13:09 Namysyň derejesi | |
NAMYSYÑ DEREJESI
Goşgular
![]() Sada ýigit ynanypdy "dost" diýip, Bilmän ynam-ygtykatyň çägini. "Dost" diýilýän bet niýete has uýup, Duzun iýip, azdyrypdy gäbini. Onuň maşgalasyn alyp nazara, Gözlerini çarhlap, ogryn bakýardy. (Galam titireýär yzyn ýazara), Bolşy gelne günbe-günden ýakýardy. ...Gyzgyn posalaryň haram lezzeti Ikisiniň ygtyýaryn alypdy. Işikde duranyň köňül ezýeti Ynamyn ýer bilen ýegsan kylypdy. Wejera görnüşe gahar gaýnady, Go:mlaryň içinde urdy küregi. Aşhana pyçagy elde oýnady, Ildirdi ujyna iki ýüregi. "Bar-diýýärler-herki işiň alajy", Bu söz düşer daryganlaň ýadyna. Obaň çetindäki igde agajy Hem gulaç ýüp ýetdi onuň "dadyna". Sada ýigit arman bilen gitmedi, Ýumulgydy dideleri-gabagy. Namys onuň abraýyn dikledi Ýykyp-ýumrup "ahmyr" atly gabawy. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||