01:39 Nuh pygamber hakynda rowaýat | |
NUH PYGAMBER HAKYNDA ROWAÝAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
...Nuh nebiniň, görüň salyn neýledi, Bahar pasly çykan nebat dünýädir. * * * ...Zerler döküp, çyn gullarny gollanyp Tiz hem ölseň, Nuh ýaşyna geldim tut. * * * Ýahýa bilen Nuh pygamber Baýezit soltan içinde... Magtymguly. Nuh pygamberiň döwründe adamlar şeýle bir azypdyrlar, aýdyp diýer ýaly dälmiş. Allany unudyp, onuň ýolundan ýöreýänler juda azalypmyş. Adamlaryň işi baýlyk toplamak, haramzadaçylyk, keýpi-sapa, ýalan sözlemeklik we şulara meňzeş betkärler bilen meşgul bolmakmyş. Allanyň wepaly resuly Nuh adamlara, öz döwrüniň atly-abraýly kişilerine geliň dogry ýola düşeliň, Allany ýat edeliň, ine men Allanyň pygamberi, meniň aýdanlarymy ediberiň diýip, köp ýalbarypdyr. Emma peýdasy bolmandyr. Gaýtam onuň üstünden gülüpdirler: sendenem bir pygamber bolarmy, Hudaýyň bizi dogry ýola saljagy çyny bolsa, biziň ýanymyza perişdelerini iberse bolmaýarmy diýşip, oňa azar ýamanyny beripdirler. Ahyr bolmajagyna göz ýetirensoň Nuh ýalbaryp, Alla ýüz tutup: adamlar meniň aýdanymy etmeýärler, gaýtam meniň özüme haýbat atýarlar. Sen özüň kazy bol-da bu adamlara çäre gör! Bolmasa hiç kim düzeljek däl diýipdir. Allatagala Nuha: sen birazajyk darykma, kyrk ýyl gyssanma, özüňem şoňa çenli bir gämi gurup başla gäminiň uzynlygy üç ýüz gez, ini hem otuz gez bolsun, onsoň näme iş etmelidigini özüm aýdaryn, adamlara-da bir alaç ederin – diýipdir. Şondan soň hezreti Nuh aleýhessalam gämi ýasamaga girişipdir. Gije-gündiz işi gämi ýasamak eken. Bu gämini ýasamak üçin uzyn-uzyn tagtalar gerek bolupdyr. Olam ýetenokmyş. Nuha: deňziň ortasyndaky adada äpet agaç ösüp otyr – diýip, habar berýärler. Nuh pygamber köp wagtlap bu agajy nädip getirjegini bilmän ýörenmiş. Şol wagtlar Öwüç diýip bir adam bar eken. Özem Juda uzyn, güýçli hem daýawmyş. Şeýle güýçli bolsa-da kän bir garny doýmaýarmyş. Ýaman köp iýýärmiş. Häzirki ölçeg bilen hasap etseň, bir iýende birnäçe tonna çenli iýip bilýän bora çemeli. Ýene onuň garny doýmasa-da adam-gara azar bermeýärmiş. Miwe diýmän, ot-çöp diýmän, tapan-tupanyny iýip ýörmüş-dä. Ahyr Nuh pygamber Öwüçe: sen şol deňziň ortasynda ýerleşen adadaky agajy getirip ber – diýip, ýüz tutupdyr. Öwüçem: bir gezek garnymy doýursaň getirip bereýin – diýenmiş. Bular ylalaşyp deňze garşy ugrapdyrlar. Deňziň golaýyna baransoň Öwüç Nuh pygamberi egnine mündürip suwa girip ugrapdyr. Deňziň iň çuň ýerlerem Öwüçiň dyzyndan sähel ýokary geçýär, aýyrdyna baranok diýýär. Deňziň köp ýeriniň suwy-ha dyzyna-da ýetenokmyş. Öwüç bilen Nuh ahyr ýaňky äpet agajyň ýanyna ýetýärler. Agajam ýaman äpetmiş. Başy asman-magallakda diýýär. Öwüçde-de ýeterlik güýç bar. Ol agajy köki-damary bilen sogrup alyp, Nuh pygambere-de: sen şunuň şahasyna mün-de ýapyşyp oturyber – diýip, agajy göterip gaýdyberipdir. Agajy Nuhuň gämi ýasaýan ýerine getirýärler. Indi Öwüç: meniň garnymy doýur – diýip, eplenip ýatyr diýýär. Nuh pygamberem sekiz gadak tüwini gazana saldyryp, etli-ýagly edip, palaw bişirdip, çanaga salaga-da getirip Öwüçiň öňünde goýýar. Onda Öwüç: seniň bar berjek naharyň şumy ýa-da başga-da barmy? – diýip sorapdyr. Nuh pygamberem: başgasy bilen işiň bolmasyn doýmasaň ýene nahar bererin. Ýöne sen nahary iýip başlamazyndan öň «Bissimillähi irrahman irrahyým» diýip, üç gezek aýt – diýipdir. Öwüçem: «Bissimillähi irrahman irrahyým» – diýib-ä aýtjak däl diýipdir. Nuh şeýle diýip aýdarsyň diýipdir. Öwüç şeýle diýip aýtmaryn diýipdir. Garaz, şeýdip Nuh pygamber Öwüçe üç gezek «Bissimillähi irrahman irrahyým» diýdiripdir. Ine, şeýdip Öwüç palawy iýip başlapdyr. Ol şu barja palawyňam hemmesini iýip bilmändir. Doýup durmuş. Muňa onuň ýaman gahary gelipdir. Öwüç Nuha: sen meni doga bilen doýurdyň, «Bissimillähi irrahman irrahyým» diý diýdiň, başga diý diýdiň, garaz, meni iýmez ýaly etdiň. Bolmasa bujagaz naharyň dagy maňa hiç zadam boljak däldi. Munuň üçin menem saňa ýamanlyk etjek – diýipdir. Ol ýerinden böküp turup, Nuh pygamberiň ýaňy gurup gutaryp barýan gämisiniň her tarapyna bir aýagyny goýup, hajat işini bitirip öz ýoluna gidiberipdir. Gäminiň içem durar ýaly bolmanmyş. Muňa Nuh pygamber juda gynanypdyr. Munça zady nädip alyp, arassalap gutararkam diýip, ýaman hapa bolupdyr. Ol arzy-halyny aýtmaga Allatagalanyň ýanyna baryp, Öwüçiň eden işini aýdypdyr. Onda Hudaý: sen munuň üçin gyýylyp-gyssanyp oturma, men bir alajyny taparyn, şol azgyn adamlaryň özleri gelip, seniň gämiňi arassalar ýaly ederin – diýipdir. Ine tiz wagtdan adamlaryň arasynda bir dert peýda bolupdyr. Hemmelere gijilewük degenmiş. Ýöne, kimi görseň, hart-hart gaşanyp ýör diýýär. Hiç kimiň elinde, ýüzünde ýa-da başga ýerinde abat ýeri bolmandyr. Bular gijilewügiň derdinden gije-de ýatyp bilmeýärmişler. Allanyň gudraty bilen bolan zat-da. Şol barmana gije uklap bilmän hart-hart gaşanyp, ýüregi howlap ýöreniň biri Nuhuň gämisiniň çetine baryp oturypdyr. Gaşanyp ýerinden turjak wagty tötänden Öwüçiň hapasyna eli degäýipdir diýýär. Baryl elini ýuwsa, eýýäm hapanyň degen ýeriniň gijilewügi aýrylanmyş. Bu derman ýaly-la diýip, täzeden gäminiň ýanyna gelip, galan ýerlerine-de hapadan çalypdyr. Çalan ýeriniň gijelewügi aýrylyp gutulyp barýarmyş. Aý, garaz, şondan soň Nuhuň gämisiniň töweregi bazar mähellesini ýada salyp ugrapdyr. Sebäbi şol dertden gutulan kişi özüniň nädip gutulandygyny alnyndan çykanlara habar beriberipdir. Şeýdip ol oňa, bu muňa habar berip, eşiden gämä garşy ylgaberipdir. Sanlyja günden gämi arassalanyp ugrapdyr. Hapadan çalanyň gijelewügi aýrylyp gidip barýarmyş. Öňki dertden ýaňa janyna jaý tapman ýörenler göýä, ýüki ýeňläp, täzeden eneden doglan ýaly, bolup gidýärmişler. Gämi arassalanyberse-de entek dertden gutulmadyk adam köpmüş. Şonuň üçinem soňky gelenler gämini ýuwup şonuň suwuny çalsa-da gutulýarmyş. Suwuň düzüminde-de az-owlak hapa bardyr-da. Şeýdip Nuhuň gämisini bir gezek däl, iki gezek däl, üç gezek däl, garaz, ýuwup-ýuwup gowy arassalapdyrlar. Gämi gowy ýuwlup, arassalanandan soň Nuha Allatagaladan buýruk gelipdir: ýagny ýene ýedi günden tupan başlanjak. Şonuň üçinem, ýer ýüzüniň janly jandaryndan bir jübüt-bir jübüt (bir erkek, bir urkaçy), dal-daragtyndan, ekin-tikininden, ähli zadyndan alyp, gämä sal, tohumy ýitmesin diýip. Nuhuň gämisi horaz görnüşinde bolanmyş. Gäminiň öň tarapy horazyň kelle tarapyna meňzeşmiş, yz tarapam horazyň guýruk tarapyna meňzeşmiş. Ilki bilen gämä garynjalar giripdirler. Iň soňky girenem eşeklermiş. Şu eşekler bilen, duýdurman şeýtanam gämä münüpdir. Nuhuň Ham, Sam, Ýafet (Fes), Ýam (käbir rowaýatlarda Anuşa uzyn) atly dört ogly bar eken. Ine, Ýam (Anuşa uzyn) atly ogly gämä münmekden ýüz öwrüp, äý, men sil gelende daga çykyp gutularyn-da diýip, gämä girmän durmuş. Garaz azypdyr-da. Aýalam azan ekeni diýýär. Olam: Aý, Nuh bir samrap ýören samsykdyr-da diýip ýörer eken. Bu-da galypdyr. Ýöne welin Nuhuň aýdan-diýenini berjaý edýänler gämä münüpdirler. Nuhuň üç ogly gelinleri bilen gämide ýerleşipdirler. Ine, aradan ýedi gün geçenden soň başlanypdyr bir apy-tupan, başlanypdyr bir ahyr zaman. Ýeriň aşagyndanam gaýnap suwlar çogup çykyberipdir, asman danam bedreläp guýulýan ýalymyş. Olam edil dowzahda gaýnadylan ýaly diýýär. Derrew suw ähli ýeri basyp, gury ýer galmandyr. Alla tarapyn gelen-dä, nädip ondan gaçyp gutuljak. Şol wagtlar Nuh pygamber alty ýüz ýaşynda ekeni. Dünýäni sil almagy kyrk gije gündizläp dowam edipdir. Beýik-beýik, haýbatly daglaram suwuň aşagynda galypdyr. Umuman ýeriň ýüzi suw bilen örtülipdir. Iň beýik dagyň depesinden hem suwuň ýüzüne çykýançaň on bäş gez bolanmyş. Şonuň üçinem ne dag, ne duz, ne çöl, ne pes, ne beýik aman galmandyr. Ýer ýüzi gykylyk-galmagaldan, uwwuldydan, arryldydan dolupdyr. Her kim haýwan-ynsan diýmän janyny gutarjak, aman galjak bolup, iki-baka ylgap, baga daga-daşa dyrmaşyp görýärmişler. Gelen gudrat ynsana-haýwana eýgerderden çökdermiş. Elbetde, başa bela gelmezden öň her bir zadyň gamyny iýmeli-dä. Dünýeler abat wagty her kim munuň pikirini etmeýär. Her kim şu günüm-hoş günüm diýip ýaşaýar. Bu edilýän haramzadaçylyklaryň, azgynçylyklaryň, keýpi-sapalaryň, ejize ganymlygyň, haramdan-halaldan dünýe ýygnamagyň jogabyny bermelidir diýip, pikir edýän az ahyry. Nuh pygamber olary dogry ýola çagyranda, onuň üstünden gülüp hat-da daşlap urjak bolupdyrlar. Halallygyň, dogry ýoluň tarapyny tutmandyrlar. Umuman dogry ýoly tutaýmak ýeňil işem däl. Munuň tersine azgyn ýola düşmekden aňsat zat ýok. Ýykmakdan, gurmak has kyn ahyryn. Mysal üçin bir jaýy gurjak bolsaň, gör näçe gün, näçe serişde gerek, göz öňüne getirip görüň. Ýykjak bolsaň welin, sanlyja sagatda ol jaýy ýer bilen ýegsan edip bolýar, Azmak bilen dogry ýola düşmegem şunuň ýaly zat-da. Ýeriň ýüzi suw bilen örtülensoň ýüz elli günläp, şu ýagdaýynda saklananmyş. Käbir adamlar uly hum küýzelere girip, gizlenen ekenler diýýär. Nuh pygamber bir seretse küýzedäki adamlar dirimiş. Adamda-da hile köp. Nuh pygamber ýene-de Hudaýa ýüz tutupdyr diýýär. Azgyn adamlardan ýene-de galypdyr. Bir çäresini göräýmeseň bular aman galsa, soňra ýene-de adamlary azdyrar diýip. Şondan soň bir şemal gelipdir suwuň ýüzüne. Küýzeler bir-biri bilen çaknyşyp çym-pytrak boluberipdirler. Şeýdip suwuň ýüzünde bir küýze-de, bir adamam galmandyr diýýär. Garaz, dagyň üstüne çykanlaram, bagyň üstüne çykanlaram, küýzä girenlerem – hiç kim bu tupandan sypyp bilmändir. Diňe Nuhuň gämisindäkiler aman galypdyr. Haýwan-ynsan diýmän gämä mündüren wagty Nuh pygamber berk sargyt eden eken, ýagny şu gäminiň içinde tupan sowulýança är-aýal gatnaşyklaryny ediji bolaýmaň eger şeýle iş edip, haram bolanyňyzy aňaýsam gaty berk çäre görerin diýip. Haýwan-ynsan gämä münenleriň ählisi Nuhuň aýdanyna razy bolupdyrlar. Ol wagtlar haýwanlaram adamyň diline düşünýän bolara çemeli. Gämide haýwanlaryň bolýan ýeri adamlaryň bolýan ýerinden aýratynmyş. Işsizlik kyn zat. Şol barma na itler öz aralarynda betçilige ýüz urup ugrapdyrlar. Gün batyp garaňky gatlyşandan bular bir-biriniň golaýynda ýatýan ýaly bolup, argaşyp ugrapdyrlar. Bu ýagdaýy derrew pişikler aňypdyrlar. Olar ylgaşyp baryp, bu barada Nuha habar beripdirler. Nuh gelip itleriň halyndan habar alsa, göýä hiç zat bolmadyk ýalymyşlar. Onda Nuh soranmyş: bu pişikleriň aýdýanynyň jany barmy – diýip, Itlerem: aý, hezreti Nuh, pişikleriňem bir gepi bolarmy, olar bir şugulçy-kezzap ahyryn – diýip, ör-gökden gelen kişi bolşup durlar diýýär. Bu wakadan soň pişikler Hudaýa aglap nalyş edipdirler. Ýa Hudaý-a, biziň çyn gepimizem ýalana çykdy gaýtam özümize nälet geldi. Biz bir ýalançy bolup galyberdik. Özüň bu işde kömek edip, biziň gepimizi dogry çykar ýaly aladasyny edip ber – diýip. Allatagala: itler indi şeýle işe baş goşsalar, özüm bir çäresini taparyn diýip, pişikleri köşeşdirenmiş. Aradan biraz wagt geçensoň itler ýene-de bet işlerine başladylar, bir-birleriniň üstlerine aşdylar diýýär. Pişiklerem ýene-de ylgapdyrlar Nuhuň ýanyna. Nuh pygamber gelip görse, itler dogrudanam bir-birleriniň üstlerine aşyp, ýöne bu gezek aýrylyşyp bilmän durmuşlar. Nuh pygamber itlere ýaman käýäpdir. Indi şunuň ýaly iş edäýseler, gämiden çykaryp kowjakdygyny aýdypdyr diýýär. Elbetde, Allatagalanyň buýrugy şeýledir-dä. Şondan bäri itler ýala gelenlerinde ýagny jynsy gatnaşyklarynda şol Nuhuň gämisiniň üstündäki ahwalat gaýtalanýarmyş. Olar aňsat bir-birlerinden aýrylyşyp bilmän masgara, şermende bolýarmyşlar. It masgarasy ýaly, it masgarasy bolmak, it masgarasy boldum – diýlen gürrüňler şondan galandyr diýýär. Itler masgara bolansoňlar, bular gaýdyp gäminiň içinde beýle işe baş goşmandyrlar. Eger şeýle işi gaýtalaýsalar, näme boljaklaryny bilip durmuşlar. Şondan soň pişikler usullyk bilen garaňky düşenden bir-birleriniň ýanyna baryp, myrlaşan bolup jyns işine başlaberipdirler diýýär. Itlerem bular-a biz ýamanlap, masgaramyzy çykardy. Bizem muny ýöne goýmaly – diýip, Nuh pygamberiň ýanyna baryp, pişikleriňem şeýle işe baş goşýandyklaryny habar beripdirler. Nuh pygamber gelip görse pişiklerem hiç zat bolmadyk ýaly bolşup durmuşlar. Özlerem: hezreti Nuh, bu itler bizden ar aljak, bize ýamanlyk etjek bolup, size ýörite ýamanlaýarlar. Ýogsam bolmasa bizem şeýle iş ederismi – diýip, per berer ýaly dälmişler. Nuham gaýtam itlere gatyrganýarmyş, «Siz aryňyzy ýerine saljak bolýarsyňyz» diýip. Itlerem Allatagala aglap nalyş edenmişler: bu pişikler biz-ä it masgarasy etdi. Indi özlerem dek däl. Özüň çäre görüp, bir iş edäýmeseň, olaryň pyssy-pujurlygynyň üsti açdyrmaýar – diýip, Allatagala: siz arkaýyn boluberiň, indi şeýle işe baş goş salar, olara-da şermende bolar ýaly çäresini görerin – diýipdir. Allatagala bilen itleriň arasynda bolan gürrüňden pişikleriň habary ýok diýýär. Olar ýene-de öňki işlerine başlaberipdirler. Olar gatnaşjak bolanda özlerem bilmän, edipdirler gykylygy. Ähli haýwan-ynsan bularyň gykylygyna ylgaşyp gelipdirler. Gelseler pişikler gykylyk edişip, hä-de, hä, öz işleri bilen meşgul diýýär. Özlerem öz gykylyklaryndan bihabarmyşlar. Ine, şeýdip bularam şermende bolupdyrlar. Şondan bäri pişikler mawa gelip jyns işine gatnaşanlarynda şol Nuhuň gämisiniň üstündäki ýaly gykylyk edýändirler diýýär. Ynanmadyk kişi pişikler mawa gelende üns berip diňläp görse, özem göz ýetirer. Pişikleriň mawa gelendäki gykylygam şondan galandyr diýýär. Syçanlar bolsa, tykyrdaşyp ýörüşlerine ahyr gäminiň bir ýerini deşipdirler. Gämä suw girip ugrady diýýär. Şol wagt ýylanlar ýetişip, guýruklary bilen gäminiň deşilen ýerini dykyp duruberipdirler. Aradan ýüz elli gün geçenden soň kem-kemden suw yzyna gaýdyp, ýuwaş-ýuwaş çekilip ugrapdyr. On aý diýlende beýik daglaryň depesi görnüpdir. Şondan kyrk gün geçenden soň Nuh gämisiniň penjiresini açyp seredip görüpdir-de gara gargany iberipdir. Ol dolanyp gelmänmiş. Soňra kepderini iberipdir. Ol agzyna gökýapraklyja şahajygy alyp yzyna dolanypdyr. Munuň üçin kepderä Nuh pygamber monjuk sowgat beripdir. Şol monjuk kepderiniň (musaçynyň) boýnunda henizem bardyr diýýär. Belent daglar öz ýanlaryndan men-menlik satýan ekenler: suw çekiläýse, Nuhuň gämisi meniň üstümde saklanar – diýip. Ýöne olaryň aýdanlary hem bolmandyr. Gämi gelip bir kiçiräk dag bolan Jidda dagynda saklanypdyr. Şonuň üçinem könelerden galan gürrüň şeýledir: kimde-kim dag bolsun, bag bolsun, pälwan bolsun – men-menlik etse, onuň işi rowaç almaz. Päliňi pes tutmak gerek, men-menlik satman, özüňi öwmän şükür edip ýaşamak haýwana-ynsana, daga-düze parzdyr. Umuman göwnüňi kemine tutsaň, gowy bolarmyş. Nuh pygamber bir garryja mama tupandan ozal aýdan ekeni: ýagny tiz wagtlardan sil geljek, dünýäni suw aljak, bu azgyn adamlaram harap boljak, sen bir meniň gämime mün – diýip. Şonda mama pahyr: oglum, onuň ýaly iş boljak bolsa, maňa-da aýdaweri, eşitdireweri, menem öz gämiňe mündüreweri, suwuň aşagynda galyp ölüp galybermäýin – diýip, sargyt eden ekeni. Ähli haýwanlardan dal-daragt, ekin-tikinden öz wagtynda gämä salyp ýetişjek bolup, mama Nuhuň ýadyndan çykypdyr. Gämi gelip ýere düşenden soň Nuh assa-ýuwaş haýwanlary goýberipdir. Dal-daragt, ekin-tikinleri ekipdir. Oglanlaryny hem öz gelinleri bilen hersini bir ýerde ýerleşdiripdir. Gämide Nuhuň ogullarydyr gelinlerinden başga-da ýene-de segsen adam bar eken: Tiz wagtdan soň bularyň ählisi agyr kesellänmiş. Şol keselçilikden Nuh pygamber bilen onuň ogullarydyr gelinleri gutulanmyş. Tupandan esli wagt geçenden soň Nuh pygamberiň ýadyna şol birwagtky menem äkit diýýän garryja mama düşenmiş. Nuh mamanyň öýüne baryp görse, garryja mama henizem öňküsi ýaly ik egrip otyrmyş. Pygamber oňa: – Mama, sen henizem barmy, saňa hiç zat bolmadymy? – diýipdir. Onda mama: – Oglum, sen ýeriň ýüzüni suw aljak diýipdiň, haçan boljak ol aýdýanyň? – diýip, gaýtam Nuhuň özüne sorag berýärmiş. Nuh pygamber: – Mama, ýeriň ýüzüni suw aldy, soňra yzyna çekildi. Boljak iş boldy. Indi tamam – diýipdir. Onda mama: – Şeýle diýsene oglum, bolasy arada sygrym örä gidende, aýagy batga bolup gelýärem diýdim-le – diýipdir. Ine, şeýdip ol mama pahyr ýeriň ýüzüni suw alanynam bilmänmiş. Şeýdip, Alla diýip, zatdan bihabar adamdan belanyň sowlup geçýän wagtam barmyş. Nuh pygamber ogullarydyr gelinleri bilen ýeriň ýüzünde galyberipdir. Allatagala bulara: köpeliň, käneliň, ýeriň ýüzüni dolduryň, ýöne welin azmaň, azanlaryň ýoly bilen ýöremäň, ähli haýwanlary deňiz balyklaryny, ösümlikleri miweleri size bagş etdim. Diňe janly jandary jany bar wagty iýmäň, adam öldürmäň, kim adam öldürse, şol öldüren adam hem adam elinden öler, men siz bilen aralygymda syr goýýaryn, ol hem älemgoşardan ybaratdyr. Bulutlardan ýagyş ýagyberse, älemgoşar maňa meniň siz bilen arada eden syrly şertimi ýatladar. Men mundan buýana siziň nesliňizi beýle azaba duçar etmerin – diýipdir. Nuh pygambere ikinji Adamata hem diýýärler. Sebäbi Nuh pygamberden soň Adamzat Nuh pygamberiň neberelerinden ybaratdyr. Ýagny, şondan soň onuň üç oglundan döräp köpelip gidiberipdir. Tupanyň öň ýanyndaky günlerde Nuh pygamberiň iş-aladasy ýetik bolup birneme aljyraňňylyga düşendir-dä, elbetde, şu üzümiň çigidini almagy ýadyndan çykaranmyş. Özem muny tupan başlanansoň bilenmiş. Şu üzüm galdy-da diýip gynanyp öz ýanyndan birki gezek aýdanmyş. Nuh pygamberiň bu aladasy derrew eşek bilen bile gämä aralaşan şeýtana aýan bolupdyr. Şeýtan Nuh pygamber gynanyp otyrka ýanyna gelip oňa: Eger meni gämiden kowmasaň, üzümiň çigidini men bereýin diýenmiş. Nuham üzümiň çigidiniň ýitmejegine bolan begenjinden ýaňa oňa «bolýar» diýenini duýman galan myş. Şeýtan şeýtan bolýar-da, ol üzümiň çigidini Nuha berse-de beripdir welin, ýöne onuň öňünde bir şertem goýupdyr. Şerti şeýlemiş: ýagny tupan sowlandan soň üzümi bilelikde ekip, hasylyny hem bilelikde ýygnap deň paýlaşmak. Nuh şol wagt şeýtanyň bu şertine-de razy bolan eken. Ine, tupan sowlandan soň Nuh ýere ekin ekmäge köp üns berip, ähli ekin-tikini, dal-daragty ekip ugrapdyr. Olar hasyla durupdyrlar. Şol wagtam göz agyrysy ýaly bolup, bir ýerden şeýtan peýda bolupdyr. Ol Nuha: indi üzüme men seretjek, seniň şu wagta çenli idedeniň bolar – diýip – üzüme özi seredip başlapdyr. Nuham önden gürleşilensoň ýok – diýip durmandyrmyş. Şondan soň Şeýtan üzümi her gezek suwa ýakmaly bolanda bir haýwanyň gany bilen suwaranmyş. Ilki tilkiniň gany bilen üzümi suwa ýakypdyr, soňra yzly- yzyna şagalyň, maýmynyň, itiň, ýolbarsyň, doňzuň gany bilen suwarypdyr. Üzümiň bol hasyly kemala gelipdir. Nuh pygamber bilen şeýtan üzüm hoşalaryny ýygyp özara paýlaşypdyrlar. Şeýtan özüne düşen paýdan üzümiň suwuny sykyp alyp bir içgi ýasapdyr. Soňra Nuhuň külbesine gelip, üzümden ýasalan içgiden içip görmegi teklip edenmiş. Nuham üzümiň suwy boljak bolsa, gel şundan içip göreýin-le – diýip içenmiş. Nuh pygamber bu içen içgisinden serhoş bolanmyş. Ol eşiklerini çykaryp ýalaňaçlanyp, tä şol içgi gutarýança içip, öz külbesinde ýalaňaç ýatanmyş. Nuhuň Ham atly ogly öz atasynyň ýalaňaç ýatanyny görüp onuň üstüni örtäýmän, gaýtam beýleki iki doganyna: «atamyz-a çuw ýalaňaç bolup, külbesinde ýatyraý» – diýip, habar beripdir. Nuhuň iki ogly Sam bilen Ýafet egin-eşik alyp, götinjekläp ýöräp atalarynyň üstüni örtüpdirler. Olar öz atalarynyň ýalaňaç tenini görmändirler, sebäbi ters bakyp baranmyşlar. Nuh pygamber serhoşlugyndan açylansoň üzümiň suwunyň adamy serhoş edip biljekdigini, umuman adama – öz nesline şu içgiden peýda gelmejekdigini, bu içgini içen adamyň her hili masgaraçylyklara hem sezewar bolaýmagynyň mümkindigini bilipdir. Ol üzümiň suwuna «şerap» (şer-şer, masgaraçylyk, ap-ab ýagny, suw diýmek umumy manysy şer getirýän suw diýmegi aňladýar) – diýip at goýupdyr. Arapça ady arak. Öz neberesine muny içmegi gadagan edipdir. Muhammet pygamber hem öz Hadyslarynda: Keýp beriji zatlaryň bary arakdyr, Mest ediji zatlaryň bary haramdyr – diýip, şerabyň, aragyň zyýany hakynda ýörite nygtapdyr. Araga göwün beren adamdan oňlulygyň çykmajakdygy, beýle adamyň şeýtana şägirt bolup azjak dygy, haram işlere baş goşmaga meýilli boljakdygy, lebzinde durmajakdygy pygamberlere aýan bolupdyr. Magtymguly hem: Akly bolan şerap içmez – diýip belläpdir. Umuman, musulmançylykda şerap şeýtanyň içgisi hasaplanylýar. Şonuň üçin bu içgä diňe şeýtanyň azdyryp öz tarapyna ymykly geçirdim edip ýören adamlary göwün berýärmiş. Şeýtanyň bolsa, azdyrany özüniňki ahyry. Dini hekaýatlaryň birinde arak içmeklik zyna edendenem, sallançakdaky çagany öldürendenem, buta çokunandanam uly günä diýip bellenilýär. Sebäbi arak içip serhoş bolan adam beýleki günäleri hem edip biler – diýlip aýdylýar. Umuman yslam dini aragy ähli günäleriň enesi hasaplaýar. * * * Nuh pygamber şeýtanyň içgisi gutarandan soň ser hoşlykdan açylypdyr hem-de oňa kiçi ogly Hamyň biedeplik edeni aýan bolupdyr. Pygamberiň muňa gaty gahary gelip: onuň nebereleri beýleki iki doganynyň guly bolar – diýip, ters pata berenmiş. Şondan soň pygamber ogullarynyň hersini bir tarapa öz gelni bilen ýörite iberipdir. Şol töwereklerde ýaşap, köpelip-känelip, il-ýurt bolup ýaşasynlar diýip. Ham atly ogluny gelni bilen Afrika iberipdir. Afrika kontinentiniň ilaty şol Hamyň nebereleri bolmalymyş. Sam atly ogluna bolsa, sen gelniň bilen Arap, Eýran, Müsür, Hindistan etraplarynda ýaşamaly, şol ýerleriniň ilatyny emele getirmeli diýip buýranmyş. Bu etraplaryň ýurtlarynyň ilaty Samyň nebereleridir diýýär. Ýafet (Ýafes) atly ogluny bolsa, gelni bilen Itil (Wolga derýasy) Ýaýyk (Ural derýasy) hem-de Yssyk köl etraplaryna ýollapdyr. Bu etraplaryň umuman, gündogar halklary Ýafetiň nebereleri bolmaly. Nuhuň Ýafet atly ogly atasynyň buýrugy boýunça gelni bilen Itil hem-de Ýaýyk derýasynyň kenarlaryna gidip iki ýüz ýyllap ýaşapdyr. Onuň sekiz ogly bolupdyr. Ýafet öz ogullaryna Türk, Hazar, Saklap, Orus, Ming, Çin, Kemeri, Tarh diýip, at goýupdyr. Ýafet ömrüniň ahyrynda bolsa, Türki patyşa diýip, yglan edipdir. Neberelerine hem onuň sözünden çykmazlygy wesýet edenmiş. Türk örän akylly edepli adam bolupdyr. Atasy ýogalandan soň ol Yssyk köl etraplaryny özüne mesgen tutunypdyr. Ol çadyr, öý gurmagy oýlap tanyp, berk düzgün-tertibi girizipdir. Türk hanyň nesli türkmenleriň hem ata-babalarydyr. Nuh pygamber tupandan soňam üç ýüz elli ýyl ýaşapdyr. Umuman, Nuh pygamberiň ömri uzak bolup, ol dokuz ýüz elli ýyl ýaşap, ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr. Toplan: Sapargeldi HANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |