10:37 Aman Kekilowyň doglan gününiň 110 ýyllygy geçdi | |
AMAN KEKILOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 110 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANÝAR
Edebiýat täzelikleri
Ýurdumyzda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan çärelere giň gerim berilýär. Golaýda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp «Toý ýaşly şahyr» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada medeniyet.gov.tm saýtynda habar berilýär. Ýazyjy şahyr barada mugallymlar, kitaphana işgärleri hem-de Aman Kekilowyň iki sany çowlygy babasy barada gyzykly gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda myhmanlar Aman Kekilowyň mekdep muzeýine aýlanyp, şahyryň iş otagyndaky ulanan esbaplary barada gyzykly gürrüň etdiler. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, baý edebi mirasy bilen dünýäde tanalýan Aman Kekilow 1912-nji ýylyň 9-njy maýynda dünýä indi. Türkmen dilinde ilkinji gezek goşgy görnüşinde ýazylan «Söýgi» romany hem onuň döredijiligine degişlidir. Birnäçe dessany, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň goşgularyny we beýleki türkmen klassyklarynyň eserlerini ýatdan bilýän daýysy Aýdogdy agaň hekaýalary bilen gyzyklanan, şolar bilen ulalan Aman Kekilow ilkinji goşgularyny ýazmaga eýýäm çaga wagtyndan synanyşyp başlapdy. Ene-atasyny 10 ýaşynda ýitiren oglanjyk pedagogika kollejine girýänçä çagalar internatynda terbiýelenýär. Aman Kekilowyň goşgularynyň ilkinji ýygyndysy ol 20 ýaşyndaka neşir edildi. Şol wagta çenli ol eýýäm pedagogika kollejinde mugallymçylyk edýärdi hem-de türkmen metbugatynda işleýärdi. 1930-njy ýylda ilkinji rus ýazyjylarynyň topary, proza ýazyjysy we publisist Nikolaý Tihonow, görnükli romantik şahyr Wladimir Lugowskoý, dramaturg Leonid Leonow we beýlekiler Türkmenistana geldi. Aman Kekilow gelen kärdeşleri bilen dostlaşdy, olar bilen edebi agşamlarda çykyş etdi we ýazyjylyk boýunça gyzykly temalary ara alyp maslahatlaşdy. 1934-nji ýylda Kekilow Bütin Soýuz ýazyjylarynyň forumyna gatnaşmak üçin Moskwa gitdi. Ol Moskwada SSSR-iň ýazyjylar Birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Köp wagt geçmänkä Moskwanyň Taryh, filosofiýa we edebiýat institutynyň aspiranty bolýar. Aman Kekilow A.W.Lunaçarskiniň adyny göterýän GITIS-iň türkmen bölüminde hem sapak berýärdi. Aman Kekilow Watanymyza gaýdyp gelip, Aşgabat institutynda mugallymçylyk edýärdi we gijelerine bolsa iş otagynda türkmen klassyklarynyň edebi eserlerini öwrenip işleýärdi. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen aýylganç ýer titremesiniň pajygaly gijesi ony işde tapdylar. Gudrat bilen diri galan Kekilow maşgalasy bilen Türkmenabat şäherine (şol wagt Çärjew) göçdi. Bu ýerde ýazyjy Mollanepesiň eserlerini çuňlaşdyryp öwrenmek bilen meşgullanyp, liriki şahyryň durmuşy barada iň ownuk maglumatlara çenli ýygnamak üçin dogduk obasyna baryp gördi. Gözleg işleriniň netijesinde doktorlyk dissertasiýasyny we «Beýik lirik» monografiýasyny ýazdy. 1972-nji ýylda Aman Kekilowa Türkmenistanyň Hormatly alymy diýen at berildi. Ol ömrüniň ahyryna çenli döretmegi dowam etdirdi. Şol döwrüň ýaşlary onuň goşgularyny okaýardylar, ýazyjynyň pýesalary sahnalaşdyrylýardy. 1974-nji ýylda ýazyjy aradan çykdy. Häzir Aman Kekilowyň doglanyna 110 ýyl geçen hem bolsa, dünýäde ýazyjynyň adyna we döredijilik mirasyna uly hormat goýulýar. Aşgabadyň köçeleriniň biri Aman Kekilowyň adyny göterýär, «Ylham» seýilgähinde türkmen edebiýatynyň ösmegine möhüm goşant goşan halk ýazyjysynyň heýkeli bar. | |
|
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||