19:42 Owganystanyñ öñdebaryjy, progressiw zenanlary | |
OWGANYSTANYÑ ÖÑDEBARYJY, PROGRESSIW ZENANLARY
Publisistika
Öçli we bilimsiz adamlaryñ ýaragly selpeşip, hemme ýere burnuny sokup ýörmegine, kethudalarynyñ aýal-gyzlary jemgyýetden çetleşdirmegine garşy gidýän öñdebaryjy topar orta çykdy. Edil ýöne smertnikleriñ hüjümine meñzeş. “Biz ýetişdik, biz bar bärde!” diýýärler. Elli sany öñdebaryjy, progressiw zenanyñ ömri we azatlygy howp astynda. ABŞ edil birwagtlar SSSR-iñ edişi ýaly Owganystana ornaşmaga synanyşdy we elbetde näçe jan etse-de, ornaşyp bilmedi. SSSR Owganystana ösen medeniýeti getirermendiler. Brežnew döwrüniñ şertlerinde Moskwany goldaýan toparlaram munuñ üstünde köp durýardy. ABŞ we onuñ ýaranlary beýle zady öñe sürmedi. Olar Owganystany goramak we ylymly yslamyñ daşarky howp-hatarlara garşy hyzmatdaşlygyny öñe tutýardylar. Munuñ üçin ABŞ-da okaýan owgan ýaşlaryny hasam köpeldip, olardan has giñ gatlagyñ taýýarlanmagydy. • UTANMAN-UÝALMAN GAÇYP GITDILER Her gün her ýerde birnäçe raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleri Kabulda aýlanar ýörerdi. "Owgan aýal-gyzlaryny zamanabaplaşdyrmak!" üçin arrygyny gynaýan sosiologlaryñ, žurnalistleriñ hetdi-hasaby ýokdy. Şol ikiarada owgan ýokary gatlagyndanam aýal-gyzlaryñ adyndan çykyş edip biljek ýüzler orta çykdy. Hemmesi-de dünýälerini Atlantik okeanyñ añyrsynda guran mysaly gaýmalap uçdular. Edil şol wagtam ABŞ Owganystan utanman-uýalman çekildi. Öñe süren pikirlerini we boýunlaryna alan roly şeýlekin bihaýalyk bilen ret edip giden bir göreşiji dünýä taryhynda heniz görlen zat däl. Taliban diýmek - medreselerde kimden näme öwrenendigi näbelli, döwletiñ we milletiñ gazanan gymmatlyklaryndan peýdalanýan obalylardyr. Puştun (ariýana) taýpasynyñ agdyklyk edýän, ýöne her dürli owganystanlynyñ toplanan jemendesi. Öçli we bilimsiz adamlaryñ ýaragly selpeşip, hemme ýere burnuny sokup ýörmegine, kethudalarynyñ aýal-gyzlary jemgyýetden çetleşdirmegine garşy gidýän öñdebaryjy topar orta çykdy. Edil ýöne smertnikleriñ hüjümine meñzeş. “Biz ýetişdik, biz bar bärde!” diýýärler. Öñ bylar ýaly zady görmänsoñ ilkibada aljyran adamlaryñ ýaraglaryny çenändigi dogry, ýöne özlerini dürsäp bilmän, ertesi güni emirleriniñ neneñsi doñuzlyk etjekdigini çekişmegiñ hajaty ýok. Elli sany öñdebaryjy, progressiw zenanyñ ömri we azatlygy howp astynda. • TARYHY TÜRKLER BILEN ERIŞ-ARGAÇ Häzirki režim bilen dil tapyşmagyñ, düşünişmegiñ tarapdary bolan we muny belli bir ölçegde edýän hökümetimiziñ bu işini dowam etdirmegi gerek. Owgan taryhy türkler bilen eriş-argaç bolan taryhdyr. Iñ bärkisi Gaznalylar, Seljuklylar döwründen bäri, Sefewilerdir Nedir şanyñ döwründe-de ýagdaý şeýleligine dowam etdi. XV asyr Owganystan Teýmirleñiñ oglunyñ we agtyklarynyñ merkez edinen ýurdydy. Hüseýin Baýkara (Soltansöýün) ýaly adybelli hökümdaryñ mejlisleri, Alyşir Nowaýynyñ şygyrlary, Bihzad ýaly miniatýuraçylaryñ eserleri we onuñ şägirtleri şu ýurtdady. Hyratyñ ajaýyp ganat sistemasynyñ, ýagny kanalizasiýa we suwaryş sistemasynyñ sowet okkupasiýasy döwründe weýran edilendigini bilýäris. Bu Sowet Soýuzynyñ goýberen gödek taryhy ýalñyşlygy, gereksiz synanyşygy boldy. Öz däp-dessurlary bilen ýaşaýan halkyñ durmuşynyñ we medeni gurluşynyñ weýran bolmagyna sebäpkär boldylar. Amerikanlar bolsa özlerine mahsus degenerasiýa bilen geldiler. Ne ýurduñ ykdysady durmuşy özgerdi, ne-de bilimine düzediş girizip bildiler. • EJIZ WE TÄSIRSİZ DÄL Ortada näme bar bolsa, hemmesi Owganystanyñkydyr. Owganystan günbatarlylaşmagy XX asyrda mesele edindi. Kemalist Türkiýe bilen gatnaşyk açdy. Türk hekimleriñ, hünärmenleriñ, pedagoglaryñ ýurduñ patyşasy Amanulla hanyñ we Muhammet Zahir şanyñ döwründäki Owganystanda bitiren işleri hemişe ýatlanyp gelinýär. Bu baý hyzmatdaşlyk nämüçindir Owganystanyñ SSSR bilen ýakyn gatnaşygy we biziñem munuñ saýasynda NATO-nyñ syrlaryny bilip-bilmezden yzyna tabşyrma was-wasysy sebäpli kesildi. NATO ve Türkiye ilişkilerinin tarihindeki ilk handikaplardandır. Agyr giriş-ä mümkin däl, ýöne biziñ bu ýurtda käbir adamlary, hiç zatdan çekinmän dogduk depesinde döş gerip öñe çykan progressiw aýal-gyzlary goramak üçin hereket etmäge borçludyrys. Her ýurtda okuwly-bilimli aýal-gyz tapylyp duranok, az. Elbetde, Owganystanda has az, emma bu azlyk olaryñ ejizdigini we täsirsizdigini añlatmaýar. Ilber ORTAÝLY. "HÜRRIYET" gazeti, 12.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |