15:08 Meniýýun rijalun kemenniul wat-wat | |
MUHIDDIN IBN ARABYNYÑ IÑ SOÑKY SÖZI
Geň-taňsy wakalar
Beýik öwlüýälerden bolan şyh Muhiddin ibn Araby hezretlerini asmaly diýip karara gelipdirler. Iñ soñky gelinen netije - asmaly! Tasawwuf we fykh alymlary üýşüp, şeýle diýenmişler: - Asylmazdan öñ soñky islegini diñläp göreliñ. Goý, ol iñ soñky sözüni aýtsyn. Ondan soñ jezasyny bersegem bolar. Ibn Araby beýik şahsyýet. Beýik adamlañ aýtjak sözem beýik bolýar. Iñ soñky sözüni belläp alalyñ, gerek ýeri çykar. Olar soñra Ibn Araba ýüzlenipdirler: - Iñ soñky wesýetiñi, iñ soñky aýtjak sözüñi aýt! Şyh Muhiddin ibn Araby hezretleri bolsa: - Meniýýun rijalun kemenniýul wat wat - diýipdir. (Türkmen dilindäki manysy: "Ýarganadyñ döli sallah oglanyñ döli ýalydyr".) Alymlar: - Biz munyñ wesýetini eşitjek bolduk welin, bu gaýtam aklyndan azaşdy öýdýän. Näme diýip duranyny bilenok - diýip yza çekilipdirler. Ýöne bu täsin we syrly jümläni alymlaryñ içinde Ibn Araba dogry düşünmäge çalyşýanlaryñ birnäçesi "Şyh Muhiddin Arabynyñ iñ soñky aýdan sözi" diýip belläp goýupdyrlar. Şeýdibem adatdan daşary beýik pir bolan Muhiddin ibn Arabyny dardan asypdyrlar... Aradan üç asyra golaý wagt geçýär. Günlerde bir gün araplaryñ bir taýpa kethudasynyñ ogly beýleki bir taýpa kethudasynyñ çadyryna myhman düşüpdir. Şol gije hojaýynyñ gyzynyñ düşeginde hapa yz görüpdirler. Hapany barlap görenler, muny edil sallah oglanyñ döli bilen birmeñzeş diýip netijä gelýärler. "Bu gyzyñ ýanyna gelen bolsa myhman ýigit gelendir, ol gyza ýanaşan bolaýmagy gaty ahmal" diýip pikir edipdirler. Jemagat bu pikire eýerip ýigidi kakasyndan ogluny meýletin tabşyrmagy, tabşyrmadyk ýagdaýynda bolsa söweşjekdikleri barada aýdýarlar. Özüne göwni ýetýän taýpa kethudasy gerek bolsa söweşden çekinip durmaýandygyny, ýöne ogluny olara beräýmekçi däldigini mälim edýär. On müñ adam sährada ýygnanýar we söweş tebli kakylýar. "Gurhanyñ" "Hujurat" süresiniñ 12-nji aýatynda şeýle diýilýär: "Güman bilen ýakyn hasyl bolmaz. Güman bilen karar berilmez". ...Iki goşun garşyma-garşy gelip, gylyçlar syrylýar. Söweş başlajak bolup durka, alymlaryñ biri ylgap gelipdir we Şyh Muhiddin Arabynyñ iñ soñky sözüni okapdyr: "Ýarganadyñ döli sallah oglanyñ döli ýalydyr". Garşydaşlar: - Geliñ onda, muny gidip barlap göreliñ. Belki, gyzam, ýigidem bigünä bolup çykaýmasyn. Megerem muny eden ýarganat bolsa gerek - diýişýärler. Gyzyñ ýatýan ýeri gowakda ýerleşýän ekeni. Ol ýere bir düşegi seripdirler we bir adamy nobatçy goýupdyrlar. Biraz wagt geçýär welin, düşege hapa düşýär. Merdiwan getirip gowagyñ ýokarsyny barlap görýärler. Görseler ýarganadyñ höwürtgesi bar eken. Alym iki tarapy-da ýaraşdyrmagy-da başarýar. Müñlerçe adamyñ ganynyñ nähak ýere dökülmeginiñ öñ ýanyndan gaýdylypdyr. Ynha, şeýdibem Şyh Muhiddin ibn Arabynyñ keramaty orta çykýar. Şyh Muhiddin Araby muny haýsy kitapdan okadyka? Belli däl! Bu zatlary okanyñ bilenem öwrenmäge nireden mümkinçiligi bolupdyr? O-da belli däl... Ol Allanyñ hut özi tarapyndan gaýypdan habar berilen keramat bolmagy gaty ahmal. Aslynda ýarganaty Hezreti Isa pygamber (a.s) kapyrlara gudrat görkezmek üçin palçykdan ýasapdyr. Oña okapdyr we dem salypdyr. Ýarganada dem giripdir we uçupdyr. Aýatda "okady, üfledi" diýip geçýär (Seret: "Aly Ymran" süresiniñ 49-njy aýaty). Ýarganatyñ her ýeri bir haýwana çalym edýär. Burny sygyryñ burnuna, emjegi itiñ emjegine, gulaklary syrtlanyñ gulagyna meñzeýär. Alymlar onuñ her beden agzasynyñ bir haýwana meñzeýändigini, hatda aýallaryñky ýaly aýbaşysynyń gelýändigini ylmu barlaglaryñ üsti bilen doly anykladylar. Emma näme üçin we munuñ hikmeti näme? Munuñ añyrsynda näme syr ýatyr? Ony welin alymlaryñ özem bilenok. Megerem Şyh Muhiddin ibn Araby ýarganat dölüniñ sallah oglanyñ dölüne meñzeýändigini ylma esaslanyp aýtman bolsa gerek. Ol üç asyr soñra iki musulman goşunynyñ bir-birini gyrmagynyñ, nähak ýere öldürilmeginiñ öñüni alýar. Çünki ol muny bilip, aýdyp, mysal getirip hem-de iki goşuny ýaraşdyryp keramaty arkaly welildigini subut edýär. Ynha, ylymyñ hikmeti, ynha gelejegi bilmek, ynha beýik keramat! Ynha, Allanyñ we Onuñ Resulynyñ (s.a.w) musulmanlaryñ haýryna şeriñ öñüne böwet basan keramaty! Kutaý BILGEHAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||