07:41 Magtymgulynyñ toýunda özbek küýzesi | |
MIRDEMIR
Goşgular
▶ MAGTYMGULYNYÑ TOÝUNDA ÖZBEK KÜÝZESI Ortada ýalbyrap göz gamaşdyrar, Altyn pyýalalar, bir altyn küýze. Seretdigiñ saýy aklyñ çaşyrar, Her haýsy meñzeýär hasylly güýze. Zerli nagyşlary dillerde dessan, Özbek halky geldi bu uly toýa. Lagly-jowahyrlar, gül açan bossan, Lal bolup garadym, batyrdy oýa. Özbek topragynda ýasalan gaplañ, Nepislik lowlaýar, zerli gatynda. Isle baldan doldur, isle nabatdan, Ajaýyp görk bar el sungatynda. Ne ajap görki bar, ne ajap many, Ajaýyp şugla bar, zerli gatynda. Şeýle bir meýlisi ol Babyr şa-da, Heniz gören däldir täji-tagtynda. Ony köp ellerden geçirer myhman, Munda ýedi yklymdan gelenler otyr. Hindi, Çini, Majar, Gazak hem Balkan, Türk, Slawýan, Bolgar, gardaşym Tatar. Küýzä nazar dikýär bu uly zal hem Göýä Magtymgulyñ doglan gününde. Dünýä şahyrlaryñ bary bolup jem, Otyrlar gürleşip türkmen toýunda. Sungat äleminde, myhmanhanada, Fizuly, eýýamyñ saz mejlisinde, Ýüz Hatamdan sahy şu toýhanada Nyzamy, Puşkiniñ saz mejlisinde. Döwrüne mynasyp şadyýanlykda Şygyryñ şeraby dökülýän deýin, Altyn käseleri püre dolduryp, Hödürläp meýin. Gardaşyñ toýuna şygyr getirip, Paýlaşdyrýar ähli myhmanlara jam, Nowaýy babam. Terjime eden: Ýylgaý DURDYÝEW. | |
|
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||