Munis Horezmi 1778-nji ýyllarda Hywada dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan şygyr düzmek sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr. Şygyr düzmegiň dürli žanrlarynda özüniň güýjüni synapdyr,
Elbetde, Enweriniň, Muizziniň, has soň, Alyşir Nowaýynyň zamanyndan soň, kasyda ýazmak, kasyda ýazyp, özüňi, maşgalaňy eklemek, öz gyzgyn möwritini tamamlady hasaplanylsa-da, has soňlar hem bu žanrda eser döredenler az bolmandy.
Mysal üçin, Babyryň bu ýagdaýda kasyda döredendigi mälimdir. Olardan başga-da, Munis Horezminiň, Agahiniň hem-de beýleki ussat şahyrlaryň kasyda ýazandyklary bellidir. Şeýle hem şol döwür klassik edebiýatynyň meşhur şahyrlary bu ugurda eser döretmaklerini dowam edipdirler.
Şundan ugur alyp Gündogaryň meşhur kasydaçysy Munis Horezminiň “Sährada”, “Aýyt”, ‘Çarh bolar berahm” ,”Nesihat” kasydalaryny bellemek bolar.
Munis Horezmi birnäçe kasydasyny Hywa hanyna bagyşlapdyr. Hywa hany öňden gelýän dessura görä, Munis Horezminiň kasydalaryny halap, oňa uly sarpa goýupdyr. Soň ony köşk şahyry etmek bilen, şahyrlarbaşy saýlapdyr. Minus Horezmini bolsa miraplar başy edip belläpdir.
Bu wezipe şol döwürlerde juda girdejili we hormatly wezipe bolupdyr. Şeýlelikde Minus Horezmi ençeme kasyda ýazypdyr. Onuň kasydalary döwrüniň gymmaty egsilmejek eserleri hökmünde halkyň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr.
Ol şygyrýet hem-de ýer-ekin işleri bilen baglanyşykly bolansoň, köşk ýagdaýlary bilen baglanyşdyryp “Päkizelik bossany” atly uly göwrümli eserini ýazypdyr.
Munis Horezmi 1829-njy ýylda 51 ýaşynyň içinde Hywa şäherinde dünýäden ötüpdir.
■ B a h a r d a
Muzdaky okap, mähr tutdyň aýlaw magyran,
Kyldy Hammaldaşynda gül sany ýaşyl meger.
Möwji çar tarap gidip, geldi sap oraýyp,
Haýly burydat bolup,misli ” aýnal-mafar”.
Gunduz bolup mistazat, tisran midrajy,
Tümlik gidip, kem-kemden, geldi – ýagty, nur.
Her dürli nogsan geçip, zamanyň nogsanyndan,
Şemal bolup oýun edip, Deňiz- jeň gursa, meger.
Oýun gurup aýlandy, giň sähra, depe-düze,
Daşa öwrüldi sadap, lowurdap asyl -göwher.
Göwher haýsy-kim bolar gözi akyl-röwşen,
Täji soltan bezelen, durşy dür-u zyba zer...
Goşgular