22:22 Muhiddin Araby we Ýawuz Soltan Selimiñ duşuşygy | |
MUHIDDIN ARABY BILEN ÝAWUZ SOLTAN SELIMIÑ DUŞUŞYGY
Geň-taňsy wakalar
Güneş bu gün gyzyl öwüsýärdi. Edil ganyñ reñkinde! Arş gussalydy, gözleri ýaşly we ýetim! Perişdeler bolsa arşa şan-şöhratly bir myhmanyñ gelýändigini buşlaýardylar! Muhiddin diýip parlaýardy ýyldyzlar. Onuñ haýkyryşlaryny alyp barýardy şemallar! Muhiddin... Wagt pursadyñ başlaýan nokadyna tarap barýarka özüne göwnüýetijilikli bir ses eşdilýärdi depeleriñ arasyndan: "Siziñ uýýan tañryñyz meniñ aýaklarymyñ aşagyndadyr!" Bu ses Muhiddiniñ sesidi. Bu ses dumly-duşa ok bolup syçrady. "Daşy jäjek - içi möjek" ýüreklere Muhiddin bolup sünjüldi. Bu ses olaryñ gulagyna alynlary seždede durka eşidildi. Bu ses otparaza ýa butparaza aýdylan söz däldi. Bu ses diñe seždä egilede şirk bilen egilen takwasumaklara gönükdirilendi. Ýüreklerde gizlenen syrlary bilýän diñe Allatagaladyr. Allatagala islese guluna dil açdyryp ýüreklerde bukulyp ýatan gizlin syrlary äşgär edip bilýär. Emma olar atalary Iblis ýaly Allanyñ eradasy bilen gepleýän diri öwlüýäni tanamaýardylar! Muhiddin Arabyny bir depäniñ üstünde ýüzüni göge tutup durka ele saldylar. Gahar bilen, gazap bilen ony kazyýete çykardylar. Emma ylahy yşkyñ keýpi bilen uçup ýören Muhiddin hiç bir güýjüñ öñünde baş egjek adama meñzänokdy. Gaýtam ol bu oýnatgylara iñ soñky aýgytly sözüni tüýs ýüregi bilen gaýtalap durdy: "Siziñ uýýan tañryñyz meniñ aýaklarymyñ aşagyndadyr. Sin Şine girende Muhiddiniñ gabryna-da, maksadyna-da göz ýetiriler!" Hak sözüni sözläpdi, çarhypelek maksadyna ýetipdi indi! Indi Arş oña gujagyny gujagyny açyp garaşyp durdy! Alymlar Hezreti Muhiddini şirk getiren diýip yglan etdiler. Eýsem, hakyky şirk hakykaty gizlemek we örtmek dälmi näme? Ellerinde şirkiñ ganly ýüpleri, ýüpüñ ujunda-da hakykatyñ Muhiddini! Asdylar onuñ et bilen süñkden ybarat bedenini! Ýunus Emre bilen Muhiddin bolsa ikisi bile beýik Arşy-agladan gülümsiräp garaýardylar: "Ete, süñke bürendim, Muhiddin bolup göründim! Ölen jeset dälmişin, Aşyklar ölmezmişin". Aradan birnäçe asyr geçdi. Nijeme diri öwlüýäler düýş kimin ýalançy panydan gelip geçdi! Muhiddiniñ sözi diri öwlüýäleriñ boýnunda tumar bolup gezdi! Tä öz wagty-sagady gelip Ýawuz Soltan Selimiñ (Sin) Şama (Şin) girýän pursatyna çenli. Ine, şol gün Sin Şine Muhammet Mustapanyñ (s.a.w) nury we perişdeler bilen birlikde girdi! Ýanyna-da Muhiddin Arabynyñ ruhuny alyp girdi! Sin Şine atyndan düşüp, yzyndaky müñlerçe esgeri bilen pyýada ýöräp girdi. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) şanly baýdagy Ukabyñ ýüreginde pasyrdap girdi! "...we ynha Weliniñ gözüni, Muhiddiniñ sözüni gördi! Muhiddiniñ sözi Ýawuz Selimiñ gözlerine girdi". Soltan görkezme berdi: "Gazyñ, şu depäni!" Çünki Alla dosty Muhiddiniñ sözüni ýerde goýmaly däldi. Çünki, diri öwlüýäsine, Muhiddine ylahy hikmet berip gepleden Alla öz sözüni ýerde goýmaly däldi! Gazdylar, gazdylar, gazdylar... Ýerden hak däl, hakykat däl, çuwal-çuwal altyn çykardylar... Säher şemaly ýañadandan pyşyrdaýardy: "Siziñ uýýan tañryñyz aýaklarymyñ aşagyndadyr! Çünki siziñ uýýanyñyz Alla däl-de, şu altynlardyr!" Ýawuz Selim nökerleriniñ ýanyna baryp, Muhiddin Arabybyñ mazarynyñ nirede ýerleşýändigini sorady. Nökerler nirden bilsin Muhiddiniñ nirede jaýlanandygyny. Sebäbi ony dardan asanlar mazary-da gizläpdiler... Allatagala ýene-de kömege ýetişdi! Ete-süñke bürenen Muhiddin bir çopana dil bitirdi: "Eý, mübärek han! Alysda bir depe bar! Ol depede ne goýun, ne-de başga haýwan otlaýar. Guşlar we mör-möjekler ol depäniñ ýanyndan ümsümlik bilen geçýärler. Ol ýeriñ otlary-da öz-özünden gurap gidýär. Gülleri hiç wagt solmaýar. Hiç haçan ol ýeriñ pyşyrdysy kesilmeýär". Bu sözlerden soñ Ýawuz Soltan Selim ol ýerde Muhiddin Arabynyñ mazarynyñ bardygyna ynanýar we depäni gazdyryp başlaýar. Ine, görseler, Muhiddin Arabynyñ bozulmadyk mübärek bedeni diri adamyñ bedeni ýaly ýatyrdy! Şeýlelik-de, Allatagala öz dosty Muhiddinuñ şanyny tamamlady! "Ete, süñke bürendim, Muhiddin bolup göründim! Ölen jeset dälmişin, Aşyklar ölmezmişin". Kutaý BILGEHAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||