19:28 Hiç haçan ölme ýok il söýen merde... | |
''HIÇ HAÇAN ÖLME ÝOK IL SÖÝEN MERDE"
Edebi tankyt
Garaşsyzlyk döwrüniñ edebiýatynyñ joşgunly şahyrlarynyñ biri Nowruz Gurbanmyradowyñ galamyndan ençeme goşgular we ajaýyp aýdymlar çykdy. Ol aýdymlar eziz Diýarymyzda bagşylaryñ, aýdymçylaryñ dillerinden düşmän aýdylýar. "Köñül owazlary" atly goşgular kitabynda Nowruz Gurbanmyradow Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzy, Diýarymyzyñ ajap tebigatyny, ynsany bezeýän iñ oñat häsiýetler hakyndaky we başga-da birnäçe temalary öz içine alýan ajaýyp goşgular we aýdymlar ýerleşdirilipdir. Kitapda orun alan goşgy setirleri diñe bir şahyryñ ýürek owazy bolup ýañlanman, eýsem ilimiziñki bolup ýañlanýar. Şahyryñ aýdyma öwrülen goşgularyny okanyñda, munuñ şeýledigine añryýany bilen gözüñ ýetýär. Şahyryñ "Watan" hakyndaky aýdyma öwrülen şygryny okanyñda, onda şeýle diýilýär: Iliñ-günüñ bagtyýar, asudalyk isläni,Pederlermiñ asyrlap, nurdan doly asmany, Topragy Hydyr gören, nurdan doly asmany, Belki, sensiñ gümanym-jennetiñ bag-bossany, Suw sonasy erkana ýüzer kölüñde, Watan. Watansöýüjilik ruhuna ýugrulan goşgular şahyryñ kitabynyñ esli bölegini tutýar. N.Gurbanmyradow döredijilik işine mekdep ýyllarynda başlady. Ol çagalara niýetläp hem birnäçe goşgular ýygyndysyny okyjylara hödürledi. Şolaryñ "Ene, erteki aýtsana", "Ajaýyp haly", "Dutara dil bitende" atly goşgular ýygyndylaryna Diýarymyzyñ körpe okyjylary has-da beletdirler.Nowruzyñ mukaddes Gökdepe galasy hakynda ýazan balladasyny tolgunman okamak mümkin däl. Balladada galanyñ owazy şeýle ýañlanýar: Aýy üstüne gelip, Aglaýar "Ak çynarym", Janyma deñän ýarym, Umydym şu günüm, ertäm, Solmanka gyzyl kürtäm, Namyrat ölen ýarym, Ahmyrly solan ýarym. Arzuwma bulut çöken, Bagtyma gara çeken, Duşman gözüñ köwlensin, Boýnuñ terse towlansyn, Ygtyýar ber, jana gaýyn, Dökeýin ganym ganyn, Gaçsa kowup ýeteýin, Ogul ýerni tutaýyn, Elimde synny, keser, Diýme: "Gelnim näýeser" Görşümiz ýaly, şahyr mukaddes galanyñ ahy-nalasyny, ýürek derdini duýmagy we ony goşgy setirlerine ussatlyk bilen siñdirmegi başarypdyr.Ýygyndyda ýerleşdirilen goşgularyñ haýsy hakynda söz açsañ-da, olaryñ giñ manysy bar. "Şahyryñ ýüregi" atly goşgy Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowa bagyşlanypdyr. Goşgyny okanyñda, Nowruzyñ Kerim aga çäksiz sarpa goýýandygyna, onuñ özüne-de, döredijiligine-de sarpasynyñ, hormatynyñ belentdigine göz ýetirýärsiñ. Sen beýik ussadym, eý nazarkerde, Adyñ ýüreklerde, dur ornuñ törde, Hiç haçan ölme ýok il söýen merde, Asyrlardan aşyp ýörmesi bardyr. Ajaýyp setirler.Hoşamaýdan ajaýyp adam, ajaýyp halypa, beýik şahyr hakynda ýürekden ýazylan şygyrlar hut şeýle-de bolaýmaly. Hakykatdan hem, Nowruz şahyr aýtmyşlaýyn, "Hiç haçan ölme ýok il söýen merde". K.Gurbannepesowyñ öz iliniñ şeýle beýik ogludygyna, çyn şahyrdygyna hiç bir düşündiriş ýa-da mahabatlandyrma zerurlygy ýok bolsa gerek. N.Gurbanmyradow bolsa, muny özüniñ sadaja şahyr ýüregi bilen görüp, duýup, syzyp bilipdir.Şahyr üçin okyjynyñ ýaşy näçe bolaýanda-da ol ýürege, hut öz setirlerini okap oturan adamyñ ýüregine barýan ýoly tapmagy başarmaly. Men däli derýa dönen, Sen maral suwa inen, Bir pursat gitme, güýmen, Ganat baglap uçup men. Bol ykbaldan soranym, Ýaman dilden goranym, Sen sebäpli köränim, Ýogsa tasdan öçüp men. Ýa-da şahyr başga bir goşgusynda şeýle diýýär: Unutsam yhlasyñy, Ynsabyñ çöllügidir. Eger harlasa seni, Nowruzyñ öldügidir. Bu şahyrana setirler söýgi kasamy ýaly ýañlanýar. Owazyña owaz, ylhamyña ylham goşulsyn, Nowruz Gurbanmyradow! Tagangül TAGANOWA. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||