00:00 Sen hakdaky aýdymym | |
SEN HAKDAKY AÝDYMYM
Sanlyja günlerden bararyn ýene, Bararyn şol öñki aýdymym aýdyp. Aýratyn gün bolar ömürlik sene, Tagma bolup galar aýrylmaz gaýdyp. Ýeke bagy birje görmek arzuwym, Aýly gije oturaýyn astynda. Sen hakynda ähli aýdan aýdymym, Aýtjaklarym gaýtalanmaz waspyñda. Aljyrarsyñ, tolgunarsyñ aşa sen, Köçäniñ ugrunda kändir adamlar. Meniñ hol añyrda duranym duýup, Ýele yralanar gülli badamlar. Şonuñ üçin gözlerimde söýgim meñ, Ony añyp biler söýen adamlar. Söýgiñ nämeligin bilerler aýdyp, Diñe söýgiñ ataşyny dadanlar. Şamyrat MUHAMMETGURBANOW. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |