09:35 Oba goşgusy | |
Nurgözel AKMYRADOWA
Goşgular
▶ OBA GOŞGUSY Seni küýsäp gelýän, arzyly obam, Topragyña goýupdyryn örkümi. Göwnüm nagyşlapdyr seniñ jemalyñ, Synlap durun syratyñy-görküñi. Ah, sende şeýle bir gudrat bar eken, Ýüregime kanagaty ekýäñ sen. Her ädimiñ, her bakyşyñ nur eken, Bagtym bolup mañlaýymdan çykýañ sen. Akaryñda ýüzýär arzuwym guw deý, Çeşmelerñe sesim goşup gülüşýän. Säher näzik gunçalarñy ogşamda, Ak bäbek, päk gelin ýadyma düşýär... ▶ TELWAS Säheriñ göwsünde ýüpeksow howa, Dünýäme dolupdyr ruhum bolup. Kalbymy eýelän nätanyş owaz, Meni alyp barýar asmana galyp. Mähir-muhabbetiñ öwsen şemaly, Duýgularmy sypalaýar birgeñsi. Mende dünýäñ bar söýgüsi jem ýaly, Yşk bolup görünýär ýeriñ gül meñzi. Näzik duýgularma agtarýar jogap, Özümi özümiñ elinden alyp. ...Säheriñ göwsünde ýüpeksow howa, Dünýäme dolupdyr ruhum bolup. ▶ GOJA GÜJÜM Goja güjüm ~ söýgimiziñ şaýady, Goja güjüm ~ yşkymyzyñ sowaly. Ine, señ gaşyña salama geldim, Alkyşlaýan, herne dilim senaly. Saña öz yşkymy paýlasym geldi, Gör-ä, seniñ yşk bazaryñ sowlansoñ. Saña ýaprak bolup ýaýrasym geldi, Gözel dünýäñ göwresinde doglamsoñ. Ýene seni küýsäp dolandym, söýgim, Belki-de yhlasym gorap gidendir. Birwagt ýüzüm ýelpän şahalaryñdan, Şemal meniñ yşkym sorap gidendir. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |