08:12 Söýgi -8/ romanyñ dowamy | |
X
Romanlar
«И теперь пою про то же снова. Потому и дышит глубоко Нежностью пропитанное слово.» С.Есенин. Ýylyň kerwenbaşy ýanwar aýynda, Moskwa şäherтiň giň bir jaýynda, Ýygnanypdyr bu gün garry alymlar, Aspirant, doktorant hem mugallymlar Ses-üýn ýok giň zalda örän parahat, Eýýäm başlanypdyr möhüm maslahat. Ýany orta çykyp, ynha, bir kişi Sözleýär, köp ýyllap edilen işi. Alymlar öňünde gürrüň berýärdi, Diňe kagyzyny gözi görýärdi. Uzak darykmady, dürsedi özün, Uly ynanç bilen aýdyp her sözün, Çekip özi tarap hemmäň nazaryn, Bap-bap beýan etdi howlukman baryn. Şol duran ýerinden ýüzlenip zala, Soň jogap gaýtardy berlen sowala. Bularyň barysy gutaran çagy Atan dek egninden bir gara dagy. Düşdi tribunadan, otyr aşakda, Men gürrüň bereýin size ol hakda. Zala ünsüň çekip seniň birbada Ençe wakalary goýup arada, Tertipsiz bolsa-da onuň beýany, Bagyşla, okyjym, bu hekaýany. Yzyndan başladym, öňi şuň ýaly: Akmyrat gyzyndan galan mahaly, Gök maşyn yzyňdan köp seredipdi, Soňra ýuwaş-ýuwaş öýe gidipdi. Uzak oýlandyrdy gyzyň jogaby, Onda-da aýdyň däl şindem jogaby. Howanyň ýüzüne bürelip duman, Gomlar çakyşanda göterlip duman, Deňizde gämiçiň ýitirip özün, Garap dürli ýana, delmirdip gözün, Ýaýdanyp durşy dek yzyny tapman, Duşuşykdan soňra biziň gahryman, Gyzyň sözlerinden anyk bir many Çykaryp bilmedi, dürli gümany Gezdirdi kellede birnäçe wagt, Gizledi özüni gözlenýän bagt. «Tanyşym, tanyşym...» ýatlady her dem Ahyrda yş berdi bir tarap kem-kem: Sada sypatynda görkezip özün, Örän uzaklardan aýlapdyr sözün. «Tanyş» – men özüm, bu anyk mälim, Beýle çak etmäge bar bir delilim: «...Size göwnüm ýetýär her bir tarapdan. Doganym hökmünde söýýärin köpden. Ant etmäge taýýar, ynha, her zatdan, Men seni hiç haçan çykarman ýatdan...» Baglanyp ýürekler gözel görküne, Çekelän zamany goýman erkine, Dikip iki göwrä gara gözlerin, Men hakda aýdypdy şeýle sözlerin. Indi hiç şübhe ýok, getirdim ýada, Aňyma gelmändir bular birbada... Çykaryp bu hakda şu hili many, Biziň gahrymanyň ynjaldy jany. Soň işe berilip, gije-gündizi, Geçdi Aşgabatda tomsy hem güýzi. Günbatar Uzboýy aýlandy ýene, Toplanan material ýetdi bir çene. Düşmedi elinden ýazylan kitap, Işledi irginsiz, hemişe hoş tap. Geçdi maslahatdan, hemmesi taýyn, Moskwa gitmegiň tutdy ýol şaýyn. Şuň ýaly ýagdaýda boluşy ýaly, Indi ýolbaşçyda işiň ykbaly. Geçip bar ötükden başynda gyşyň, Çaphana bir ýany ýetipdi işiň. Kiçijik kitapça, ynha, elinde, Dürli kabinetde, türkmen çölünde, Çekilen zähmetiň edilen nşiň, Mukdary çäklenmän, goýulan güýjüň. Gysgaça mazmuny hem netijesi – Ynha ylmy zähmet, ol-da eýesi. Uly guwanç bilen biziň gahryman, Garaýar işine gözün aýyrman, Göýä ýaş enäniň ilki perzendi, Kitapça elinden düşmeýär indi. Bu kitap tizlikde ýaýrady ile, Geçdi köp ýerlerde ellerden-ele. Onuň barasynda ýakyndan, çetden. Galňady bir papka alynan hatdan. Olar üstünlige umyt berýärdi, Onda-da birsyhly ýürek urýardy. Etmegiň kyn bolar erkiňe höküm, Başyňdan geçiren bolsa kimde-kim. Goldar, gürrüňi ýok, bu ýerde meni, Okyjym, özüm-de görüpdim muny. Ýene dolanalyň şol uly zala, Işi şowly bolup, düşse-de ýola, Eňteren bolsa-da başyndan ýüki, Şindi hem ýüregniň bardy buk-büki. Häzir opponentler başlady sözün, Akmyrat olardan aýyrman gözün, Dykgatly diňleýär, baksaň ýüzünden, Käte hatarlara gezýän gözünden Bildirýär, özünden hoşaldy göwni, Ýadynda ömürlik saklar bu güni. Çykyşlar, gürrüňler gutardy bary, Hasap komissiýasy eder karary. Boldy arakesme, çykýarlar zaldan, Käler elin berip oňa ozaldan, Gutlaýar çalaja, çykan dek bije, Çaklanýar eýýämden boljak netije. Komissiýa kararyn okan mahaly, Käleriň öňünden oýlanşy ýaly. Boldy Akmyradyň myrady hasyl – Garşy ýa bitarap ýok eken asyl. Uzak dowam etdi zalyň şowhuny, Nazarlap dört ýandan dost-ýary ony, Aldylar daşyny üýşüp destine, Geldi gül dessesi üsti-üstüne. Bu günki şatlyga şärikli ýaly – Ylmy ýolbaşçysy, ata mysaly, Mähirli ýylgyryp, golun uzatdy, Belki ol uzan gol ýürege ýetdi. Şatlygyň, begenjiň bary jemlendi, Dodaklar kemşerdi, göz-de nemlendi. Dostlarym, hemişe arzuwda ynsan, Bu bir tebigy zat, däl bize pynhan. Arzuw bir yşykdyr göýäki ülker, Oňa ymtylanlar ýürekden galkar. Böwetler ötükler saklamaz ony, Misli atylan ok barýandyr göni. Arzuwsyz ýaşaýşyň manysy barmy? Arzuwsyz göwrede ýürek urýarmy? Arzuwyn özüne etmedik aýan, Dine ady ynsan, özi gury san. Ynsan arzuwynyň bolmaz pellesi, Baglydyr bir-birne olaň hemmesi. Razysyň birine ýetseň ilkinji, Etersiň, başlanar soňra ikinji. Diýýärler, gadymda ynsanyň biri, Bolanmyş köp zaman ogluň ýesiri. Etipdir arzuwna, dogupdyr ogly, Bolupdyr ulalyp bir murty towly. Ýöne ýanky kişi muny az görüp, Diýipdir bir güni oglun öýerip: «Bolsady agtygym, sag wagty janym, Galmazdy dünýäde birje armanym». Gün geçýär, aý geçýär, agtyk-da bolýar. Çyrçyksyz ýetişýär, tiz-tiz ulalýar. Ýanyn ýere beren ahyr ol kişi, Edipdir dünýäden ýene käýişi: «Ölümiň atlary geçdi serhetden, Indi jyda düşjek janym jesetden. Etmedim arzuwa, galdy bir arman, Gidýärin göz açyp, çowlugym görmän». Arzuwdan-arzuwa biziň gahryman, Etýärdi zähmetde janyn aýaman. MGU-yň diplomyn, ýatlan, bir wagt, Gaýypdy özüne arzuw hem bagt. Arzuwyň yzyndan ýene arzuwdy – Ol alym bolmagy ýüregne düwdi. Beýle arzuwda-da ýetişdi ine, Ony öne çekýär täzesi ýene. Goý, ol arzuwlardan-arzuwa ýetsin. Halkyna, iline nygmat döretsin. Ugraman az salym galdy bu ýerde, Işi-güýji bilen boldy şäherde. Häzir otagynda görýäs bir özün, Okaýar bir zatlar aýyrman gözün. Gysgajyk many bar ýazylan sözde. Umumy many bar ýazylan sözde. Gutlapdyr dostlary ony her ýerden, Nobatdaky kagyzy açanda birden, Uçdy ganat berip göwnüniň hoşy, Belki täze arzuw berdi bir yşy. Barmady kagyzyň başga mazmuny – Gaýtalap-gaýtalap okaýar ony. Mazmuny başga däl, goly başgady, Ýürege täsiri, ýoly başgady, Barmydyr dünýäde süýji zat dilden? Bölejik ol kagyz düşmedi elden, Umydyň gözbaşy ýene-de joşýar, Ol şatlyk üstüne şatlygyn goşýar. Okyjym, elbetde, çaklansyň özüň, Näme artyk boldy güýji bu sözüň. Şatlygyň dowamy pikire geçdi, Pikir dowam etdi, ünjä ýetişdi: «Şol tanyş diýýäni bolsam-da özüm, Mundan suw içmeýär hiç meniň gözüm. Sözüň manysyna akylym ýetýär, Ol meni özünden uzakda tutýar. Ynsanyň-ynsana bolsa hormat, Uludyr, elbetde, onuň gymmaty. Ynanýan sözüne, sapdyr ýüregi, Ýöne, başga bir zat maňa geregi. Hormata eýe men, ýürege ýesir, Bardyr töwerekden, belki, bir täsir. Ýa göwün berendir başga bir kişä, Salmak islemänsoň meni endişä, Pynhan saklaýandyr ony içinde, Bardyr dürli ýollar söýgi işinde. Çyn bolsa dogan dek söýýäni meni, Maslahat salmazmy, aýtmazmy göni?! Ýok, ýok! Beýle däldir, galat sözlemez, Bolsa bir hyýaly, menden gizlemez. Belki, berjaý edip türkmen adatyn, Ýa-da Begenjiniň saklap hormatyn, Gaýnynyň dulunda oturjakmy ol? Ömrün ýekelikde ötürjekmi ol?» Ýigit sakga durdy şuňa ýetende, Üýtgeşik bir duýgy syzyldy tende. Böwrüni diňşirgäp, ep-esli durdy, Soňra barmaklaryn maňlaýna urdy: «Nepes hak aýdypdyr, söýginiň güýji, Ýeňjek hemme zady, ýok iki ujy». Düýn agşam ukusyn almandy gana, Ýatdy ýatar wagty gitmän hiç ýana, Şu hili ýagdaýda uky gelýärdi, Kelle dynç bolmasa, göz ýumulýardy, Bir zaman, okyjy, bar bolsa ýatda, Bolanda şu ýagdaý Ogulnabatda, Getirip göz öňne iki göwräni, Kä ýakyn, kä uzak edip arany, Ukusyn ýat edip, içip döküpdi, Birisin itekläp, birin çekipdi. Häzirki pursatda ýigdiň-de haly, Üýtgeşen ýeri ýok, edil şoň ýaly. Hyýalynda gyzyň keşbin döredip, Ýatyr arkan düşüp, oňa seredip. Gözüniň öňünde onuň suraty, Ajaýyp garaýşy, ajap syraty. Atypdyr ýeňseden gara saçlaryn, Kakyp näzi bilen galam-gaşlaryn. Kä gelip ýakyna, käte gizlenýär... Ýigit gaýybana gyza ýüzlenýär: SEN SEN Ýaşlykda ýa;ňyz başym gowga salan sen-sen, Seretsem, seýkin basyp, sallanyp gelen sen-sen. Kalbym uçurym guşun bigana kylan sen-sen, Ýerde ýeke galdyryp, asmana galan sen-sen, Salyp wyždan oduna, tyg bilen dilen sen-sen. * * * Gelerne gözüň dikip, garaşdyň gahrymana, Gahrymanyň ýazgydy howp saldy şirin jana. Janana wepa kyldyň, şaýat şanly zamana, Zamanamyz guwandy, sen kibi mähribana, Mähribana mähriban kyn günde bolan sen-sen. * * * Geçdi agyr günleriň maksat-myrada ýetdiň, Ýetginjekler ýygnandy, dabaraly toý etdiň, Etdigiň toýda görüp, siňe-siňe seretdiň, Seredeňde sen mende özge duýgy döretdiň, Döwrüň kanuny şeýle – söýenin saýlan sen-sen. * * * Ýazgaranda ýazgydyň döredi hyjran dagy, Dagyň gerşinden ilip, üzüldi bagt bagy, Bagyňda gülüň soldy, baharyň aýny çagy, Çaglanyp şol gün jahan saldy synaňa dagy, Gam laýynda bir zaman sargaryp solan sen-sen. * * * Edermen ärler kimin dik tutduň merdan başyň, Başyň saglygyn diläp, süpürdiň gözden ýaşyň, Gözýaşyň, gaýgy-gamyň, paýlaşdy garyndaşyň, Garyndaş boldy saňa şol günler ýakyn-daşyň Çykyp duman içinden güneşde gülen sen-sen. * * * Syrylyp gökden duman daňyň agaran güni, Günleriň bir gününde tötänden gördüm seni, Seniň kaddy-kamatyň ýene bent etdi meni, Mende öwrüm-aýlaw ýok, barysyn ýazdym göni. Täzeden mährim meniň goluna alan sen-sen. * * * Duýgym, duýgular başy, başga duýgy ýok mende, Meni ýazgarar belki söýgä düşmez bir gende, Gende menden geň görmez, başyna düşen günde, Gündiz-gije parhy ýok, göwräň gözüm öňünde, – Dogan dek söýýän – diýip, umydym çilen sen-sen. * * * Söýme dogan hökmünde, söýseň meni: – ýar – diýp söý, Ýar gadryn bilýäne: – baky wepadar – diýp söý. Wepalysyn wasp edip: – şol wepala zar – diýip söý, Zaryn sesimde meniň çuň muhabbet bar – diýip söý, Hyrydaryň har etme, bir gadyr bilen sen-sen. Ýürek gözbaşynyň akdy bulagy, Belkä-de şaňlandyr gyzyň gulagy?! Kim bilsin onçasyn, her çykan owaz Bilbiliň sesi däl, döretmeýär ýaz. «Barysy içinde, çykmasa daşa, Nä biljek nä hyýal gelýär ol başa? Her daýym şuň ýaly maňa guş berýär, Belki ukusynda başga düýş görýär...» Hiňlene-hiňlene ol gözün ýumdy, Gitdi süýji uka, şäher-de dymdy. XI «Не будь же к мольбам глухою! Ты слышишь? Я жду ответа...» Нифон Саба. Örän näzik bolar ýüregi gyzyň, Tiz ýeter täsiri aýdylan sözüň, Käte şady-horram, käte sülmüräp, Ýüzün agras tutup, assaja ýöräp, Her zada perwaýsyz görüner daşdan, Emma many tapar her bir garaşdan. Görküniň, görmegniň bolup ýesiri Oňa nazaryny dikende biri, Salar bilmezlige, az berer ünsün, Gider öz ugruna, çykarmaz sesin. Saklar mertebesin baryş-gelişde, Toýda, märekede, mekdepde, işde. Her bir gatylan söz, salynan nazar Her haýsy özüçe bir yz galdyrar. Saklanar hemmesi, biri-de ýitmez, Gyz ýeňillik edip özün üýtgetmez, Näçe köpeldikçe olaryň sany Çykar barysyndan dine bir many – Aklyna, görküne bolup ynanjy Gyzyň öz-özüne artar guwanjy. ¬¬ Ýüzlenip bu ýerde Ogulnabada, Ýene geçenleri salalyň ýada. Äwse-de äwmezlik – gyzlar adaty, Şol zerarly ýigidiň iberen haty Jogapsyz galsa-da etdi öz işin: Gündizi aňyny, gijesi düýşün Bütin eýeledi, goýman erkine. Akyl-edebine, görüm-görküne Ýürekden hyrydar bolsa bir juwan, Heý-de guwanmazmy muňa ýaş jenan? Gyzyň kellesinde şu hata deňiç Beýle zat hakynda pikir ýokdy hiç. Diňe rugsat wagty oba baranda, Ejesi gizlinje gürrüň berende, Aýdardy ýek-ýarym gelýäniň baryn, Yzyna gaýtarşyn alman habaryn. Ozalrak bolupdy munuň-da bary, Aýak kesilipdi köp wagt bäri. Näçe çalyşsa-da bu gyz babatda, Dursun-da umydyn üzüpdi hatda. Entek Akmyradyň hatyn almanka, Bolupdy şäherde şeýle bir waka: Taryhyň dördünji kursunda okýan Görende bu gyzy hyrydar bakýan Uzynak, görmegeý bir ýigit bardy. Käte ýatakhanaň ýanna barýardy. Gutaryp bir kursy urşuň başynda, Geçýär ençe ýyly soňra goşunda. Başlaýar okuwa dolanan ýyly Tirsegniň üstünden ýokdy çep goly. Ýogalyp aýaly frontda wagty, Galypdyr gyzjagaz horlanyp gaty, Gitdim-gitdim edip birnäçe ýola, Ahyr özün dürsäp gelýär kemala, Türkana bir ýigit, gaty agrasdy, Gep-gürrüňi ýokdy, örän ýygrasdy. Duşanda bu ýerde Ogulnabada Köňlüne bir hyýal gelip şol bada Tanyşýar, sözleşýär, umyt besleýär, Oňa bir zatlary diýmek isleýär. Gün geçdi, aý geçdi aýdyljak sözler Saklandy ýürekde, hyrydar gözler Duşanda gyz bilen seredip siňe, Umumy gürrüňler edilýär diňe. «Wah, ýygralyk gursun! – Käýindi daýym, Olam ýeke galan hut meniň taýym, Hiç peýda çykmajak gaýra salandan, Atyp galan ýagşy, ýatyp galandan». Şunuň dek bir hyýal gelip küýüne Ugrady bir gezek gyzyň öýüne. Onda-da bolmady, gyzyň deň-duşy Üýşüpdir bir topar, doludy daşy. Ýigdiň ýüreginde beslän hyýaly Galdy ýüze çykman öňküsi ýaly. Gijara ugradan pursady ony Ýolly peýda boldy, ýok seni-meni: « – Näme sen, profkom, her gün şu ýerde, Gezmäge ýer gytmy saňa şäherde? Kesmeseň şu ýerden, eşit, araňy, Indiden bu ýana görsem garaňy, Dynarsyň bigüman sagja eliňden...» « – Akdyrma şerebäň ogul diliňden, Keýerlip durma-da düşündir sözüň, Saňa näme gerek, asyl kim özüň?» Özi ara düşdi onýança gyzyň: « – Manysy düşnükli maňa bu sözüň, Ýaňrama bu ýerde, ugra dessine, Kim bolduň çişerçe iliň üstüne, Goragy gerek däl seniň ýalagyň, Dolanyp gapydan sekme aýagyň!» « – Okuw bahanalap şumy edýäniň? Kesilmän aýagy gelip-gidýäniň Ýitirdiň obanyň at-abraýyn, Ýene-de bir gelsin hany göreýin!» Üýşürdi märeke, gopgun döretdi, Papagyn gyşardyp hüňürdäp gitdi. Gelse-de gahary nätjegin bilmän, Ýigit aňka-taňka hiç zat düşünmän, Ahyrda gyz bilen hoşlaşan wagty Gysdyrdy eline kiçijik haty. Mälimdi öňünden hatyň mazmuny Gyz okap dessine taşlady ony Ne jogap gaýtardy, ne-de oýlandy Ine, şunuň bilen iş tamamlandy, Häzir şol wakany salýar ýadyna, Bu-da bir wagtdy, soňra adyna Hiç ýerden hat-petek almandy köpden Dynypdy gulagy gürrüňden-gepden. Ine, şu ýagdaýda iberip hatyn, Bozupdy Akmyrat gyzyň rahatyn. Ynsanyň sözleri ýaňlanýar dilde, Hat ýazýan, hat alýan gyt däldir ilde. Hatyň-hatdan, sözüň-sözden parhy kän, Güýçlüsi ýürege ýönelýär dikan. Eger ýazan bolsa bir ýeňil-ýelpaý, Diýerdi birbada tap özüňe taý. Beýdip sypmak çetin emma bu hatdan Unudyp bilmeýär, çykmaýar ýatdan. Gurşunly kenek dek onuň her sözi, Bukjasyn görende üýtgeýär ýüzi. Anyk duýulmaýar daşdan hiç bir zat, Ýokarda aýdypdyk, ýatlaň, Akmyrat Hatyny berensoň bolup bikarar, Her dem ýüreginde syzardy azar. Aňyndan gitmezdi her ýere barsa, Karary ýetmezdi otursa-tursa... Ondan has beterdi gyzyň ahwaly, Tutsa-da özüni perwaýsyz ýaly, Gaçypdy ynjalyk şol hatdan bäri, Emma syr saklady, içdedi bary. Akmyrat ýanyna gelip gidende, Ýürek arzuwyny beýan edende Aljyran gyzymyz özün raslap Aýlawly bir jogap tapypdy toslap. Ýigit düşünmedi oňa birbada, Döredi sowuklyk iki arada, Gyz muňa hoşaldy öýe ugranda Rahat demin aldy öňkä garanda, Gapan delilinden mydam göwni jaý, Ýörmändi arada ony ençe aý. Gelip Aşgabatda biziň ýaş alym, Gyza görünmezden gezdi az salym. Käte edarada ýigidiň deň-duşy, Çyndan mübärekläp edilen işi, Saldylar ýadyna onuň bir zady, Diýdiler: «Ýigidiň maksat-myrady Köp jepalar bilen bolanda hasyl Gyzmazmy gazanyň gulagy asyl?» Degişmäň ahyry çyna ýazanda, Oturyp çagyryş hatyn ýazanda Ilkinji gyz düşdi ýigdiň ýadyna, Emma hat ýollaman onuň adyna, Ine-de ýanyna bardy ýörite: « – Kiçijik oturşyk öýümde erte. Örän ýagşy bordy barsaňyz siz-de. Çekinmäň, üýtgeşik hiç zat ýok bizde Ýarysy deň-duşlar, özüm dek ýaşlar, Ýok bolar-bolmazy, oňat ýoldaşlar». Beýle çakylyga boldy bir hili, Oýlanyp içinden dürli delili. Baryny bir demde gözden geçirdi – Gyz oňa barmakdan boýun gaçyrdy. « – Hormatly tanşyňyz, medetkäriňiz, Sözi söýeg bolýan howandaryňyz, Bakyşy mylaýym, özi sadaňyz Gaty salykatly asyl zadaňyz Dolanyp ýaňyja örän uzakdan Bu gün çagyranda tämiz ýürekden Oýlanyň, bu jogap bolýar neneňsi? Maňa-ha bir hili görünýär geňsi». Eşdende ýigitden bu hili sözi, Çalaja gyzaryp şol bada ýüzi, Myssa ýylgyrypdy saklanyp bilmän. Emma ara gürrüň oňa öwrülmän, Çakylyk hakynda dowam edipdi, Ýigit ýüzün sallap öýne gidipdi. Öýke bolmasa-da onuň göwnünde Nägile göründi gyzyň öňünde. «Men gaty görmäýin, belki, hak etdi.» Ýolboýy öz-özi için gepletdi. Gyz otyr oýlanyp, geçeni ýatlap: «Gezerdim asuda ony hormatlap, Görsem başga urýar indi ýüregi, Hamala men ýaly gögüň diregi, Eger çykýan bolsa çynlap ugruna, Näme ýüz tutmaýar başga birine? Üýtgeşik nämäm bar ýa-da ol meni... Ýok, ýok! Bolup bilmez, etmez ol muny. Oýlana, oýlana çaşyrdym başym, Bu halym bilmeýär töwerek-daşym... Wah, başga alada meniň kellämde, Gözümiň öňünde her bir ädime Iki sany garry hem-de Öwez jan, Olara her haçan men tapmaly nan. Iliň bu zatlardan ýokdur habary. Eşdemde şu sözi edip gahary, Käleriň jogabyn berdim mundan öň, Käleriň sözüne etmezdim geleň. Örän agyr boldy, emma bu sapar, Bu hatyň jogabyn bilmen kim tapar...» Çakylykdan soňra, ýaňy-ýakynda, Baranda her haýsy işi hakynda Şäher sowetinde ýene duşuşdular, Çekilip bir ýana gürrüňleşdiler. Öňki ýygralyk ýok, indi arkaýyn, Ýigit aýdyp berdi durmuş ýagdaýyn, Gürrüňiň ahyry şol bir köne heň. Diýdi: «Ogulnabat, görmäň menden geň, Döwneýäň bir zady her bir sözümde, Bizar-peteň etdim, bilmän özüm-de. Başga alajym ýok, ynanyň indi, Söýginiň labyry depämden indi. Aýdara zadym ýok artdyryp size, Pugta pikir berip aýdylan söze, Şol hakda hiç zady gizlemäň menden, Ýüregiň urgusy artýar gün-günden. Bagyşlaň elbetde, gönümel gaty, Eger özüňizde bolan hormaty Indi öwürseňiz başga bir zada, Bagt gözlemezdim şondan zyýada.» Soňky duşuşykda şudy aýdany, Ýadynda oýlanyp öýne gaýdany. Ýazaryn, ýazmaryn – wada etmändi, Gijesi uzalyp, daňy atmandy. Bolupdyr bir görse kän zada sebäp, Ynandy, eger-de bermese jogap, Ýigidiň karary ýok, tolgunan ýürek Barha güýçli urýar deňiz gomy dek. Hem guwanç, hem gaýgy – ýetik azary. Indi dillenmeli, ýok başga täri. Golunda galam bar, öňünde kagyz, Stoluň başynda otyr biziň gyz. Emma garalmaýar kagyzyň ýüzi, Dykyz ýürekdäki tükenmez sözi Häzir tapylmaýar, gelmeýär dile. Käte egip başy ýuwaşlyk bile Maňlaýy stola degäýjek bolýar, Birden tisginjiräp, ýene dikelýär. Töwerek-daşyna aýlap gözlerin, Agtarýar täzeden ýazjak sözlerin. Temme aýrylan dek, ynha, bir görseň Sözler yzly-yzyna, eger ýol berseň Sahypa-sahypa bezeljek ýaly, Emma dürtülmeýär galam kagyza, Ilki ýol bermeli haýsy bir söze. Nireden başlajak, nirde gutarjak, Gürrüňiň dowamy, gör, nirä barjak? Bolýar bulam-bujar, bary gatyşýar, Soňra sözler dargap, akym ýatyşýar. Bir görseň daşyndan ugrugan ýaly, Ýetişibildikden oýnaklap goly, Sözler seçelenip kagyz üstüne, Setirler, sözlemler dörýär dessine. Birdenkä kürtdürip durýar galamy, Göwnüne jaý dälmi ýazan kelamy, Gaýtalap-gaýtalap okaýar başdan, Duýulýar ýüzünden, çytylýan gaşdan, Bolmandyr ýene-de, ýakmaýar jana, Owkalap-owkalap zyňýar bir ýana. Galamyn kagyza näçe ýetirdi, Näçe kagyz ýyrtdy, näçe oturdy Onçasyn bilmedim, geçdi hemmesi, Häzir söz älemniň bolup eýesi Jemlendi pikiri aýdyň serinde, Sözler hatarlanşyp ýerli-erinde Indi nobat bilen özleri gelýär, Çalasyn galamyň sesi eşdilýär. Ak kagyz üstüne ýüregiň nagşy Çekilýär, dutaryň al gola, bagşy. XII «Прошай! Тебя удерживать не смею, Я дорого ценю любовь твою.» Шекспир. Gijäň köpi geçip, azy galypdy, Belkä-de daşarda daň ýagtylypdy, Baryndan bihabar biziň gahryman, Süýji ukusynda başyn galdyrman Ýatyrdy düşekde, budilnik birden Oňa habar berdi şanly säherden. Şol bada tisginip, galdy tirsegne, Gözlerin owkalap seretse, ine Güberlip üstünde gökje abažur, Gapdalda çyrasy ýagty saçyp dur. Krowat öňünde kiçijik haly, Gaçypdyr üstüne okan žurnaly. Bir sünni agyrlyk duýýar özünde, Ünji alamaty bar dek ýüzünde, Ýassygyn owkalap, hiç ýana bakman, Ep-esli oýlandy ýorgandan çykman. Soňra ol ýerinden turdy çalasyn, Galdyrdy žurnalyn, açdy aýnasyn. Öýüň ortasynda, mydam bolşy dek, Gollaryn galgadyp, gezdi birentek. Şeýledi ýaşlykdan endik-adaty, Sypmazdy bir güni, galdawdy gaty, Diýerdi: şu bolar dermany janyň, Çuslanýar damarda aýlanşy ganyň, Ýuwundy, geýindi, çaý-paýyn içdi, Ýokdy ynjalygy, tiz ýola düşdi. Kim bilsin: näm boldy, nämä ýolukdy, Lapykeçliginden ýüzi salykdy. Gelene-geçene galdyrman başyn, Ýatlap bir zatlary gepledýär için: «Bolýandyr dünýäde her zadyň çeni, Ýoknasyz sözleriň irizdi meni. Utanjyň-uýadyň binasyn ýykyp, Oslagsyz ýerlerde öňümden çykyp, Göýäki totyguş, çalyp bir heňi Etdiň bizar-peteň, bolmazmy soňy?..» Bu sözler diňe bir ýatda saklany Düzseň setirlere köpeler sany – Geçdi gürrüň bilen uzyn gijesi, Gelýär gulagyna häzir-de sesi. Emma aňynda däl, tapa bilmeýär, Öňüni yzyna sapa bilmeýär, Tutan uşlybyny ýene ýitirýär, Käte ýarpy-ýalta ýada getirýär: «Göwräňe görä däl, gylyk-häsýetiň Tüýs ýürege düşdüň, nämedi netiň? Ýa-da seniň üçin çykyp şäherden Mesgen gözläýinmi başga bir ýerden? Hiç beýle tamany etmändim senden, Haýşym el göter, Akmyrat, menden...» Neneň utanmasyn özünden-özi, Şol gidip barşyna ýatlap her sözi, Gaýgynyň üstüne gaýgy goşýardy, Kellesi dumanlap, ýürek çişýärdi. Niçiksi düşünsin, niçiksi ýorsun, Niçiksi ýüz bilen ýanyna barsyn? Ondan geçmelimi şu günden başlap, Arzuwyň-umydyň gözbaşyn taşlap, Ýene gaçmalymy köwlemän yzyň, Ahyr şu boldumy, jogaby gyzyň? Bu gün duz sepildi ol täze ýara Dürli oýlar bilen ýetdi edara. Belki gahrymanmyz köşeşer işde: «Tersine bolarmyş, göreniň düýşde», – Diýen bir ýorgudy saldy ýadyna. Oturýan jaýyna giren badyna Derrew göze düşdi – iki sany hat. Stuluň üstünde oturyp rahat, Göwünli-göwünsiz ilki bukjany Açdy, aram tapman bu hatdan jany. Gözün gezdirende, oňa dessine Gaýta urna boldy öňkiň üstüne: «Bagyşla, gardaşym, Akmyrat, meni Şol sapar obižat etdim men seni. Ozal-da içenim çakdan aşypdy, Sen üstün ýetirdiň, başym çaşypdy. Nerwniçat etdim-de, çykdym oňuşman, Soň-soňlar özüm-de etdim köp puşman Göwnüňe degmezdim, göçmese kelle, Towakga edýärin, ýazgarma, walla!..» Okanda gaşlary çytyldy gaty Dört bölüp bir ýana, zyňdy bu haty. Ikinji bukjany alýar ol ele, Ser salyp daşyna ýuwaşlyk bile, Tanyş keşdeleri görende birden Çak etdi dessine gelenin nirden. Başdaky bar pikir şol bada uçdy, Titreýän barmaklar bukjany açdy. Endigan ýazylan uzyn setirler Gör, indi ýigide ne gürrüň biýrler. «Hatym begendirmez sizi, Akmyrat, Tapmadym ýazara üýtgeşik bir zat. Öýdäki gürrüňde aýdanym hakdy, Üstüne goşara hiç sözüm ýokdy. Eger şonuň bilen çäklenen bolsam, Indi söz açmakdan saklanan bolsam, Size-de, maňa-da bordy peýdaly, Getirmän kelläme özge hyýaly. Özümi päk tutup, wyždan öňünde Sizi hormatlardym iller deňinde. Emma goýmadyňyz meni erkime, Hasabat bermezdim başga hiç kime, Siz talap etdiňiz, ýazýan şu haty, Günäkär özüňiz, ynjytsa gaty. Çöşlensin bar ýumak, galmasyn düwün, Men size açygyn aýdaýyn şu gün. Ilki hat barada. Ondaky täsir Her kesi özüne ederdi ýesir. Onda ynsanlygyň yssy demi bar, Ol meni şol günden etdi bikarar. Okamak agyrdy, taşladym telim, Näçe ýyrtjak boldum, ysmady elim, Bagrym badaşan dek, mydam ýanymda Okamda gyzgynym artdy ganymda. Näçe ýetirse-de jana azaryn, Okap gaýta-gaýta ýat tutdum baryn. Kä bogazym dolup, kä içim çekip, Kä geçeni ýatlap, gözýaşym döküp, Sizden gizlemegiň ýokdur hajaty, Söýgüli kitaba dönderdim haty. Inip gelegurtlar giň giden örä Duýdansyz çozanda asuda sürä Uly başagaýlyk, gopgun turşy dek, Simaba öwrüldi hatdan soň ýürek. Belli özüňize durmuş ýagdaýym, Men gürrüň bererdim size her daýym. Ýerden ýeke çykan ozal-da özüm, Ynanyň, ýatlasam nemlenýär gözüm, Agzym ahyrynda aşa ýetende, Duýdum ölüm tygyn bu näzik tende. Ýürekdeş ýoldaşym ýitiren çagym, Baglandy her ýandan elim-aýagym; Garrylar hossary, çaga enesi – Dürli bela-beter üýşdi hemmesi. Oýlanyň özüňiz, düşüniň mana, Göze uky gelmän, agşamdan-daňa. Çolaran bir öýde garanyp daşym, Geçirdim kän günler çişirip başym Diňe aladasy şonda il-günüň Güýç berip dadyma ýetişdi meniň. Ahyrda kem-kemden özüm raslap, Geljege täzeden umytlar besläp, Akymyň ugruna ýörän mahalym Çarkandakly boldy ýene-de ýolum: Garrylar bir ýandan «Gitme-de, gitme – Eýjejik çagaň bar, ony har etme... Dillerin ýetirip uzakdan ýatlar, Etdiler kän töhmet, kän myjabatlar. Gulak gabartmadym emma hiç kime, Maksada eýerip, buýrdum erkime. Olar dökän-saçan, özüm bu taýda, Oýlanyp bir görüň, şeýle ýagdaýda Men niçik ol hakda pikir edeýin, Olardan aýrylyp nirä gideýin? Ozalam kän boldy şu teklip bilen Obada, şäherde ýanyma gelen. Hetdim ýok hiç kime öýke edere, Durmuşyň kanuny, ýer ýok gidere – Başy boş bolana geler hyrydar, Aýdyň, geň görerlik munda näme bar! Emma siz, Akmyrat, ýagdaýa belet. Görkeziň bar bolsa, sözümde galat. Duş gelen wagtyňyz, halymy sorap, Duýgudaşlyk bilen mähirli garap. Manyly maslahat, geňeşler beren, Halypam hökmünde gatnaşyp ýören, Hany, aýdyň eýsem, siz dälmidiňiz, Bu hakda pikirim bilmeýämidiňiz? Gaty bilýädiňiz, makullapdyňyz, Hatda gutlapdyňyz hem gollapdyňyz! Eger şeýle bolsa, hatyňyz näme? Sygmaýar bu zatlar meniň kelläme. Sözüňiz bir hili, hyýalňyz başga, Ýa-da pikiriňizçe, baş goýan yşka Özgäni unudyp, bilip bir özün, Jyda etmelimi sözünden sözün? Sözüňiz süýngüç dek, çekilse her ýan, Niçik ynjamasyn size ynanýan? Bagyşlaň, belkä-de öte geçýärin, Men açyk ýürege ýürek açýaryn. Çakym ýok hiç kime akyl berere, Sözüm taraşlaman biderek ýere. Oba sadalygy, boýny boşlugym, Ýüzi açyklygym, göwni hoşlugym. Belki bu zatlara bolandyr sebäp, Maňa başartmady bolmaklyk her bap. Kalbymda bolanyn sizden gizlemen, Ýüzbe-ýüz oturyp, egri sözlemen, Bularyň barysy bolup geçen zat Başga bir sözüm bar size, Akmyrat. Eger bardy-geldi irde ýa giçde, Üýtgese pikirim meniň bu işde, Geljegim öňümde, men bir ýaş aýal, Dörese bir wagt täze bir hyýal, Onda-da, onda-da, goý, bolsun aýan Aýlaryn gözlerim men başga bir ýan. Deňin-derejesin bilmeli her kim, Hiç edip bilmerin ýürege höküm. Unutmaň, her zady öz kadasy bar, Kirşi deň bolmasy, çalynmaz dutar. Obada bir zaman gören wagtyňyz, Bilmezden göwnüňiz beren wagtyňyz, Şindi zat görmedik sada bir gyzdym, Misli bir aýna dek, göwni tämizdim. Ýürekde arzuwlar, umytlar besläp, Görnüşimden artyk görünmek isläp, Turup dan-säherler saçym darardym, Geljege guwançly gülüp garardym. Bu gün düýşde ýaly ýatlasam ony, Ýaşlygyň ýelgini göterdi meni. Siziň özüňize mälim hemmesi – Men bu gün dul aýal, çaga enesi. Bilmedim nä akyl, ne hyýal bilen Bir zaman çaň basyp, üsti gömülen Täzeden agtaryp köne heňňamy, Ýene artdyrdyňyz mendäki gamy? Neneň çyn ýürekden ýazdyňyz haty? Bagyşlaň, men oňa ynanýan gaty! Bolsa müňkürligim ondaky söze Beýdip ýüregimi açmazdym size. Men sizi tanýaryn, men size belet Mekirlik edýäniň ýüzüne nälet! Eger, bilip bolmaz,.. (barmaýar dilim Diňe ýada salsam, sandyrýar elim). Ýok! Ýok! Goýaweriň, beýle nikany. Ýazgarar il-gün-de, ýokdur gümany! Öňdäki saçlarym yzyma atyp, Bimynasyp ýerden özümi çatyp, Içimden ah çekip, daşdan gülmerin, Siziň bagtyňyzy baglap bilmerin. Gutarsam okuwym, obama ýetsem, Garrylara, çaga hossarlyk etsem, Başlasam täzeden mekdepde işe – Şular arzuwymdy meniň hemişe. Ýok meniň şu häzir başga hyýalym. Durmuş üýtgäp durýar, hormatly alym, Belki geçenden soň birneçe ýyllar Döräp bu barada täze meýiller Ýetişse bir wagt «sähetli aýy» Taparyn şol ýerde özüme taýy. Hoş galyň, Akmyrat, gutarýan indi. Daň atdy, älemiň çyrasy ýandy. Çykaryn okaň-da dogry netije, Dümtünip bir özüm uzynly gije, Çöplem-saplam edip ýazan sözlerim. Dolup kä ýerinde ýaşa gözlerim, Gaçdy damjalary yzly-yzyna Häzir elňizdäki kagyz ýüzüne. Serediň, belkä-de galandyr yzy, Şeýle azap gördi kolhozyň gyzy. Däldir ejizlikden, düşüniň muňa, Şol ýazan hatyňyz geçmişden maňa Ýatlatdy unutmak isleýän zadym, Goýmady erkime, ölçerdi odum, Tisgindi täzeden ýaraly ýürek, (Gassaba ýag gerek, geçä jan gerek), Siz bolsa, elbetde, bihabar mundan, Ýagdaý şunuň ýaly, ynjamaň menden. Her niçik bolsa-da yşky-permanym Çatmaz beýle nika meniň wyždanym». Sözüň güýji güýçdür, çyksa ýürekden Galp söz tapmarsyň wyždany päkden. Ukusyz oturyp uzyn gijesin, Göýä atyşýan dek bagt bijesin, Şemiň ýagtysyna, dostlar, bir zaman Tanýa hat ýazypdy başyn galdyrman. Setirden setire aýlap gözüni, Elekden geçirip her bir sözüni, Şony ýatlaýardy biziň gahryman Ýazylan bu hatdan elin aýyrman. Geçirdi iş günün misli güň ýaly, Aýlap kellesinde ýüz-müň hyýaly Gelende öýüne ýene bikarar, Duýýar ýüreginde bir hili azar. Çalşyryp bir-birin şatlyk, tukatlyk Gijede, gündizde ýokdy rahatlyk. Indi Akmyradyň uzak wagtlap Ajyly-süýjüli kän zady ýatlap, Ruhy dünýäsiniň bolar iýmiti, Gyzyň şu saparky iberen haty. XIII «Как весенний рассвет, я люблю тебя, Как ушедшую юность свою. Для тебя на земле я живу, любя, Для тебя я стихи пою.» Ибрахим Абд Аль-Хамид Иса. Agramy bolmazmyş gerekli daşyň. Uzak garaşdyrman, agyrtman başyň Başlaýyn, okyjym, hekaýaň yzy Şeýle dowam etdi, görmezden gyzy, Akmyrat diňe bir hata gümrady. Gyz ýerine oňa haty hemrady. Ýaksa-ýakmasa-da haty hemişe, Parhy ýok öýdemi ýa gitse işe. Tolgunýan ýüregi urup okardy, Gijeler ýerinden turup okardy. Geçiren zamany pikirin hata, Belkä-de, gyzymyz gaýtadan-gaýta Iki ýan tarapyň ýagdaýyn ýatlap, Ýipdiň mertebesin gaty hormatlap, Özüniň kimdigin belläp ýörite Çekiljek bolupdy ýigitden çete, Tersine bolşy dek käbir pursatda, Okyjym, bu sapar bu gelen hatda, Belki, daşlaşdyrmaz, ýakynlaşdyrar, Gyzyň çetleşmesin has kynlaşdyrar. Perwaýsyz garasaň geline-gyza, Görküne guwanyp çökmeseň dyza, Tapawut goýmarsyň özgäň öňünde, Ol-da bir ynsandyr iller deňinde. Niçikdir birine berdiňmi göwnüň. Tapmarsyň taýyny hiç ýerden onuň: Sallanyp ýörişi, seýkin basyşy, Sözleýşi, sözüňe gulak asyşy Bütinleý başgadyr, ezizdir göze, Saçy gijä meňzär, ýüzi – gündize. Galar belentlige aldykça mähriň, Eýelär, duýmarsyň, ol göwün şähriň; Barha ygtyýaryň gider eliňden, Düşmez gije-gündiz ady diliňden. Bardyr, gümany ýok, jadyly bir güýç, Salar girdabyna, sygdyrmaz ol hiç, Söýse – soltanyňdyr, ýogsa – zalymyň, Köp wagtdan bäri biziň alymyň Şeýledi garaýşy Ogulnabada, Barha güýjäpdi ol, salsaňyz ýada. Hakykat ýol tapar, kalbyňa ýeter, Kalbyň ummanynda öňküden beter, Gopgunly duýgular güýçlendi ýene – Hatyň netijesi şu boldy ine. Nota iberende döwlet döwlete, Ony telim gezek okap ýörite, Jogap berilşi dek, biziň gahryman Bu gezek gyz tarap, howlugyp durman, Kän biçdi, kän kesdi, uzak oýlandy; Geçip sansyz günler, aýlar aýlandy. Günleriň bir güni agşam çagynda, Şäheriň çetinde – Köşi bagynda Ynha, iki kişi, assaja ýöräp, Ýüzleri – aşaga, öňlerne garap, Gezim edýärdiler: emma hiç biri Dile getirmeýär içdäki pikri. Ýigdimiz şu ýere çagyran wagty, Gyzymyz kyn görüp irnipdi gaty. Ýöne, ýüzden geçmän, boýun bolupdy, Üýşene-üýşene, ýaňy gelipdi. «Ýene köne heňdir, syparkam niçik? Hatymda jogabyn beripdim açyk. Gelmeseň, gödeklik, gelseň-de agyr, Aýdylýan sözlerden ýürekler ýagyr. Üýtgeşik bir gürrüň tapdymy eýse, Tizräk başlasa, diýjegin diýse, Gün birçak gizledi özüni dagda. Artar howatyrym garanky bagda, Göwräm gagşyldaýar, ýüregim urýar, Munuň parhyna däl, arkaýyn ýörýär...» Gyz golun galdyrman bakdy sagada, Saklandy, salýan dek bir zady ýada. Ýigit säginmedi, ugruna gitdi, Geňirgäp, gyz oňa täsin seretdi. Sallap, öňki ýaly, aşaga ýüzün, Ýene gidip barýar garaman yzyn. Gyz nätjegin bilmän ýaýdandy ilki, Soňra bir zatlary çaklandyr, belki, Ugrady yzyndan garama-gara, Ýigitden ep-esli açyldy ara. Ukudan turan dek galdyryp gaşyn, Seretse sagyna, göterip başyn Hiç kim ýok ýanynda, bir özi barýar, Aljyrap bir hili, ýeňsesin garýar, Ýazykly ýylgyryp, dolanýar yza, Uly ötünç sorap ýüzlenýär gyza: « – Bagyşlaň, bagyşlaň, günäkär gaty. Hawa, Ogulnabat, okadym haty...» Ýene dym-dyryslyk, çykmaýar seda. Dykyz ýürekdäki sözden ne peýda. Dil diýen etmese, çykmasa biri? Diýerler: «Ädikçi ädik ýesiri». Täzeden ýanaşyp ugrady ýaşlar. Göge golun gerýär belent agaçlar, Siz-de şaýat boluň söýgiň oýnuna, Hiç kim giren däldir gözel goýnuna, Söýginiň gudratly güýjüni görmän, Ýa bütin ömrüne çekendir arman, Söýgüsiz birine sataşan bolsa, Ýa söýgi ýolunda azaşan bolsa. Ynsanyň görküdir söýgiň gözbaşy, Ynsanyň ýaşydyr onuň-da ýaşy, Ynsanyň hemrasy oldur müdimi, Edil ynsan ýaly, ol-da – gadymy. Ynsan bar ýerinde söýgi-de bardyr, Söýgüsiz geçirlen ömür bikärdir. Söýgi! Söýgi! Dillen, heý-de bir zaman Sensiz ýaşarmydy jahanda ynsan! Demir penjelerden akanda al gan, Saňa pida etdi köpler şirin jan. Perhada daglary sökdüren sensiň, Tahyry derýada akdyran sensiň, Garyby ýurdundan göçüren sensiň, Hemrany asmana uçuran sensiň, Mejnuny çöllere çykaran sensiň, Ençäniň bilini çökeren sensiň. Gidendir gelmeze indi ol zaman, Asuda dem alýar ülkämde ynsan. Sen-de egne atdyň azat lybasy, Belent duýgularyň soltany-şasy. Çete çekilmäliň mundan zyýada. Ýüzlenip täzeden Ogulnabada, Akmyrat bireýýäm başlapdyr söze: « – ...Iberen şol hatym ýazmazdan size, Bu zatlar hakynda kän oýlanypdym, Hersiniň daşyndan ýüz aýlanypdym. Ýazgarmaň siz meni, etmäň käýişi, Bu ýerde ikimiz, ýok başga kişi, Ýaşur-ýuşur bolman, aýdylsyn bary, Goý, ýene ýaňlansyn ýürekler tary. Dörände täzeden şu pikir mende, Çekdim azap baryn günüň gününde. Unudyp bar zady, misli bir däli, Saýgaryp-seljerip müň dürli ýoly, Uzynly gijeler ukymy alman, Dogrusy, sizi-de ýadyma salman, Diňe bir soraga jogap gözläpdim, Bar-ýok güýjüm bilen ony yzlapdym. Gizlenýän şol jogap tapylsa eger. Bolaýjak ýalydy bary ýerbe-ýer. Aýdaýyn yzyny, gizlemän sizden, Soragyň jogaby tapyldy tizden. Gitdikçe güýçlenip yşkyň heseri, Sürdüm oba tarap, taşlap şäheri. Şunda ugryşyma hiç ýerde durman, Boldum garrylara tötänden myhman. Çäklije bolsa-da myhman möhleti, Ol ýerde düşegim ýumşady gaty. Başlap, eşder bolsaň, dördünji gündei, Näme habar bary soraldy menden. Gezekli-gezegne ýanlarna bardym, Hoşamaýlyk bilen habarym berdim. Biri, gutarýançam, sözümi diňläp, Içinden ah çekdi, muny geňirgäp. Dyzynyň üstüne atyp kellesin, Ep-esli oturdy, çykarman sesin. Gözlerin alardyp, gizlin seretdi, Ahyr gaharlanyp, ýanymdan gitdi. Soňra beýlekiniň bardym ýanyna. Ol-da girdi gahar-gazap donuňa. «Tur, gözüm görmesin seni bu ýerde! Azarym ýetikdir, dert goşma derde! Är çykan ogly bar, gitmek hebesdir, Beýle ýere gelýän özi näkesdir. Berendir ozaldan alla takaty, Gören zadymyz däl, sen niräň iti!..» Kesildi kän gezek ömrümdir ýaşym, Müň-de bir razy, sypdyrsam başym. Otursam, kesewe ýapyşjak, hökman, Göterdim ökjäni, yzyma bakman...» Hem gülki, hem agy Ogulnabatda, Gidýänin gürrüňiň haýsy babatda Aňşyryp bilmeýär, gaty geň galýar, Diňlände, öýlerin ýadyna salýar. «Eger baran bolsa, eşderdim menem, Ýaňy gelip gitdi ýanyma enem. Hiç zat agzamady gelen-gidenden, Ol syryn ýaşyrmaz hiç haçan menden» Için gepletse-de, dilini ýarman, Diňleýär yzyny biziň gahryman. « – Birisi ýüz bermän, birisi kowdy, Ýigrenjiň ýalyny ýüzüme çawdy. Çykmadym onda-da obadan daşa. Habar edipdirler kowum-gardaşa. Goşuldy gürrüňe uly hem kiçi, Doldy dow-dow bilen obanyň içi. Kim meni ýazgardy, kimse-olary, Yza çekilmedim, sürdüm ileri. Diýdim: – kowsaňyz-da gitmen bu ýerden, Ýörite geldim men uzak şäherden. – Diýdim: – Aýagym däl, ýürek getirdi, Ýürek ganatlanyp, bagta ýetirdi. – Diýdim: – Bu içerä ýüregim bagly, Eger jyda düşsem, jigerim dagly. – Diýdim: – Gidip bilmen ýüregim taşlap, Diýdim: – Bütin ömrüm oňa bagyşlap, Sowukda, yssyda, gyşda hem ýazda, Gaýgyda-hasratda, söhbetde-sazda, Ynanyň, sözümiň ýokdur yrýasy, Bolaryn bu öýüň baky hemrasy. Köşeşdi garrylar ýuwaş-ýuwaşdan, Artdy tarapdarym kowum-gardaşdan. Goş basyp ýatyryn gaty arkaýyn. Diýseler, her zady çekmäge taýyn. Men gülüp garadym, olar ýüz çytsa, Diýip: – Wagty gelip, akyly çatsa Üýtgeşer garrylar, düzeler bary, Taparyn, ahyrda, ýumşak damary. Geçdi şunluk bilen birnäçe günler, Gowşaşdy kem-kemden gaty düwünler. Howanyň ýüzüni gaplan dumany, Ýel turup bir ýana süren zamany, Aýna öwrülşi dek dury asmanyň, Ynha, peýda boldy iki mamanyň Çytyk ýüzlerinde ýakymly ýagty; Men muňa, elbetde, begendim gaty. Yssylyk başlandy indi arada, Ownukly-irili işler barada Geldiler ýanyma olar her daýym, Maslahat saldylar sözläp mylaýym. Ýatlygym ýat boldy, goşuldym gitdim, Çykdym-da, içerden daşa seretdim, Duýdum şol yssyny kowum-gardaşda, Galypdyr gep-gürrüň ýakynda-daşda. Oba içindäki dow-dow ýatanda, Ýigrenjiň ornuny mähir tutanda, Biri «giýew» diýdi, birisi – «oglum»... Gürrüňin şu ýere eltende alym, Gyz saklanyp bilmän, zaryn seslendi: «Bes ediň, bes ediň, gutaryň indi!» Başartsa artiste alan roly, Tapýandyr hemişe ýürege ýoly. Uly joşgun bilen aýdyp her sözün, Sahnada duýýardy ýigdimiz özün Hiç habary ýokdy töwerek-daşdan, Obraza giripdi ol ilki başdan. Ara söz düşende, sakga durupdy, Şonda gyzyň ýüzün salyk görüpdi. Saklansa, täzeden başlamak kyndy, Sözün dowam etdi, soňa ýakyndy: «...Bardy şol içerde bir eziz çaga, Irden özi turup giderdi baga. Söz gatyp başladym baran günümden, Ona mährim gidip janym-tenimden. Dostlaşdym dessine, alçakdy özi. Balkyldaşyp duran garaja gözi, Ýörişi, sözleýşi, jak-jak gülüşi, Siňe syn edemde, hemme boluşy Bir tanyş ynsana çalym edýärdi, Ýürekden ýürege ýol döredýärdi. Egnime göterdim, gujagma aldym, Her gezek şol tanşym ýadyma saldym Inçejik gollaryn boýnumdan orap, Eýjejik ýylgyryp, enaýy garap Gitmedi ýanymdan, ysnyşdy mana. Içimi gepletdim ýüzlenip ona. Diýdim: – Ata mährin duýmandym men Çagalyk geçmişim görýärin sende. Bir ýürek özüne baglaýar bizi, Kiçijik-de bolsaň, diňle bu sözi. Unutma hiç haçan, başym dik dursa, Damarda gan ýöräp, ýüregim ursa, Özümde atalyk mährin döredip, Iýdirip-geýdirip, oňat seredip, Gyşynda-ýazynda seni hor etmän, Şirin söze, açyk ýüze zar etmän, Çalymdaşyň bilen berip el-ele, Tä adam bolynçaň, goşulyp ile, Tutmasam ornuny şol gahrymanyň, Goý, nälet ýüzüme gezelsin meniň! Bir zat syzan ýaly uzak garaşdan, Gollaryn boşadyp ýuwaş-ýuwaşdan, Az-kem yza çekip kiçi göwresin, Gözlerin mölerdip, çykarman sesin, Çynlakaý görnüşde maňa garady, Kalbymda bir hili duýgy döredi. Ýylgyrdym dessine, o-da ýylgyrdy, – Kak bäşi – diýemde, elini berdi. Soňra gujagymdan düşdi-de gitdi, Tigrin şakyrdadyp, derwezä ýetdi. Aklym bilen duýgym söweş guranda, Duýgym üstün çykyp, aklym duranda, Tolgunlanan ýürek batly urýarka, Getirip göz öňne şu hili waka, Diňe şondan soňra habar gatypdym, Hatdan öň köp wagt ümsüm ýatypdym. Aşygyň arzuwy – bolmak bagtyýar. Bu gün, Ogulnabat, sizde ygtyýar. Bagyşlaň, ýadatdym, samradym uzak, Men indi gutardym, siziňki gezek». Uzakdan aýlady ýigit sözüni, Gyzymyz tersine öwrüp ýüzüni, Gollaryn gezekli gursagna oýkap, Sojap dem alýardy, kellesin ýaýkap, Diňlän sözleriniň aýdyň mazmuny Şu agyr ýagdaýa salypdy ony. Dile söz gelmeýär, ýüregi doly. Uşlyby üzülen hünjüler ýaly, Edilen şübheler, bolan howatyr – Bary seçelenip, aşakda ýatyr. Ýigit duýanynda gyzyň ýagdaýyn, Her hili ötünje, kömege taýyn, Onuň gapdalynda dymyp durýardy; Ýürek ezilýärdi hem-de urýardy. Diýerler: ýürege ýürek ýol tapar, Megerem, ömründe ilkinji sapar Tutdy emaý bilen gyzyň elinden, Sypady saçlaryn, emma dilinden Söz gaçyryp bilmän, uzak ýaýdady, Misli gök damaryň gany daýandy. «Bagyşlaň, bagyşlaň ynjamaň menden. Sözlerim taraşlap, açyk göwünden Bagta garaşypdym men bu gün sizden. Gyz heder eden dek, gorkup bu sözden, Ýüzün aşak salyp çekildi yza, Tutdy öl ýaglygyn gyzaran göze. Ýatmasa wagtynda ýüregiň ýeli, Sözler niçik tapsyn çykmaga ýoly! Hamsygyp-hamsygyp zordan diýeni: «Bes ediň, Akmyrat, ugradyň meni». | |
|
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |