durup-durup oýlandy. Mekir tilki howlukman, Kän zady hyýallandy. Etli guýruk ýaldyrap Hoş ýaksa-da gözine Pikirlenip kän wagt Diýdi öz-özine: “Ýol ýatyra, ýol ýatyr Degresinde il ýatyr Bir emmasy bolmasa Guýruk munda ne ýatyr”? IV. Şu pikirde guýruga Garaýarka gyrakdan Gara tüýli bir möjek Peýda boldy uzakdan. Salam berdi baş egip, Ony gören badyna, Emma özi şatlandy Düşüp bir zat ýadyna. “– Şunça salam bermeseň Iki üzüp bir gezek – Durmuşyňa ýalmardym, Senden galmazdy derek”. “- Tilki halky möjegiň Etagatly gulydyr. Tilki özin deňärden, Möjek örän ulydyr. Gaty açyk bilýäris Möjek aga biz muny; Atamdan hem babamdan Eziz görýän men seni”. Bu hileler möjegiň Aýlandyrdy başyny, Gabarylyp garady, Töweregin-daşyny. Ýakyndaky guýruga Gözi düşüp birdenkä, Şatlyk oýnap ýüzinde Sorag berdi ol tilkä: “– Guýruk näme bu ýerde? Näme ony iýmediň. Onyň hakynda maňa Näme hiç zat diýmediň? “– Kän wagtlap sermenip, Tapan awym bu meniň; Emma daşdan gördim-de, Garaşdym gerňe seniň. Siz barkaňyz möjek baý Ýokdyr biziň hakymyz, Sizden öňe düşmäge Bolmaz asyl çakymyz”. Diýenine mähetdel Möjek ete topuldy, Emma welin arada Ýaman bela tapyldy: Öň aýagy möjegiň Gapana düşdi birden, Art aýagy hallanlap, Asmana galdy ýerden. Umyt edip sypmaga, Iki ýana pyrlandy; Emma sypabilmedi Ol biderek horlandy. V. Şeýtan tilki bu wagt Iki ýana bökýärdi, Pyrlanşyna möjegiň Daşdan gülüp bakýardy. Aldaw bilen möjegiň Kast eden soň janyna, Sallanjyrap tilkijik Bardy etiň ýanyna. Ete agyz urdy-da Bakdy möjek ýüzine. Urunýardy şindem ol Dözüm edip özine. Görenden soň tilkiniň – Gyjalatly garyşyn Ýaýkady-da kellesin Kän dişledi ol hyrçyn. Her niçik-de bolsa ol Öz syryny örütdi. Mekir duşman öňinde Syýasatjyk ýörütdi. Şat sypata girdi-de, Tilkä garap ýylgyrdy; – “Meniň tozan turzyşym Neneň görýärsiň?” – diýdi. “– Görersiň sen tozany Gelse gapan eýesi, Ol hemişe tutýandyr Al bilen sen dek mesi”. Diýdi-de ol agzyny Ýene urdy guýruga, Basym ony gutardy Goýmady ol uzaga. Hepbik ýaly garyny Döndi indi göjege, Kemsiz keýpin kökledi, Rehmi gelmän möjege. Möjek barha ejizläp, Ýalbarmaga başlady. Gapdalyna gapanyň Göwresini taşlady. Diýdi möjek: “– eý tilki Besdir indi gel boşat, Gana öýdiň bedenim Ölýärin men azat et”. Hondan bärsi gomalyp, Tilki jogap bermedi. Öňler aga diýse-de, Häzir itçe görmedi. Dok garnyny sypalap, Agdaryldy, oýnady; Üstin çykyp duşmana, Boz meýdanda ýaýnady. Urdy haýbat möjege Ýanna baryp dik durup, Berdi gyjalat baryn Oňa ýüzin öwürip: “– Ynha şudyr boljagy Seniň ýaly akmagyň Peýdasy ýok “möjek dost” Indi göz ýaş dökmegiň. Möjek halky tilkiniň Oýnatgy bir gulydyr. Möjek özin deňärden Tilki örän ulydyr. Hiç ýadyňdan çykarma Pugta tana sen meni, Tilki seniň agaňdyr Hemişelik bil muny”. Aýdandan soň bulary Töweregne garady, Heňkilledip gurugyn Küýzä tarap ugrady. VI. Gelip küýzäň ýanyna Urdy haýbat baryny, Indi ondan kemsizje Almakçy ol aryny. Diýdi: “Seniň küýzejik Ýadyňdamy horlanyň. Häzir gezek meniňki Edişimi gör meniň. Kim bolupsyň sen maňa Beýle zulum ederçe Bu sähranyň içinde Hiç kimse ýokdyr mençe. Eýmenmeýän birjik-de, Gaplaňyňdan, şiriňden Uçdan tutma olaryň – Barysynyň piri men. Şu gelşişine möjegi Aldadyp güýlüp atdym. Boýny ýogyn gödege Özim pugta tanatdym. Aýagyma ýykylyp, Dökdi gözden ýaşyny. “Boşat’ diýip ýalbardy, Ýere sallap başyny. Ýalbarsa-da ýaş döküp, Boşatmadym men ony. Güýçli bilen dalaşman, Goý tanasyn deňini. Häzir hem ol şol ýerde Çabalanyp ýatandyr, Ýa-da demi kesilip, Gapanda ol gatandyr”. Soňra tilki oýlandy: “– Niçik jeza bereýin?” Gowsy muny şu ýerde Aýlap ýere uraýyn. Pikirlenip ýene-de: Azdyr muňa bu jeza Bu deýýusy äkidip, Taşlaýyn men çuň guýa. Goý şol guýyň içinde Yzgarda ol çüýresin. Ýylan, içýan maslygyn Iki ýana süýresin. Gelip şeýle karara Äkitmekçi bolanda, Ýene täze bir pikir Birden döredi onda: “Iň ýagşysy gel muny Gark edeýin derýada Uzaklaşyp oturman Dynaýyn men bir bada. Tolkunlara garylyp, Görünmesin, güm bolsyn, Düýpsüz derýa içinde Balyklara im bolsyn”. Soňra dakyp gurugna, Gulpsyz döwük küýzäni Batly ädip ugrady Nazar alyp derýany. VII. Şu ýakynda bir derýa Joşgun urup akýardy. Tükenmez bol suwyny. Gör nirädir dökýärdi Hälki tilki küýzäni Şu derýaga getirdi, Ýadapdyr ol, derýanyň – Kenarynda oturdy. Niçiksi gark etmäniň Edýärdi ol pikirin; Agtarýardy göz aýlap Çemeliräk bir ýerin. Birdenkä bu tilkiniň Gözi düşdi güzere Batyrmaga küýzäni Bardy derrew şol ýere. Art aýagyn derýanyň Suwyna ol batyrdy, Emaý bilen şol suwa Küýzäni hem ýetirdi. Suw girdikçe agralyp, Küýze gidýär aşaga. Agram düşüp guruga Gyssanýar tilki aga. Her näçe jan etse-de Suwdan çykyp bilmedi Alaç tapman ahyry Tilki küýzä ýalbardy: “– Özim bilen deň bolman Ötgin meniň ýazygym. Goýber meni jan küýze Gopup barýar gurugym. Nahak ýere özimi Senden güýçli sanadym; Sen güýçliniň güýçlisi – Indi seni tanadym”. “Bakyr – bakyr” ses edip Küýze tilkä gülýärdi Gurugyna agramy – Barha gaty salýardy. Asyl gulak asmady Nalyşyna tilkiniň, Guruk gopdy-gopmady – Azaryna däl onyň. Häzir ynha tilkiniň Ahyrzaman başynda, Ýalbar ýaly ýüz tutup, Hiç bir zat ýok daşynda. Dirilikden ölüme Ýakynlaşanda ara, Jan howlyna bat bilen Bökdi beýik kenara. Çykyp derýaň daşyna Ýumak ýaly düýrüldi, Bökende ol gurugnyň Bir gat hamy syryldy. Çümen küýzäň yzyna Gahar bilen garady, Çünki şonyň zerarly Guruk gaty awady. VIII. Möjek örän kän wagt Çabalandy gapanda, Sallar gysyp rehmsiz Yzlar edipdir tende. Horlansa-da sypdyrdy Ahyry ol aýagyn, Emma gapan-endamyn Harap edipdir agyn. Saldan sypan aýagyn Ýere basyp bilmedi, Ilki bada göwresi Asyl ýerden galmady. Uzak wagt oturyp, Dynç aldy ol mazaly. Tilkini tiz tapmakda, Indi onyň hyýaly. Derrew alyp ugrady Tilkijigiň yzyny, Büdür-südür ýollarda Süýreýärdi dyzyny. Keýtikläp ol agtardy, Tilkiň gezen ýerlerin. Diýýärdi öz içinden: “Dik depäňden inerin”. IX. Tilki çykyp derýadan Aň-taň bolup durýardy, Bilmän nirä gitjegin Çar tarapa garýardy. Gaty ahmyr edýärdi Nahak eden işine Gahar bilen bakýardy Töweregne-daşyna Näme üçin men ony Çym-pytyrak etmedim? Näme üçin men ony Gurruk guýa atmadym? Şeýden bolsam men ondan Awysyzja dynardym. “Küýzäni men ýeňdim” – dip, Hemme ýerde öwnerdim. Möjek ýetip gelýärdi, Bu wagtlar yzyndan, Gapyl galan tilkiniň Habary ýok özinden. “– Diri düşdiň elime Indi sypdyrman tilki; Aldaw bilenjik meni Edensiň ile gülki”, Diýen sesi eşidip, Ýaryldy oň zähresi; Şol durşyna gatady Hem-de çykmady sesi. “– Indi seniň depäňden Düşmez meniň taýagym. Şu duranja ýeriňde Töle meniň aýagym”. Aljyraňňy tilkide Täze pikir döredi, Tärin tapyp ýene-de. Geň bir hile gurady. Diýdi: “seniň aýagyň Döwen nähili tilki? Menä seni tanamok Sen-de ýalňyşýaň belki”. “Aýagymy agsadan Seniň edil hut öziň. Bilmezlige salsaň-da. Ony aýdyp dur göziň. Sensiň dagyň tilkisi Gaty tanaýan seni, Uzyn guruk sen deýýus Ýaman horladyň meni”. “– Möjek aga kim bilen Gepleşýäniň bil indi. Ynha seret men özim Gurugy gyzyl tilki”. Diýenden soň görkezip, Guýrukdaky ýarany Möjek men, gum tilkisi” – Diýip açdy arany. Illýustrator: Döwlet AKYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |