20:41 Myrat Orazmuhammedowyñ degişmelerinden | |
MYRAT ORAZMUHAMMEDOWYŇ DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
■ Dellekhanada Bir gün Myrat dellekhana baryp, dellege degişme bilen ýüzlenip: — Inim, meniň saçymy deň iki bölüp, keýwany tanamaz derejede bejer!— diýipdir. Dellekçi ýigit hem degişgen ekeni, ol biraz salym Myradyň saçyna dümtünen bolup: —Agam, meni bagyşlaň, men saçyňyzy bejerip biljek däl! Sebäbi sa-çyňyzyň tarlarynyň sany jübüt däl ekeni — diýipdir. ■ «Aýna bilen gürleşdim» Bir gün aýaly Myrada garap: — Waý, Myrat, esli wagtdan bäri maňa tiňkäňi dikip dursuň welin, bir zat diýjek bolýaňmy? — diýipdir. Onda Myrat: — Keýwany, men ýap-ýaňy saňa diýmeli sözlerimi gürläp-gürläp, içimi boşatdym. Aýaly: — Nirede? — diýip soranda, Myrat gülüp: — Içki jaýdaky aýnanyň öňünde — diýip jogap beren. ■ Açylan syr Bir gün Myrat gahary gelip, ýanynda oturan dostuny günäkärleýär: — Menem gel-gel, saňa dagy syrymy ynanypdyryn diýsene. Şu wagta çenli dost bolup gezsek-de, seniň beýle ýagdaýyň bardygyny bilmändirin. Asyl sen syr saklap bil- meýän ekeniň-ä. Onda dosty: — Wah, men syrsaklap bilýän-le. Ýöne menden eşidenler syr saklap bilenok-da — diýip jogap beripdir. ■ Çykalga Bir gün teatrda sahna gidip durka Myradyň ýasama murtunyň bir tarapy gopaýýar. Ol diňşirgenen bolup, «Meni biri çagyrýar öýdýän diýip perdäniň aňyrsyna geçýär. Emma grimçini tapmaýar-da, murtunyň beýleki çetini hem aýryp, yzyna dolanýar. Sahnada aýalynyň keşbini döredip duran kärdeşi bu ýagdaýy bildirmejek bolup: — Kim çagyrýar eken — diýip, oňa ýüzlenýär. Myrat: — Hiç-le, sertaraş gelipdir — diýip, bu ýagdaýdan aňsatlyk bilen çykalga tapýar. Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |