ODY ÖZÜÑE BAS... // [bolan waka]
Bu gussaly hem-de sapak edinäýmeli, durmuşda bolup geçen wakany bir üýşmeleñde agzy dogaly ýaşulymyz Rejep aga gürrüñ berdi.
...Obada hormatlanýan adamlaryñ biri Berdimyrat aga ogluny öýerýärdi. Dürli ýerlerden gelen myhmanlardyr obadaşlar, dogan-garyndaşlar şadyýana toý toýlaýardy. Güýz gününiñ hoş ýakýan mylaýym howasy-da, türkmen topragyna bereket nuruny seçýärdi. Bagşylar misli älemgoşar dek ýanyp-sönýän, al-ýaşyl öwüsginli teležkalarynda joşup, aýdym-saz ýañlandyrýardy, olaryñ döredýän gopgunly tapyr-tupury, şaññyrdysy tutuş obany lerzana getirýärdi. Garşydaky köçede ýaşaýan iki sany ýaşuly gelşine Berdimyrat aganyñ ýanyna bardy, olaryñ ýüzi salykdy, sesleri sandyrap çykdy:
- Berdimyrat aga, näme eşitmediñmi?
- Ýok, näme bolupdyr?
- Durdy hojañ bolnisada ýatan ogly ýogalypdyr, ýañy alyp geldiler, olar ýas tutup, uwlaşyp otyr, aýdym-sazy ýatyraýsañ-a, gelşikli bordy.
Berdimyrat aga bu ýagdaýy eşitmäni üçin ýaşulylardan ötünç sorap, dessine bagşylaryñ ýanyna ugrady. Bagşynyñ goýdurylmagy agaýana bökejekläp, ortada tans oýnaýan ýaşlara ýokuş degdi. Olar Berdimyrat agadan ýüz tapmansoñlar, Akjemal ejä hüjüm etdiler. Ozalam ärini sylamaýan, özüni haýýarlykda ýakasyny tanadan Akjemal gykylyklap başlady:
- Ölse ölüp geçsin, näçe çykdaýjy edilip, zordan ýetdik-le muña, bagşy aýtsyn.
Berdimyrat aga galmagaldan gaçyp, gyra çekildi. Bir ýaşuly:
- Beý diýmäweri, gelin, gabahat bor, toba et, toý bile ýas ýanaşyp gelýändir - diýdi.
Akjemal ýan bermedi, gaýtam:
- Her kim öz öýünde hojaýynlyk etsin - diýdi.
Aýdym täzeden başlandy. Onuñ şowhuny ýer goduklatdy. Goñşy köçedäki ölümiñ ajy agysyny eşitmeýän ýalydy.
Berdimyrat aganyñ körpeleri ~ ekizler Sapa bilen Wepa-da toý teležkasynyñ ýanynda durdular. Her kim bäş ýaşlyja çagalary ýüzüne sylýardy. Sapanyñ toý teležkasynyñ gyradaky demrine elini galtaşdyrany hem şoldy, ol dem-düýtsüz diñ-arkan gaýtdy, Wepa-da şalkyldap gaýtdy. Adamlar üýşdi. Añyrdan aglap gelen Akjemal "Waý, balalam!..." diýip goşa balasynyñ üstüne özüni oklady...
Ýagan ýagynyñ çygyna endamyna tok ýaýran teležka elini degirmegi Sapajygyñ kazasyny doldurdy. Basym gelen "Tiz kömek" Wepany alyp gitdi. Toý ýasa öwrüldi. Goñşy köçedäki oglany jaýlap gelen gölegçiler öýlän Berdimyrat agalara ýygnandy. Pata gelenleriñ arasynda Akjemaldan: "Her kim öz öýünde hojaýynlyk etsin" diýen ýokuş sözi eşiden ýaşuly-da bardy. Ol öýke-kinesini bildirip durmady-da: "Ody ilki özüñe basmalydyr" diýip, eşidiler-eşidilmez hüñürdedi...
Orazmyrat REJEBOW.
Jemgyýetçilik tankydy