15:35 Meşhur aňtawçy - Rihard Zorge | |
MEŞHUR AŇTAWÇY – RIHARD ZORGE
Taryhy şahslar
Rihard Zorge, 1896-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Baku guberniýasynyň Sabynçy şäherçesinde Gustaw Wilgelm Rihard Zorgeň nemes maşgalasynda dünýä inipdir hem-de 1944-nji ýylyň 7-nji noýabrynda, Tokioň “Sugamo” türmesinde jezalandyrylypdyr. Oň kakasy Nobeliň şereketinde nebitçykaryş işi bilen meşgullanypdyr. Ejesi Nina Stepanowna Kobelewa rus demirýol işçisiniň gyzy ekeni. R.Zorgäň çagalygy Germaniýada, maddy ýagdaýy üpjün maşgalada, parahat geçipdir. R.Zorge Germaniýada başlangyç hünärment mekdebinde (Realschule) okapdyr, ýöne doly orta bilimini alman, mekdebi taşlap, meýletinçi bolup Birinji jahan urşuna, nemes goşunlarynyň hatarynda gulluk etmäge gidipdir. R.Zorge tä 1917-nji ýyla çenli ençeme söweşlere gatnaşyp, birnäçe gezek ýaralanypdyr. 1917-nji ýylda bolsa ol top okundan agyr ýaralanyp Kenigsberg (häzirki Kaliningrad) şäherinde operasiýa geçiripdir, şol sebäpli-de oň bir aýagy beýlekiden gysga bolup ömürlik galypdyr. Harby gulluga ýarawsyzlygy sebäpli goşunyň hataryndan çykarylandan soň, hassahanada bejergi alýan döwründe daş-töweregindäki kommunist frontdaşlarynyň täsiri bilen R.Zorgäň dünýägaraýşy düýpgöter üýtgäpdir. Şol ýyl R.Zorge synaglary üstünlikli tabşyryp orta bilim hakynda şahadatnamany alypdyr. Bir ýyldan soň bolsa ol kaýzer Fridrih Wilgelm adyndaky uniwersiteti tizleşdirilen görnüşde üstünlikli tamamlap, ýokary bilim hakynda diplom alypdyr. Soňra ol Kil şäherindäki uniwersitetiň jemgyýetçilik ylymlary fakultetine okuwa giripdir. Soňam okuwyny Gamburg şäherinde dowam edip, ol ýerde döwlet we hukuk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alypdyr. Şondan biraz soň bolsa ol ýene-de ylmy iş ýazyp, ykdysadyýet ylymlarynyň doktory diýen ylmy derejä mynasyp bolupdyr. R.Zorge Kil şäherinde okanda, 1918-nji ýylda nemes habry deňizçileriniň pitnesine gatnaşypdyr. Haçan-da Berlinde ynkylap başlanda bolsa, ol şol tolgunyşyklarda-da işjeň çykyş edipdir. Munuň üçin ynkylap ýatyrylandan soň täze häkimiýetler R.Zorgäni şäherden çykaryp kowupdyrlar. 1924-nji ýylda R.Zorgäni Kominterniň Ýerine ýetiriji komiteti Moskwa çagyrýar we ol şol guramaň maglumat bölüminde işe başlaýar. Eýýäm 1920-nji ýylda R.Zorge žurnalistlik işi bilen meşgullanyp ugraýar. 1929-njy ýylda bolsa R.Zorge Işçi-daýhan Gyzyl Goşunynyň Aňtaw müdirligi bilen hyzmatdaşlyga başlapdyr. 1930-njy ýylda ol “Ramzaý” şertli aňtaw lakamy bilen Şanhaýa gelýär we gysga wagtyň içinde aňtaw işi üçin iňňän peýdaly bolan birnäçe ýakyn tanyşlyklary ýola goýýar. Onuň şeýle tanyşlarynyň birem Ýaponiýada işleýän we kommunistiki garaýyşlara ýykgyn edýän, habarçy Hosumi Odzaki bolupdyr. Uzagyndan H.Odzaki R.Zorgäň derwaýys maglumatçylarynyň birine öwrülipdir. 1933-nji ýylda “Ramzaý” Ýaponiýadaky nemes geňeşçileri hakda wajyp maglumaty almagyň hötdesinden gelipdir we şol maglumatyň esasynda ABŞ-nyň gaty bahym halkara gatnaşyklar ulgamynda öz ornuny has-da mäkämleşdirjekdigi hakynda takyk seljermäni bermegi başarypdyr. Ýaponiýa R.Zorge 1933-nji ýylyň sentýabrynda “Franfurte saýtung”, “Teglihe rundşau”, “Doýçe Folkswirt” atly uly nemes neşirýatlarynyň işgäri hökmünde gelipdir. Şol ýerde-de ol Ýaponiýaň daşary işler düzümine geňeşçi hökmünde işe ýerleşmegi başarypdyr. 1940-njy ýylda R.Zorgäň gizlin aňtaw toparyny olaryň ýeterlik maglumat bermeýändigi üçin yzyna – Merkeze çagyrmaga başlapdyrlar. Şol döwürler SSSR-de bolup geçýän tutha-tutlukdan habarly “Ramzaý”, dürli bahanalar bilen yzyna dolanmagy her gezek yza tesdirmegiň hötdesinden gelipdir. 1941-nji ýylda bolsa “Ramzaý” faşistik Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmakçydygy hakyndaky anyk maglumat we hüjümiň boljak senesiniň doly anyk däl görnüşini almagy we ony Merkeze ýetirmegi başarypdyr. Şonuň ýaly-da R.Zorge 1942-nji ýyla çenli Ýaponiýaň hökümetiniň SSSR-e garşy uruş yglan etmejekdigi hakynda maglumaty alyp, Merkeze habar beripdir. Netijede “Ramzaýyň” faşistik Germaniýaň hüjümi hakyndaky maglumatyna ynanmadyk I.Stalin, onuň Ýaponiýa hakdaky maglumatyna doly ynanyp, Gyzyl Goşunyň Uzak Gündogarda, ýapon goşunlaryna garşy taýýarlykly duran abat bölümlerini Moskwa getirip, faşistlerden Moskwany goramagyň we olary ep-esli yza serpikdirmegiň hötdesinden gelipdir. R.Zorge iki gezek öýlenenem bolsa, onuň çagalary bolmandyr. Oň birinji aýaly – Kristina Gerlah bilen ol 1926-njy ýylda durmuş gurupdyr. Ikinji aýaly – Ýekaterina Maksimowna Zorge bilen 1933-nji ýylda resmi nikadan geçipdir. Netijede Ýekaterina Zorgeni 1942-nji ýylda tussag edip, ony Krasnoýarsk ülkesinde ýerleşýän lagere iberipdirler. Şol ýerde-de ol aradan çykypdyr. Ondan başga-da R.Zorge nikasyz Hanako Isii bilen ýaşaşypdyr. Hanako Isii tä aradan çykýança R.Zorgeň guburyna gatnapdyr we SSSR-iň Goranmak ministrliginde wepat bolan serkerdäň dul aýaly hökmünde bellikde durupdyr. Ondan başga-da uzak ýyllardan soň Hanako Isii R.Zorgeň jesedini umumy mazardan özbaşyna gubura geçirtmegi gazanypdyr, ol barada iki jiltden ybarat ýatlamalar kitabyny ýazypdyr. 1941-nji ýylyň oktýabrynda R.Zorgäň aňtaw toparynyň üsti açylyp, olaryň aglaba köpüsi tussag edilýär. Şol aýyň 18-ne R.Zorge hem tutulyp saklanylýar. Şonda Adolf Gitler “dönügiň” Germaniýaň ygtyýarlygyna berilmegini talap edipdir. Emma Ýaponiýa muňa razy bolman, I.Staline “Ramzaýy” birnäçe sany syýasy tussaglara çalyşmagy teklip edipdir. I.Stalin bu teklipden ýüz dönderenden soň, 1944-nji ýylyň 7-nji noýabrynda R.Zorge “Sugamo” türmesinde jezalandyrylypdyr. Şondan soňra uzak wagtyň dowamynda R.Zorge undulypdyr. Diňe 1964-nji ýylda Nikita Hruşewiň talap etmegi boýunça Rihard Zorge Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen hormatly at dakylypdyr. Şondan soňam R.Zorge barada ençeme kitaplar, ylmy işler, makalalar ýazylypdyr, çeper we dokumental filmler düşürilipdir. Onuň ady köçelere, bilim edaralaryna dakylypdyr. Onuň ýadygärlik heýkelleri ýurduň dürli ýerlerinde dikilipdir. 2019-njy ýylda düşürilen, R.Zorgäň keşbini belli rus aktýory Aleksandr Domogarowyň ýerine ýetiren köpseriýaly çeper filmi bolsa, bu aňtawçy hakdaky filmleriň has doly göwrümlisi diýlip ykrar edilýär. Çeşmesi: https://24smi.org/celebrity/20415-rikhard-zorge.html. 25.05.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |