10:02 Owadan dünýä | |
OWADAN DÜNÝÄ
Goşgular
Gözüm açyp gelenimde bu dünýä, Dünýä meniñ gelenimi duýdumy?! Hyjuwdan gözlerim alawlap ýanýar, Meger, şoldur aşyk dünýäñ söýdügi. Ädim ätdim bu dünýäniñ ýolunda, Gün deý göwnüm şol ýagtylda-ýagtylda. Şu Watan bar eken meñ ykbalymda, Türkmen bolmak bar ekeni bagtymda. Bu dünýä ylhamdyr gursañ, döretseñ, Bu zemine ak ýagyşlar hezillik. Göwnüñ dürbi edip göge seretseñ, Ak bulutlar durşy bilen gözellik. Bu dünýäñ örküdir gojaman daglar, Bu dünýäñ görküdir reñbe-reñ güller. Hereketi bilen geçip dur aýlar, Berekedi bilen gelip dur günler. Dünýä gelip, Ýagşylyga ulaşyp, Ýaşap ýörün gyzygynda, oýnunda. Bu dünýã niçiksi gözel bolmasyn, Sebäp gözel Watanym bar goýnunda. ▶ DEÑEÝÄN Obam, gözellikde tapman taýyñy, Dowamatym köçelerñe deñeýän. Alnyma sylýaryn altyn Aýyñy, Mahmalymy gijelerñe deñeýän. Goýnuñda oýanyp her dañ, her säher, Enem deý kalbyñdan alýaryn mähir, Sülmürän gözeller durşun bahar, Näzlerini gunçalarña deñeýän. Üstüñden Pyragy Hywa ötendir, Destiñde Ahmet beg döwran tutandyr. Seni bu gün bagra basan Watandyr, Geçmişiñi geljegime deñeýän. Watan içre at alypsyñ Görelde, Joşýan halal adamlarñy göremde, Ýagşylykda nesillere ýörelge, Aslyñ dana gojalara deñeýän. Kalba söýgi, belent buýsanç sere sen, Siñdirýäñ özüñe altyn deri sen, Göroglynyñ at segreden ýeri sen, Mertligini gerçeklere deñeýän. Uly-kiçi goragynda esgeriñ, Sende belent çykýar owaz-seslerim, Owal-ahyr bagtyñ baky mesgenin, Obam, seniñ gujagyña deñeýän. Maýsa JUMAÝEWA. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |