22:23 Önelgesiz hökümdar halky begendirjek bolup oglunyñ bolandygyny buşlapdy | |
ÖNELGESIZ HÖKÜMDAR HALKY BEGENDIRJEK BOLUP OGLUNYÑ BOLANDYGYNY BUŞLAPDY
Taryhy makalalar
Selim III 1789-njy ýylda Osmanly döwletiniñ tagtyna oturanda, döwlet perişan halda eken. Halk ýeñlişler bilen gutaran uruşlar we krizisler zerarly janyndan doýupdy. Täze hökümdara uly umyt bilen garalypdy. Ýaş patyşanyñ oglunyñ bolaryna garaşylýardy. Emma Selim III önelgesizdi. Ol halkyñ umydyny tala dañmajak bolup, günleriñ bir güni oglunyñ dünýä inendigini we oña Ahmet adyny dakandygyny mälim etdi. Halkyñ begenjiniñ çägi bolmandyr, emma ýalanynyñ paş bolaryndan çekinen patyşa birnäçe gün geçenden soñ şazada Ahmediñ ölendigini aýdypdyr. Osmanly patyşalaryndan Osman II, Süleýman II, Mahmyt II dagynyñ perzendi ýoksu. Selim III hem çagasyzdy, emma onuñ ýagdaýy beýleki patyşalardan düýpgöter tapawutlanýardy. Selim III uly umyt bildirilen patyşady. Ol 1789-njy ýylda tagta geçen wagtynda döwlet uly gapma-garşylygyñ içindedi. Ilkibaşda Stambul halky, galyberse-de beýlekiler täze patyşanyñ bu gapma-garşylygy soñlandyrar diýip umyt edýärdi we patyşadan ogul perzende garaşylýardy. Emma patyşa önelgesizdi we günleriñ bir güni halky umytlandyrjak bolup baş weziri Goja Ýusup paşanyñam maslahaty bilen öz eli bilen yglannama ýazyp, oglunyñ bolandygyny aýdypdyr. Patyşa şazadasynyñ doglan gününiñ baýram edilmegini isläpdir. Selim III-iñ şazadalygy taryhdaky beýleki şazadalara garanda juda rahat we tapawutly geçipdi. Agasy Abdylhamyt I inisi Selimi gaty horlamandyr, tussaglykda saklamandyr, belli bir derejede erkinlikde saklapdyr. Selim munuñ arkasyndan tagta geçen wagtynda etjek işlerini kän wagt öñünden meýilleşdirme mümkinçiligini tapypdy. Emma sadrazam Halil Hamit paşanyñ Abdylhamyt I-i tagtdan agdaryp ýerine Selimi patyşa etmäge synanyşmagu bilen ýagdaý üýtgedi. Döwlet agdarylyşygyna synanyşylýandygynyñ habaryny alan Abdylhamyt I Selimi mundan soñ öñküsi ýaly özbaşyna goýmandyr, emma daşky dünýä bilenem gatnaşygyny doly kesmändir. Şazada Selimiñ indi berk gözegçilik astynda saklanýandygyna garamazdan şu döwürde Fransiýanyñ koroly Lýudowik XVI bilen hat alyşma mümkinçiligi bolupdyr. Giñ gözýetimli şazada 1789-njy ýylda tagta çykan wagtynda Osmanly imperiýasy berbat haldady. 1768-nji ýyldan bäri Orsyýetden yzly-yzyna ýeñilmegi bilen birlikde Krym ýaly birgiden ýerler elden giderilipdi. Orsyýetden başga-da Awtsriýa garşy hem urşulýardy. Hemme zat zyýanymyzady. Selim III şol sebäpden bütin bu şowsuzlyklary aradan aýryp, birmahalky at-owazaly günleri dolap getirjek hökümdar hökmünde görüldi we halk patyşadan dessine şazadasynyñ dünýä inmegine garaşdy. Emma uly umyt bildirilen Selim III önelgesizdi. Ençeme ýyllap näderini bilmän ikiýana urunýan halk şazadanyñ dünýä inen ýagdaýynda uçralan ýeñlişleriñ awusyny azajygam bolsa ýatdan çykaryp, ýagty geljek üçin ganat baglajakdy. Selim III sadrazamy (baş weziri), ýagny premýer-ministri bolan Goja Ýusup paşanyñ maslahatyna eýerip, halky umytlabdyrmak üçin oglunyñ dünýä inendigini habar berýän yglannama ýazdy. Munuñ özi döwlet işgärlerine we halka "Oglum boldy, hemme ýerde baýramçylyk dabarasyny geçiriñ" diýmegi añladýardy. Patyşa oglunyñ adyna Ahmet dakandygyny aýdýardy we dabaraly çäreleriñ derhal geçirilmegini buýurýardy. Şazadanyñ dogulmagynyñ hormatyna bir hepdeläp günde üç gezek top atylmalydy. Stambullylaryñ begenjiniñ çägi ýokdy, emma birnäçe günden soñ eşdilen başga bir habar halky gynanja bogdy: täze doglan şazada Ahmet birdenkä aradan çykypdy. Hyýaly şazada meselesiniñ wagtyñ geçmegi bilen ulalyp gitjegini bilen Selim III şonsuzam bolmadyk çagasynyñ tarpa-taýyn ölendigini mälim edipdir we halka umyt berme işini soñlandyrypdyr. Myrat BARDAKÇY. 16.11.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |