01:30 Hytaýdaky protestler Günbatar üçin nämäni añladýar? | |
HYTAÝDAKY PROTESTLER GÜNBATAR ÜÇIN NÄMÄNI AÑLADÝAR?
Publisistika
Munuñ özi 1989-njy ýyldaky Týananmen protestlerinden bäri ýurdy sarsdyran iñ uly we iñ guramaçylykly çaýkanşyk. Galapyn kowid karantinlerini nyşana alan protest demonstrasiýalary tomusdan bäri yzygidersiz bolup duranam bolsa, mundan beýläk hasam gerimi giñejege we ýygjamlaşjaga meñzeýär. (AP) Ukrainadaky gandöküşlige we ýykgynçylyga, Siriýada we onuñ töwereginde bolýan çaknyşyklara, Eýranda 10 hepde bäri dowam edip duran gapma-garşylyklara seredilende, Ýewropanyñ gündogary we añyrsyndaky sebitiñ göräýmäge nämälimligiñ içinde. Şindi hersi-de daş-töweregine syçrama ähtimallygyna eýe bu üç taraply çaknyşyklara dünýäniiñ iñ köp ilatly ýurdundaky çaýkanşyk ähtimapy bilen bir hatarda global möçberi-de goşulmaly. Geçen hepde Hytaýda bolup geçen haý-haýly wakalar hakda daşarky dünýäni ilkinji bolup habardar eden, sosial mediýada paýlaşylandan soñ ýapylan el telefonynyñ ýazgylary boldy. Şanhaýyñ köçelerini dolduran gahar-gazaply köpçülik hytaýlylaryñ Kommunistik partiýasynyñ häkimiýetiniñ soñlanmagyny we partiýanyñ başlygy Si Szinpiniñ işden giderilmegi üçin gygyryşýandyklary görülýärdi. Hökümete garşy bular ýaly aç-açan çykyş Hytaýda öñ günde-günaşa bolup durmasa-da, indi has köp gaýtalanjaga we ýurduñ has uly böleginde ýüze çykjaga meñzeýär. Hytaý iñ baý we iñ kosmolotik şäherindäki demonstratlaryñ ilkinji uçguny 3 müñ 200 kilometrden has daşda, ýurduñ iñ günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyñ Urumçi şäherinde dörän ýangynda ölenler boldy. Gahar-gazap şol wagt güýjünde galan karantin çäresi bolmadyk bolsa dagy gurban bolanlary halas edip bilme umydy bilen gyzyşjaga meñzeýärdi. Şuña meñzeş protestler Pekin bilen bir hatarda Hytaýyñ birnäçe şäherinde ýüze çykdy. Käbir ýerlerde demonstrator kowid bahanasy bilen ele salynmakdan gaçmak üçin ýyrtan çit matalaryny we barýerleri ýarag hökmünde ulandy. Görlüşi ýaly bu, 1989-njy ýyldaky Týananmen protestlerinden bäri ýurdy sarsdyran iñ uly we iñ guramaçylykly çaýkanşyk. Elbetde, tapawutlylyklary bar. Týananmen protestlerine soñky tapgyrlarda işçiler gatnaşanam bolsa, ilkibaşda we dowamynda uly möçberde ýaşlar protestleriniñ çarçuwasynda galdy. Protestler iñ soñky derejede syýasy we oppozision häsiýetdedi, häkimiýetdäki partiýanyñ hökmany suratda agdarylmagyny maksat edinmese-de, sistemanyñ demokratiýalaşmagy üçin çagyryşlar edilýärdi. Munuñ bilen birlikde Kommunistik partiýanyñ ýolbaşçylygynyñ basgançaklarynda protestleriñ maksady has beter özleriniñ agdarylmagy diýip hasapladylar. Yzynyñ name bilen gutarandygy mälim: adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, goşun bölümlerini Pekine ýerleşdirdiler, tanklar Pekiniñ orra-ortasyndan geçip, häzire çenli sany belli bolman adamlaryñ wepat bolmagyna sebäp boldy. Otuz ýyldan soñ belli karara gelmegiñ kyndygy - soñky çaýkanşygyñ negadarynyñ hökümetiñ dowam edýän "0 kowid" syýasatyna garşy halkyñ ýadawlygyny alamatlandyrýandygy (we şu sebäpli belki-de düzgünleriñ biraz gowşadylmagy bilen kiparladyp boljakdygy) hem-de negadarynyñ ygtyýarlylar, esasanam, jemgyýetçilik tertip-düzgüni üçin has howply ýagdaýa öwrülip biljek has giñ bimazaçylygy görkezýändigidir. Şumada çenli bu anyk däl. Galapyn kowid karantinlerini nyşana alan protest demonstrasiýalary tomusdan bäri yzygidersiz bolup duranam bolsa, mundan beýläk hasam gerimi giñejege we ýygjamlaşjaga meñzeýär. Iñ gazaply hadysalardan käbiri iki hepde öñ "Foxconn" kompaniýasynyñ Çžençžou şäherindäki äpet "Apple iPhone" zawodynda ýüze çykdy. Bu ýerdäki gönüden-göni sebäp göräýmäge aýlygyñ üstünde çykan oñşuksyzlyk ýaly görünse-de, kowid çäklendirmeleri-de esasy sebäpleriñ biridi: müñlerçe işçi lagere meñzeş şertlerde ýaşamaga mejbur edildi, şol sanda işde ýatyp-turup, şäheriñ beýleki ýerlerine we öýlerine goýberilmän, karantinde saklandylar. Soñky protestler inişli-çykyşly bolsa-da, her biri birmahalky Týananmen meýdanynda ýatyp-turan bir million adamdan azdygyna garamazdan, (munuñ özi, belkäm, ygtyýarlylaryñ olara hasam añsat haý-küş etmegini üpjün edýär), çakganlaşýar, ýaýraýar we Si Szinpiniñ gitmegi üçin edilýän çagyryşlar bilen ýurt möçberli syýasy agyrlyk gazanýar. Aýratynam, Szinpiniñ geçen aý üçünji bäş ýyllygyna täzeden saýlanyp rekord goýmagy bilen doly durnukly görünýän liderlik şahsy düzümi bilen aşakdan eşdilýän nägilelikleriñ ýüze çykmagynyñ arasynda-da terslik bar. Çaýkanşygyñ haýsy tarapa özgerjegi, hatda geriminiñ giñäp-giñemejegi we eger giñese Pekindäki ygtyýarlylaryñ bu boýunça nähili karara geljekdigi anyk belli dälem bolsa (meñ pikirimçe ýalñyş görnüşde) ähli hünärmen çaklamalarynyñ diýen ýaly hasabyna goşulmadyk urdumşalyk spektraly (howatyry) bärde - Hytaýda bar. Hytaý merkezden çetdäki uýgur we tibetli azlyklaryñ talaplaryny basyp ýatyrmak bilen ösüşini köp derejede parahatçylykly ýagdaýda dowam etdirip biler. Emma ykdysady we syýasy dartgynlylyklar güýjäberse, merkeziñ çydam edip biljekdigi belli däl. 1989-njy ýylda Mihail Gorbaçýowyñ ýanynda Pekine giden we öñki SSSR-iñ Hytaý boýunça hünärmeni bolan adamlardan biriniñ maña aýdanlaryny hiç ýadymdan çykaramok. Hytaýyñ nähili özgerendigine haýran galmak bilen birlikde, ýurduñ 1917-nji ýyldaky Oktýabr rewolýusiýasyny hasaba almanda-da, heniz Russiýanyñ 1905-nji ýyldaky rewolýusiýasy ýaly öwrülişigi başdan geçirmändigini öñe sürüp, muny özüçe rasionallaşdyrypdy. Onuñ bu aýdanlaryny ýatdan çykarmasak gowy bolar. Emma Günbatar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada ýaşamaga nesibesi çüwen (eýýäm segsen ýyl bäri parahatçylygyñ we öñdengörüjiligiñ keýpini görýän, dije Berlin diwarynyñ höwes bilen ýykylmagy we daşdan exilen ownuk keýpli uruşlar bilen arasy kesilen) biziñ golaýda has başly-barat dünýä bilen ýüzbe-ýüz boljakdygymyzyñ ähtimallygyny-da ýatda saklasak zyýan etmez. Ukrainadaky urşuñ nähili ýa-da haçan soñlanjagy, hatda haýsy ugra gönügip gutarjagy belli däl. Munuñ bütin Ýewropa kontinentine heniz nämälimligine galýan täsirleri bolup biler. Eýranyñ durmuşy bir duran ýerinde dur: Russiýa demirgazykdan, Yrak günbatardan, Owganystan gündogardan üstüne çökýär, bu ýurtlaryñ hiç biri-de ne-hä asudalygy, ne-de gelejegi boýunça belli ugruny kesgitläp bilýär. Hytaýdaky protestler basyp ýatyrylaýan ýa-da öz-özünden kiparlaýan ýagdaýynda-da, barybir duýduryjy signal bolmagynda galýar. Hytaý ykdysady mugjyzasyny köp möçberde amala aşyrdy. Ol özüni agramly regional güýç bolmaýa taýýarlap biler. Emma bu äpet ýurduñ geljegi-de Gonkong we Taiwan babatdaky gysga wagtlaýyn pikirleri ýaly nämälimigine galýar. Russiýany-da ýatdan çykarmaly däl. Ukrainadaky haýsydyr bir netijäniñ Russiýa nähili täsirini ýetirjegi heniz belli däl. Harby ýeñlişler režim we jogapkär saýylýan lider üçin howp abandyrýar. Russiýa eýdip-beýdip yeñşini kepillendiräýen ýagdaýynda-da, munuñ netijesiniñ bölekleýin nähili boljagy häzirden belli: Ummasyz harby ýitgiler, Günbatar dünýäsi tarapyndan birnäçe ýyllaryñ dowamynda çetleşdirilmek, energetika we howpsuzlyk syýasatlaryny Günbatardan daşlaşdyryp, Günbatara tarao täzeden ýöneltmek. Şol sanda Russiýadaky çaýkanşyklary-da göz ýumup bolmaýar. Hytaýda barha ýaýraýan protest habarlary (resmi hytaý mediýasy görmezlige salsa-da) Günbatar dünýäsine ýaýradygyça tolgunmalar we umydygär garaşmalar artdy. Käbirleri Si Szinpiniñ soñunyñ golaýlaşýandygyny we hatda Hytaýyñ demokratiýalaşjakdygyny çak etdi. Bu babatda Hytaýyñ has öñem bolşy ýaly soñky tupanlary-da basyp ýatyryp biljekdigini, hoşniýetlilik bilen "Arap bahary" diýip atlandyrylan we 2010-2012-nji ýyllarda Ýakyn Gündogarda bolup geçen halk gozgalañlarynyñ demokratiýa ýoluna girmek beýlede dursun, ýeke režimi-de belli-külli üýtgetmezden geçip gidendigini aýdýan has oýlanşykly sesler hem orta çykdy. Taryhçylaryñ buri meşhur rewolýusiýalaryñ ýyly 1848-nji ýylyñam inkubasiýa (ýumurtgalaýyş), ýagny, şineleýiş müddetiniñ uzak bolandygyna ünsi çekdi. Bir ýyldan gowrak wagta çekdi. Biz (hususanam mediýa serişdeleri) hemişe we her ýerde has tapgyrlaýyn ösýän prosese öz gysga wagtly XXI asyr tamalarymyzy dikýändigimiz üçin günäkärdiris. Ahyrsoñunda tamamyz ýerine düşäýende-de, netijeler başgarak bolýar. Has makul düşündirişleriñ Hytaý, Eýran we beýleki ýurtlar boýunca hakykatdan-da dogrudygy ýüze çykyp biler. Üstesine üýtgeşmeler has gowulyga tarap gönükmek beýlede dursun, bu golaýlarda amala aşmanam biler. Ýöne munuñ özi, ähtimallygy elimiziñ tersi bilen itmek üçin däl-de, seresaply bolmak üçin sebäp döreder. Ýewropanyñ araçäk zonalarynda uruş dowam edýär, Hytaýda iñ azyndan sosial üýtgeşmeler, Eýranda bolsa gozgalañ signallary bar. Russiýanyñ özem edil şumat daşyndan görnüşi ýaly berk bolman biler. Iñ bolmanda durnuksyzlygyñ dünýäniñ köp ýerini bir wagtyñ özünde sarsdyrmaga başlandygynyñ howpuny pikir edip, elimizden geldigiçe muña taýýar bolmak iñ dogrusydyr. Meri DEŽEWSKI, daşary syýasat boýunça žurnalist / @IndyVoices Duşenbe, 05.12.2022 ý. | |
|