11:09 Gutlag | |
GUTLAG
Gutlaglar
Gadyrdan dostlar, doganlar, uýalar! Aralykda sanly sagatlyk pursat galan Täze ýyl Aýaz babanyň şekilinde gapynyň eltutaryna gol uzatmaga taýynlanyp dur. Onuň horjunynyň gözlerini ýarara getirip, parahatçylyk, saglyk, yrsgallylyk, agzybirlik, abadançylyk, bolçulyk, şowlulyk, wagtyhoşluk... simwollary çogup çykyp dur. Ony gözlerimiz görsün, göwnümiz duýsun, ýüregimiz syzsyn. Törümizde mesgen eýlesin. Saýlasyn ykbal ajap alamatlarda bizi. Ýüzi her kişiniň şatlyk nuruna çaýylsyn. Aýylsyn gam-gussa zerarly aýlanan başlar. Gyşlar öz paslyna mynasyp bolsun. Dolsun göwunlere rahatlyk. Sahawatlyk her ynsanyň adamkärçilik daýanjy bolssun. Salsyn bagt hemişe saýa. Öýe münewwer nury çaýylsyn. Ýaýylsyn saçaklara bereket nygmaty. Gymmaty artsyn ynsanyň-ynsana. Pynhana bolmasyn dostlara ak niýetiňiz. Kitapcy saýtynyň eziz agzalary we oňa dahylly bolup durýan adamlar, täze mübärek ýylyňyz gutly bol-a! | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||