19:35 Nusgalyk şahsyýet Muhammet pygamber azerbaýjan edebiýatynda | |
NUSGALYK ŞAHSYÝET MUHAMMET PYGAMBER AZERBAÝJAN EDEBIÝATYNDA
Edebiýaty öwreniş
Ähli musulmanlar ýaly azerbaýjan türkleri üçinem Alladan soñky iñ mukaddes barlyk Beýik Ýaradanyñ "Habybym" diýip ýüzlenen, älemlere rahmet edilip ugradylan Muhammet pygamberdir (s.a.w). Azerbaýjan ýazuw edebiýatynda söýgüli pygamberimiziñ ady tutulýan ilkinji eser oguzlaryñ umumy edebi ýadygärligi bolan "Gorkut ata" kitabydyr. "Resul aleýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýilýän bir är döredi" sözi bilen başlaýan bu edebi ýadygärligiñ on iki boýunyñ on biri "Günäñizi ady görkli Muhammet Mustapanyñ ýüzüniñ suwuna bagyşlasyn", "Günäñizi ady görkli Muhammet Mustapaýa bagyşlasyn", "Günäñizi ady görkli Muhammet Mustapa hormatyna bagyşlasyn", "Günäñizi beýik Muhammet Mustapa hormatyna bagyşlansyn", "Günäleriñizi Habyp hormatyna Alla bagyşlasyn" doga-dilegleri bilen soñlanýar. "Gorkut ata" kitabynda "Muhammediñ dininiñ yşkyna gylyç urdum" diýen Salyr Gazan ýaly oguz ýigitleriniñem köplenç yslam dininiñ we onuñ pygamberi Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hatyrasyna söweşe girendiklerini görýäris. Eseriñ bir boýunda söweşden öñinçä duşmana garşy hüjüme taýýar ýagdaýda duran oguz ýigitleriniñ "ary suwdan täret alyp, iki rekagat namaz okap, ady görkli Muhammede salawat getirendikleri" ýazylypdyr. Kitapda pygamberimize oguzlaryñ bildirýän tüýs ýürekden söýgüsi yslam bilen abraý gazanan türkleriñ bu dine düýpden baglanandyklarynyñ delilidir.¹ Nyzamy Genjewi, Fazlulla Neimi, Essar Töwrizi, Seýit Nesimi, Muhammet Fizuly, Ysmaýyl Hataýy ýaly azerbaýjan klassyk şahyrlary jemigy enbiýa hatmy, nury-huda, mürşidi-kämil, ehli-aman, bedri-düça, kerimi-öwlüýä atlary bilen ýat eden, saýlanan ilçi, beşeriñ iñ gymmatlusy, aklyñ soltany, ylmyñ şäheri, döwük ýürekleriñ, mätäçleriñ oenasy, hassa göwünleriñ melhemi, ýetimleriñ dosty, gopbamsylaryñ duşmany, günäleri bagyşlaýan, adalayly diýip at beren ebedilik bagtyñ ýolgörkezijisi Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) gymmatly gylyk-häsiýetlerini we fazylatlaryny öwüp, külli adamzada nusgalyk şahsyýet hökmünde sypatlandyrýarlar. Nyzamy Genjewiniñ "Hamsasyndaky" mesnewileriñ her birinde söýgüli pygamberimizi öwýän beýtler bar. "Hamsanyñ" ilkinji mesnewisi "Syrlar hazynasynda" iñ soñky pygamberiñ öwgüsine Nyzamy şeýle beýtler bilen başlaýar: "Barlygyñ löwhasyna başda söz ýazanda galam, - Ahmediñ "elifini" ýazypdyr onda galam. "Elif" "ha"-y mülküne häkim edenden bäri, "Dal" onuñ gerdanlygy, "mim" hem oñ kemeri. Bu kemer gerdanlygy edip jemal sahyby, Sagadat dünýäsinde bolup kemal sahyby... Pygamberlik baýdagy göklere galkan wada, Iñ soñky pygamberlik berildi Muhammede... Dünýäniñ halkasydyr adyndaky her bir "mim", Her iki jahany-da edip özüne teslim".² Şahyr Hezreti Muhammediñ (s.a.w) iñ gowy ahlak aýratynlyklaryny, ähde wepalylygyny, men-menlikden daşda durmagyny şeýle beýtler bilen wasp edýär: "Sadakatda, wepada "elif" gördüler ony, Pygamberligiñ başy, pygamberligiñ soñy! Jahana baş egmeýän kämil kişi bolsa-da, Öwünmekden, kibirden uzak gezdi dünýäde".³ Allatagala diñe Hudaýa gulluk etmek, ene-atany sylamak, dogan-garyndaşyñdan arany açmazlyk, ýolagçynyñ, garybyñ hakyny bermek, husyt we isripçi bolmazlyk, zyna golaýlaşmazlyk, haksyz ýere adama kast etmezlik, ýetimiñ malyna eliñi degirmezlik, beren sözüñde durmak, söwdany dogry etmek, men-menlik etmezlik, gybat etmezlik, ylym öwrenmek, birek-birege kömek etmek ýaly ahlak we edep kadaryny⁴ Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ilçiliginde we mysalynda adamzada görkezipdir: "Şan-şöhrat tapdy “edep“, gelende onuñ sesi, Pelekler, kähkeşanlar - kemeriniñ düwmesi. Onuñ harem öýünde perdeçidir hüýrler, Ýüreginden suw içer ismet, laýyklyk, hünär. Sylar günäni gözden türbesini zyýarat, Hyraç aldy Mekgeden onuñ düşdügi gurbet. Dymmasy köñüllere yşyk salan zaryflyk, Aýyplara ot urar ondaky yşk, aryflyk… Adamzadyñ iñ uly öñbaşçysy, haýyrgähi, Agyr başly, sypaýy, polat ýöreýişli dahi! Şodur ezel dersini ebedilik okaýan, Janyny çyra edip, Tañry nuruny ýaýan".⁵ ______________________ [1] "Dädem Gorkudyñ" kitaby, ("Dәdә Qorqud Kitabı", Ensiklopedik sözlük ("Ensiklopedik Lüğәt"). “Öndәr Nәşriyyat“, Baku, 2004 ý., 368 sah; [2] Nyzamy Genjewi "Syrlar hazynasy" ("Sirlәr xәzinәsi"); (http://salyan.cls.az/front/files/libraries/2467/books/258621402661224.pdf); [3] Nyzamy Genjewi "Syrlar hazynasy" ("Sirlər xəzinəsi"). "Lider" neşirýaty, Baku, 2004 ý., 33 sah; [4] Syrajeddin Hajy "Nyzamy Genjewiniñ döredijiliginde pygamberlik garaýşy we Hezreti Muhammet (s.a.w)" ("Hәzrәt Nizami Gәncәvinin Yaradıcılığında Peyğәmbәrlik Anlayışı vә Hәzrәt Mәhәmmәd (s.a.s.)"), Qrifli neşr, 2006 ý., 293, 294 sah; [5] Nyzamy Genjewi "Syrlar hazynasy" ("Sirlər xəzinəsi"). “Lider nəşriyyat“, Baku, 2004 ý., 33 sah. Hajali NEJEFOGLY, professor. 13.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |