01:53 Mikrobyñ çykyşy / ýumoreska | |
MIKROBYÑ ÇYKYŞY
Satiriki hekaýalar
Gadyrsyz, hormatsyz kärdeşler! Şeýtanlara hormat we şöhrat! "Onuñ şägirtleri hergiz kem bolmaz". Bize köpelmäge, doly güýjümizde işlemäge amatly şertler döredilýän zamana geldi. Hemişeler guýy diýip bir zat bardy. Onuñ suwunda biziñ neslimiz herhiz köpelip bilmezdiler. Indi guýular-a ýok. Akar suwlarda-da biz ýaýnap gezýäris. Ähli hapa suwlar, dökünler şol akarlara goşulýarlar. Eger krant diýilýän zada düşseñiz, gorkmañ! Turba bilen tizräk hereket ediñ. Ýarylan ýerine ýetersiñiz. Şol ýerde hem jana şypaly porsy suw ýatandyr. Geçmişi ýatlamak bize örän agyr. Howlularyñ hersi bir ýerdedir. O howludan beýleki howla geçmekçi bolsak, biziñ köpümiz ýolda gyrylardyk. Häzir täze tipli posýoloklar, mikroraýonlar gurulýar, bir bökseñ o maşgala geçip bolýar. Ýaşasyn adamlar! Hapalar gören ýerde dagap ýatyr. Bu bize köpelmäge iñ oñat şert ahyryn. Gadym döwürlerde kümüş şaý-sep diýip bir zat bolardy, ýaşuly neslomiz ony örän oñat bilýändir. Şol şaý-sepler sebäp bilenem gaplardaky suwa degse, biziñ ähli neslimiz gyrylardy. Şeýtana müñde şükür, adamlary gyjyklap şol şaý-sepleri ýok etdirdi. Kir suwlaryny akara guýup, hapasyny çar töweregine dargadyp oturan gelinler barka, ýerden köp hasyl almak üçin himiki dökünleri köp döküñ diýip öwredýän adamlar barka, azajyk ýerde köp adam ýerleşdirmegi alada edýän arhitektorlar barka, kärdeşler, şeýtanlara daýanyp, medisina işgärlerine pitjiñ atyp, diñe öñe tarap hereket edeliñ! 1991 ý. Welnazar ANNAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |