09:32 Müsürde tapylan mazar Ýusup pygamberiñ mazarymy? | |
MÜSÜRDE TAPYLAN MAZAR ÝUSUP PYGAMBERIÑ MAZARYMY?
Taryhy makalalar
Ýewropanyñ we Amerikanyñ saýlama müsürşynas arheologlary we töwratşynas teologlary öñräk Müsürde tapylan bir mazaryñ Hezreti Ýusup pygamberiñ ýatan mazarymy ýa dälmi diýen soragyñ üstünde jedelleşýärler... Garry atasy Ybraýym (a.s), atasy Yshak (a.s), kakasy Ýakup (a.s) bolan, hadyslarda Hezreti Muhammediñ (s.a.w) Magraja çykanda semanyñ üçünji gatynda duşuşandygy rowaýat edilýän we Gurhanyñ "Ýusup" süresinde ady giñişleýin agzalyp geçilýän Hezreti Ýusubyñ (a.s) kimdigini hemmeleriñ diýen ýaly gowy bilýändigi üçin onuñ meşhur "kyssasy" barada aýdyp oturmagyñ zerurlygy ýok hasap edýärin. Emma Gurhandan öñem Töwratda Hezreti Ýusup barada aýratyn nygtalyp geçilýändigini, Gurhandaky aýdylanlar bilen Töwratda aýdylanlaryñ şobir zatdygyny, arasynda bary-ýogy birküç sany ownuk-uşak tapawutly ýeriniñ bardygyny aýtmak isleýärin… Ilki ýüze çykarylan mazaryñ aýratynlyklaryndan söz açaýyn: Müsürde Nil derýasynyñ deltasy bilen Sinaý ýarymadasynyñ arasynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar ýeri heniz mälim edilmedik bir ýerde topragyñ astyndan suduryny añsatja kesgitläp bolýan ullakan öý tapdylar. Öýüñ baý müsürlä degişlidigini bilmek kyn däldi: howluda 12 mazar, kiçijik bit ybadathana we ybadathana-da böleklere bölünen heýkel bar eken... Şu we başga jikme-jiklikler arheologlara Töwratyñ Hezreti Ýusup hakynda aýdanlaryny ýatlatdy: Miladydan öñ XV asyrda dünýä inendigine ynanylýan Hezreti Ýusup maşgalasy bilen bile Palestinada ýaşaýardy. Doganlary tarapyndan Gurhana görä bir guýa atylan, Töwrata görä bolsa Müsüre barýan bir kerwene satylan Hezreti Ýusup baran ýurdy Müsürde görmedigi görde galýar, birnäçe ýyllap zyndanda oturansoñ azatlyga çykýar, Faraonyñ weziri bolýar, öýlenýär we on iki çagany kemala getirýär. Häzirki wagtda diñe ýonulan daşyñ reñkinde bolan antik heýkeller aslynda reñklidir, ýagny ýonulandan soñ boýalypdyr we ol boýaglar täze tapylan mazarlaryñ käbirinde mese-mälim bildirýär… Gumuñ astyndan çykarylan öýüñ Hezreti Ýusuba degişli bolup bolmadygy hakyndaky jedelleri bolsa, ynha, şu böleklenen heýkel döretdi. Töwratda Hezreti Ýusubyñ kakasy Hezreti Ýakubyñ iñ eý görýän ogly Ýusuba sowgat hökmünde reñbe-reñ ýüpekden ýapynja-plaşa meñzeş palto tikdirendigi ýazylgydy… Öýüñ ybadathana bölegindäki daş heýkeliñ arka tarapunda ýene daşdan, Töwratda agzalýan plaş-ýapynjany ýatladýan reñkli eşigiñ bolandygy bildirýär. Faraondan soñky iñ abraýly kişileriñ birine degişlidigi çaklanylýan öý antik Müsüriñ hemişeki öýlerine meñzänok, gurluş stili Mesopotamiýanyň, Palestinanyñ we Siriýanyñ binalaryny ýatladýar, üstesine howluda Hezreti Ýusubyñ çagalarynyñ sany bilen deñ on iki sany gubur bar! Şeýle-de heýkel bir müsürlini däl-de, ol ýerlerde kän gabat gelinmeýän gyzyl saçly we saryýagyz gelmişegi sypatlandyrýar, emma ýüz tarapy soñ gazalanyp zaýalanypdyr. Heýkeliñ we mazarlaryñ tapylmagynyñ yzysüre, müsürşynaslar mazaryñ Ýusup pygambere degişlimi-dälmi anyklamak üçin ýene Töwratda aýdylýan bir waka ýüzlendiler: Töwratda Hezreti Ýusubyñ aradan çykmazynyñ öñüsyrasy çagalaryna we ýakynlaryna “Ysraýyl ogullary Müsürden göç etjek wagtlary süñklerimi bärde goýmasynlar, dogduk depäm Şekeme äkitsinler” diýip wesýet edendigi ýazylypdyr. Hezreti Ýusubyñ aradan çykmagyndan uzak ýyllar geçensoñ Ysraýyl ogullarynyñ başyna geçen Hezreti Musa kowmuny Müsürden çykarjak wagty bu wesýete amal etmek üçin üç günläp Ýusubyñ tabytyny gözläpdir, ony bir derýadan tapypdyr, ikä ýarylan Gyzyl deñizden geçip Palestina gidende ýanynda äkidipdir, çöllerde kyrk ýyllap bu tabyt bilen aýlanypdyr we süñkler Şekem sebitlerinde jaýlanypdyr. Şol wagt Şekem diýilýän ýeriñ häzir niredigi doly belli däl. Ýöne günbatarly käbir din taryhçylary Palestinanyñ Nablus şäherindäki we eýýäm birnäçe asyr bäri Hezreti Ýusubyñ mazarydygyna ynanylýan bir kümmediñ bardygyny göz öñüne tutup, Şekemiñ Nablus sebitleri bolandygyny çaklaýarlar. Ýusubyñ guburynyñ ýerleşýän ýerinde Gurhanda maglumatyñ ýokdugyna garamazdan, käbir yslam çeşmeleri bu hususda maglumat berýär we mübärek meýdiñ Nil derýasynyñ kenarynda bir ýere depin edilendigini ýazýarlar. Jaýlanandy diýilýän ýer jöhit we hristian çeşmelerinde Goşen diýip geçýär… Goşeniñem häzir nirededigi anyk belli däl, diñe "Nil derýasynyñ demirgazygynda, Sinaý ýarymadasyna ýakyn ýer" diýip salgy berilýär. Gumuñ astyndan çykarylan we Hezreti Ýusubyñ mazarydygy çaklanylýan öý hem, ynha, Goşendir öýdülýän ýerden tapyldy! Arheologlardyr din taryhy boýunça ýörite hünärmenleriñ alyp barýan ylmy-barlag işleri we çekişmeleri entek-entek dowam etjege meñzeýär we soñky gelinjek netije bilen sizi habarly eder duraryn… Şol guburda tapylan, emma müsürlini däl-de, ol ýerlerde kän gabat gelinmeýän gyzyl saçly saryýagyz adamyñ heýkeliniñ ýüzüni kimleriñ näme üçin gazalandygy häzirlikçe belli däl. Myrat BARDAKÇY. "HABERTÜRK" gazeti, 17.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||