NOHUR HOJALARY
(hoja tiresiniñ taryhy kökleri we hojalaryñ görkezen keramatlary baradaky rowaýatlar)
■ Hoja tiresiniñ gelip çykyşy
Türkmen halkynyñ taryhy gelip çykyşyny öwreneniñde, tire-taýpalaryñ hemmesiniñem biri-biri bilen utgaşykly integrasiýada bolandygyny görmek mümkin. Munuñ diñe tire-taýpalarda däl-de, halklaryñ etniki taýdan baglanyşygyny öwreneniñde-de şeýledigini görmek bolýar.
Türkmen halkynyñ iri taýpasynyñ biri bolan nohurlylar hem şol umumylyga degişlidir. Mysal üçin nohurlylarda öwezgeldi, garadaşly tireleri bar. Bu iki tiräniñ gelip çykyşyny yzarlasañ, olar ýemrelilere baryp direýär. Ýa bolmasa bahar tiresiniñ kökleri garagoýunly türkmenlere we baharly taýpasyna çenli uzaýar. Munuñ özi nohurlylaryñ geçmişde salyrlar ýaly konfederasiýa režiminde ýaşandygyna güwä geçýär. Nohurlylaryñ hoja tiresi-de "nohur konfederasiýasynyñ" düzümini emele getiren iri tireleriñ biridir.
Bütin Türkmenistandaky hojalar ýaly nohur hojalary hem özlerini Hezreti Muhammet Pygamberiñ (s.a.w) gyzy Patma (r.a) bilen Pygamberimiziñ doganoglany Hezreti Alynyñ (r.a) nikasyndan bolan nesillerinden hasaplaýarlar. Ýöne Nohur hojalary öz şejerelerine laýyklykda üç topara bölünýärler. Ol toparlaryñ biri (Eýran hojalary) häzir kümmeti Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ Hojagala obasynda ýatan Seýit Nejepiniñ nesillerindendir. Kümmetiñ üstündäki plitanyñ ýüzünde saklanyp galan ýazgyda 1726-1727-nji ýyllar görkezilipdir. Hywa hojalarynyñ genealogiýasy bolsa Şyh Şerepden başlanýar. Şyh Şerebiñ ady Abulgazy Bahadyr hanyñ "Şejerei Terakime" ("Türkmenleriñ şejeresi") atly ylmy traktatynda Ärsary baýyñ döwürdeşidigi we oña "Muin-al murid" ("Müritlere gollanma) kitabyny ýazyp berendigi barada agzalýar. Häzir Nohur obasynda Şyh Şerebiñ zyýarat edilýän kümmeti bar. Bu ýerde köne Ürgenç Şyh Şerebiñ ady dakylan nesli (ýa-da ýegeni) jaýlanypdyr diýip hasap edýärler (käbir hojalaryñ pikiriçe, Nohurda jaýlanan Şyh Şerep olaryñ urug baştutanydyr). Üçünji topar, ýagny "ekme" hojalar Eýranda jaýlanan Seýit Büzrügiñ nesilleri hasaplanýar.
Seýit Nejepi, Seýit Jemaleddin we Seýit Büzrük üçüsi dogan bolupdyr. Seýit Jemaleddiniñ Ahal welaýatynyñ Ak bugdaý etrabynda kümmetiniñ bardygyny köpüñiz bilýän bolsañyz gerek.
Eýran we Hywa hojalary "ekme" hojalary öz garyndaşlary hasaplaýar. Emma Eýran hojalary (esasanam uly ýaşly nesil) Hywa hojalaryny öz garyndaşy hasaplamaýarlar. Hywa hojalary olary öz garyndaşy hasap etjek bolup duranoklar. Bu toparlaryñ biri-birinden aýrybaşgalaşmagy olaryñ nebere mazarçylyklarynyñ ozal dürli-dürli ýerlerde bolanlygyndan-da görünýär. Hywa hojalary ölülerini obanyñ ortarasyndaky köne mazarçylykda Şyh Şerebiñ guburynyñ töwereginde jaýlaýan ekenler; Eýran hojalary ölülerini öz ata-babalarynyñ jaýlanan ýeri bolan Gümmez Öwlüýä hüjresiniñ töwereginde jaýlaýan ekenler. "Ekme" hojalar bilen Eýran hojalarynyñ mazarçylygy bolsa umumy bolupdyr.
Nohur ýaşulylary Eýran hojalary bilen Hywa hojalarynyñ biri-birinden aýrybaşgalaşmagynyñ sebäplerini düşündirenlerinde XIX asyryñ ahyrynda Nohurda Goçmyrat ahun bilen aralarynda dörän sowuklyga baglanyşdyrýarlar.
Nohur hojalary häzirki wagtda Baharly etrabynyñ Nohur, Magtymguly etrabynyñ Kürüždeý we Durdyhan obalarynda köpçülikleýin ýaşaýarlar. Hojalaryñ özboluşly dini garaýyşlary bar. Nohur hojalary özlerini beýleki tirelerden aýry tutjak bolup durmaýar. Gyz bermek we gyz almak meselesinde olar beýleki tireler bilen doly garyndaşlyk gatnaşygyny saklaýarlar. Muña garamazdan häzirki wagtda Mary welaýatynda ýaşaýan hojalaryñ köpüsi munuñ tersine we oñardyklaryndan beýleki tireler bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açmakdan gaça durýarlar.
Nohur hojalarynyñ özboluşly dini garaýyşlaryny öwrenmek üçin ýeke-täk çeşme il arasynda aýdylýan gürrüñlerdir. Şeýle hem nohur hojalary barada rus alymy W.N.Basilowyñ "Yslamda keramatlylar kulty" kitabynda agzalyp geçilýär.
Geliñ, il arasynda dilden-dile geçip aýdylýan gürrüñlere we ýokarda ady geçen kitaba esaslanyp toplan gyzykly maglumatlarymyzyñ käbirini bilelikde okalyñ.
■ Bugdaý orup desse baglaýan jynlar
Bir baýyñ uly bugdaý meýdany bar ekeni. Şyh Şerep gedaý geýimini geýip, onuñ ýanyna baryp: "Orakçy gerekmi?" diýip sorapdyr. "Gerek. Seniñ ýeke özüñ köp iş edip bilmersiñ, şonuñ üçin gyrasyndan bir zolak oraý" diýipdir-de, öýüne gidip, Şyh Şerep üçin çal bilen çörek alyp gelipdir. Görse bugdaý meýdany bütinleý diýen ýaly orlupdyr, diñe ortarasynda bir azajyk ýer galypdyr, Şyh Şerebiñ özi bolsa depäniñ üstünde otyr. Baý oña çal bilen çöregi uzadypdyr-da, bugdaýly meýdana göz aýlapdyr: görse bugdaýyñ öz-özi orlup, desse baglanýae ekeni. Baý oña geñ galyp, öz münýän atyny Şyh Şerebe bagyşlapdyr. Şyh Şerep almajak bolypdyr, emma oña zor bilen "Seniñ paýyñ diýip aldyrypdyr. Görlüp oturylsa, bugdaýy jynlar oranmyşyn.
Bu hikmetli rowaýaty Baharly etrabynda ýaşaýan şyhlar özleriniñ Horezmde ýaşap geçen urug kethudalary Pakyr şyhyñ ady bilenem baglanyşdyrýarlar.
■ Derýanyñ düýbündäki gowakdan tapylan sapak
XVIII asyryñ ikinji ýarymynda Eýran şasynyñ dikmesi Ryzaguly han nohurlylaryñ hemmesini zor bilen Eýranyñ Diwin diýen ýerine göçürýär. Nohur hojalary hem bu ajy kysmata sezewar bolupdyrlar. Zahyt hoja Diwinde aradan çykýar. Onuñ ogly Soltan hoja atasynyñ meýdini Diwinde jaýlaman Nohura eltendigi üçin Ryzaguly han onuñ gözüni oýdurýar. Nohurlylar Diwinde dokuz ýyl ýaşapdyrlar (başga bir maglumata görä hasam köp). Türkmenleriñ ganym duşmany Ryzaguly han aradan çykandan soñra nohurlylar topar-topar bolup gadymy mekanlary bolan we eýýäm birnäçe ýyllap ýaşalmandygy üçin ot-çöp basyp başlan Nohur jülgesine dolanyp gelmäge başlaýarlar.
Hojalaryñ içinde Diwine barman Hywa gaçyp gidenleri hem bolupdyr. Olaryñ biri hem Mämmet hojadyr.
Bir gezek Hywa hany ogluny öýerýär. Emma onuñ ogly "baglanan" ekeni. Han Mämmet hojany çagyrýar. Han hoja gelenden oña: "Atyñdan düşme-de meniñ oglumy aç" diýipdir. Mämmet hoja böwrüni diñläpdir-de: "Ýagşy. Ýöne men bihuş bolup ýykylsam, kelläm daşa degip, ölmegim mümkin" diýipdir. Han 30 adama Mämmet hojanyñ daşynda taýýar bolup durmagy buýrupdyr. Hoja başyna donuny büräp, eýeriñ gaşynyñ üstüne egilipdir. Bir haýukdan soñ hoja öý boýy ýokary zyñlyp, howadan nämedir bir zady garbap alypdyr-da, bihuş bolup, töweregindäki adamlaryñ eline ýykylypdyr. Onuñ düwülgi ýumrugyny her näçe açjak bolsalar-da, hiç kim açyp bilmändir. Diñe "Ýasin" okalandan soñ ol özüne gelip, bulam-bujar bir topbak sapagy eliniñ aýasynda goýup, hana uzadypdyr. "Näme beýle uzak wagtlap özüñe gelmediñ?" diýip han sorapdyr. "Seniñ ogluñy al baglapdyr (al jyndan-da güýçli bolýarmyşyn). Menin jynlarymyñ bu zady gözlemedik ýeri galmady; ahyrsoñy bir derýanyñ düýbündäki gowakdan tapdylar" diýip, hoja düşündiripdir. Başga bir wariant boýunça, Mämmet hoja eýeriñ gaşynyñ üstüne egilip, uzak wagtlap ýatypdyr, soñ bolsa gara dere batyp, gönelipdir-de hana bir bölejik çit uzadypdyr (şol çit bölejigi bilen jadylanypdyr). Şonda ol: "Seniñ ogluñy jadylan jyn deñziñ düýbünde ýaşaýan ekeni; ony tapaýmak maña ýaman kyn düşdi, men muny kapyr jynlar bilen göreşip aldym" diýipdir. Han oña aklyk hökmünde uly mellek ýer, dört ýap suw, kemer (Hanyñ beren aklygy diýlip hasaplanýan kemeriñ ýarysyny Hywa hojalary henizem nebere ýadygärligi hökmünde saklap ýörler) we başga-da birentek zat beripdir.
■ "Patyşalaryny" taşlap gaçyp giden jynlar
Günleriñ birinde bir dälini düýä mündürip Nohura, Öwez hojanyñ ýanyna alyp ugrapdyrlar. Ol däliniñ adamlara erjeşýändigine görä eli-aýagy dañylgy ekeni. Nohuryñ çetine baryp ýetenlerinde ýañky däli ýanyndaky garyndaşlaryna ýüzlenip, elini-aýagyny çözmeklerini haýyş edipdir, emma ol gaçyp gider ýa-da uruşmaga başlar öýdüp, onuñ el-aýagyny çözmäge ýürek edip bilmändirler. Öwez hoja misli olara eýýäm garaşýan ýaly bolup, olaryñ öñünden çykypdyr-da, şol bada onuñ el-aýagyny boşatmagy buýrupdyr. Ýañky näsag adam Öwez hoja bilen saýhally salamlaşypdyr, özüni sag adam ýaly alyp barmaga başlapdyr. Çaý başynda ol şeýle gürrüñ beripdir: "Ozal men tagtyñ üstünde oturan patyşadyryn öýdýärdim. Töweregimde wezirlerim, nökerlerim, goşunym bardy. Meni Nohura alyp ugranlarynda goşunymyñ arasynda agzalalyk başlandy. Goşunymyñ bir bölegi: "Biz-ä Öwez hojanyñ ýanyna gitmäge gorkýarys" diýip, meniñ ýanymdan gitdi. Birentekleri ýolda galdy. Emma goşunymyñ bir bölegi meniñ ýanymdan gitmedi. Olar: "Gorkma, Öwez hoja hiç zat edip bilmez" diýdiler. Ýöne welin Nohura golaýlaşdygymyzça olaryñ hatarlary selçeñledi. Ahyrsoñy obanyñ çetine gelenimizde meniñ galan jynlarym: "Biz biraz bolup galdyk, şonuñ üçin biz Öwez hojanyñ ýanyna baryp bilmeris" diýdiler. Men olary ýanymda saklajak bolup şunça ýalbarsam-da, ýitirim bolup gitdiler. Ine, şondan soñ men düýäniñ üstünde el-aýagymyñ bagly ýatandygyny görüp, el-aýagymy boşatmaklaryny hossarlarymdan soramaga başladym". Öwez hoja bolsa şeýle diýipdir: "Siziñ Nohura baka gelýäniñizi meniñ jynlarym maña habar berdiler. Men bar güýjümi toplap, taýýarlandym. Elbetde, ata-babalarym-da kömege geldiler. Ine, şonuñ üçin seniñ jynlaryñ gorkup, seniñ bilen gelip bilmändirler".
■ Başyny alyp giden jyn
Günlerde bir gün Öwez hojany ýeldirgän bir näsagy "okamaga" Sumbar jülgesiniñ ugrundaky Uzyntokaý obasyna çagyrypdyrlar. Hoja içerik giren badyna adamy näsagladan jyna gözi düşüpdir. Şonda ol jyn ýañky hoja ýüzlenip: "Eger sen meniñ häzir urmakçy bolýan başga bir adamymy okamaga barmaryn diýseñ, men gideýin" diýipdir. Öwez razylyk beripdir. Jyn onsoñ: "Men Garrygala gidip, bir baýyñ gelinligini urjak" diýipdir-de, çykyp gidipdir. Nähoş şol bada gutulypdyr. Öwez hoja uzakly gün Uzyntokaýda bolupdyr. Ol gaýtmakçy bolup ata atlanyp durka, Garrygaladan bir adam gelip, bir baýyñ birdenkä ýeldirgän gelinligini bejermegi haýyş edýändigi hakyndaky habary getiripdir. Öwez hoja munuñ ýañky jynyñ işidigine düşünip, aýak diräp, ol ýere gitmejek bolupdyr. Emma ahyrsoñy ony razylyk bermäge mejbur edýärler. Öwez hoja baýyñ öýüniñ işigine barypdyr-da, ur-tut atyndan düşüp, içerik giripdir hem-de doga okap we: "Sen bu ýere gelerçe kim bolupsyñ?" diýip, ýeldirgän zenany gamçylamga başlapdyr. Jyn oña: "Hoja! Sen barmaryn diýip söz berseñem geläýdiñ. Şeýdeniñ üçin men seniñ öz gyzyñy uraýjak" diýipdir-de sumat bolup gidipdir. Baýyñ gelinligi bolsa gutulypdyr. Öwez hoja baýyñ atyny alyp, derrew Nohura ugrapdyr. Aýyderede atyny çalşyryp, hä diýmän Nohura baryp ýetipdir. Görse gyzy näsaglapdyr. Ýene-de jyny gamçylamaga we "Sen bu ýere gelerçe kim bolarsyñ?" diýip azm urmaga başlapdyr. Jyn bolsa oña: "Öwez hoja, sen indi maña gün berjek däl öýdýän, men asyl şu jelegaýlardan çykyp gitjek diýipdir. Şeýdip betpäl jyn başyny alyp gidýär we hojanyñ gyzy sag-aman gutulýar.
■ Penjireden zyñylan jynlar
Bir gezek Ýakup hojanyñ ýanyna tekelerden biri aýaly bilen gelip, özüniñ baglylygyny aýyrmagy haýyş edende, Ýakup hoja olary aýratyn bir otaga eltipdir, goñşularynyñ bolsa birnäçe wagtlap köçede görünmezligini maslahat beripdir: "Häzir meniñ jynlarym "bagly" nähoşyñ jynlary bilen söweşmäge gelerler". Hojanyñ arwahlarynyñ nähoşyñ arwahlarynyñ garşysyna göreşişleri hekaýatlaryñ birinde şeýle ýatlanýar: "Gapy açyldy welin içerik birnäçe adam gelip girdi. Olar meniñ töweregimde oturan arwahlarymy penjireden daşaryk zyñyşdyrmaga başladylar. Men olardan: "Maña höwürlik üçin iñ bolmanda birini beri goýuñ!" diýip haýyş etdim, emma arwahlarymyñ iñ soñkusyny-da çykaryp taşladylar. Şondan soñ men özümiñ gutulandygymy duýup galdym.
Ýene bir gezekde Ýakup hoja bir ýeldirgän adamy telim sagatlap okapdyr. Bu öýde ýaşaýan beýleki adamlaryñ öýe girmeklerine ahyrsoñy rugsat berlende, olar Ýakup hojanyñ gara dere batyp, gözlerini gyzardyp oturandygyny görüpdirler. Ol şonda şeýle diýipdir: "Bu däliniñ jynlary tas ýeñipdi. Eger meniñ jynlarym asgyn çykaýan bolsa, onda ol däliniñ jynlar ordasy däliniñ özüni-de, meni-de öldürerdiler".
Ýakup hojanyñ görkezen keramatlary hakynda il arasyndaky gürrüñler juda kän. Bu beýik şahsyýet 1937-nji ýylyñ tutha-tutlugynda bolşewikler tarapyndan tussag astyna alynýar we soñra türmede şehit edilýär. Azym işanyñ Aşgabatda ilki jaýlanan ýerinde ýanaşyk depin edilen Ýakup hojany soñra Nohura äkidilip jaýlaýarlar. Şonda mazar açylanda Ýakup hojanyñ bedeniñ hiç hili bozulman ýatandygyny, hatda aýagyndaky ädiginiñem ýaldyrap durandygyny öz gözleri bilen gören adamlar häli-häzirlerem haýran galmak bilen ýatlaýarlar. Megerem "Şehitler ölmez!" diýen hikmetli jümläniñ manysy şundan gelip çykýan bolsa gerek.
■ "Mämmet daýy, ýetişeweri!"
Bir gezek Öwez hoja obalaryñ birinde bir dälini okaýan eken. Däli oña: "Eger güýjüñe göwnüñ ýetýän bolsa, meniñ elimi çöz-dä!" diýipdir. Hoja beýleki adamlara onuñ elini çözmegi buýrupdyr. Soñra ol aýagyny çözmeklerini haýyş edipdir. Onsoñ onuñ aýagyny-da çözüpdirler. Şondan soñ ýañky däli ýerinden turupdyr-da hojanyñ üstüne topulypdyr. Olar çaknyşmaga, göreşmäge başlapdyrlar. Däli ökde çykyp ugrapdyr. Öwez hoja: "Mämmet daýy, kömege ýetişeweri!" diýip gygyrypdyr. Şol wagt Mämmet hoja başga ýerdäki nohurlylaryñ arasynda ekeni. Birdenkä ol egnindäki possunyny çykaryp, bürenipdir-de, hol beýlede ýere ýatypdyr. Bir haýukdan soñ ýerinden turup, özüniñ añk-tañk bolan obadaşlarynyñ arasyna goşulypdyr. "Hojam, näme boldy?" diýip, kimdir biri sorapdyr. "Häzir Eýranda Öwez hoja birini okaýar. Däliniñ jynlary onuñ arwahlaryndan ökde çykyp ugrapdyr, şonuñ üçin onuñ jynlarynyñ iki sanysyny meniñ ýanyma iberip, kömek sorady. Men öz goşunymyñ bir bölegini oña kömek bermäge iberdim. Öweziñ goşuny meniñ goşunym bilen birigip, häzir däliniñ jynlaryny ýeñdi. Obadaşlary ynanmandyrlar. "Öwez hoja ertir agşamara Nohura gaýdyp geler. Onuñ özünden sorap göräýiñ" diýip, Mämmet hoja jogap beripdir. Şol günüñ ertesi nohurlylar birnäçe adama Öwez hojany ýolda, obanyñ çetinde garşylamagy tabşyrypdyrlar. Ol adamlar Öwez hojany görüp, onuñ nirede bolandygyny, näme iş edendigini soraşdyrmaga başlapdyrlar. Öweziñ gürrüñi Mämmet hojanyñ aýdanlaryna dogry gelip duranmyşyn.
Dälini okamak ýeñil iş bolmandyr. Eger-de däliniñ jynlarynyñ güýji agdyk gelse, hoja özüniñ öñki güýjüni ýitiripdir, näsaglapdyr. Şol gezek däliniñ jynlaryny ýeñip bilmän, Mämmet hojany kömege çagyran Öwez hojanyñ şondan soñ bilinde agyry peýda bolupdyr. Hatda Patyşa hojanyñ bir däliniñ jynlaryndan ýeñilip aradan çykandygy barada rowaýatlaram bar.
■ Nesilden nesile geçen guşagyñ syry
Hojanyñ ygtyýaryndaky jynlar hoja ölenden soñ onuñ oglunyñ tabynlygyna ýa-da eger onuñ ogullarynyñ arasynda mynasyp adam bolmasa (ýa-da "olaryñ güýji bolmasa") onuñ garyndaşynyñ ygtyýaryna geçýärmişin. Hywa hojasynyñ biri öz biline "goşunly" garyndaşy guşagyny guşandan soñ "goşunly" bolupdyr diýip rowaýatlar bar. Hut şonuñ ýaly ýol bilen Mämmet hoja "öz eli bilen" "goşunynyñ" bir bölegini ogluna, ýagny Myrat hoja berenmiş we agtygy Işan hoja "goşun" bermäge synanyşyk edenmiş. Ol ölmeginiñ öñ ýanynda Işan hoja ýüzlenip: "Men özümiñ jyn goşunymyñ bir bölegini saña bermekçi bolýaryn" diýipdir. Işan razylyk beripdir. Onsoñ Mämmet hoja ony "Nohur galasy" diýilýän ýere äkidipdir-de şeýle buýruk beripdir: "Şu ýerde dur-da günorta ~ Jirjiri deresine tarap seret, hiç zatdan gorkma: gözüñe her näme görünse-de, saña her näçe söz gatsalar-da kelam agyz söz aýtma. Şu synagdan batyrgaý geçip bilseñ jyn goşunlarymyñ bir bölegini alyp bilersiñ". Şeýle diýip Mämmet hoja öz ak guşagyny agtygynyñ biline pugta dartyp guşapdyr. Işan hoja bir bölek atly goşunyñ Jirjiriden çykyp, göni özüne tarap gelýänini görüpdir. Goşunyñ serkerdesi: "Bu guşakly adam kimkä? Hany golaýrak baryp, barlap geliñ" diýipdir. Goşundan birnäçe adam Işanyñ golaýyna gelip, daşyna aýlanmaga, guşagyny elläp görmäge başlapdyr. Işan hoja durup bilmän: "Aýrylyñ daşymdan!" diýip gygyrypdyr. Şonuñ üçin Mämmet hoja oña: "Sende bilim bar, ne-de batyr ýürek; sen jynlary saklap bilmersiñ" diýipdir. Işan hojanyñ görüp duran goşuny gaýyp bolup gidipdir.
