01:57 "Kommunist posasy" häzirem dowam eden bolsady... | |
"KOMMUNIST POSASY" HÄZIREM DOWAM EDEN BOLSADY...
Geň-taňsy wakalar
Dünýäniñ koronawirusly we ondan soñky halyny göz öñüne getiriñ!.. Işine ezber lukmanlaryñ aýdýanlaryna gulak gerseg-ä, koronawirus belasy durmuşymyzdan birnäçe aýdan soñ kem-kemden çykmaga başlajakmyş, emma ol dep bolup gidäýende-de, käbir öwrenşen endiklerimizi özi bilen bile alyp gitjege meñzeýär... Indi dost-ýarlarymyza sataşanymyzda öñki ýaly mähirli gujaklaşmalary, şapbada-şupba ogşaşmalary we ş.m. tüýs ýürekden çykýan mähir-muhabbetli hereketleri uzak-uzak wagtlap edip bilmeris… Ýolda barýarkak tanyş-bilişlerimizi görende ikitaraplaýyn "Sal-am-mm!" diýşenden soñ gujaklaşyp ogşaşmak adatymyzdyr, emma biz bu işi mundan beýläk makul çäkde tutmaly bolarys, ogşaşma bölümini we posany gondurjak ýerimizi hem-de wagtymyzy süýkdürip-sarkdyryp durmarys... Şapbada-şupba ogşaşmagyñ hezilini görenler birmahallaryñ kommunist liderleridi… Olar biri-birleriniñ ýañagyny ýöne ogşap oñaýmazlardy, dodaklaryny berk gysyp we birnäçe sekuntlap leb-lebe ýapyşdyryp posa alşarlardy! Haýy gidip waýy galan, bir aýagy görde iki adamyñ halkyñ gözüniñ alnynda öñküleriñ "dil urşy" diýen şeklinde dodaklaryny biri-biriniñkä geýdirip durşuny göz öñüne getiriñ! Belkäm, ýüregñiz bulanar we "Äý-wäýeý!" diýip kelläñizi başga tarapa öwrersiñiz, ýa-da ýedi ýoluñ ortasyna dikilgazyk bolup duran bu alasamsyklaryñ bolşuna seredip gülmäge başlarsyñyz, her ikisi-de bolup biläýjek zat… Adama öpüşmegi ýigrendirip biljek şular ýaly mähir-muhabbet görnüşine syýasat terninologiýasynda “sosialist doganlyk posasy” diýilýär. Baryp-ha, geçen asyryñ 30-njy ýyllarynda Staliniñ döwründe giñden ýaýran bu nysak 1964-1982-nji ýyllarda SSSR-e ýolbaşçylyk eden Leonid Brežnewiñ goluna düşen bir "samsygyñ", ýagny kommunist lideriñ dodagyndan öpmäge ymtylmagy bütin dünýäniñ ünsüni özüne çekdi. Onuñ posa sahnasyny dünýä jemgyýetçiliginiñ bir bölegi gülüp tomaşa etse, galan beýleki bölegi señriklerini ýygryp haýran galmak bilen synlady. Sowet liderleriniñ dodakdan aslyşyp öpüşip bilmedik ýeke-täk kommunist lideri Hytaýyñ meşhur Mao Szedunydyr... Moskwanyñ Brežnewden öñki ketdesi we şol bir görnüşdäki dodakdan aslyşmaga höwesgär Nikita Hruşýow 1959-njy ýylda Pekine gidende Mao bilen duşuşanda dodagyny Maonyñ dodagyna ýetirmek üçin öñe omzanda, Mao bir ädim yza çekilip, Hruşýowyñ islegini puja çykarypdy we olar diñe elleşmek bilen oñmaly bolupdy… SSSR-iñ hökmürowanlyk süren döwründe "sosialist doganlyk posasy" diýilýän dodakdan ogşaşma däbine ýolbaşçylaryñ aýallary-da hökmany suratda eýeräýmelidi. Muña mysal edip Gündogar Germaniýa respublikasynyñ döredilmeginiñ otuz ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýrama gatnaşmak üçin Gündogar Berline giden Leonid Brežnewiñ we Gündogar Germaniýanyñ döwlet ýolbaşçysy Erik Honnekeriñ 1979-njy ýylyñ 7-nji oktýabryndaky ogşaşygyny "sosialist doganlyk posasynyñ" klassyky nusgasy hökmünde görkezse bolar. Fransuz fotosuratçysy Regis Bosunyñ gözüne ilen bu pursat birnäçe ýyllap syýasat dünýäsine-de, satira dünýäsine-de ýañsy temasy bolup hyzmat etdi, bu - Berlin diwarynyñ ýykylmagynyñ yzysüre, 1990-njy ýylda diwaryñ gündogar bölegine graffiti (diwar suraty) hökmünde-de çekildi, çekilen surat graffiti sungatynyñ ajaýyp nusgasy hasaplandy. Mysal getirlen beýleki "kommunist posalarynyñ" suratlarynyñam nirede we haçan düşürlendigini her biriniñ aşagyna ýazylan ýazgydan görüp bilersiñiz… Bu nysagyñ SSSR-iñ çäginde häzirem dowam edýändigini hyýalyñyza getirip görüñ: adamlar şapbada-şupba ogşaşdygyça koronawirus Gündogar blogyny boýdan-başa çepbe çöwrüp taşlardy! Myrat BARDAKÇY. "HABERTÜRK" gazeti, 25.04.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |