08:58 Mäleýämi? / satiriki hekaýa | |
MÄLEÝÄMI?
Satiriki hekaýalar
Günorta naharyna gelenimem şoldy, ikinji klasda okaýan oglumy göterip getirdiler. Ýüz-gözünde reñk-pet ýok. - Däde, içimden bir zat tutup, alyp barýa - diýip, çaga galyp bilmän otyr. Oglumy maşyna mündürdim-de, eñdim poliklinika. Wraçyñ kabinetiniñ agzynyñ nobaty uly eken. Oglumyñ ýagdaýyny aýdyp, kabinete binonat girdim. Görsem, ýüzüniñ gany damaýyn diýip duran semiz pyýada bir zatlar ýazyp dur. Ol başyny galdyrandyram, bar zady bolşy ýaly gürrüñ berdim. Wraç birraz dymyp durdy-da: - Mäleýämi? - diýdi. - Dogtor, oýun etmeseñizläñ, oglum mälänok, aglaýa - diýdim. - Mälemeýän bolsa, onda entek howsala düşer ýaly zat ýok. Baryñ gaýdyñ. Mälän wagty gelersiñiz. Kabineti boşatmaly boldum. Daş çykanymdan soñ, oglum ýene buruljyrap başlady. Ol iki bükülip, böwrüni tutup durşuna: - Däde, bolmasa mäläýeýin-le - diýdi. - Şeýlemi, mäle oñ ýaly bolsa - diýdim. Oglum ysgynsynja mäledi. - Hany, gatyrak mälesene. Oglum gatyragam mäledi. Onsoñ, elinden tutdum-da, wraçyñ kabinetine kürsäp girdim. - Siz güýçli wraç ekeniñiz. Asyl oglum daşary çykandan mäläberse nädersiñ. Wraçyñ ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol şelaýyn güldi-de: - Dert güýçli bolsa, mälemän nätjek. Men muny köp ýyllyk iş tejribämden bilýän. Hany, şu ýere geç-de ýat, köşeş - diýdi. Oglum onuñ görkezen ýerine geçip ýatansoñ, wraç onuñ sag böwrüni elleşdiril gördi-de: - Onda şeýle. Naprawleniýe bereýin welin, göni keselhana eñiñ. Hirurgiýa bölümine baryñ-da, ogluñyzyñ mäleýändigini aýdyñ. Menem öýe eñeýin. Gyt dermanlardan alyp, derrew gelerin. Özümem üstünde bolmasam bolmaz. Ogluñyzy gyssagly operasiýa etmeli, ýogsa köriçegesi ýarylyp, heläk bolmagy ahmal. Hirurg sorasa, "mäleýä" diýmegi unutmaweriñ - diýip, wraç ak ýektaýyny çykaryp, gyssanmaç geýinmäge durdy. - Mäleýän dagy bolsa, derrew tut ýaly ederis - diýip, hirurg baranymyzdan işe girişdi. Onýança öýlerine derman getirmäge giden wraçam gelip ýetişdi. Gepiñ gysgasy, oglumyñ operasiýasy şowly geçdi. Ynjalyp, öýe gaýtdym. Öýe gelenimem şoldy welin, goñşymyz Aşyrgeldi aga geldi. Men oña bolan işi gürrüñ berdim. Aşyrgeldi aga mys-mys güldi-de, ilkä: - Gapyñda bir kel toklyñam-a ýok seniñ - diýdi. Soñam: - Aý, başyñ dik bolsa bor. Karz edersiñ, kowal edersiñ, taparsyñ. Ogluñ aman galypdyr, galany hiç - diýdi. Men geñ galyp: - Goñşy, bi ne gep boldy, men näme üçin karz-kowal etmeli? - diýdim. - Weý, şoña-da düşüneñokmy! Olar ýöne ýere "Mäleýämi?" diýenoklar-a. Senem "Mäleýä" diýipsiñ. Diýmek, gepleşildigi bolar-da. Sen indi olaryñ hersine bir goýun bermeli bolarsyñ. - Baý-bow, asyl beýle diýsene. "Oglum mäleýä" diýemsoñ, hossary köpeldi-le bolasy. Eger bermesem näder? - diýip, Aşyrgeldi agadan soradym. - Bermeseñmi? Aý, bilmedim-dä. Ýöne, başyñ agyryp, baldyryñ syzlasa, barjak ýeriñ ýene şo ýerdir. - Olam-a şeýledir. Dogrudanam, karz-kowal etmeli bolar-da. Annamämmet GÜNDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |