20:29 Lihua / hekaýa | |
LIHUA
Hekaýalar
Gözlerimiň öňündäki zatlar özüne maýyl edipdi. Megerem, tebigatyň ajaýyplygy şunda bolmalydy. Bu gözellige durkum bilen berlip, onuň jadylaýjy keşbini taryplamak üçin boýaglarymy elime aldym-da, ony bolşy ýaly janlandyrmaga çalyşdym. Surata güýmenip durşuma Günüň bireýýäm batanynam duýman galypdyryn. Ýoldaşym birden howsalaly dillendi: — Gijä galdyk. Agşam ýol aşmak kyn bolar. Bolýan ýerimize wagtynda baryp bilmesek gerek… Dogrudanam, iňrik gitdigiçe garalýardy. Iki bolup derrew goşlarymyzy ýygnaşdyrdyk-da, çalt-çalt ädimläp tirkeşip gaýtdyk. Birden dostum saklandy-da: — Seret, öňümizde öý bar! — diýip, süýem barmagyny çommaltdy. Tokaýyň ortasynda dogrudanam samankepbe bardy. Biz oňa tarap ýöneldik. Golaýlanymyzda gapynyň ýüzünde «Giriň» diýen ýazgy bar eken. Içerik girenimizde suw, şaly, duz, burç… ýaly azyklara gözümiz kaklyşdy. Diwarda bolsa «Bu zatlardan arkaýyn alyp, garbanyp bilersiňiz» diýen ýazgy bardy. Biz goşlarymyzy ýerde goýup, ot ýakdyk-da, naharyň ugruna çykdyk. Süýji suwa bişen tüwini bir görsediňiz, ysy janyňy alyp barýar, tagamy-da büs-bütin başga. Garnymyz doýandan soň «Öýüň eýesi niredekä?» diýen sowal ýüze çykdy. Şol wagt sag egni aw tüpeňli, sol egni içi iýmit haltaly bir goja gapydan girdi. Men: «Ine, saňa gerek bolsa! Gurt agzasaň — gurt geler» diýip, içimi gepletdim-de, dessine ýerimden turup, şeýle diýdim: — Ýaşuly, men size nähili edip minnetdarlygymy beýan etjegimi bilemok… Biz bärden geçip barýardyk-da, wagt birçene barany üçin, çagyrylmadyk myhmanyňyz bolmaly bolduk… Başyny ikibaka yran ýaşuly: — Ýok, ýok, aýdýanyňyz näme?! Menem siziň ýaly ötegçileriň biri. Dagyň o ýüzünde ýaşaýan. «Aw» diýip gaýtdym-da, bu jelegaýlaram göreýin diýdim. Işlerim ugruna bolany üçin dünýäni unudyp, gijä galanymam bilmän galypdyryn. Onsoň düşläre ýer gözlendim welin, öňümden şu öý çykdy. Menem siz ýaly nahar edinip, gijäni bu ýerde geçirdim. Ertesi gün bir bölek matany ýyrtyp alyp, onuň ýüzüne öýdäki zatlardan iýendigimi hemem onuň öwezini doljagymy ýazdym. Bu gün bolsa sözümde tapylyp, sagbolsun aýtmak üçin şu görýän zatlaryňyzy getirdim. — Beh, onda bu öýüň eýesi kimkä? — diýip soradym. Ýuwaşlyk bilen söze başlan ýaşuly şeýle diýdi: — Muny anyk bilemok, ýöne sorag-ideg edip gördüm. Bu çatmany bärik ýoly düşenleň biri gurupdyr. Ol gyzyň adyna Lihua1 diýýärler. — Nähili owadan at — diýip, men ony gaýtaladym. 1 Lihua — armydyň güli diýmegi aňladyp, hytaý gyzlaryna dakylýan at. Daň atan badyna içeridir daşaryny tertibe saldym. Wagt bolany üçin, ýatlama bolup galar ýaly, myhman jaýymyň suratyny çekdim. Gitjek bolup durkak bize tarap özara gülşüp gelýän gyzlary gördük. Olaryň öňüni suwly mytarasyny bambuk şahasyna iltäp, arkasyndan asan bir gyz çekip gelýärdi. — Hanym Lihua diýilýän sizmi? — diýip, goja bizden öňürdip sorady-da, bir demde ähli zady aýdyp goýberdi. — Biz sizden diýseň minnetdar. Ýolda galanlaryň aladasyny edip öý gurupsyňyz, siziň rehimdar ýüregiňiz bar. Muny eşiden gyz gülümjiräp, şeýle diýdi: — Meniň adym Lihua däl. Bu aýdanlaryňyz hiç biriniň maňa dahylly ýeri ýok… — Bä… onda ýalňyşypdyryn — diýende, gojanyň birhili ýüzi üýtgäp gitdi. — Bu kän ýyl mundan ozal bolup geçdi — diýip, gyz gürrüň bermäge başlady. — Bärden bir goşun geçip barýar eken. Olar agşamara meýdanda galmaly bolupdyr. Gijeki ýagan ýagyş olary süllümmaý ezipdir. Şonuň üçinem olar Gün dogan badyna sümelge gurunmak üçin dessine işe girişipdirler. Bärden geçip barýan uýam olaryň edýänini görüp geň galypdyr hem-de olar uzak wagtlap galmakçy bolýandyr öýdüpdir. Ol muny soranda, esgerleriň biri çatmany özleri üçin däl-de, ýolagçylaryň aladasyny edip gurýandyklaryny aýdypdyr… Muny eşiden uýam bärik odundyr suw we beýleki zatlary getirip, bu işi ýyllarboýy dowam edip geldi. — Onuň ady näme? Häzir ol nirede ýaşaýar? — diýip, biz gyzyklandyk. — Onuň ady Lihua — diýip, gyz aýtdy. — Durmuşa çykandan soň, ol dagyň beýleki tarapynda ýaşaýar… Lihuanyň we onuň boýdaşlarynyň edýän haýyrly işleri olaryň gowy terbiýe görendiklerini aňladýar. Her gezek öz elim bilen çeken bu suratymy synlanymda, şol gyzlar biygtyýar ýadyma düşýär. Olaryň diýseň mähirli, edil ýaňyja açylan armyt güllerini ýadyňa salýan gözel keşpleri hyýalymda birin-birin janlanýar… Diňfyň PYŇ, hytaý ýazyjysy. Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |