DÜNÝÄNIÑ TÄSIN SUW ÇÜWDÜRIMLERI
■ Suw çüwdüriminiñ taryhy
Häzirki zaman binagärlik bezegi bolan suw çüwdürimlerini görmeýän we bilmeýän, meger ýok bolsa gerek. Eýsem, ol haçan we nädip döredikä?! Ilkinji gezek nirede ulanyldyka?!
Suw çüwdürimine dünýäniñ köp ýurtlarynda "fontan" diýilýändiiginden köpimiz habarly bolsak gerek. Bu söz latynça "Fons" we "tainos" sözlerinden gelip çykyp, basyş bilen çüwdürilmek diýmegi añladýar. Ol adaty suwy aşakdan ýokarlygyna hereketlendirmek we dürli hili şekilleri döretmek üçin niýetlenilýär.
Suw çüwdürimleri aýratyn hem XIX asyryñ ikinji ýarymynda giñden ulanylmaga başlanypdyr. Orta asyrlarda, esasan-da, haýwan şekillerine meñzeş ýasalan suw çüwdürimleri kümüş we bürünç bilen örtülipdir. Fransiýada Wersal köşgüniñ bakjasynda suw çüwdürimleri bezeg üçin goýlupdyr. VII-VIII asyrlarda Rimde ulanylan suw çüwdürimleri Italiýada arhitektura-binagärlik sungatynyñ ösendiginden habar berýär.
Has uly suw çüwdürimleri 1951-nji ýylda Şweýsariýanyñ Ženewa şäherinde guruldy. Suwy 260 metr ýokarlygyna ugrukdyrýan çüwdürim 1985-nji ýylda Gyzyl deñziñ üstünde guruldy we ol şu wagt hem hereket edýär.
XIX asyryñ ahyrlarynda öý içinde ulanylýan suw çüwdürimleri bezeg üçin şäher ýerlerinde ulanylyp başlandy. 1951-nji ýylda Ženewa kölüniñ üstünde gurlan çüwdürimde suw 140 metre çenli ýokarlygyna zyñylýar. Suw çüwdürimleri biziñ günlerimizde-de bezeg işleri we howany çyglandyrmak we sowatmak üçin ulanylýar. Suw çüwdürimler aýdymyñ aýdylyş äheñine, saza görä hereket edýär hem-de çyralar bilen her hili reñke girýär. Bu suw çüwdürimleri kompýuterleriñ kömegi bilen dolandyrylýar.
■ Dünýäniñ iñ uly suw çüwdürimi
Häzirki wagtda biziñ ýurdumyzda suw çüwdürimleriniñ onlarçasy paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda ýerleşýär. Gojaman Hazaryñ merjen kenarynda ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda saz bilen hereket edýän suw çüwdürimleri köpleri haýrana goýýar. Mundan başga-da, şeýle uly desgalaryñ biri, paýtagtymyzda ýerleşýän "Oguzhan" suw çüwdürimler toplumydyr.
"Oguzhan" suw çüwdürimler toplumy 2008-nji ýylyñ 29-njy iýunynda açyldy. 2010-njy ýylda bolsa bu iñ uly suw çüwdürimler toplumy hökmünde Ginnesiñ rekordlar kitabyna girizildi. Bu toplum 15 gektar ýer eýeleýär, 27 reñkli çyrajyklar bolsa suw çüwdürimine aýratyn bezeg berýär. Aşgabat şäheriniñ görküne görk goşýan suw çüwdürimler toplumynyñ çyrajyklarynyñ Gün energiýasynyñ kömegi bilen işleýändigini aýratyn bellemelidiris.
Taýýarlan: Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
Geň-taňsy wakalar