Şondan soñ Mämmet hoja öz goşunyny üç ýaşlyja agtygy Ýakup hojanyñ ygtyýaryna bermegi ýüregine düwüpdir. Bilindäki guşagyny çözüp, ony agtygynyñ biline guşapdyr-da doga okamaga başlapdyr, soñ bihuş bolup ýykylypdyr. Onuñ ýüzi öliniñ ýüzi ýaly ak esgi bolupdyr. Bu dessura howsala bilen seredip duran aýallar: "Waý, ol neresse ölýär-le!" diýip gygyryşypdyrlar. Mämmet hoja guşagy çözüpdir welin, oglanjyk özüni dürsäpdir. Mämmet hoja: "Nähak gygyryşdyñyz; eger ol ýene azajyk wagt guşakly ýatan bolsa, men oña has köp goşun berip bilerdim" diýipdir. Bu rowaýatyñ başga bir wariantynda şeýle diýilýär. Mämmet hoja aýal-ebtatlaryñ gyk-bagyna pitiwa etmän, doga okamak bilen boluberipdir. Ýakup üç gezek ölüp, üç gezek direlipdir. Şondan soñ Mämmet hoja töweregindäkilere "Men ölenimden soñ ol meniñ ornumy tutar" diýipdir.
Ýakup hoja öz guşagyny ogullaryna ýa-da agtyklaryna aýny wagtynda guşap bilmändir. Şuña görä, ol bolşewikler tarapyndan şehit edilenden soñ onuñ jynlary eýesiz galypdyr. Birentekleri ol jynlar Ýakup hojanyñ nesilleri bilen aragatnaşyk açjak bolup telim gezek synanyşyk edipdirler diýip pikir edýärler. Günlerde bir gün Ýakup hojanyñ agtygy gijäniñ birmahaly näsaglap, bihuş bolypdyr. Onuñ agzy gyşarypdyr, şondan soñ ol bir aýlap ýassygyndan başyny galdyryp bilmändir. Onuñ gözüne adam kölegeleri görnüp ugrapdyr. Ony Eýran hojalaryndan bir hoja okapdyr, şondan soñ onuñ keseli aýrylyp gidipdir.
Ol hoja näsaglamagyñ sebäbini şeýle düşündiripdir: "Seniñ ata-babalaryñ jynlary häzir eýesiz gezip ýörler. Saña ýoldaş boljak bolupdyrlar. Emma sen sowatsyz, arapça bileñok, jynlara ygtyýar etmek üçin güýjüñ ýok; ine, şonuñ üçin olar seni urupdyrlar. Meniñ goşunym olary kowdy. Indi hiç zatdan gorkma. Jynlar seni öz günüñe goýjakdyklaryny aýtdylar".
Garry hoja aradan çykandan soñ günlerde bir gün göze dürtme garañky gijäniñ içinde Öwez hojany iki sany adam oýadyp: "Seni biziñ patyşamyz Gyzyllyk (köne mazarçylyk) diýen ýere çagyrýar. Gorkma-da biziñ yzymyza düş. Ýöne egniñde düýe ýüñünden dokalan geýim bolmasyn" diýipdirler (aýtmaklaryna görä jynlar düýe ýüñünden gorkýarmyş). Tirkeşip ugrapdyrlar. Öwez hoja baryp görse, dagyñ eteginde birentek adam telim ýerde ot ýakyp oturanmyşyn. Jynlaryñ iki sanysy Öwez hojany tagtyñ ýanyna eltipdir. Tagtyñ üstünde bolsa jynlaryñ patyşasy (birwagt Öwez hoja Sumbaryñ kenarynda gyz sypatynda duş gelen jyn) oturanmyşyn.
Jynlaryñ patyşasy bolan oña ýüzlenip: "Men seni öñ bir gezek synap görüpdim. Sen jynlara ýolbaşçylyk edip bilersiñ. Şuña görä, seniñ ata-babalaryñ jynlaryny men seniñ ygtyýaryñ berýärin" diýipdir. Öwez hoja bir agzam geplemändir. Gyz: "Oña guşak guşañ" diýip buýrupdyr. Jynlaryñ iki sanysy goýun (geçi) içegesinden işilip, birnäçe ýerinden düwünlenen inçejik bir kirşi alyp, nämedir düşnüksiz sözleri aýdyp, kirşi Öwez hojanyñ biline guşapdyr. Patyşa gyz: "Düwünleriñ her biri bir goşun bölümini alamatlandyrýar. Saña olaryñ kömegi gerek bolanda, düwüniñ adyny tutup, oña eli i degräýgin" diýip düşündiripdir. Düwünleriñ adyny-da aýdypdyr.
Jynlaryñ guşan guşagy onuñ eýesinden özge adamyñ gözüne görünmeýärmişin. Onuñ nähili guşalýandygy: geýmiñ üstündenmi ýa astyndanmy, belli däl. Umuman bu barada anyk maglumat saklanyp galmandyr. Ýöne ol guşagyñ owadan, zerlidigine, bezeglidigine we biri-biri bilen birikdirilen birnäçe bölekdendigine ynanýarlar.
■ Zenan sypatly jynlar
Bir gezek beýik dagyñ depesinde Mätihan hoja (XVIII asyrda ýaşap geçen) bir gyza duş gelipdir. Ol gyz özi bilen güýç synanyşmagy teklip edipdir. Mätihan hoja razylyk beripdir we doga okap göreşde üstün çykypdyr. Mätihan onuñ adam däldigini añyp, pyçagyny çykarypdyr welin, ýañky gyz: "Dur, meni öldürme, men jynlaryñ patyşasy; men saña köp haýyr getirerin. Al, men saña heýkelimi ( teletinden tikilip, doga ýazylan kagyzlar salynan kiçeñräk sumkajyk) bereýin" diýipdir. Mätihan hoja onuñ heýkelini alypdyr. Jynlaryñ ol hökümdary oña birentek goşun beripdir. Heýkelde ähli jynlaryñ adynyñ sanawy bolmalydyr diýip hasap edilýär. Eýran hojalarynyñ aýtmaklaryna görą, olarda ozallar nesilden-nesle berilip gelýän heýkel barmyşyn. Kimde heýkel bar bolsa, arwahlar şoña boýun egipdir. Ol heýkeliñ içinde jynlaryñ patyşasynyñ doga sözleri ýazylan eliniñ şekilini görkezýän kagyz bar ekeni diýip, ýaşulular aýdýarlar. Ol heýkeli Eýrana göçüp giden hojalaryñ biri öz ýany bilen alyp gidenmişin.
Mätihan hoja aradan çykandan soñ ýokarda agzalan gyz Gezdepe dagynyñ üstünde Garry hoja duş gelipdir. Garry hoja uçursyz ylymly adam bolupdyr, şonuñ üçinem ol göreşip gyzy ýeñipdir. Gyz oña: "Men seniñ ata-babalaryña kän kömek beripdim. Seni synap gördüm welin, senem jynlara eýelik edip biljek ekeniñ" diýipdir. Garry hoja şeýdip ondan heýkeli alýar. Öwez hoja ol gyza Sumbaryñ kenarynda duş gelipdir. "Öwez hoja ~ diýip ol gyz ýüzlenipdir ~ siziñ neberäñizde biziñ heýkelimiz bolmalydyr. Şony bersene". "Hany, bärik gel. O nähili heýkel?" ~ "Eger men saña gerek bolsam, özüñ geläý" diýip, gyz garşy çykypdyr. Öwez hoja derýanyñ añyrky kenaryna towsup geçipdir, emma gyz gaýyp bolup gidipdir. Hoja bu ýerde üýtgeşik ahwalyñ bardygyny añyp, doga okapdyr. Ol bu hadysa barada Garry hoja gürrüñ beripdir. Garry hoja bolan wakany hiç kime aýtmazlygy maslahat beripdir: "Men ölenimden soñ biziñ jynlarymyz seniñ ygtyýaryña geçerler. Seniñ ýoldaşyñ bolarlar". Jynlaryñ Öwez hoja ikinji gezek sataşyp oña guşak we heýkel berişlerini bolsa ýokarda beýan edip geçdik.
Öwez hoja ýogalandan soñ onuñ jynlary birnäçe ýyldan soñ Naky hojanyñ ýanyna gelipdirler.
Bir gezek Naky hojanyñ bir özi Arçmandan Nohura gaýdyp gelýän ekeni. "Bäşkötel" diýen ýerde ol dynç almakçy bolupdyr. Suwdan gana içip, ol çeşmäniñ gözbaşynyñ ýanynda gyşarypdyr. Ol uklap-uklamanka töwereginde bir süri owlak-guzy peýda bolup, diñe dañ atandan soñ gaýyp bolupdyr. Bu ahwalaty Nohur ahuny şeýle ýorupdyr: "Olar seniñ ata-babalaryñ jynlarydyr. Gorkma. Olar saña ýoldaş bolmak isleýärler". Şol wakadan soñ Naky hoja däli-telbelere şypa bermegi başaryp ugrapdyr.
Naky hojanyñ gubury Sumbar derýasynyñ boýundaky Hojagala obasynda ýerleşen Seýit Nejepiniñ kümmetindedir.
Jynlaryñ patyşasy bolan, ýokarda agzalan "gyz" Naky hojanyñ ogly Gurbanmyrada-da Sumbar derýasynyñ boýundaky Hojagala obasynyñ golaýynda bugdaý orup ýörkä gözüne görnüpdir. Ata-babalary ýaly, olam ýañky gyz bilen güýç synanyşmaga razy bolupdyr, emma göreşmäge başlanda bihuş bolup ýykylypdyr. Ony Goçmyrat ahun okapdyr. Kyrk gündenmi, ýarym ýyldanmy, ol gutulypdyr, emma dili peltek bolup galypdyr. Goçmyrat ahun oña: "Ata-babalaryñ jynlary seniñ ygtyýaryñda galypdyr" diýenmiş. Şonuñ üçin Gurbanmyrat hoja medresäni tamamlasa-da, ahun oña pata bermändir. Muña garamazdan Gurbanmyrat hojanyñ (tutulýan ady Gurbanmyrat eke) görkezen keramatlary il agzyndan düşmän gelýär. Mundan 10-15 ýyl öñki garrylar Gurbanmyrat ekäniñ suwy tersine akdyrandygyny, ýylanyñ guýrugyna elini ýetirende onuñ gamça öwrülendigini, ýa-da duran haýata münende, haýatyñ at bolup çapyp gidendigini gözleri bilen görendigi barada gürrüñ berýärdiler.
Nohur hojalarynyñ il-günüñ derdine ýaramagy arkama-arka özlerine däp edinmegi "Molla mollany, däli hojany halar" diýen nohur nakylynyñ döremegine getiripdir.
■ Sözsoñy ýerine
Türkmen halkyny bir uly daragta meñzetsek, tire-taýpalary ol daragtyñ şahalary diýip göz öñüne getirsek dogry bolardy. Tire tapawudyny saklamak aýyp däl. Muña tireparazlyk diýip düşünmek ýalñyşdyr. Barmaklar aýry bolup biler, olary emeli ýagdaýda birikdirmek mümkin däl, munuñ hiç hili manysy hem ýok. Emma ol barmaklaryñ bir goldadygyny, bir goluñ bolsa, bir bedendegini ýatdan çykarmalyñ. Barmaklary goldan, goly bedenden goparyp taşlamak asla bolmajak zatdyr. Çeşmäni yzarlasañ çaýa, çaýy yzarlasañ derýa, derýany yzarlasañ deñize äkidişi ýaly, türkmeniñ haýsy tire-taýpanyñ añyrsyny yzarlasañ, ol ya-ha oguzlara, ýa-da beýik turanlylara baryp direýär. Aslynda türkmen halky oguzlar bilen turanlylaryñ garylyp-gatylmagyndan formulirlenen halkdyr.
Şeýle-de bolsa asyrlaryñ dowamynda ýüze çykan dürli taryhy prosesleriñ netijesinde, türkmen halkynyñ etnosyna arap, pars, täjik, mongol halklaryndan hem gelip goşulanlar az bolmandyr. Türkmenleriñ özi hem dünýäniñ dürli halklarynyñ etnosyna az täsirini ýetirmedi.
Nohur hojalarynyñ añyrsy hem Pygamberimiziñ (s.a.w) päk nesline çenli uzaýan öwlat şejereleriñ biridir. Hojalaryñ türkmen halkynyñ arasyna gelip goşulmagy diñe biziñ öz bähbidimize bolupdyr. Biziñ pikirimizçe hojalaryñ añyrsynyñ Pygamberimize (s.a.w) çenli uzaýandygy, we olaryñ nohurly taýpasyny emele getirýän esasy tireleriniñ biri bolandygy hem nohurlylaryñ beýleki tirelere garanyñda dini däp-dessurlara has ýakyn durmaklaryna belli bir derejede täsirini ýetirýän bolmaly. Nohur hojalary özlerini nohurlylaryñ aýrylmaz bölegi hasaplaýarlar. Gynansak-da başga ýerlerde beýle däl. Mysal üçin Marydaky hojalar özlerini beýleki türkmen tirelerine kän bir degişli hasap edesleri gelenok. Ýogsam bolmasa olaryñam asly Nohurdan Hywa baran hojalara baryp direýär. Bu ownuk meseläniñ wagtyñ geçmegi bilen undulyp gitjegine ynanýarys.
Her bir tire öz aslyny bilmäge haklydyr. Öz aslyñy bilmek beýleki tireler bilen jana-jan dogandygyñy bilmekdir.
Biz käte taryhymyzy öwrenmekde çeşmeleriñ juda azlygyndan zeýrenmegi gowy görýäris. Emma öwrenjege, il-halk üçin bir zatlary etmek isleýäne çeşmeden köp zat ýok. Esasy zat ol çeşmeleri toplamak, seljermek we öwrenmek gerek. Mysal üçin biz makalamyzyñ başynda hojalaryñ urug kethudasy Şyh Şerebiñ Abulgazy Bahadyr hanyñ kitabynda ady geçýändigini we onuñ Ärsary baba dini meseleler boýunça "Müritlere gollanma" atly kitaby ýazyp berendigini agzap geçdik. Şyh Şerep hojanyñ ady "Ýusup-Ahmet" dessanynda hem geçýär. Dessanda oña işan, ussat, pir diýip ýüzlenilýär. Dessanyñ gahrymanlaryndan biri Şyh Şerep hojanyñ müridi bolýar. Görşüñiz ýaly edebi-çeper ýadygärliklerimizi-de derñäbersek, bizi biri-birimize has doganlaşdyrjak, ýakynlaşdyrjak gyzykly maglumatlar tapylyp durjak.
# W.N.Basilowyñ "Yslamda keramatlylar kulty" kitaby esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar