01:12 Ýaranjañ | |
ÝARANJAÑ
Goşgular
![]() Bir beter ýaranjañ gördüm arada, Adyn tutman oñaýasyñ gelip dur. Uzynly gün öz başlygy barada, Ýañran dilin dañaýasyñ gelip dur. Öwdi başlygynyñ ýarak itini, Sygryny, towguny, "polat atyny", Stol-stulyny, galam, çotuny, Ýanyndan zut eñäýesiñ gelip dur. Birdenem başlygy geldi añyrdan, Şol ýaranjañ boldy ilden öñürden, Üç eplendi ýasalan dek demirden, Kimdigini añaýasyñ gelip dur. Ýylgyranda agzy gulagna ýetip, Tas onuñ köwşüni ýalapdy ýatyp, Başlygna çaý guýan golundan tutup, Äpişgeden zyñaýasyñ gelip dur. Şolar pozar kollektiwiñ arasyn, Tanamaly, tiz görmeli çäresin, Şeýle "äriñ" nyrhyny kim sorasyn, Bir görenden doñaýasyñ gelip dur. Aldar togalanan bolup öñüne, Ahyr başlygyny garar çañyna. Şu tetellä ynanýanlañ gününe, Özüñ aglap diñäýesiñ gelip dur. Ýaranjañy aljak bolsañ tirkege, Ysnat getirýär ol aýal-erkege, Sen mynasyp dälsiñ diýip tentege, Ýerne ýaglyk dañaýasyñ gelip dur. Tagangül TAGANOWA. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |