13:56 Musulman zenany diriligine ýere gömmek: Jahylyýetiň gaýdyp gelmegi | |
MUSULMAN ZENANY DIRILIGINE ÝERE GÖMMEK: JAHYLYÝETIŇ GAÝDYP GELMEGI
Publisistika
Ony sowatsyzlygyň çukuryna atyp, berebekgeýligiňize tutup, hatda fiziki taýdan diriligine gömseňiz, tümlük höküm sürer we şeýle tümlügiň içinde ähli adamlar “mukaddes sowatsyzlyk” zynjyrlary astynda zulum hem-de basyş ýerzeminine gapgarylar. Eýrandan Owganystana, Ýemene çenli aralykda aýal-gyzlar gyzgalaňly uly urşuň içinde galdy. Olaryň okap-ýazyp bilmegine päsgel berilýär. Bu uruş olaryň ýaşaýyşlaryna päsgelçilik döretmek bilen soňlanjakmy, bilýän ýok. Režimiň yslamy perdelenip höküm sürýän Eýranynda hökümet güýçleriniň elinden 500-den gowrak adam öldürildi. Olaryň bar günäsi aýal-gyzlaryň ezilmegine garşydyklaryny aýtmagydy. Bürenjeginiň astyndan birküç sany saç tarynyň görünmeginden başga günäsi bolmasa-da urlup öldürilen Mahsa Amini atly ýaş gyza raýdaşlyk bildirmek üçin ýurt derejesinde we dürli milletlerden millionlarça adam köçelere döküldi. Eýranda aýal-gyzlary bolr-bolmaz formada gysmak molla režiminiň häkimiýeti eýelän ilkinji gününden bäri pişesi boldy. Täsin ýeri şunda: şeýle adamlar Hezreti Patma ez-Zöhräni, Hezreti Zeýnebi we Resulallanyň (s.a.w) ehli-beýtinden bolan beýleki hanymlary gije-gündiz mähir-muhabbet bilen ýat edýärler. Eýranda aýal-gyz “närseleşdirilmek” üçin nyşana alyndy, durmuşyň jemgyýetçilik ulgamynda bolmadyk ýalňyş düşünilmä dönderildi. Emma eýranly aýal-gyzlar ýurduň ähli künjeklerinden aýal-gyzlaryň we erkekleriň gatnaşýan rewolýusiýa odunyň tutaşdyryjysy boldular. Aýal mezhebi, milleti, geografiýany aşýan güýje öwrüldi we halkara jemgyýetçiliginiň sözi boldy. Şa režimine garşy rewolýusiýa mollalaryň erkekleri öňbaşçylyk etdiler we elbetde aralarynda aýal-gyzlar ýokdy. Emma häzir Eýrandaky giň gurşawly rewolýusiýanyň simwoly, güýji we ugry dini perdelenip berebekgeýligine tutan adamlaryň elinden fiziki taýdan diriligine gömülmegi ret eden aýal-gyzlardyr. Häkimiýetiň esasy güýji bolup durýan maşgalalarynyň arasyndanam Eýranyň sowatly aýal-gyzlary seslerini gataltmaga het edip bildiler. Olar diniň adyndan aýal-gyzlaryň we erkekleriň basyş astyna alynmagyna, öldürilmegine we tussag edilmegine garşy çykýandyklaryny jar etdiler. Heläkçilikleriň ýekän-ýekän däl-de, barsynyň birden bolýan ýurdy Owganystan barada aýtsak, şeýle kynçylyklar 60 ýyl öňki, “Sowuk uruş” ýyllarynda ýurduň gyzgyn urşuň ojagyna öwrülen wagty başlady. Yslam dini ýoýulyp ulanyldy, adamlary öldürýän, yslamy ýer ýüzündäki gurluşlary ýer bilen ýegsan edýän partlaýjy därä öwürdiler. Aýal-gyz hökmany ýok edilmeli but boldy. Bu işe aýaly şeýtanlaşdyryp, ony hereket edýän, jemgyýete garaňkylyk üfleýän duýgulary bolan gargyşsiňen mahluk hökmünde sypatlandyryp başladylar. Mеýdanlarda оny tä ölýänçä dаşlаdylar, bilim оjaklaryna, еdara-kärhаnalara gоýbermediler. Sоwet Sоýuzynyň gоldaýan kоmmunistlerine gаrşy urşujylаrуny aýаga gаldyran Тalibаn hеreketi kоmmunistik аtеizmiň ýаýramagyna gаrşy din baýdаgyny аsmana gаldyrdy. Şeýdip owgan halkynyň giň goldawyny, alysdaky we ýakyndaky musulmanlaryň söýgüsini gazandylar. Kommunistler uzaga çeken muşakgatly çaknyşyklardan soň ýeňlişe sezewar boldy. Owganlar täzeden janlanma we ösen yslam jemgyýetini gurmak üçin täze döwletiň arzuwyny etdiler. Negözel arzuw aýal-gyzlar üçin burka, erkekler üçin sakgala çenli kiçeldildi, göknar ekinçiligi ösdürildi. Garyplyk, sowatsyzlyk, eden-etdilik agalyk sürdi, öýleri we köçeleri gorky gaplap aldy. Häzir Owganystan amerikan güýçleriniň ýurtdan çykmagynyň we Talibanyň täzeden häkimiýete gelmeginiň yzyndan goýy we aýylganç tümlüge bürendi. Garyplyk adamlaryň aňyny çaşyryp barýar, adamlar bir gysym tüwi, birt döwüm çörek üçin çagalaryny satýarlar. Kesel ýolukmadyk öý ýa köçe ýok, partlamalaryň yzy üzülenok we hiç ýerde hiç kimi sylap goýanok. Göýdük kelleleriň döredýän kynçylyklar döwresi kemter bolmasyn diýýän ýaly aýal-gyzlaryň bilimden mahrum edilmegine-de şu urşuň iň soňky kesgitleýji tapgyry hökmünde baha berilmelidi. Owgan zenanynyň diriligine gömülmegi – ony çukura gömmek dälde, ony bilimden, işlemekden, syýahat etmekden mahrum edip, ýeriň üstünde bogmakdyr. Munuň özi düşünje çeşmeleriniň guradylmagy we güýçli, sylag-sarpaly maşgala durmuşynyň döremegine goşant goşmak üçin peýdalanyp boljak düşewüntli çeşmeleriden mahrum etmegi aňladýar. Owgan aýal-gyzlarynyň ýurtda hereket edýän halkara ynsanperwer guramalarynda işleýänleriniň işden, ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň okuwdan çykarylmagy, senagat we söwda işleriniň togtadylmagy, bütin bularyň barsy olary ýokluk çukuryna atmaga gönükdirilen praktiki hereketlerdir. Taliban hökümetiniň toparlarynyň arasynda rasional akyl ýöredip biljegi ýokmuka? Töweregindäkilere bu edýänleriniň bilksatlaýyn we bilgeşleýin döwletiniň bedeniniň wajyp, aktiw parçasyny goparmakdygyny, ýurdy bilkastlaýyn ýer bilen ýegsan etmekdigini, munuň haçana çenli dowam etjegini hiç kimsäniň bilmeýändigi üçin birnäçe ýyllaryň dowamynda şu zatlar sebäpli zyýan çekiljegini aýdyp biljek realist akyl ýokmuka? Owganystanda erkek lukmanlaryň aýal-gyzlary bejermegi gadagan, aýal-gyzlaryň medisina ugrundan okamagynyňam öňi alynsa, aýal-gyzlary kim bejermeli? Jogap görnüp dur we ýeke sekunt hem pikirlenip oturmagyň hajaty ýok: aýal-gyzlar ýer ýüzünde gerek däl jandarlar bolandygy üçin ýitip-ýok bolup ötägitsinler. Ýakyn we uzak Ýemende sowatsyzlyk we bilimsizlik halkasynyň kemi ýok. Husiler Zarka al-Ýamamanyň (arap mifologiýasynda aýal) ýurdunda aýal-gyzlara garşy uruş alyp barýar. Ýokary okuw jaýlarynda gyzlar bilen oglanlary aýry okatmak, aýal-gyzlaryň mähremsiz işlemeklerini we gezmeklerini gadagan etmek, dürli sosial işlerde işlemegini çäklendirmek ýaly işleriň barsy olaryň Tährana garaşlylygyň praktiki görkezijisidir. Tähran bolsa ýaşaýjy döredýän, dogurýan, emdirýän, ulaldýan, öwrenýän, öwredýän, işleýän ene, öýi dolandyrýan we içindäki hemmelere mähir-şepagat görkezýän ýanýoldaş bolan barlygyň döreýşine garşy geňsi agressiýa öňbaşçylyk edýär. Ýagtylyklaryny täzeleýän, adamyň azat we dörediji akyl-paýhas bilen beýgelýän ýaşaýşyna bakan görlüp-eşdilmedik güýç we çaltlyk bilen ösýän döwründe adamlary zor bilen tümlügiň çukurlaryna çekýän güýçler orta çykýar we olaryň gözünde aýal ganhor gurban. Ony sowatsyzlygyň çukuryna atyp, berebekgeýligiňize tutup, hatda fiziki taýdan diriligine gömseňiz, tümlük höküm sürer we şeýle tümlügiň içinde ähli adamlar “mukaddes sowatsyzlyk” zynjyrlary astynda zulum hem-de basyş ýerzeminine gapgarylar. Abdyrahman ŞALKAM, Liwiýanyň öňki daşary işler ministri. Ýekşenbe, 08.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |