16:14 Lope de Weganyñ dramaturgiýasy | |
LOPE DE WEGANYŇ DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Lope de Wega (Wega Karpio), Lope Feliks de 25.XI.1562-nji ýylda Madridde doglup, 27.VIII.1635-nji ýylda şol ýerde-de aradan çykypdyr. Ol ispan milli teatrynyň düýbüni tutujy. Lope de Wega senetçilik bilen meşgullanýan tikinçiniň maşgalasynda dogulýar. Ol Alkala-de-Enares uniwersitetinde bilim alýar. 1574-1575-nji ýyllarda ol özüniň "Hakyky oýnaş” atly ilkinji pýesasyny ýazýar. 1588-nji ýylda teatrynyň direktorynyň H.Welaskesiň üstünden gülýän epigramma (epigramma-satiriki, degişme görnüşde ýazylýan gysgajyk goşgy) ýazany üçin Madridden sürgün edilýär. Sürgünde gezip ýören döwründe Ispaniýanyň "Ýeňilmez Armada” harby flotyna meýletinlik bilen girip Angliýa garşy bolan urşa gatnaşýar. 1588-nji ýylda "Ýeňilmez Arma-da” harby floty Angliýa tarapyndan derbi-dagyn edilenden soň, ol Walensiýa, Toledo şäherlerinde ýaşap edebiýat işi bilen meşgullanmagyny dowam etdirýär. Ýurduň belli ýazyjysy bolansoň, 1595-nji ýylda Madride gelmäge rugsat berilýär. Madride gelensoň gersoglar Albanyň, de Sesanyň we beýlki atly adamlaryň kätibi we iş dolandyryjysy bolup işläpdir. 1609-njy ýylda "Dindar doganlar” toparyna goşulyp, 1614-nji ýylda buthana işgäri (swýaşennik) bolup işe başlaýar. 1624-nji ýyldan "Dindar doganlar” toparynyň "inkiwizatorçylyk” ("inkiwizator”- adamlara zorluk, zalymlyk edýän, jeza berýän) gullugyna ýolbaşçylyk edýär. Ýöne, bu zatlara garamazdan onuň eserlerindäki döredijiliginiň esasy öňe sürmeleri dünýewi we ynsanperwerçilikli ideýalara ýugrulypdyr. 1625-nji ýylda Kastili agzalary tarapyndan onuň pýesalaryny çap etmek we sahnada goýmak gadagan edilipdir. Şeýle gadaganlyk onuň ölmeziniň diňe bir ýyl öň ýanynda aýrylypdyr. Lope de Wega öz pýesalaryny esasan köpçülikleýin halk teatrlary üçin ýazypdyr. Onuň şeýle pýesalary döwrüň ýaş nesilleri tarapyndan uly şatlyk, begenç bilen garşylanypdyr. Ol özüne berlen uly we çäksiz zehini bilen dürli žanrlarda eserler döredipdir. Onuň döreden poemalary, romanlary, nowellalary halk tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Muňa garamazdan onuň esasy, baş temasy dramaturgiýa bolupdyr. Lope de Wege ýaşan döwründe 2200 (iki müň iki ýüz) töweregi dünýewi we dini häsiýetli pýesalar döredipdir. Olardan bize gelip ýeteni 426-komediýa we 48-sany bir bölümli pýesalar, baýramçylyklar, tomaşalar üçin niýetlenen "autolar” ("auto”- bir bölümden ybarat dini häsiýetli pýesa/ ýazypdyr. Lope de Weganyň dramaturgiýasyna U.Şekspiriň we onuň angliýaly zamandaşlarynyň, fransiýaly Kornelýanyň, Rasininiň dramaturgiýasy ýaly möwrütini geçirip barýan feodal-patriarhal we täze döräp ugran buržuaz gurluşyň arasyndaky bolýan çaknyşyklary açyp görkezmekde uly rol degişlidir. Lope de Wega diňe bir ispan milli dramasynyň düýbüni tutujy bolman, eýsem ol "Biziň döwrümizde komediýa ýazmaklygyň tazeçe sungaty” (1609) poemasynda pýesa ýazmaklygyň täzeçe taglymatynam işläp düzipdir. Onuň bu eserinde klassisizmiň keramatly hasaplanýan düzgünlerini bir tarapa taşlap, hakykaty açyp bilýän dramaturgiýany tomaşaça hödürlemekligi talap hökmünde öňe sürüpdir. Drama eserleiniň tragediýa, komediýa žanrlaryny öz içine almak bilen "durmuşyň aýnasy” bolmalydygyny ündäpdir. Şol bir wagtyň özünde pýesadaky bolup geçýän gapma-garşylyklar spektakl tamamlanýança tomaşaçyny dartgynly ýagdaýda saklamalydygyny belläp geçipdir. Lope de Wega köp dürli we uly geçişleriň döwründe Ispaniýanyň taryhyndaky ýagdaýlary doly yzarlamak, halk romanslaryna, antik döwrüniň mifleridir, rowaýatlaryny, halk nowellalaryny öwrenmek arkaly öz pýesalaryny ýazypdyr. Ol şu öwrenen wakalaryny bir ýere jemläp öz pýeselarynyň mazmunyna tabyn etmegi ussatlyk bilen başarypdyr. Halkyň sosial-psihologik ýagdaýlaryny şygyrýetiň çuň täsirliligi bilen bermek arkaly öz dramaturgiýasynyň güýjüni artdyrypdyr. Şonuň üçinem onuň dramaturgiýasy dünýä drama sungatynda ilkinji ýerleriň birini eýeleýär. Lope de Weganyň dünýägaraýşy ispan Galkynyş eýýamynyň özboluşly häsiýetlerini özünde jemlese-de, ömrüniň ahyryna çenli dini dünýä garaýyşlaryndan saplanyp bilmändir. Ol ýurtda "absolýutizmiň” ("absolýutizm”- ýurduň bir adam, monarh tarapyndan ugrukdyrylmagy) uly tarapdarlarynyň biri bolsa-da, pýesalarynda mawrlaryň (nergrleriň), feodal gatlaklaryň dagynyklygyna şalygyň (korollygyň) hiç bir zat edip bilmeýändigini berk tankytlapdyr. Lope de Wega şalygyň güýjniň häkimiýeti dolandyrmakdaky ýeketäk güýçdigini şol güýjüňem Ispaniýada garaşsyz, merkezleşdirilen döwlet bolmalydygyny, şol bir wagtyň özünde-de, şalygyň ýurtdaky synplaryň üstünden "absolýut hakykatçylygyň” üsti bilen höküm sürmelidigini görüpdir. Lope de Wega dramalarynda suratlandyrýan esasy güýjüniň köne Ispaniýada üç sany sosial gatlakdan ybaratdygyny belleýär. Ol güýçlere halk, feodal gatlak, şalyk hökmürowanlygyň girýändigini görkezýär. Onuň şeýle eser-leriniň hataryna "Peribanes we komandor Okani” (1609-1612), "Goýun çeşmesi” (Fuete owehuna) ýazylan wagty 1612-1613 ýý., kitap görnüşinde 1619-njy ýylda çap edilýär), "Iň oňat Alkald-şasy” (1635ý. kitap görnüşinde çap edilýär) Ady agzalan şu eserleriň üçüsinde-de feodal we krestian gatlagyň arasyndaky dawalar, çaknyşyklar açylyp görkezilýär. Ol bu ýagdaýlarda elmydama krestian gatlagyň tarapynda bolup çykyş edýär. Feodal gatlagyň öz üstlerinden turuzýan topalaňlaryna, gysmalaryna döz gelişlerini we öz mertebelerini gorap, azatlyga, erkanalyga, garaşsyzlyga bolan ymtylyşlaryny öz pýesalarynda gorkman,dürli ýollar bilen açyp bilipdir. "Peribanes we kamondor Okanysynda”, "Iň oňat Alkaid-şasynda” şa häkimýetleriniň daýhanlary feodal gatlagyň hökmirowanlygyndan gorap saklaýandygyny aýdyňlyk bilen subut edipdir. "Goýun çeşmesi” dramasynda ýönekeý halkyň öz mertebelerini goramak üçin gahrymançylykly aýaga galşy beýan edilýär. Ýöne, bu dramada şalyk häkimýetleriniň ýokarda atlaryny agzan dramalarymyzdaky ýaly krestianlaryň tarapynda bolman feodal gatlagyň tarapynda bolup çykyş edişi görkezilýär. Şalyk häkimýetlariniň halka zorluk etmek bilen halky ýeňip bolmajakdygyna göz ýetirişi, halky ýeňmekligiň mümkin däldigine düşünip daýhanlary azatlyga goýberişi öz beýanyny tapypdyr. Şu pýesalarda uly joşgun bilen öňe sürlen halk wekilleriniň keşbi dramany ösdürip dünýä dramaturgiýasynyň çür başyna çykarýar. Lope de Weganyň taryhy pesalarynda gabat gelýän "şalaryň we hökümdar-zulumkeşleriň” keşpleriniň açyp görkezişleri onuň "Sewil ýyldyzy” (1623-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilen) eserinde zalym, rehimsiz, aýalbaz şanyň Sewil şäherinde halkyna salýan talaňy we oňa garşy halkyň gahrymançylykly göreşi, zulumkeşiň öz halky tarapyndan ýazgarylyşy suratlandyrylýar. Ol bu dramasynda şa häkimýetleriniň zulumkärligini ýazgarmak bilen köne ispan "patriarhal” düzgünine ýüzlenip, ispan dworýançylyk maşgalalarynda bolup geçýän wejeraçylyklary giňden suratlandyryp bilipdir. Lope de Wega özüniň "Akylly öz öýünde” (ýazylan wagty 1606-1609 ýý., 1615 ý. kitap görnüşinde çap edilen), "Daýhan öz jaýynda” (ýazylan wagty 1614-1615 ýý., 1617 ýý. kitap görnüşinde çap edilen) pýesalarynda "patriarhal” oba durmuşy bilen şäher durmuşy deňeşdirilýär. Bu ýerde şäherde ýaşan bolup özlerini "ösen” (suwilizowan) jemgyýetiň wekilleri hasaplaýanlary, obalarda ýönekeýje durmuşda ýaşaýan adamlaryň garşysyna goýýar. Şeýle etmek bilen özlerini "ösen” jemgyýetiň wekilleri hasaplaýanlarda hiç hili tebigilygyň ýokdygyny, olaryň durky bilen ýalana ýugrulan, özlerini gereginden ýokary suwjartmalarynyň üstünden gülýär. Şeýle etmek bilen olaryň ösmeli jemgiýetiň düýbüne "palta urýandyklarynam” geregiçe açyp bilipdir. Lope de Weganyň öz döwrüni syratlandyrýan pýesalarynyň tutuş bir uly bölegi "wyždan dramasy” atlandyrylýar. Şeýle dramalarda dworýan gatlagyň maşgala durmuşy suratlandyrylýar. "Wyždan ýeňişi” (1635-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilen) pýesasynda öz döwrüniň öňde baryjy adamy "nikalaşanda” aýaldyr erkek kişiniň özara razyçylygynyň, söýgüsiniň hökmanydygyny öňe sürmek bilen maşgala durmuşynyň sarsmaz bolmalydygyny belleýär. Ol pýesanyň dowamynda "patriarhal” maşgala durmyşynyň goragçysy hökmünde öňe çykýar. Lope de Wega bu temasyny ösdürip, Gadymy Rimde, Fransiýada, Italiýada, Russiýada bolýan maşgala durmuşynyň taryhynada ýüzlenýär. Onuň "Moskwanyň Beýik knýazy” (1617) kitap görnüşinde çap edilen/ pýesasynda knýaz Lžedimitriniň Russiýada bolan harby hereketini ýazmak bilen XVI asyrda Rimde, Ispaniýada deň bolmadyk sosial güýçleri deňeşdirýär. Maşgala durmuşynda bolup geçýän wakalary, özara çaknyşyklary açmak bilen ezilýänlerdir ezýänleriň maşgala durmuşlarynyň arabaglanyşygyndaky aýratynlyklary suratlandyrýar. Onuň şeýle häsiýetdäki pýesalary hakyky taryhy wakalar bolmasada, durmuşda bolup geçýän uly sosial gurluşy jikme-jigi bilen suratlandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Lope de Weganyň döredijilik mirasynyň uly bölegini onuň komediýalary tutýar. Onuň komediýa žanrlary öz mazmuny boýunça iki topara bölünýär. Komediýa žanrynyň bir bölegi "pastoral” (plutowskiý) atlandyrylmak bilen gahrymançylyk mazmuna eýe bolupdyr. Beýleki komediýalar "köşk komediýalary” (ýapynja we gylyç komediýalary) atlandyrylyp, gahrymanlary dworýan gatlakdan bolup, olaryň söýgi gatnaşyklary suratlandyrylypdyr. Onuň komediýalarynda Galkynyş eýýamynyň halas ediş döwründäki hereketleri, öňe sürmeleri mese-mälim görmek bolýar. Komediýanyň baş gahrymany elmydama ýaş ýigit bolup, döwrüň öňde baryjy ideýasy, öz bagty üçin göreşmeli bolupdyr. Lope de Weganyň "Tans mugallymy” (1594), "Madrid polady” (1618-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilen), "Söýgi mekirligi” (1604-1618) kitap görnüşinde çap edilen), "Walensianly dul zenan” (1621-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilen), "Küýzeli gyz” (1625-1632 ýý. kitap görnüşinde çap edilen), "Iller üçin samsyk, özi üçin bolsa akylly” (1635-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilen) atly pýsalary adam-zadyň bagty ugrundaky göreşlere, ýaşlaryň öňde baryjy ideýalara, ýokary bilime bolan höweslerine çagyryş bolup ýaňlanypdyr. Bu komediýalaryň baş gahrymanlarnyň hemmesi diýen ýaly zenanlar bolupdyr. Zenanlar öz söýgülilerine ýetmek, bagtly bolmak, öz söýgülilerine ýetmekde ene-atalary bilen aralykda bolup geçýän garşylyklara garşy durup bilmeklik ýaly öňe sürmeler pýesalaryň esasy maksady bolupdyr. Komediýalaryň gahrymanlary boýdan-başa örän çylşyrymly, dartgynly häsiýetleri saklap bilipdirler. Şol häsiýetleri ýeňip geçmekde komediýanyň gahrymanlary möwrütini geçiren ýalan düşünjelerem paş etmeli bolupdyrlar, Lope de Weganyň iň oňat komediýalarynyň biri hasaplanýan "Bedäniň üstündäki it” (1623-1632 ýý. kitap görnüşinde çap edilen) komediýasynda pýesanyň gahrymanlary bolan aýal-gyzlar könäniň galyndysy bolýan ýalan tag-lymatyň we beýik, hakyky söýgüniň arasyndaky göreşiň barlyşyksyz ýagdaý-dygyny tomaşaça ýetirmäge çalyşýar. Komediýa başlandan gözüňi-başyňy aýlaýan hileler tomaşaçyny özüne çekýär. Tomaşa diňe bir söýgüliler gatnaşman, eýsem söýüşýänleriň arasyna düşýän dworýanlar we olaryň hyzmatkärlerem gatnaşýarlar. Öz hojaýynlary bolanlara kömek berenden bolup, hyzmatkäkleriň olaryň üstünden gülmeleri komediýany has-da dartgynlylyga alyp barýar. Lope de Weganyň şu ady agzalýan komediýasynda Ispaniýada Galkynyş eýýamynyň joşgunlylygy, adamlaryň özlerine bolan ynamyny ösdürmäge, olaryň kynçylyklary ýeňip geçmäge bolan ukyplarynyň ýeterlikdigini öňe sürýär. Lope de Wega özüni dini häsiýetli awtor hasaplasa-da, onuň dini häsiýetli pýesalary ikinji derejeli bir zat bolup, dünýä teatr sungatyna girýär. Onuň göçme häsiýetli "Galla oragy”, "Adam ruhyna syýahat” pýesalary Injilden (Bibliýadan) alynan "keramatly komediýalardygyna” garamazdan "keramatlylaryň” (buthana işgärleriniň) durmuşynda bolup geçýän gapma-garşylyklary açyp görkezýär. Onuň bu göçme häsiýetli eserlerinde düýpli dünýewi we ynsanperwerçilikli häsiýetleri görmek bolýar. "Keramatly de santos” (keramatlylar hakynda) pýesalar toplumyna girýän "Hakyky ýalan” komediýasynda aktýorlaryň howandary bolan Geneziýa özüniň köp hudaýly butparaz bolmagyna garamazdan hristýançylyga baş urýar. Lope de Weganyň dramaturgiýasy çeperçilik taýdan özüniň gurluşy, durnuklylygy boýunça aýratyn häsiýete eýedir. Onuň komediýalary 3-aktly horanadadan ("Horanada”-goşgy bilen ýazylan pýesanyň horda ýerine ýetirilmegi) ybarat bolupdyr. Lope de Weganyň pýesalary şygyr bilen ýazylyp, ak goşgylardan, şygyr bilen ýazylan halk romanslaryndan, sonetlerden ybarat bolupdyr. Ol öz pýesalarynda hileleri, pitneleri, kyn we çylşyrymly psihologik häsiýetleri gurnamakda ajaýyp ussat hökmünde tanalypdyr. Lope de Wega bu ugurdan diňe öz zamandaşy Şekspirden yza galypdyr. Muňa garamazdan, Galkynyş eýýamynyň halk dramalaryny täzeden işlemekde ol Şekspirden bir ädim öňde bolupdyr. Lope de Wega ispan milli dramasynyň düýbüni tutujy, onuň ilkinji kerpijini goýan dramaturg hökmünde taryha girdi. Onuň şöhratly ýoluny dowam etditijiler Tirso de Molina, Kalderon, Rohas Soppilýa, Moreto Ispan dramatugiýasynyň "Altyn Asyr” eýýamynyň wekilleri bolmak bilen geljege tarap ýol çeken ägirt dramaturglar boldular. Lope de Wega aradan çykandan soň, uzak wagt geçmänkäde onuň pýesalarynyň garşysyna Ispan häkimýetleri tarapyndan göreş ýaýbaňlandyrylýar. Onuň pýesalaryny sahna çykarmak, kitaplaryny neşir etmeklik gadagan edilýär. XVIII asyrda Ispaniýada höküm süren klassisizm eýýamynyň wekilleri klassisizmiň çäklerinden çykýän, Galkynyş eýýamynyň öňe sürmelerine ýugrulan pýesalaryny özleriçe täzeden işläp, eseriň asyl nusgasyndan nam-nyşan goýman sahna çykaryp başlapdyrlar. Ispaniýada arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň başlanmagy bilen Lope de Weganyň Galkynyş eýýamyna gaplanan eserleri şol döwrüň wekillerini kän bir gyzyklandyrmandyr. Onuň deregine şägirdi dramaturg Kalderonyň eserlerine bolan höwesi güýçlendiripdirler. XIX asyrda Lope de Weganyň pýesalaryny seýregem bolsa sahna çykarylyp başlanýar. Bu ýagdaýam onuň eserleri täzeden işlenilenden soň rugsat edilipdir. Lope de Weganyň dramaturgiýasyny, 1931-nji ýyldan dramaturg F.Garsianyň irginsiz aladasy netijeinde sahnada peýda bolup başlaýar. Şol döwürde onuň "Goýun çeşmesi”, "Samsyjak gyzy” talyplar teatry bolan "La Barraka” teatrynda sahna çykarylyp başlanýar. Ispaniýada graždanlyk urşy dowam edip duran wagtlary gadagan edilmegine garamazdan "Goýun çeşmesi” urşuň gidip duran ýerlerinde görkezilipdir. Lope de Weganyň pýesalary bir Russiýada diýäýmeseň, beýleki ýurtlarda juda seýrek ýagdaýda sahna çykarylypdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymynda has takygy 1876-njy ýylda S.A.Ýurýewiň terjimesinde onuň "Goýun çeşmesi” Moskwanyň Kiçi teatrynda sahna çykarylýar. Pýesanyň baş gahrymany Laurensiýanyň keşbini döwrüň iň tanymal aktrisasy M.N.Ýermolowa döredýär. Spektaklyň ideýa-mazmunynyň başdan-aýak gahar-gazaba ýugrulmagyny üýtgeşik waka hökmünde rus tomaşaçysy örän oňat garşylapdyr. Pýesa birnäçe gezek görkezilenden soň,döwlet syrlaryny goraýjy gullugyň görkezmesi bo-ýunça sahnadan düşürilýär. 1877-nji ýylda Kiçi teatr onuň "Iň oňat Alkald-şa-syna” ýüzlenipdir. 1886-njy ýylda döwrüň iň tanymal aktýorlary M.N.Ýermolowanyň, A.P.Lenskiniň, A.I.Ýužiniň gatnaşmagynda "Sewil ýyldyzy” pýesasy Kiçi teatryň sahnasynda peýda bolýar. Spektakldaky hökmirowanlyga garşy häsitleriň pýesanyň düýp mazmunyna öwrülmegi tomaşaçy tarapyndan oňat garşylanypdyr. 1893-nji ýylda Kiçi teatr onuň "Bedäniň üstündäki itini” ("Bagbanyň iti”- ady bilen) sahna çykarypdyr. Pýesadaky baş gahrymanlary bolan Diananyň keşbini Sawina, Teodryň keşbini Ilminskiý döredipdir. Bu pýesa Kiçi teatryň repertuaryndan uzak ýyllaryň dowamynda düşmändir. Pýesa 1893-nji ýylda Aleksandrinskiý teatryň truppasy tarapyndan Mihaýlowskiý teatr-ynda-da goýlupdyr. Bu ýerde Diananyň keşbini Sawina, Tristantyň keşbini Warlamow döredipdir. Şol teatrda Lope de Weganyň "Fenizyň pyrryldaklary” komediýasy hem aktýorlar Dawidowyň, Warlamowyň gatnaşmagynda goýlupdyr. Lope de Weganyň döredijiligine bolan gyzyklanma 1919-njy ýyldan soň, has-da ösüp ugraýar. 1919-njy ýylda onuň "Goýun çeşmesi” režissýor K.A.Mardžinaşwili (Maržanow) tarapyndan Kiýewiň teatrynda sahna Çykarylýar. Bu ýerde baş gahryman Laurensiýanyň keşbini Ýurenýewa döredipdir. Spektakl tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. K.A.Mardžanişwili tarapyndan bu spektakl 1922-nji ýylda Tbilisiniň Rustaweli adyndaky teatrynda-da goýlupdyr. Lope de Weganyň "Goýun çeşmesi” 1923-1924 ýý. Kiýewiň Franko, 1930-njy ýylda Başgyrtstanyň Ufa, 1931-ýylda Daşkentiň Hamza, 1935-nji ýylda Aşgabadyň öňki Stalin, 1938-nji ýylda Moskwanyň Rewolýusiýa, 1953-nji ýylda Demirgazyk Osetiýanyň Dzaudžikaý adyndaky teatrlaryny repertuarlarynda uzak ýyllar saklanypdyr. Döwrüň uly kompozitorlary tarapyndan "Goýun çeşmesiniň” sýužetine "Laurensiýa” ady bilen balet döredilip başlanýar. Şol pýesanyň sýužetine 1939-njy ýylda kompozitor Kreýn tarapyndan ýazylan balet Leningradyň Kirow adyndaky opera we balet teatrynda goýulýar. Spektaklda Laurensiýanyň keşbinde Dudinskaýa, Frondozonyň keşbinde Çabukiani çykyş edipdir. 1948-nji ýylda Tbilisiniň Paliaşwili adyndaky opera we balet teatrynda sahna çykarylýar. Bu ýerde Laurensiýanyň keşbinde Signadze, Frondozonyň keşbinde Çabukiani çykyş edýär. 1956-njy ýylda bu spektakl Moskwanyň Ulu teatrynda goýulýar. Bu ýerde Laurensiýanyň keşbinde M.Pliseskaýa, Frondozonyň keş-binde Çabukiani çykyş edipdir. Baleti sahna çykaran Çabukiani.1955-nji ýylda Wasilenko tarapyndan "Kastiliýanyň gyzy” (Laurensiýa) ady bilen "Moskwanyň Stanislawskiý we Nemirowiç-Dançenko adyndaky teatrynda” sahnada görkezilipdir. Bu spektaklda Laurensiýanyň keşbinde Wlasowa çykyş edipdir. Lope de Weganyň "Bedäniň üstindäki it” komediýasy hem tomaşaşylary özüne çekipdir. 1936-njy ýylda onuň bu pýesasy "Leningradyň Komediýalar teatrynda” goýulýar. Pýesanyň baş gahrymany Diananyň keşbini Goşýe- wa döredipdir. 1937-nji ýylda spektakl "Moskwanyň Rewolýusiýa teatrynda” peýda bolýar. Bu spektaklda Diananyň keşbinde Babanowa çykyş edipdir. 1939-njy ýylda Lope de Weganyň "Walensianly dul zenany” Leningradyň Komediýalar teatrynda sahnalaşdyrylýar. Baş gahryman Leonardanyň keşbini aktýor Ýunger döredipdir. 1940-njy ýylda "Moskwanyň Lenin komsomoly teatrynda” goýlanda baş gahryman Leonardanyň keşbi aktýor Giasintowa tabşyrylypdyr. 1946-njy ýylda "STSA"-da (Sowet Goşunynyň Merkezi teatrynda”) "Tans mugallymy” pýesasy goýlupdyr. Pýesanyň baş gahrymanlary Aldemaronyň keşbini Zeldin, Felisiananyň keşbini Dobržanskaýa döredipdir. 1946-njy ýylda "Moskwanyň Drama we Komediýalar teatrynda” "Geň galdyrýan äsgermezligi”, 1949-njy ýylda bolsa, onuň "Küýzeli gyzy” şol teatrda tomaşaça hödürlenipdir. Ispan milli sahna sungatynyň düýbüni tutujy beýik dramaturg Lope de Weganyň dramaturgiýasy asyrlary arka atyp, şu günlerem mekdep bolmagyny dowam etdirip gidip otyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |