19:13 Nawalnynyñ ölümi Putine nähili netijeleri berip biler? | |
NAWALNYNYÑ ÖLÜMI PUTINE NÄHILI ISLENMEÝÄN NETIJELERI BERIP BILER?
Publisistika
Kreml onuñ ölüminiñ oppozision aktiwizm bilen meşgullanýanlaryñ gözüni gorkuzmaga ýeterlik boljakdygyny umyt etse-de, hakykatda bu, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysyny gazaply tankyt eden adamy gahryman we şehit derejesine çykarýar. Nawalnynyñ 2021-nji ýylda Russiýa gaýdyp gelmegi, garalanan adamdygyny bilýän biriniñ gözünden adatdan daşary batyrgaýlygyñ nusgasydy (AP) Alekseý Nawalnynyñ ykbalynyñ Sibirde zäherlenendigine şübhe bildirilen wakadan soñ Germaniýada alan bäş aýlyk bejergisinden we sagalyş döwründen soñ Russiýa gaýdyp gelmegi makul bilen 2021-nji ýylyñ 17-nji ýanwar güni kesgitlenendigini aýdyp bolar. Onuñ gaýdyp gelmegi garalanan adamdygyny bilip duranam bolsa, özüni hemme zatdan ötri rus hasaplaýan, gözenegiñ añyrsynda oturan wagtynda-da borjuny we geljegini diñe mähriban watanynda görýän biriniñ adatdan daşary gaýduwsyzlygynyñ nusgasydy. Ölümine döwletiñ goldawy bilen edilen jana kast edişlik hökmünde baha berip bolar. Kreml ýa-da has takyk aýdanda Wladimir Putin Nawalnyny (adyny asla agzamaýan adamy) aradan aýyrmagy ymykly niýetine düwüpdi, hatda bu gara niýet birinji synanyşygyñ professional pähim-paýhasa eýe pilot we we Omskdaky çakgan pikirlenip bilýän saglyk topary tarapyndan öñi alynmagyndan son hasam güýjedi. Nawalnyñ doly ýagdaýda nähili we näme sebäpli ölendiginu anyklamak hökmany. Onuñ oturan türmesiniñ ýolbaşçylary gyssagly ýagdaýda gan lagtalanmagyny sebäp görkezýãn we tebigy sebäpleri öñe sürýän (şeýle diýen-ä bolýarlar!) beýanaty berdiler. Bärde inkär edip bolmajak bir zat bar, olam - Nawalnynyñ oppozisiýa bermäge wagty ýok zalym sistemanyñ gurbany bolandygy. Ýylyñ iñ sowuk wagty bolan dekabr aýynda çola türmeleriñ birine geçirilmegi, maşgalasynyñ we egindeşleriniñem aýdyşy ýaly saglygy ýaramazlaşyp barýan adam üçin özbaşyna ölüm jezasydy. Asly amerikan britaniýaly işewür Bill Browderiñ 2009-njy ýylda Moskwadaky türmede seresapsyzlyk netijesinde pankreatitden ölen buhgalteri Sergeý Magnitskiñem başyna gelenler edil şunuñ ýalydy. Rus türmesinde ölmek üçin hiç kimsäñ kanuny ýa-da bikanun ölüm jezasyna höküm edilmegi gerek däl. Saglygy şonsuzam öwerlik däl biri üçin galanyny ýaramaz şertler alyp çykýar. Eýsem Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Nawalnynyñ ölüminden peýda gazanyp bilermi? Putin iñ güýçli garşydaşyny ýitirdi, emma Nawalnynyñ ölümi onuñ pozisiýasyny güýçlendirýärmi ýa-da gowşadýar? Nawalnyý Russiýanyñ mundan öñ duşmadyk görnüşinde zamanabap pozisiýadaky syýasatçydy ýa-da şeýle birine öwrüldi. Alekseý we onuñ ýaş topary zamanabap mediýanyñ ussatlarydy. Başlangyçda ýerli korrupsiýa meseleleri boýunça göreş alyp baran Nawalnyý rus jemgyýetiniñ gaty köp gatlagyndan goldaw we garşylyk gördi. Geografiki taýdan we sosial synplaryñ arasynda Kremliñ beýleki garşydaşlaryndan has tapawutly orna eýedi. 2013-nji ýylda Moskwa şäher sowetiniñ başlyklygyna kandidaturasyny goýanda, güýjüni synamaga rugsat berilen bu seýrek saýlawlaryñ birinde sesleriñ 27%-ni almagy, geñ galdyryjy derejededäki güýçli netije hasaplandy. Öñümizdäki mart aýynyñ ortasynda geçiriljek saýlawlarda Putiniñ täzeden prezident saýlanjakdygyna şek-şübhe ýok. Türmede oturan Nawalnynyñ mundan beýläk saýlawlara gatnaşyp bilmejegi görnüp duran zat. Şeýle-de bolsa onuñ ölümi Putin üçin islenmeýän düýpli netijelere getirip biler. Kreml onuñ ölüminiñ oppozision aktiwizm bilen meşgullanýanlaryñ gözüni gorkuzmaga ýeterlik boljakdygyny umyt etse-de, hakykatda bu, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysyny gazaply tankyt eden adamy gahryman we şehit derejesine çykarýar. Adam hökmündäki kemçiliklerinden we syýasy gowşaklyklardan arassalanar. Onuñ yzynda diñe ykballaryny gaty köp ugurdan yzarlaýan ýaly görünýän sowet döwrüniñ oppozisionerleriniñ panteonyna goşulan kir-kimirsiz oppozisioneriñ portreti galar. Ýogsa-da, onuñ ölüminden nämüçin indi habardar edilýäris? Kreml Nawalnynyñ ölüminiñ arasyna salynan wagtyñ öz at-abraýy we dünýädäki iş azatlygynyñ üstýnde birmahalky bolşy ýaly ýaramaz täsir döretmejegine ynanýan bolmaly. Olaryñka ýalñyş diýip bolmaýar. Russiýanyñ iki ýyl mundan öñ Ukraina çozmagynyñ yzyndan ABŞ-nyñ we Ýewrobileleşigiñ girizen dürli sanksiýalarynyñ we adaty söwda gatnaşyklary bilen adaty diplomatiki gatnaşyklaryñ iş ýüzünde doly soñlanmagy bilen birlikde Günbataryñ Russiýa garşy indiden beýläk batyrynyp biljek zady ýok. Emma Nawalnynyñ Russiýanyñ iñ ýowuz şertli hasaplanýan türmesinde ölmegini Putin režiminiñ rehim-şepagatsyz tebigatynyñ subutnamasy hökmünde görkezip bolar. Bu barada halkara forumlarda hökman gürrüñ gozgalmaly. Birnäçe kişi üçin Ukrainadaky uruş Kremliñ duşmanlaryna nähili çemeleşýändigini görkezýän ýeterlik subutnamany bireýýäm berdi. Gorkudan ýa-da ýalñyş ugrukdyrylan wepalylykdan ýaña ruslar soñky iki ýyl bäri bir baýdagyñ astynda jemlenişýär. Nawalnyý häzirlikçe Russiýadan has beter Günbataryñ şehidi bolar. Bu ýagdaýyñ üýtgemegini umyt edeliñ. Şeýle-de, Birleşen Korollyk (BK) Nawalnyý ýaly mejbur bolmasa-da, ýurduna dolanmagy makul bilen başga bir oppozisioneriñ azatlygyny mümkin bolan iñ güýçli formada talap etmek üçin diplomatiki güýjünden näme galan bolsa ulanjak bolmaly. Russiýanyñ we BK-yñ raýaty bolan we ukrain uruşyna garşy gidýänleriñem arasynda ýer alan Wladimir Kara-Murza syýasy aýyplamalar bilen geçen ýyl 25 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Nawalnyý ýaly onuñam saglyk ýagdaýynyñ peselýändigi aýdylýar. Nawalnyny halas etmek indi giç, emma onuñ ölümi BK-y Kara-Murza üçin çakgan hereket etmäge tijendirmeli. Meri DEŽEWSKI, @IndyVoices Sişenbe, 20.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |