17:48 Ýer yranmasy: Many sarsanda... | |
ÝER YRANMASY: MANY SARSANDA...
Publisistika
Olaryñ başyna düşen betbagtçylygyñ derdi paýlaşylýar. Adamlary, jaýlary we simwollary bilen bile Marakeşi harap eden ýer yranmasynyñ galtaşan ýürekleri yranýar. Marokko anna gününiñ agşamy soñky ýyllarda gören iñ uly ýer yranmasyny başdan geçirdi. 6,8 ballyk ýer yranmasynda häzire çenli iki müñden gowrak adamyñ ölendigi, müñden gowrak adamyñam şikes alandygy hasaba alyndy / Fotosurat: Hannah McKay-Reuters Ýer ýüzündäki hemme zat - bedenler, ruhlar, närseler dygysyz yranyp dyrýar. Emma ýer yranyp, uly güwwüldisi bilen üstünde gezip ýörenlere badak salanda, uly-kiçi adamlary goýnunda saklaýan binalaryñ üçekleri çökende ölüm, ýykan-ýumranlyk, elhençlik betbagtçylygy inýär. Ýer yranmasy tebigy hadysalara degişli. Ol diñe bolup geçenden, daglary-daşlary iki büklüp edip, adamlary öldürip taşlandan soñ bilinýär we derejesini ölçäp bolýar. Ýer yranmasy nirede bolup geçende-de, betbagtçylygyñ bolan ýerine golaýda we uzakda ýaşaýan adamlaryñ ýüregine ýara salyp ýetişýär. Milletine, diline we özara dawa-jenjellerine garamazdan, ýeriñ ýüzi tutuş adamzat maşgalasynyñ öýüdir. Uruş turanda adamlar öz aralarynda oñuşmaýarlar. Her kimiñ öz durýan hatary bolýar. Adamlar biri-birini öwýänler we tankyt edýänler bilen goldaýanlara we garşy çykýanlara bölünýär. Emma ýeriñ gahary gelende we üstünde ýaşap ýörenleri aýlap uranda duýgular gujaklaşýar we ýer yranmasynyñ bolan ýerine ýakyn-daşdaky ýüreklerde dert-hasrat, mähir-muhabbet birleşýär. Her bir ýeriñ öz bedeni, ýüregi, duýgusy bolýar. Käbirleri-de janly bolýar. Ony ýa görýänsiñiz ýa sizi görýändigini duýýansyñyz. Içinde ýaşaýan we ýa-da özüne golaýlaşýan hemmeler üçin aýratyn dil emele getirýär. Marakeş häzir resmi taýdan Magryp (Fas) adyny göterýän ýurduñ ýüzlerçe ýyllap adyny göteren şäher. Latyn dilinde şindizem Marokko ("Morocco") görnüşinde ulanylýar. 8-nji sentýabr gününiñ agşamsy şäher merkezinde we onuñ etek raýonlarynda ýer yranmasy bolup geçdi. Apat ýaş-garry diýmän, aýal-erkek diýmän ýüzlerçe adamy alyp gitdi. Adamlaryñ guran we wagtyñ reñklän binalary ýer bilen ýegsan boldy. Taryh ol ýerde ýaşaýanlaryñ ululygyny uşadyp goýberdi. Marakeşde hemmeleriñ we hemme zadyñ aýdara-söýläre zady bar. Şäheriñ merkezinde ýerleşen "Jâmiu'l-Fenâ" ploşady adamyñ döredijilik zehininden çogup çykan ajaýyp eser bolup öñümize çykýar. Bu meýdan öñden mälim kiçijik barlyk sahnasynda hereketli dil göterýär. Kiçisinden ulusyna adaty adamlardan käbirleri haýwanlary bilen dost mähirine ganýar. "Jâmiu'l-Fenâ" meýdany Maýmynlar, ýylanlar, başga-da san-sajaksyz janly-jandarlar bar. Olara esewan edýänleriñ gülümsiremeleri gelýän-gidýän adamlaryñ ýüzüne şatlyk we mylaýym ýylgyryş çaýýar. Sazandalaryñ her biri diñleýjilerini we ýanyndan geçýänleri jadylaýan aýdym-saz toparyny düzýär. Bu mähirli we ýönekeý adamlar size pula zat satanoklar, gaýtam olara eçilen birküç dirhemiñiz üçin haýyr-yhsan edýärler. Söwdagärler, ownuk garbanyşhana eýeleri, paýtunyna münen güler ýüzli adam, şäheri dolduran hanymlar we jenaplar - bularyñ barsy hereketdr bolup, mähirli ýylgyryş bilen sizd dost-doganlyk, mähir-muhabbet, hoşniýetlilik paýlaýan özboluşly kitapdyr. Marakeş şäheri toýnuk gurap barýan ýyllaryñ ýüküniñ posy degmedik köne barlygyñ nusgasy hökmünde Marokkonyñ hemme zadyny, goýnundaky araplary we amazigleri bilen bile adamlaryny alamatlandyrýan simwoldyr. Şäher ylym-bilimiñ, pelsepäniñ, döredijiligiñ, fetihleriñ, jihаdуñ, çeper edebiýatyñ, sungatyñ, hoşniýetliligiñ ajaýyp utgaşygyr. Onuñ goýny titrese, diñe günbatardaky we gündogardaky doganlarynyñ däl, Ortaýer deñziniñ añyrky kenarynda ýaşaýan ýat-ýakyn millionlarça adamy ýüregi titreýär. Ibn Rоşt, Ibn Hаzm, Musа ibn Mеýmun, Ibn Arаby, Zirýab, Ibn Zеýdun, Wеllade ýаly ýüzlеrçe bеýik аlуmyñ ýaşар ötеn Маrakeşi bоlmasa musulmаnlаr, jöhitlеr, hristiаnlar tarаруndan еmеle gеtirilen Аndаlus mеdеniýeti bоlаrmydy? Günbatar Afrikada mäliki mezhebi bilen yslamyñ ýaýylmagy, tasawwuf tarykatlarynyñ we arap diliniñ ornaşmagy - bütin bularyñ barsy Marakeşiñ deñsiz-taýsyz gözbaşyndan gelýän bulakdy. Bu durnagöz bulak hiçem guramaz. Filosoflaryñ, akyldarlaryñ, edebiýatçylaryñ, ýazyjy-şahyrlaryñ, senetkärleriñ yhsany arap, fransuz, ispan dilleriniñ çäginden aşyp gidýär. Marakeş we onuñ daş-töweregi sarsanda arap dünýäsiniñ iñ günbatar çeti (Maşryk) we iñ gündogaryndaky (Magryp) ýüreklerem onuñ bilen bile sarsýar. Çünki onuñ köñüllerde edinen ýeri bar. Ýer yranmalarynda jaýlar ýykylýar, harabalaryñ aşagynda galyp adamlar ölýär, hasrat bulut bolup çökýär, ýaralylaryñ kömegine golaýdaky we alysdaky adamlar ýetişýär. Emma güýçli ýer yranmasy diñe jaýlary däl, atlary-da sarsdyryp taşlaýar. Şäherleriñ gurluşy bolýar. Daşyny taryh, palçygyny döredijilik, suwuny pikriýet, azabyny ýyllara goldanýan akyl-paýhas emele getirýär. Marakeş goduklasa we binalary ýykylsa, Bagdat, Tunis, Alžir, Kair, Riýad, Tripoli, Hartum we beýleki ýerler duýgulanýar. Bu ýerleriñ barsynda Marakeşiñ köp sanly ýüzi, ysy, nagmalary we akyl sesleri bar. Ýer yranmasy Rihteriñ şkalasy ady berilen enjam bilen ölçenýär. Emma adamyñam öz ölçegi bar. Geologlar muny okap bilmeýär. Diñe yranan ýeriñ wagtynyñ uç-gyraksyzlygynda aýlanýan kenarlary, dag-dereleri, peslikleri geçenler we ýeriñ barlygyny ýaşaýanlar muny okap hem duýup biler. "Ömür ýeke demde nist-naut bolsa, Ýer hem bir gezekde ýok bolup biler". Şahyrlaryñ soltany Ahmet Şewki şeýle diýipdir... Betbagtlygyñ möçberi uly: heläkçilige uçranlaryñ hemmesi dogan, watan hemme zatdan eziz. Adyñ sarsmaz gurluşy bolan kökleri we şahalary bar. Emma betbagtçylyga golaýlaşyp Marakeşiñ we onuñ halkynyñ başyna inenleri ýazmaga dyrjaşýan galam Rihteriñ şkalasynda ýazylandan has erbet we gazaply sarsgyna duçar bolýar. Marakeşe kän gezek gidip görüpdim, emma şolaryñ birini hiç ýadymdan çykaramok. 1983-nji ýylda Marakeşdäki Kadi Aýýad uniwersitetinde arasynda Muhammet Abid el-Jabiriniñem bolan arap akyldarlarynyñ, syýasatçylarynyñ we intelligensiýasynyñ gatnaşmagynda simpozium geçirilipdi. Simpoziumyñ gozgaýan temasy syýasy we intellektual taýdan arap dünýäsiniñ başdan geçirýän konfliktleri we onuñ çykalgasyny tapmagyñ ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdy. Ýygnanyşygyñ geçýän ýeri howuñy basýardy. Käbir marokkoly doganlarymyz taryhyñ döreden we taryhyñ ýazylan Marakeşiñ taryhy gurluşyndan söz açypdy. Marakeş şäheri hakda şol medeni çärede edinen taryhy, medeni, syýasy maglumatlarymyñ şol simpoziumyñ resmi ýygnanşyklaryndaky çykyşlardan we jedellerden edinen maglumatlaryndan has gymmatldygyny aýdasym gelýär. Şol ýygnanyşyklarda sebitimiziñ başdan geçirýän we soñlanyp gidibermeýän konfliktleriniñ üstýnde durulan ähli teoretiki çärelerde aýdylanlar gaýtalanypdy. Häzir ähli duýgular we galamlar Marakeşi görkezýän kompasyñ dilidir. Olaryñ başyna inen betbagtçylygyñ ýüki paýlaşylýar. Adamlary, jaýlary we simwollary bilen bile Marakeşi harap eden ýer yranmasynyñ galtaşan ýürekleri yranýar. Abdyrahman ŞALKAM, Liwiýanyñ öñki daşary işler ministri. Duşenbe, 11.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |