19:59 Ajaýyp ykbally ýazyjy | |
AJAÝYP YKBALLY ÝAZYJY
Ýatlamalar
Özüniň dürdäne eserleri bilen türkmen halkynyň ýüreginde orun alan görnükli ýazyjylaryň biri-de Ata Gowşudowdyr. Bu ýazyjynyň özüni görmek maňa miýesser etmedi, ýöne onuň «Gandym awçynyň maşgalasy», «Gajar aga», «Dordepel», «Watan ogly», «Mähri-Wepa», «Köpetdagyň eteginde», «Perman» we beýleki eserlerini elimizden düşürmän, gaýta-gaýta okamak, ol eserleriň many-mazmunyny mugallym bolup ýaş neslimize öwretmek bagtyna eýe bolandygyma buýsanýaryn. Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi hakynda Aleksandr Aborskiniň, alym Nagym Aşyrowyň, ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň we beýlekileriň ýazan ýatlamalary, ýazyjyny gören, bile işleşen adamlaryň beren gürrüňleri belli ýazyjynyň nurana keşbini göz öňünde janlandyrýar. Maňa ýazyjy Ata Gowşudowy ýakyndan tanan, onuň bilen işleşen ýaşuly žurnalist Allaberdi Annaberdiýew bilen 1974-nji ýylda söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Allaberdi aga meniň daýym. Ol uzak ýyllar «Tokmak» žurnalynyň redaksiýasynda işläpdi. Allaberdi Annaberdiýewiň satiriki makalalary, feletonlary «Tokmak» žurnalynda we gazetlerde çap edilipdi. Birnäçe satiriki kitaplary-da neşir edilip, okyjylaryň söýgüsini gazanypdy. Daýym köp gürlemezdi. Özüni alyp barşy, geýnişi sadady hem ykjamdy, görenlere göreldedi. Biziň çaý başyndaky söhbedimiz daýymyň köp görşen uly söz ussatlary Berdi Kerbabaýew, Agahan Durdyýew, Nurmyrat Saryhanow we beýleki galamdaşlary hakyndady.Gürrüňimiz barha gyzyşyp, ýazyjy Ata Gowşudowyň döredijiligine, onuň eserlerini nähili ýagdaýda döredendigi baradaky gürrüňe ýetende, men ony uly höwes bilen diňledim. Şonda Allaberdi Annaberdiýew şeýle gürrüň berdi: — Türkmen edebiýatynda Ata Gowşudow görnükli orny eýeleýär. Bir gezek ony redaksiýanyň tabşyrygy bilen iş saparyna iberýärler. Iş saparynda ol uzak eglenipdir. Ýazyjy Kerki etrabynyň oba adamlarynyň durmuşy bilen içgin gyzyklanypdyr, dana ýaşulularyň söhbedini köp diňläpdir, özüniň täze taryhy eseriniň maglumatlaryny toplapdyr, geljekki gahrymanlary — Jumany, Hudaýberen emini ýakyndan synlapdyr, olaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolupdyr, öwrenipdir, soňra-da ýazmaga başlapdyr. Aradan üç aý geçensoň, Ata Gowşudow «Juma» dramasyny tamamlap, gaýdyp gelýär. Bu bolsa onuň ýazyjylyk kärine berlen guýmagursak zehindigine güwä geçýär. Taryhy temada döredilen «Juma» dramasy uzak ýyllaryň dowamynda türkmen teatrlarynyň sahnasynyň bezegine öwrülip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Bu gürrüňi diňlälim bäri aradan kyrk ýyldan gowrak wagt geçipdir. Ýöne ussat ýazyjy bilen baglanyşykly bu waka meniň asla ýadymdan çykmaýar. Çünki çeper döredijiligi bar zatdan ýokarda goýan belli ýazyjy Ata Gowşudowyň bu-da bir ajaýyp döredijilik ykbaly bolup durýar. Orazmyrat REJEBOW, Tejen etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |