21:47 Men Songmiden gelýän | |
MEN SONGMIDEN GELÝÄN
Goşgular
Men Songmiden gelýän. Bagyşla sen, ezizim. Öp göm-gök dodagymdam. Indi düýnden bäri, Ýüz ýetmiş sany oglan, Hem Songmide doglan, Öpüp bilmez söýgüliň Näzik dodaklaryndan... Bagyşla sen, söýgülim. Men Songmiden gelýän. Bagyşla sen, ene jan. Getirip bilmedim men, Gara ýaglyk başyňa. Indi düýnden bäri, Ýüz elli ýedi adam, Mähriban ejelerne Sowgatlyk edip bilmez, Ýagty jahana gelmez... Bagyşla sen, ene jan. Men Songmiden gelýän. Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni. Getirip bilmedim sowgatlyk - gurjak. Men size hasratly bir gürrüň berjek. Elli ýedi sany songmili çaga, Indi birçak Görüp bilenok gurjak... Dostlarmyň çagasy, bagyşlaň meni. Men Songmiden gelýän. Bagyşla, sen meni, eý, eziz ülkäm. Diýme sen ol ýerde güller gaty kän, Getirip bilmedim bir desse çemen. Sen özüň bilýäň-ä niçik Songmi Gülleri... Bilýäň-ä... Ah, Songmi. Samih AL KASEM, Palestina. Terjime eden Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |