"Düýn men "Izwestiýada" Maýakowskiniñ syýasy temadaky goşgusyny tötänden okadym. Men onuñ şahyrçylyk tarantyna maýyllardan däldirin, onsoñam şahyrçylyk barasynda özümiñ habarymyñ ýokdugyny doly boýnuma alýaryn. Emma men syýasy we adminstratiw nukdaý nazardan garamda köp .de kommunistler hemişe mejlis edip otyrlar we mejlis üstüne mejlis geçirýärler diýip olaryñ üstünden gülýär. Poeziýa dogrusynda nähilidigini bilmeýärin, ýöne syýasat dogrusynda munuñ bütinleý dogrudygyna kepil bolýaryn". W.I.Lenin.
Gije geçip,
ýañy dañ atan bada,
Kimiñ baş edara,
ýa başga birne,
Kimiñ syýas,
Kimiñ añ-bilim
ýa-da
Komlaryñ birne
Ýüzüniñ ugruna
Haýdap barşyn
görýän
Her gün ertirne.
Hat işi ýagyp dur
ýagyş dek bolup,
Edara girdigiñ sussuñ basýarlar.
Ýarym ýüz
Iñ wajyp
hat işin alyp,
Işgärler mejlise
ýelk ýasaýarlar.
Diýersiñ:
"Men gelip
gidýän örän kän
Kabul künjeginden
orun tutmaga!"
"Ýoldaş Iwan Wanyç
Teo hem Gukon
Birlige gitdiler
mejlis etmäge!"
Ýüz basgançak ýöräp iki arada
Irersiñ.
Diýerler:
"Bir sagatdan gel!
Bir çüýşejik syýa
almak barada,
Gubkoopyñ
mejlisi gidýär şu mahal".
Bir sagatdan welin -
ne sekretary,
Ne özgesin
görýän gulluk ýerinde.
22 ýaşa çenlileñ bary
Otyrlar komsomol mejlislerinde.
Ýene
Ýüzüm tutup garañka bakan.
Çykýan beýik jaýyñ soñky gatyna.
Diýýän:
"Iwan Wanyç geldilermikän?"
Ol bolsa gidipdir
A-be-we-ge-de-ýe-že-ze-komuñ
Maslahatyna.
Gazap bilen
Länet okap,
Küpürsäp,
Girýän mejlise
Bat bilen kürsäp.
Görsem:
Ýarym göwre adam barysy.
Bu nä şumluk!
Diýýän özüm dürsäp -
Nirdekä
Göwreleñ galan ýarysy?
"Gyrdylar!
Soýdular!"
diýip, men aşa
Gygyryp urundym
Añdym hemmesin.
Bu elhenç görnüşe
akylym çaşa,
Eşidýän kätibiñ anjaýyn sesin:
"Olar bir mahalda
iki ýygnakda,
Günde biz
Ýigrimi mejlis etmeli.
Bialaç bölünýäs -
ýygnanyşmakda -
Guşaklyga çenli bolup bu ýerde,
Galan ýary bolsa
köp mejlislerde
Özüne
hemişe
orun tutmaly."
* * *
Tolgunyp ýatmadym
ekip bolsady:
"Mejlisleriñ baryn ýok etmek hakda
Ýene-de
Käşgä bir mejlis bolsady!"
Diýen arzuw möwç urýar gursakda.
Ýarym ýüz Iñ wajyp hat işin alyp, Işgärler mejlise ýelk ýasaýarlar.
--- чуть войдешь в здание: отобрав с полсотни – самые важные!- служащие расходятся на заседания.
terjimede: "Ýarym ýüz Iñ wajyp hat işin alýarlar" bolmalysy: ýarym ýüz (50) hatyň arasyndan iň wajybyny saýlap alýarlar.
----
Eşidýän kätibiñ anjaýyn sesin: "Olar bir mahalda iki ýygnakda,
И слышу спокойнейший голосок секретаря: “Оне на двух заседаниях сразу.
спокойный - anjaýynmy(ka)? "Olar bir mahalda iki ýygnakda" diýen ýeri "Olar şol bir wagtda iki ýygnakda" diýseňem boljak eken.
----
Günde biz Ýigrimi mejlis etmeli. Bialaç bölünýäs - ýygnanyşmakda - Guşaklyga çenli bolup bu ýerde, Galan ýary bolsa köp mejlislerde Özüne hemişe orun tutmaly."
В день заседаний на двадцать надо поспеть нам. Поневоле приходится раздвояться. До пояса здесь, а остальное там”.
terjimeçi manysyny doly berip bilmändir şu ýerde. originalda diýýär: günde 20 mejlise ýetişmeli, onsoň biygtyýar ikä bölünmeli bolýas, guşaklygymyza çenli bölegimiz bu mejlisde, ýokarky bölegimizem başga mejlisde" diýýä... terjimäň edil şu ýeri biraz düşnüksizden, çylşyrymly bolupdyr. --- terjimeçi kimkä?
Terjimeçi görkezilmedik. Goşgy segseninji ýyllaryñ 6-njy klas ü.n edebiýat okuw gollanmasyndan alyndy (fotokopiýa edenimde, kitabyñ anyk ýylyny belläp almak ýada düşmändir), ýöne goşgy welin has irräk, ellinji ýyllarda türkmen dilinde çap bolan Maýakowskiniñ goşgular kitabyndan alnan bolmaly. (Kitaby irräk okapdym, şoñ ü.n onuñam ýyly ýadymda däl, ýöne Şyhmyrat aganyñ aýdyşy ýaly, terjimeçiniñ Durdy Haldurdy (ýa-da Çary Aşyrow) bolmagy ahmal, sebäbi şu saýtdaky beýleki "100%" we "Sowet pasporty hakda goşgy" hem şol kitapdan alnyp goýlupdy.)
Edil häzirki wagtyñ gözi b.n alanda bellikleriñiz dogram bolup biler. Ýöne terjime edilen wagtyna seredende şol ýyllar Maýakowskiniñ türkmençe ýañlanmagynyñ özem ullakan üstünlik hasap edýärin. Her hal olaryñ ikimizden has dilçi, has tankytçy, has edebiýatçy bolandygyna ynanýaryn. Halypa ýazyjy-terjimeçilerimiziñ ýatan ýerleri ýagty bolsun.
Özüm-ä ilkinji nobatda goşgy barada, goşgynyñ gozgaýan pikiri barada aýdylmagyny islärdim. Ideologiýalar çalyşýar, häkimiýetler çalyşýar, döwür çalyşýar, nesiller çalşyp gidipdir... gozgalýan pikir welin nähili aktual! Leniniñ aýdyşy ýaly munuñ häzirem dogrudygyna, şindem şeýledigine arkaýyn kepil geçip boljak!
Her hal olaryñ (Durdy Haldyrdy) ikimizden has dilçi, has tankytçy, has edebiýatçy bolandygyna ynanýaryn.
Eden belligim terjimeçi barada däl-de, terjime baradady…. Bellik edilende “seň özüň näme?” diýen ýaly gürrüňler dogry däl. Onda uly-kiçi hiç kime bellik etmelem däl… —- Dogry, manysy baradada aýdyp bolar, onam aýdybermeli… Ýöne meni, tehniki tarapy gyzyklandyrdy. Öňki serdarymyz Lenini bolsa syýasy tarapy gyzyklandyrypdyr. “Mejlisleriň üstünden gülmäň, mejlis gerek” diýýär. Elbet-de Wladimir Ilýiçiň belleýşiýaly mejlis gerek, maslahat gerek…. edil atalarymyzyň diýişi ýaly “maslahatly biçilen don, gysga bolmaz”…. Ýöne, artyk maslahatlaram artyk bolýandyrda, Wladimir Maýakowskiň belleýşi ýaly. Her kimiň dogry paýy bar.