12:24 Musa pygamber hakynda rowaýat | |
MUSA PYGAMBER HAKYNDA ROWAÝAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
"Ne hebesdir, ne hata–bakdy goýun Musa kelim..." "Hak bilen ras aýdyşan Musa kelimulla kany?" Magtymguly. Müsür ýurdunda Fyrgun atly patyşanyň gurrandazlarydyr müneçjimleri her wagt, her wagt bir oglanyň dünýä inip, patyşanyň patyşalygyna hem-de bu ýurduň dinine zarba urjakdygyny aýdýan ekenler. Patyşanyň hem gün-günden aladasy artýarmyş. Gurrandazlardyr müneçjimler Fyrguna şol oglan enesiniň garnynda galdy, ine, ýakyn wagtlarda dünýä injek–diýip, patyşany habardar edip durýarlar. Ahyr günlerde-bir gün olar patyşa: şol oglan şu gün dogulýar– diýip habar beripdirler. Patyşa perman berip, patyşalygynyň dört künje gine çapar ýollapdyr. Şol permanyň mazmuny şeýle eken: eger şu gün gyz çaga doglan bolsa zat diýmeli däl, erkek oglan doglan bolsa, hökman öldüräýmeli. Şeýle ýowuz perman bilen çaparlar ýola düşüpdirler. Patyşalaryňkam ýeňil däl. Öz tagtyny saklamak üçin her hili ýowuzlyga, hilegärlige, haramzadaçylyga ýüz urmalam bolsa, olar ondan gaýtmaýarlar. Dagy nätsinler. Patyşalyk elden gitjek boluberse ýa akyl gerek, ýa-da bolmasa... Şol dogulmaly oglan gije doglanmyş. Oglanyň ata-enesem patyşanyň permanyndan habarly bolansoňlar, çagany gundap, emdirip bir çola çöl ýerini çuň gazyp, çukur edip şonda goýup gaýdýarlar. Çukuryň gumuny hem allaowarralara eltip dökýärler. Çukuryň agzyny hem ketgendir şora ýaly zatlar bilen örtüp gaýdýarlar. Onsoňam çaganyň sesi daşyna çykmaz ýaly hilesinem görüpdirler diýýär. Her gije-de baryp emdirip, çaganyň arlygyny arassalap gaýdýan ekenler. Aradan üç aý ötensoň Musanyň ata-enesiniň ýanyna bir aksakgally goja gelip şeýle maslahat berenmiş: siz beýdip horlanyp ýörmäň. Bir gün bolmasa, bir gün patyşanyň jansyzlary siziň bu işiňizi bilerler. Şonuň üçinem meniň aýdanymy etseňiz gowy bolar. Suw syzmaz ýaly bir sandyk ýasadyň. Içine çagany salyp, gapagyny ýapyp gulplaň, açaryny hem sandygyň özüne dakyň. Soňra sandygy golaýyňyzdan akýan Nil derýasyna goýberiň. Sandyk öz barjak ýerini özi tapar. Goja aýtjak zatlaryny birin-birin diýensoň ýene-de öz ýoluna rowana boluberipdir. Oglanyň ata-enesem gojanyň aýdyşy ýaly edip, sandygy suwa goýberipdirler. Bular Nil derýasynyň ýokarsynda ýaşaýan ekenler. Şeýlelik bilen sandyk derýa bilen öz ugruna akyp gidiberipdir. Derýa patyşanyň köşgüniň hem deňinden geçip gidýärmiş. Şonda derýadan köşge tarap bir aryk-ýap bölnüp gaýdýan ekeni. Ol hem bölünip-bölünip ahyr soňunda patyşanyňseýil bagynda gurduran serhowzuna gelip guýýarmyş. Sandygam derýada towlanyp, aýlanyp, öwrülip akyp gelýär diýýär. Şol akyp gelşine köşgüň gabadyna gelende şol aryk-ýaba sowlup, şonuň bileň akyp çaýkanyp-çaýkanyp köşge tarap gaýdyberipdir. Gepiň hullasy, sandyk patyşanyň serhowzuna akyp gelip aýlanyp ýörmüş. Sandygy suwdan çykarjak bolsalar, gaýkyldap kölüň ol tarapyna gidýärmiş. Garaz, sandyk hiç ele düşenok diýýär. Bu ahwalata patyşanyň aýallaram tomaşa edip oturan ekenler. Ine onsoň patyşanyň iň gowy görýän Asiýa atly aýaly patyşadan şu sandygyň içinde näme baram bolsa, maňa bagş ediň diýip haýyş edipdir. Patyşa-da sandygyň içinde hernäme bar bolsa sandygyň özünem, içindäkinem saňa bagş etdim diýenmiş. Şondan soň patyşanyň aýaly sandygy tutjak bolup, kölüň gyrasyna gelen dessine sandygam gaýkyldap, ýüzüp onuň elýeterine gelenmiş. Şondan soň patyşanyň aýaly sandygy tutjak bolup kölüň gyrasyna gelen dessine sandygam gaýkyldap, ýüzüp onuň elýeterine gelenmiş. Patyşanyň gowy görýän aýaly Asiýa sandygy göterip, süýnüp-sarkyp, messan ýöräp köşge gaýdypdyr. Ine sandygyň açaram özünde. Köşge gelip açyp görse, içinde bir çagajyk–päkize erkek oglan ýatanmyş diýýär. Patyşanyň ogly ýok ekeni. Şeýlelik bilen Asiýa oglany ogullyga alyp terbiýelemäge başlaberipdir. Çaga Musa diýip at goýupdyrlar. Şol ýurduň dilin de «mu»–tabyt, ýagny sandyk we «sa» –suw diýmekmiş. Çaga gün-günden ösüp-ulalyp barýarmyş. Şol barmana çagajyk emedekläp ugrapdyr. Patyşa-da gowy görýän aýalynyňka geleninde, bu çagany öňüne adyp oturýan ekeni. Bir gün patyşa aýalynyňka gelip, çagany öňüne alyp otyrka, çaga onuň sakgalyndan ýapyşypdyr-da, ýarysyny goparyp alypdyr. Patyşanyň muňa ýaman gahary gelipdir: –Ine, biziň dinimize, patyşalygymyza hakykatdanam zarba berjek oglan şu eken. Bu peläketi gyssagly tutup öldüriň. Jellat! – diýip gykylyk edip ugrapdyr. Wezir-wekiller ýygnanyp, patyşa töwella edip, maslahat, akyl beripdirler: –Eý, patyşamyz, bu bir neresse oglan, ýagşyňy näbilsin, ýamanyňy näbilsin, dostuňy näbilsin duşmanyňy näbilsin. Muny bir synag edip görüň. Şonda akylynyň bar ýa-da ýoklugy derrew aýan bolar. Eger şu işi akyly ýetip edýän bolsa, onda şonda öldürseňizem bolar. Synag şeýle bolsun. Ýagny bir tabaga közsaldyryň, beýleki tabagy-da tylladan dolduryň. Şu oglanjyk haýsyny baryp alarka, bir seredip göreliň. Eger tyllany baryp alaýsa, onda, dogrudanam, munuň akylynyň bardygy eger közi baryp tutaýsa, onda munuň akylynyň entek ýoklugy subut bolýar. Sebäbi ýaş çaga tyllany näbilsin, közi näbilsin. Ine, patyşanyň hyzmatkärleri ylgaşyp iki çanak alyp gelýärler. Biri tylladan doldurylypdyr, biri közden doldurylypdyr. Tabaklaryň hersini otagyň bir burçunda goýup, ýaşajyk Musany getirip orta goýberýärler. Gör, bak, Musa bu tabaklardakylaryň haýsysyny alarka? Musa welin, emedekläp göni tyllaly tabaga garşy gaýdyberipdir. Tyllaly tabaga ýetip barýarmyş. Şol wagt Allatagaladan Jebraýyl perişdä buýruk gelipdir: ýet, Musany beýläk közli tabaga tarap öwrüp goýber–diýip. Jebraýylyň ýanynda işiň kynçylygy barmy ol desbi-dähel ýetip gelýär. Musa emedekläp tyllaly tabaga ýetiberende, dikelip turup oturýar-da, göni közli tabaga garşy emedekläp gaýdyberýär. Tabagyň ýanyna baryp, köze elini sokmaýar-da, ýatyp ýaňky közlere dilini degripdir. Dilini bişirip, Musa jaglap aglap ugrapdyr. Wezir-wekillerem, ine, tagsyr, gördüňizmi dilini köze basyp aldy, bişjek-bişmejegini bilmedi. Bu bir ýaş çaga, ýagşy-ýamany bilenok diýşip, patyşany köşeşdiripdirler. Şeýlelik bilen Musa ölmän galypdyr. Ýöne onuň dili welin, şondan soň peltek bolanmyş. Il içinde hatda onuň nebereleriniňem dili şondan bäri peltekmiş, olar käbir harplary aýdyp bilmeýärmişler diýen gürrüňler bar. Musa ölmän galansoň patyşanyň ogullyga alan ogly bolup ýaşaberýär. Patyşa-da ony oglum diýip saklaberýär. Şeýlelikde, Musa 15 ýaşapdyr. Günlerde bir gün Musa bazaryň deňinden geçip barýarka, iki sany oglanyň urşup duranyny görüpdir. Oglanlaryň birisi beýlekisini urup durmuş. Musa-da urup duranynyň ýanyna baryp: dost, sen bul oglany beýdip urup durma, görýärsiň ahyryn, munuň güýji seniňkiden az eken. Ejize ganym bolmak gowy däl diýipdir. Şonda güýji rüstem oglan şeýle diýenmiş: bolsaň, bolupsyň patyşaň ogly, gidiber öz ýoluňa, seniň näme işiň bar. Onsoňam meniň ýanymda girreýip durma ugra şu ýerden–diýipdir. Musanyň hem ol oglanyň aýdanlaryna gahary gelenmiş. Men saňa näme işimiň bar-ýoguny görkezeýin, ine, gör, her kim güýjüniň ýetenini urubermeli bolsa diýip, ýaňky haýbat atyp duran oglana bir ýumruk uranmyş. Bir taýak bagt, bir taýak bibagt diýleni. Musanyň uran oglany bir ýumrukda ölüp ýatyberenmiş. Elbet-de, boljagy bardyr-da. Musa patyşa, ýagny atam duýsa, meni dara asdyryp öldürer diýipbaşyny-aýagyny alyp, çöl-beýewanlara çykyp ugrapdyr. Şol barşyna köp kynçylyklara, horluklara sezewar bolupdyr. Ýat illere, başga ýurtlara aralaşypdyr. Bir gün bir haýatyň saýasynda gamgyn bolup, gamlaýyna batyp, içini hümledip otyrka, bir süri goýun munuň oturan ýerine geliberipdir. Musa görse, bu goýunlary baýyň iki gyzy bakýarmyş, Şol töwerekde-de guýy bar eken. Şondan dowarlary suwa ýamaga gelipdirler diýýär. Guýynyň bir gapagy bolup, ony açmak üçin dört kişi bolup götermelimiş. Bolmasa ýaman agyrmyş. Güýç ýeter ýaly dälmiş. Dowarlaram gaty suwsan ekeni diýýär. Guýynyň töweregindäki batgalary ýalaşyp barýarmyşlar. Gyzlar bolsa goýunlary suwa ýakjagam bolman guýynyň ýanyna gelip duruberipdirler. Onda Musa dowar janawarlaryň bolşuna çydap durup bilmän: –Gyzlar, bu dowarlaryňyz ýaman suwsapdyr. Suwa ýakaýsaňyz bolmaýarmy?–diýip sorapdyr. Gyzlaram: –Bu guýynyň gapagy bize açdyrmaýar. Sebäbi ony dört adam bolup götermeli. Ine, tiz wagtdan ony açjak kişiler geler, şoňa çenli garaşmasak alajymyz ýok–diýipdirler. Bu gürrüňden soň, Musa baryp ýeke özi guýynyň gapagyny galdyryp, bir gyrada goýup, suw çekip nowalara guýup, dowarlary suwa ýakyp ugrapdyr. Olar suwdan gananlaryndan soň bolsa, ýene-de özi guýynyňgapagyny göterip, ýerinde goýanmyş. Gyzlaram mallaryny sürüp öýüne barypdyrlar-da olary agyla gabapdyrlar. Atasy gyzlaryny görüp: «Siz nä, eýýäm mallaryňyzy suwa ýakaýdyňyzmy, nädip guýynyň gapagyny galdyryp bildiňiz?» diýipsorapdyr. Onda gyzlar: –Guýynyň ýanynda bir oglan oturan ekeni. Şonuň ýeke özi gapagam galdyrdy, suw çekip mallaram ýakyp, berdi–diýip, jogap beripdirler. Atasy gyzlaryna: baryň, onda şol oglany meniň ýanyma çagyryň –diýipdir. Oglan gyzlaryň çakylygy bilen gelipdir. Oňa çaý-çörek beripdirler, ol bir neme dem-dynjyny alypdyr. Şondan soň gyzlaryň atasy Musadan sorapdyr: – Inim, nireden gelip, nirä barýarsyň, näme kär edýärsiň. –Äý-ý, bir talaban oglan men. Kimiň işi bar bolsaedip ýörün–diýip, Musa jogap gaýtarypdyr. –Onda sen meniň goýunlarymy bakyp beräýseň, nä hili bolar–diýip, gyzlaryň atasy Musa sowal beripdir. Musa-da: bolar, baý aga, ýöne-munuň hak-heşdegi näme bolar– diýip sorapdyr. Onda baý: –Goýunlaryň alabaş guzlany seniňki bolsun– diýipdir. Baý pikir edipdir: öňki ýyllardaky ýaly goýunlar iki-ýeke alabaş guzlarmykalar– diýip. Göklem-alabahar günleri goýunlar guzlap ugrapdyr. Guzularyň köpüsi alabaşmyş. Musanyň almaly guzulary baýa galjak guzulardanam köpmüş. Baý içinden şeýle diýenmiş: bu ýyl-a gowuja aldandym welin, geljek ýyl başgaçarak bir emel edeýin. Musanyň çopançylygynyň ikinji ýyly başlanypdyr. Musa baýdan sorapdyr: –Baý aga, bu ýylam geçen ýylky şertimizmi ýa üýtgejekmi? Onda baý: –Bu ýyl başga hili şert bolar. Maňa her goýun dan bir guzy berersiň. Şondan artygy seniňki diýipdir. Ýene-de alabahar gelipdir. Goýunlaryň ýalky guzlaýany ýokmuş köpüsi, ikem, üçem guzlaýarmyş. Garaz, baý bu ýylam utulanmyş. Soňky ýyl baý: –Bu ýyl goýunlaryň üçem guzlanynyň biri seniňki–diýip, şertini ýene-de üýtgedipdir. Ol ýyl ähli goýunlar üçem guzlapdyr. Her goýundan baý iki guzy, Musa bir guzy alypdyr. «Üçem guzlanyň biri çopanyňky» diýen gürrüň şondan galypdyr diýýärler. Üç ýyllap goýun bakansoň Musanyň öz goýunlaram bir uly süri bolanmyş. Baý muny görüp şu oglan bereketli ekeni, bihal däl ýaly–diýip, gyzlarynyň birini Musa nika gyýdyryp beripdir. Musa bu ýerde ýene bir ýyl ýaşandan soň, baýyň ýanyna gelip şeýle diýenmiş: –Baý aga, rugsat berseňiz menem indi öz ýurduma gaýtjak. Meniň hem enem bar, atam bar. Gyzyňyzy meniň bilen berip goýberjekmi ýa-da alyp galjakmy? Onda baý: –Gyzymyz-a saňa hemişelik berdik. Ony bir ýerik gitseň, alyp galyp ýörüp bolmaz. Alyp gitjekmi, goýup gitjekmi ygtyýar özüňde–diýipdir. Şondan soň Musa baý hem-de beýlekiler bilen hoşlaşyp, eşegine paty-putusyny ýükläp aýaly bilen ikisi goýunlary sürüp ugrapdyrlar. Bular birnäçe gün goýunlary sürüp ýol ýöräpdirler. Şol barmana Tur dagyna ýetipdirler. Gün batyp, garaňky düşüpdir. Ähli ýeri bulut büräp ýagypdyr ýagmyr. Ýagypdyr ýagyş. Dünýä öl bolup ýatyrmyş. Munuň üstesine-de möjegem köp diýýär. Olaram häli o çetden häli bu çetden gelin goýunlara darap alyp barýarlar diýýär. Aýalynyňam aýagy agyr eken. Haçan köpelse, köpeläýmeli ýagdaýyndamyş. Musa bir görse, aýalam çagalap ýatyrmyş. Musa birneme aljyrajak bolupdyr. Bir tarapdan ýagyş, bir tarapdan möjekler, bir tarapdanam aýaly bilen çagasy: munuň haýsy birine ýetişjek. Musa öz ýanyndan şeýle karara gelenmiş: goýun diýeniň tapylar. Aýal bilen çagany ýagşa buýdurmaýyn. Bir ot ýakyp, şularyň üst başlaryny guradaýyn– diýip, daş-töweregine garasa, gury çöp ýokmuş. Uzakda bir ýerlerde yşyk görünýärmiş, Musa yşyga tarap ylgap gidipdir. Barsa ot agajyň üstünde görünýärmiş. Agajyň üstüne çyka, ot aşakda-ýerde görünýärmiş. Musa bu ýerdenot alyp bilmejegine düşünipdir-de ýene-de aýaly bilen çagasynyň ýanyna ylgap gaýdypdyr. Gelse, ýagşam ýagmasyny goýupdyr. Howa-da maýylmyş. Köýnekçeň gezibermelimiş. Ot-çöplerem gurap galypdyr. Aýaly bilen ýaňy doglan oglam sag-salamatmyş. Goýunlary hem möjekler hiç ýere goýbermän, birine-de zat diýmän, saklap durlar diýýär. Bu ýagdaýa Musa haýran galypdyr. Ol: ýa hudaý-a seniň ýanyňda işiň kyny ýok. Ine, hemme zat gowy, abadançylyk–diýip, munuň şüküranasyna namaza durupdyr. Ine, Hupdan namazy şondan galypdyr diýýärler. Musanyň göwnühoş, Hudaýdan razy bolup, dynç alyp otyrka ýanyna bir eli hasaly adam gelipdir. Bular saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, eli hasaly adam şeýle diýenmiş: Musa, saňa Allatagala salam iberdi. Saňa şu günden başlap pygamberlik berilýär. Indi sen Hudaýyň ýerdäki wekili – pygamberi bolarsyň. Baryp atalygyň bolan Fyrgun patyşa iman öwredersiň. «La ylaha ylalla, Musaýy kelimulla» diýip, kelemesini öwürmäni öwredersiň. Olam indi musulman bolsun! Musa bu eli hasaly adama ýüzlenip: – Sen kim bolarsyň?–diýip sorapdyr. Onda eli hasaly adam:–Hezreti Jebraýyl bolar men. Allatagalanyň hyzmatynda gezip ýörün–diýipdir. Musa: – Seniň Hezreti Jebraýyl bolanyň-a gowy welin, men patyşa nädip aýdan-diýenimi etdireýin. Ol bar uly patyşa. Goşuny köp, desgasy köp, ýaragy, emeldary köp. Onuň ýanyna baryp, sen musulman bol kelemňi öwür, «La ylaha ylalla, Musaýy kelimulla» diý» diýsem, ol meniniň kellämi alar ýa-da dardan asyp öldürer. Sen maňa akyl bererçe kim bolupsyň diýer– diýipdir. Jebraýyl perişde şonda şeýle diýenmiş: –Ine saňa men elimdäki hasany berjek. Ine, şu seni ähli bela-beterden, howp-hatardan gorar. –Hasadanam bir gorag bolarmy?–diýip, Musa geň galanmyş. Jebraýyl perişde: –Gorag bolar. Ine, men, bar wagtym ulanyp gör, şuny oklap «aždarha bol» diýseň, bu hasa aždarha bolup näme hyzmat buýursaň, ýerine ýetirer, kimi, nämeni ýuwut diýseň ýuwdar, garaz, seni ähli zatdan gorar diýipdir. Musa hasany alyp: –Aždarha bol–diýip oklapdyr. Hasa çyrpynyp duran äpet aždarha öwrülipdir. Iki tarapa towlanyp, haşlap näme bolsa, ýuwutjak bolup durmuş diýýär. Jebraýyl perişde: –Bar, indi hasany al–diýipdir. Musa aždarhadan gorkup durmuş. Onda Jebraýyl perişde: –Bar al, gorkma, ol saňa degmeli däldir–diýip, Musany aždarha tarap iberipdir. Musa gorka-gorka baryp, aždarha elini degren dessine, aždarha taýak bolupdyr. Şeýlelikde Jebraýyl perişde ýene-de üç gezek Musa hasany okladypdyr. Ony hasasy bilen öwrenişdiripdir. Ine, şeýdibem Jebraýyl perişde gözden gaýyp bolup gidiberipdir. Musa-da goýunlaryny sürüp, öz ýurduna baka gaýdyberipdir. Musa görünmäberensoň, onuň hakyky ene-atasy yzyndan dogany Haruny gözlemäge iberen ekenler. Aslyýetinde patyşanyň ogly bolup ýörkä-de onuň hakyky ata-enesem Musa göz-gulak bolup durupdyrlar. Sebäbi patyşanyň aýalynyň eneke diýip, Musany idetmek üçin çagyran aýaly Musanyň hakyky enesimiş. Öz ogluny emdirip ýörenmiş. Bary-ýogy oglanyň, patyşanyň işiginde ýaşaýany diýäýmeseň, hakyky ene-atasam onuň golaýynda ekeni. Elbetde, Allanyň emridir-dä. Öz iline ýetmäge üç günlük ýol galanda öz doganyna sataşypdyr. Olar goýunlaryny sürüp öz obalaryna gelipdirler. Musa ata-enesi, doganlary bilen duşupdyr. Olara gelnini, ogluny görkezipdir. Başyndan geçirenlerini gürrüň beripdir. Garaz, keýpleri çag bolupdyr. Wagtlary hoş bolupdyr. Ertesi Musa öz atalygynyň ýagny Fyrgun patyşanyň ýanyna salama barypdyr. Musa baş egip, salam berip, saglyk-amanlyk soraşandan soň patyşa ýüzlenipdir: –Tagsyr, men indi pygamber boldum. Alla maňa pygamberlik berdi. Sen indi kelemäňi öwrüp «La ylahy ylalla, Musaýy kelimulla» diý, musulmanbol – diýipdir. Onda patyşa: –Sen indi maňa akyl berjekmi? Umuman, özüň akyl bererçe kim bolupsyň sen. Biziň duşmanymyz öz aýagymyzyň aşagyndan dörän ekeni. Jellat!– diýip gygyrypdyr. Iki sany jellataýpaltasyny göterip ylgap gelipdir. Musa-da: – Bar aždarha bol-da, jellatlary ýuwut–diýip, taýagyny oklap goýberipdir. Ýaňky taýak çarpynyp duran aždarha bolup; jellatlary lak-luk atypdyr. Musa-da taýagyny baryp alypdyr. Ýene-de patyşa ýüzlenipdir: – Sen musulman boljakmy ýa ýok?! Patyşanyň bu bolup geçen ahwalatdan soň dessine agzyna uçuk gaýnapdyr. Garry hilegär patyşa-da. Musany höre-köşe edip, şu ýerden ugradanyny kem görmän, şeýle diýipdir: –Musa, men seniň gudratyňy gördüm. Bu gün gaýt. Men saňa ertir anygymy aýdaryn. Wezir-wekiller bilen bir maslahat edip, oýlanyp göreli– diýip, patyşa Musany ugradypdyr. –Bolýar onda– diýip, Musa gaýdypdyr-da, ertesi ýene patyşanyň ýanyna baryp onuň musulman boljak bolmajagyny sorapdyr. Patyşa ertesi, şeýle diýenmiş: –Seniň Allaň ýeke, özem ähli işi başarýan bolsa ondan sorap gör, musulman bolanym üçin maňa näme berjekkä? Musa Allatagaladan soranmyş: –Patyşa men musulman bolaýsam, Allatagala maňa näme berjekkä diýip soraýar. Men oňa näme jogap bersemkäm? Onda Allatagala! –Seniň patyşaň häzir 120 ýaşynda bolsa, men şony 25 ýaşyna getireýin. Güýjüni, kuwwatny, gaýtaryp bereýin. Onsoňam şeýle bir-hoşroý, owadan aýal bereýin. Dünýäde onuň ýaly owadan aýal başga görülmedik bolsun–diýipdir. Musa baryp patyşa Alla bilen arasynda bolan gürrüňleri habar beripdir. Patyşa: Musa sen ertir gel. Men ýene-de wezir-wekillerim bilen maslahatlaşyp göreýindiýip, Musany ugradypdyr. Soňra wezir-wekilleri ýygnap olara: Musa günde gelip musulman bol diýip, dyzap dur. Elinde-de bir keramatly hasasam bar. Özem Alla maslahatlaşdym musulman bolsaň seni 25 ýaşa getirjek. Bir owadan, hoşroý aýal berjek diýýär–diýipdir. Onda wezir-wekilleri: aý, Musanyň 25 ýaşa getirjek diýenin-ä bizem edip bileris. Aýalam näme kimi alaýyn diýseň, öz eliňden gelýär. Şony alyp bilýärsiň. Munuň üçin Musa günüň galyp duranok ahyryn– diýipdirler. Seni ýigdelderin diýýän wezirine garap patyşa: hany senem ýigdeldip bilýän bolsaň, ýigdelt-dä diýenoň, şol wezir eline bir päki alyp geçipdir patyşanyň daşyna. Onuň uzyn-uzyn sakgallaryny, murtlaryny, saçlaryny ýüzünde gözünde, garaz, bir ýerinde gyl bar bolsa baryny gyryp aýrypdyr. – Ine tagsyr aýna al-da seredip göräý, indi 25-em däl hut 15 ýaşly oglan ýaly bolduň–diýip, wezir oňa aýna äberipdir. Patyşa aýna alyp seredip görse, hemme ýeri ýaş oglanyňky ýaly tekiz ýylmanyp durmuş. Wezir-wekiller: Musa-da edip bilse şeýtjekdir. Aýal diýeniň bolsa, öz ygtyýaryňda, kimi alaýyn diýseň, alyber diýipdirler. Onda patyşa: Musanyň aždarhasam bar ahyryn. Onam ýok etmesek, ol bize gün bermez. Musa ýaman jadygöý bolupdyr. Patyşalygyň jadygöýlerini çagyryň–diýipdir. Patyşanyň ýedi sany jadygöýi bar eken. Patyşa olara: Siz ýedi bolup Musanyň garşysyna durup bilmeseňiz, onda men siziň kelläňizi almaly bolaryn diýipdir. Garaz, Musa gelýänçä bu ýedi jadygöý giden meýdany aždarhadan ýylandan, içýandan we beýleki ýyrtyjylardan dolduryp goýupdyrlar. Musa gelipdir. Görse giden meýdan her hili zatdan doly, haşlaşyp ýatyr diýýär. Musa-da taýagyny oklap: bar şolary ýuwut–diýipdir. Musanyň aždarhasy giden meýdanyň bela-beteriniň baryny, birinem goýman ýuwudypdyr. Jadygöýleriň halypasy jadygöýlerden sorapdyr: näme boldy – diýip. Bolan işi oňa gürrüň beripdirler. Şonda jadygöýleriň halypasy: Musanyň aždarhasynyň garny çişip alaň ýaly bolup gitdimi diýip sorapdyr. Oňa hiç zadam bolmandygyny aýdypdyrlar. Jadygöýleriň halypasy Musanyňky gudrat ekeni. Menem Musanyň tarapyna geçjek–diýip, musulman bolupdyr. Musa oňa kelemesini öwürmäni öwredipdir. Patyşanyň iň gowy görýän aýaly – Asiýa-da: –Tagsyr, Musanyň işi hak ýaly. Musulman bol diýse musulman bolaý, bolmasa heläk bolarsyň– diýip, patyşa töwella edipdir. Patyşa jadygöýlerinem, iň gowy görýän aýalynam: Musanyň tarapyna geçdiňiz–diýip, dardan asdyrypdyr. Musa ýene-de Allatagala bilen ras aýdyşyp, oňa patyşanyň musulman bolmakdan ýüz dönderýänini aýdypdyr. Onda Allatagala: Sen tomaşa et-de duruber diýip şeýle bir ýagyş ýagdyrmaga başlapdyr. Ähli ýeri sil alyp barýar diýýär. Hatda jaýlaryň diwarlaryndan öýlere-de siliň suwy aralaşyp başlapdyr. Patyşa buýruk beripdir: baryň, Musany çagyryp geliň. Ol hudaýym bar diýýärdi. Kömek etmezmikä? Musa gelipdir. Patyşa ondan doga etmegini haýyş edipdir. Musa-da musulman bolsaň edeýin diýipdir. Patyşa razy bolupdyr. Şu ýagşy goýdursaň, musulman bolaýyn diýip, ýer depip durmuş. Musa bir doga edipdir welin, ýagyş tapba diňip duruberipdir. Musa: hany, indi kelemäňi öwür tagsyr diýse, patyşa ýene-de ertir gel diýip goýberipdir. Ertesi ýene-de öňki ýagdaýmyş. Patyşa boýun towlap dur diýýär. Musa ýene-de Allatagalaga ýüzlenip: Ýa Alla ol-a ýene-de doga etdirip musulman bolmady. Indi näme edeýin diýipdir. Onda Allatagala: - Sen arkaýyn boluber, men ýene-de bir bela-beter ibererin–diýip, Musany köşeşdiripdir. Ertesi asmandan pyşbaga bilen gurbaga ýagmaga başlapdyr. Olar şatyrdaşyp öýlere girip barýarmyşlar. Patyşa ýene-de: Musany çagyryň gelip doga etsin menem musulman bolaýyn– diýip, gykylyklaberipdir. Patyşa ýene-de Musa: şulary ýok etseň musulman bolaýyn–diýip ýalbarypdyr. Musa patyşa ynanyp, doga edipdir. Gurbagalar bilen pyşbagalar kem-kemden azalyp ýok bolup gidipdirler. Patyşa ýene-de gepinde durmandyr. Musa-da ýene Allatagalanyň huzuryna baryp, bolaş işi bolşy ýaly aýdyp şeýle diýenmiş: ýa Alla, men her gezek doga edip, seniň öňüňde-de günäkär bolýaryn. Indi näme edeýin? Allatagala oňa: sen arkaýyn boluber, men ýene-debir bela-beter ýollaryn – diýip, Musany ýene-de köşeşdiripdir. Şol günüň ertesinden başlap, ähli ýerlerdäki suwlar gan bilen iriňe öwrülenmiş. Aryk-ýaplardan gelýän suwlaram, guýulardakylaram içmek üçin alnyp goýlan küýzelerdäki suwlaram gandyr iriň bolup durmuş. Fyrgun patyşa aljyrap wezir-wekillerini daşyna ýygnap: –Indi päme iş etmeli–diýip, gykylyklap ugrapdyr. Ahyram Musanyň gyşlagynyň suwuny baryp görmeli. Şol gowy bolsa, şondan getirip içibermeli diýip, karara gelipdirler. Musanyň obasyndan suw getirmäge ugrapdyrlar welin, getirýänçäler bu suwam gan bilen iriňe öwrülip durmuş. Başga alaç tapman patyşa perman gönderipdir. Musa meniň ýanyma gelip doga etsin. Suwumyzy arassalap bersin diýip. Emma bu perman bilen Musa gelmändir. Sebäbi ol: indi doga etjek däl. Patyşa meni musulman boljak diýip, aldap ýör. Menem Allatagalanyň öňünde şermende ýalançy bolup barýaryn diýipdir. Garaz, patyşanyň özi Musanyň ýanyna töwella etmäge gelmeli bolupdy. Ol Musa ýalbaryp-ýakaryp: indi hökman musulman bolaýyn – diýip, doga etdirip, suwlaryny arassaladypdyr. Emma musulman bolaýyn diýip beren sözünde welin ýene-de durmandyr. Musa bolan işi ýene-de Hudaýa habar beripdir. Hudaý bilen Musanyň arasynda şeýle gürrüň bolanmyş: – Indi bolmady, ähli dogan-garyndaş, ilen-çalan, obadaşlaryňy al-da, bu ýurtdan başga ýere göçüp gidiberiň. – Men göçsem patyşa leşger tartyp yzymyzdan ýetip bizi gyrar, onuň goşuny köp ahyryn. – Özüm bir alajyny ederin, sen arkaýyn göçüp gitmegiň gamyny iýiber. – Bolýar, gudraty güýçli. Şondan soň Musa obasyna gelip, bu ýerden göçmäge olary yryp ugrapdyr. Olaram gorkýarmyşlar: birden patyşa yzymyzdan ýetip, biziň barymyzy gyryp tükedäýse näderis–diýşip. Garaz, Musa: Allatagala söz berdi, hiç zat bolasy ýok– diýip, ahyry obadaşlaryny ynandyrypdyr. Bular ähli goşlaryny ulaglaryna ýükläp, bir gijede bu jelegaýdan göteriliberipdirler. Bu habar tiz wagtdan Fyrgun patyşa baryp ýetipdir. Patyşa dergazap bolup goşun ýygnamagy buýrupdyr. Patyşalykda işiň kyny barmy. Ine, sähel salymda iki ýüz müň leşger taýýar bolupdyr. Patyşa: hany onda-atlanalyň, Musa dagyny kowup ýetip yzyna dolap getireliň diýip durka, onuň atasynyň aradan çykanyny habar beripdirler. Patyşa kowgyny birneme yza çekdirmeli bolupdyr. Atasyny jaýlap üç günläp, aşyny-suwuny beripdir. Soňra patyşa ýene-de leşger tartyp Musa dagynyň yzyndan kowup ugrapdyr. Ine, Musa dagy bir ýerde düşläp dem-dynçlaryny alyp otyrkalar yzlaryna seretseler, bir tozan bar diýýär. Çöl ýer eken. Tiz wagtdan patyşanyň leşgeriniň tozany asman-pelege ýetip golaýlap gelýärmiş. Musanyň töweregindäki adamlar gorkuşyp başlapdyrlar. Hezreti Musa olara: gorkmaň, bir alajy bolar–diýipdir. Musa bir doga okapdyr welin, asman-zemin gapyşyp, gopupdyr bir apy-tupan. Ýer-gök saýgardanok, dünýäni çaň-tozan alypdyr diýýär. Göz açar ýaly dälmiş. Şol barmana patyşanyň goşunlary azaşyp dyr-pytrak bolupdyr. Musa dagam ýene-de ýoluny dowam edip gidiberipdirler. Ençe gün ýol ýöränlerinden soň seretseler, yzlarynda ýene-de tozan barmyş. Öňlerinde-de bir äpet deňiz barmyş. Ol deňziň ady Gyzyl deňiz eken.Gidere gaçara ýer ýokmuş. Öňde deňiz, yzda patyşa bilen leşgerleri diýýär. Musanyň töweregindäki adamlar ýene-de gorkuşyp ugrapdyrlar. Çagalardyr aýallar yzan-da-çuwan bolşup ugrapdyrlar. Musa ýene-de Allatagala ýüz tutanmyş. Hudaý Musa dagynyň ýanyna adam sypatynda hezreti Jebraýyl perişdäni ýollapdyr. Ol Musa dagynyň ýanyna gelip: «Musa sen hasaňy dürtseň, suw ýol berer. Arkaýyn geçiberiň» diýipdir. Musa hasasyny suwa dürten dessine hakykatdanam deňziň suwy iki tarapa çekilip ýol beripdir diýýär. Musa öz adamlary bilen suwuň iki tarapa çekilen ýerinden ýöräberipdir. Deňziň içi göýä şaýol ýaly diýýär. Näme, Allatagalanyň ýanynda işiň kyny barmy. Musa dagy deňziň aňry tarapyna ýetiberenlerinde Fyrgun patyşa hem leşgerleri bilen deňziň bu kenaryna gelip ýetişipdir. Patyşanyň welin, akly haýran bolupdyr: «Musanyň yzy bilen gitsem, Musa dagy ol kenara ýetensoň, deňziň suwy beýdip dag ýaly bolup abanyp durman, birdenem üstümizden inip gaýtsa, şonda nä alaç ederis»diýip. Şol wagt hezreti Jebraýyl perişde bir baýtala münüp, Fyrgunpatyşanyň atynyň öňüni kesip Musa dagynyň yzyndan deňze ugrapdyr. Fyrgun patyşanyň aty daýaw, semiz at bolansoň, kişňäp onuň yzy bilen deňziň suwy çekilen ýerine baka, patyşa baş bermän, eňip gaýdypdyr. Leşgerlerem patyşa ýol başlady diýip, onuň yzy bilen deňze giriberipdirler. Musa dagy deňziň ol kenaryna çykanlarynda patyşanyň leşgerleri ýaňy deňziň ortasyna baran ekeni. Şol wagtam Alla tarapyndan suwa buýruk gelipdir: dag ýaly bolup, asman-magalakda duran suw gaýdypdyr patyşanyň leşgerleriniň üstüne. Şeýlelik bilen ne patyşa, ne-deleşger galypdyr. Olaryň ählisi deňiz düýbünde na ajallary bilen duşmaly bolup dyrlar. Elbetde her kim irde-giçde öz päline görä tapmaly-da. Hezreti Musa-da öz dogan garyndaşlary bilen Sina sährasyna barypömür sürüpdir. Olar suwdan, iýmitden gaty bir hor bolmandyrlar. Ýöne, Müsürdäki ýaly ir-iýmişler, miweler Sina sährasynda juda köp dälmiş. Şonuň üçinem Musanyň obadaşlary nägilelik bildirip başlapdyrlar. Tiz wagtdan Fyrgun patyşanyň zalymlygy, onuň ýurdunda gul bolup jebir çekendikleri ezilip-horlanandyklary adamlaryň ýadyndan çykyp başlapdyr. Adam pahyryňky şeýle-dä. Sähel kynçylyk görse, edilen ýagşylyklary unudyp başlaýar. Musa öz keramatly hasasyny daga dürtüp, olara çeşme ýasap beripdir. Kem-kemden onuň obadaşlarynyň ýagdaýy gowulaşyp başlapdyr, bolçulyk emele gelip ugrapdyr, Musa uludan kiçä hemmä deň garapdyr. Ol örän adalatly bolupdyr. Öz garyndaşydygyna tiredeşidigine, parh goýman hemmeleri deňtutupdyr. Onuň garyndaşlarynyň biri Karun kyrk şäheri tylladan doldurypdyr. Şeýle baý bolupdyr. Hatda onuň hazynalarynyň açarlary hem bir adama götertmändir. Ol açarlary: birnäçe adam bolup göterýän ekenler. Karun şeýle baýam bolsa, juda gysganç bolupdyr. Ol salgytlarydyr, zekatyny tölemekden ýüz dönderip ugrapdyr. Musa ondan zekatyny tölemegini talap edipdir. Emma Karun boýun gaçyrypdyr. Onda Musa hasasyny alyp, onuň ýanyna gelip, zekatyny tölemese, çäre görjegini aýdypdyr. Şonda-da Karun: tölejek däl– diýip durmuş. Musa onuň topugyna çenlisini ýeriň aşa gyna goýberip ýene sorapdyr. Karun boýun towlapdyr. Musa onuň dyzyna çenli ýere gidende sorandyr. Karun salgyt tölemekden ýüz öwrüpdir. Karunyň guşaklygyndan aşagy ýere gidipdir. Boýun bolmandyr. Egnine çenlisi ýere gidipdir, pälinden gaýtmandyr. Bokurdagyndan aşagyna çenli ýere gidenden soň «tölejek» diýip ugrapdyr. Ýöne Musa pygamber: «Indi töläp oturma» diýip, onuň depesinden depip goýberenmiş. Häzirem şol ýeriň aşagyna gidip oturyşymyş. Magtymguly hem Karun hakda köp tymsal getiripdir: Gözi gumdan doldy, puldan dolmady... Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun– * * * Karuny ýuwutdy bu gara zemin, Ajal gowgasyndan dynmady Emin... * * * Hany bakyň Karun pälin neýledi Özi öter boldy, malyn neýledi... * * * Leýlini ot edip Mežnuny perwan, Karuny idetdi päli dünýä heý! Musa pygambere Alla tarapyndan birnäçe kitap iberilipdir. Şolaryň birem «Töwratdyr». Musa öz ildeşleriniň baryny hak ýoluna salypdyr. Olaryň agzala bolup, azyp gitmeklerine ýol bermändir. Musa pygamber ýüz ýigrimi ýyl ömür sürenden soň Iordaniýa sährasynyň garşysyndaky dagyň başynda aradan çykanmyş. Onuň nirede jaýlanandygyny bolsa, bilýän adam ýokmuş. Onuň nebereleri–dogan-garyndaşlarydyr tutuş ili otuz gije-gündizläp ýas tutupdyrlar. Musa kelimulla goýnuň piri hasaplanylýar. «Kelimulla» Hudaý bilen gepleşen diýmekdir. Toplan: Sapargeldi HANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |