21:29 Yñdarmalygyñ galyndysy... Kitap ýakmak | |
YÑDARMALYGYÑ GALYNDYSY... KITAP ÝAKMAK
Publisistika
Kitap ýakmak warwarlygyñ we inkwizisiýanyñ döwri bolan yñdarma katolikligiñ galyndysydyr. Häzirkizaman galyndysy-da nasizmdir. XVII asyrdan bäri ýewropaly döwletleriñ hatarynda ýer alan Şwesiýanyñ döwlet salyhatlylygynyñ ýetmeli derejesine şindizem ýetip bilmändigini görýäris. Kitap ýakma prowokasiýasy Günbatar taryhynda gabat gelýär. Zyýanly neşirler, möçberi köpelen we gadagan edilen kitaplar bar, bulara indeks diýilýär. XVI asyrda gadagan edilen kitaplaryñ sanawy “Index Librorum Prohibitorum” («Индекс запрещённых книг») çap edilmäge başlandy. Emma medeniýet taryhynda adamlaryñ iñ masgaraçylykly kitap ýakma wakalaryna nemes faşistleri sebäp boldular. Ýakylan kitaplaryñ arasynda Genrih Geýne ýaly nemes romantiki nasionalizminiñ iñ görnükli şahyrynyñam (diñe aslynyñ jöhitdigi üçin) kitaplary bardy. Isteriýa özüni aldyran gatlaklar müñlerçe awtoryñ on müñlerçe kitabyny ýakdy. Elbetde, olaryñ içinde jöhit dininiñ mukaddes kitaplary-da bardy. Hatda sinagoglaryñ birinden alynan käbir Töwrat rulonlaryndan, ýagny derä ýazylan nusgalaryndan nemes ofiseri gursakça tikdiripdi we konslagerlerdäki ýesirleriñ öñüne geýip çykypdy. Ol muny biçäre jöhit ýesirleriniñ degnasyna degmek we olary kemsitmek üçin şeýdipdi. Dini ynançlara ynanmaýan, ýeterlik derejede hormat goýmaýan adamlar bolup biler. Emma adamlaryñ ynanjy olaryñ ruhunyñ bir parçasydyr, olaryñ umydydyr, görnetin duşmançylyk edýändikleriniñ alamaty hökmünde garamak beter ýalñyş, hatda aşa ýigrenji zat. Kitap ýakmak warwarlygyñ we inkwizisiýanyñ döwri bolan yñdarma katolikligiñ galyndysydyr. Häzirkizaman galyndysy-da nasizmdir. • DÖWLET SALYHATLYLYGY ÝOK Gynansak-da, Şwesiýa ilçihanalaryñ öñünde edilýän çykyşlara 80-90-njy ýyllarda hemmeleriñ we etniki azlyklaryñ hak-hukugy hökmünde garamak bilen çäklenmedi. Bularyñ prowokasiýalarynyñ öñüni aljak bolmagyñ deregine, ilçihananyñ daş-töweregini germawlar bilen aýlap çykypdy. Bu boýunça bildirilýän nägileliklere-de üns berilmeýärdi. Döwletiñ nähili döwletdigi daşary ýurtly diplomatlaryñ jan saglygynyñ we at-abraýynyñ goragynyñ üpjün edilişi bilen kesgitlenýär. Orta asyrlarda-da ilçiniñ şahsyýetine dil ýetirmek ýa-da janyna kast etmek üçin aýratyn hak-hukuk talap edilipdir. Osmanly döwletiniñ Ýewropadaky köne ýaranlarynyñ biri we azyndan XVII asyrdan bäri ýewropaly döwletleriñ hatarynda ýer alan Şwesiýanyñ döwlet salyhatlylygynyñ ýetmeli derejesine şindizem ýetip bilmändigini görýäris. Garşylyklaýyn nutugyñ we tankyñ iñ aýgytlaýjy ýeri-de şu bolmaly. Daniýaly ekstremist sagçy syýasatçy Rasmus Paludan Türkiýäniñ Şwesiýadaky we Daniýadaky ilçihanalarynyñ öñünde Kurany-Kerim ýakypdy. Ilber ORTAÝLY. "HÜRRIYET" gazeti, 20.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||