21:33 Ninjiň çaýhanasy / hekaýa | |
NINJIŇ ÇAÝHANASY
Hekaýalar
Edaradaky işlerimi taşlap, özüme çaýhana açyndym. Bizde «Gyrmyldan gyr aşar» diýen nakyl bar. Meniň hem adymyň «ýuwaş» diýen manysy bar, şonuň üçinem çaýhanama «Ninjiň çaýhanasy» diýip at goýdum. Çaýhananyň içi ýyljak hemem gelşiklidi, oturgyçlaryň, stollaryň, bulgurlaryň, hatda diwarlarynyň reňki-de kofeniň reňkindedi. Bu gün baýramçylyk günüdi, agşam sagat 21:00-da bärik gaty kän adam geldi, ol hem şolaryň arasyndady. Şu wagtky ýaly ýadymda, onuň egninde gök reňkli ýapynjasy bardy. Ol aýnanyň öňündäki stollaryň birinde oturdy-da, bir bulgur kofe buýurdy. Çaýhananyň içi myhmandan doly hem bolsa, ol ýigit ünsümi özüne çekipdi, sebäbi daşyndan gaty medeniýetli adama meňzeýärdi. Şol gün ol gaty gamgyn görünýärdi, kofe bilen seri ýokdy hemem «Assa giden — uzaga gider» diýen ýazga seredip otyrdy. Men içimden: «Belki, bir aladasy bardyr-da» diýip pikir etdim. Şondan soň ol her gün 21:00-da çaýhanamyza gelip ugrady. Ol, adatdakylary ýaly, gök ýapynjasyny geýip gelerdi-de, aýnanyň öňündäki bir stoly saýlap, bir bulgur kofe buýrardy hemem öz pikirlerine gümra bolardy. Diňe öýüne giden wagty «Sag bol!» diýäýmese, başga hiç zat gürlemezdi. Tomus gelip, howa gün-günden gyzyp ugrady. Ol bu gezek gök ýapynjaly däl-de, gök köýnekli geldi. Ol bir bulgur kofe buýurdy-da: — Siz şol Ninjiň hanym diýýänlerimi? — diýip sorady. — Hawa, siziň öz adyňyz näme? — diýdim. Ol ýylgyrdy-da, ady haşamlanyp ýazylan kagyzy berdi, soňra bolsa ýerine geçip oturdy-da, hiç zat gürlemän, öz kofesi bilen boldy. Şu wakadan soň, ol iki aýlap biziň çaýhanamyza gelmedi, ýöne men her gün oňa 21:00-da garaşýardym. Gowy tanamasam-da, oňa ysnyşanymy duýman galypdyryn. Çaýhanadaky iki sany hyzmatkär gyz köplenç meniň bilen: — Hanym, siz oňa aşyk bolan-a dälsiňiz? — diýip degişýärdi. Men bolsa gülüp: — Tapdyňyz aşyk boljak adamyňyzy. Indi başga işiňiz ýokmy? — diýip jogap berýärdim. Ýöne oňa aşyk bolanymy ýa bolmanymy özümem bilemokdym. Günlerde bir gün maňa bir poçta geldi: ol bir çäýnek bilen bir hatdan ybaratdy. Hatda şeýle diýilýärdi: «Ninjiň — sizi şeýle atlandyrmaga maňa rugsat beriň — birnäçe aý çaýhanaňyzda geçiren günlerim üçin men size örän minnetdar. Siziň kofeňiz hemem çaýhanaňyz maňa örän rahatlyk berdi. Men öň Ninjiň atly bir gyzy söýýärdim, ýöne ol biwepalyk etdide, bir baý adamyň aýaly boldy. Ninjiň, siziň kofeňiz meni hasratly, gamly duýgularymdan alyp çykdy. Şonuň üçinem men size şu çäýnegi sowgat berýän. Men muny Ýewropadakam satyn aldym, halarsyňyz diýip umyt edýän». Haty okap bolanymdan soň, men hem-ä geň galdym, hemem alada etdim. Geň galmagymyň sebäbi — ahyry bu ýigit barada habar eşitdim, alada etmegimiň sebäbi bolsa — gaýdyp ony hiç mahal görmerin öýdüp gorkýardym, sebäbi ol hasratly söýgüsini unudana meňzeýärdi, indi oňa çaýhana gelmegiň geregi ýokdy. Şol gün agşam men onuň sowgat beren çäýneginde kofe demledim. Duýdansyz ýagdaýda, sagat 21:00-da ol geläýdi. Ýigit ýylgyryp, ýanyma geldi-de: — Salam! Bu çäýnegi neneň gördüňiz? Bu tüýs kofe demlenilýän çäýnek bolmaly — diýdi. Men hem oýun edip: — Tagamy diýseň gowy, bir bulgur içermisiňiz? — diýdim. Ol hem gülüp: — Tagamly kofe tapsak, mähirli hyzmatçy tapsak, elbetde, içeris — diýip jogap berdi. Joň ÇIN, Hytaý ýazyjysy Hytaý dilinden terjime eden: Mukam HEZZIÝEW, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy. #"dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |