MERJEN DÄNELERI
Bir bar eken, bir ýok eken. Ir zamanlarda Hazar deňziniň Aýdek adasynda bir oba bar eken. Ýerli ýaşaýjylar ony Aýa çalym edýänligi üçin şeýle atlandyrypdyrlar. Obanyň ilaty agzybirlikde ýaşapdyr. Adamlar, esasan, balyk tutup, guş awlapdyrlar. Naw arkaly kenara azyklyk duz daşapdyrlar. Zenanlar haly-palas dokapdyrlar. Söwda-satyk işleri bilen meşgullanyp gün-güzeranlaryny dolandyrypdyrlar.
Obada Nazar atly balykçy ýaşapdyr. Ol balykçylaryň arasynda özüniň ussatlygy bilen tapawutlanypdyr. Onuň bagtyýar maşgalasy-aýaly we gyzy bar eken. Günleriň birinde balykçy ýoldaşlary bilen deňizde aw-awlamaga gidende gaý-tupan turupdyr. Balykçy yzyna dolanyp gelmändir. Ynha, şol günden başlap gün-güzeranyny dolamak Nazar aganyň aýaly Hajarbibi daýzanyň we onuň Patmagül atly gyzynyň başyna düşüpdir. Zenanlara oňşugy dolamak ýeňil düşmändir. Ýöne obanyň ilaty bu maşgala hemişe howandarlyk edip, ellerinden gelen ýardam –kömeklerini berip durupdyr.
Deňizde bolan şol pajygaly wakadan soňra balykçynyň aýaly agyr derde uçrapdyr. Çar tarapdan çagyrylan lukman-hekimler onuň keseline alaç-derman tapyp bilmändirler.
Indi hojalykdaky ähli işleri Patmagül etmelidi. Öýde bar bolan serişdeler lukman-hekimler, däri-dermanlar üçin harçlanypdyr. Maşgalanyň gün-güzerany barha kynlaşypdyr. Patmagüle deň-duşlary bilen oýun oýnamaga wagt hem bolmandyr. Ýöne görgüli, wagt tapdygy kenara gelip, deňizde ýaşaýan jandarlar bilen gaýgy-hasratyny deň paýlaşypdyr. Olary öz ýany bilen getiren bir döwüm çöregi bilen hezzetläpdir. Şol döwürlerde deňizde köpek we ýunus balygy hem ýaşaýar eken. Ýunus balygy Patmagül bilen halys ysnyşypdyr. Onuň kenara gelendigini görse, derrew ýanyna ýüzüp gelipdir. Her dürli oýunlary edip, onuň göwnüni galkyndyrmaga çalşypdyr. Ownuk balyklar hem ýunus balygyndan kem galmajak bolup täsin hereketlerini edipdirler. Kiçijek balyjaklar Patmagül bilen bolýan her gezekki duşuşyklarynda oňa deňziň düýbünden agyzlaryny dolduryp sowgatlyk-merjen dänelerini getiripdirler. Patmagül bolsa merjen dänelerini öýde gizlinje bir ýerde ýygnap goýýar eken. Kä günler görgüli Patmagül deňiz kenarynda oturşyna: “Meniň oglan doganym bolan bolsady, daşymyzyň goragy bolardy, belki-de ejemiň derdiniň bir çäresini tapardy” diýip, öz ýanyndan gamlanar eken.
Ynha, günleriň birinde obada ýaşaýan Mämmet atly oglan olara görme-görüşe gelipdir. Ol ene-atadan ir galan eken. Ýetimlikden köp kösenip, durmuşyň kynçylyklaryny gerdeninde çekipdir. Ol akylly we edermen ýigit eken. Mämmet Patmagül bilen dogan okaşypdyr. Bu wakany oba ilaty goldapdyr. Onuň bu pikirini maşgala doly makullapdyr. Şeýlelik bilen, täze maşgalanyň gün-güzerany, öňküsine garanyňda, gowulanypdyr. Ýöne Hajarbibi daýza welin, keselden saplanyp gitmändir.
Ada gelen hekimleriň biri Hajarbibi daýzanyň derdiniň eminiň Kap dagynda ýaşaýan Sumrug guşuň ýumurtgasynyň gabygydygyny aýdypdyr. Bu habara doganlar tüýs ýürekden begenipdirler.
Indi doganlara uzak ýola gitmek üçin ýeterlik harç-serişde gerekdi. Ol bolsa maşgalada ýokdy. Oba ilatynyň ýygnan serişdesi bolsa ýeterlik däldi. Ynha, birdenkä Patmagüliň ýadyna balyjaklaryň oňa sowgatlyk üçin getirip beren merjen däneleri düşüpdir. Doganlar oňaýlyja ýelkenli gämi satyn alypdyrlar. Oňa derwaýys serişdeleri ýükläp: “Niredesiň, Kap dagy” diýip, ýola rowana bolupdyrlar.
Ýoluň orta gürpüne ýetenlerinde olara köpek balygy sataşypdyr. Ol bir eýlä, bir beýlä geçip, ahyrsoňy hem gämini agdaryp goýberipdir.
Ynha şonda, niredendir bir ýerlerden ýunus balyklary peýda bolupdyrlar. Olar gezekme-gezek doganlary arkasyna alyp kenara getiripdirler. Şonda Patmagül özüni halas edenleriň arasynda kenarda hemişe hezzetleýän ýunus balygynyň hem bardygyny görüpdir.
Olar menzilme-menzil ýol ýöräp, ahyrsoňy Kap dagyna baryp ýetipdirler. Assa-seýkinlik bilen üsti garly belent gada dyrmaşyp başlapdyrlar. Sumrug guşy bolsa hol ýokardan – özüniň ýylçyr gaýadaky höwürtgesinden doganlaryň batyrgaý hereketlerine haýran galyjylyk bilen seredip otyr eken.
Doganlara Sumrug guşuň höwürtgesine ýetmek başardypdyr. Haýran galaýmaly, göýä ýüregi nämedir bir zady syzan mysaly Sumrug guşy olary mähirli garşylapdyr. Doganlar oňa düşen ýagdaýlaryny, hal-ahwallaryny, birin-birin gürrüň beripdirler. Soňra bolsa olar torbalaryny ýumurtga gabygyndan mäkäm dolduryp, oba dolanmagyň aladasyny edipdirler.
Doganlaryň düşen ýagdaýyna Sumrug guşy tüýs ýürekden gynanypdyr. Olary ýaşaýan obalaryna çenli alyp gitmegi özüniň borjy hasaplapdyr.
Şeýlelik bilen, Sumrug guşy Patmagül bilen Mämmedi arkasyna mündirip tokaýdan, batgalykdan, jeňňellikden menzilme-menzil ýol geçip, ýaşaýan obalaryna getiripdir. Soň bolsa, olar bilen gadyrly hoşlaşyp, mekanyna dolanypdyr.
Hajarbibi daýzanyň derdine çagalarynyň em alyp sag-aman dolanyp gelendigi baradaky habarçy jarçy oba ilatyna ýaýradypdyr. Ajama däbi berjaý edilip, märekä hödür-kerem edilipdir. Süýjülik paýlanyp dürli-dümen, naz-nygmatlar taýýarlanypdyr. Bagşylaryň aýdymlary, sazandalaryň şirinden-şirin sazlary uzaklardan eşidilipdir. Ýaşlar ruhubelentlik bilen küşt depipdir, tans edipdir. Zenanlar topar-topar bolup läle kakypdyr. Garaz, aýdyşlaryna görä, şol günki waka jenneti ýada salypdyr, ýerli adamalaryň aňynda uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp, biziň häzirki bagtyýar günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Sumrug guşunyň ýumurtgasynyň gabygyndan mäjum edilip taýýarlanan däri-derman bolsa Hajarbibi daýzanyň derdini dep edipdir. Onuň agzybir, bagtyýar maşgalasy köp ýyllaryň dowamynda rysgal-döwletli ýaşapdyr.
Ertekiler