18:43 Dostoýewskiý | |
DOSTOÝEWSKIÝ
Edebi makalalar
Orta gatlakdan bolan aristokrat maşgalada dünýä indi. Baý durmuşda ýaşamady. Dostoýewskiniñ altmyş ýyllyk ömründe ýazan romanlarynyñ okyjylary Russiýany-da, bu ýurduñ baý gatlagyny-da görüp bilmezler, onda görünýän zat diñe adamlar. Gürrüñsiz, ol külli Russiýanyñ iñ söýgülisi ýazyjysydyr, daşary ýurtlarda-da şeýle. 1821-nji ýylyñ noýabrynda dünýä indi. Altmyş ýyllyk ömri we yzynda galdyran eserleri watany Russiýada-da, slawýan dünýäsinde we bu dünýä bilen birnäçe asyrdan bäri bile ýaşap gelýän türki dünýäniñ gatlaklarynda-da iñ jedelli gürrüñleriñ biri bolmagynda galýar. Bütin dünýä Dostoýewskini okamaga dowam edýär. Ol indi Russiýanyñ buýsanjyna öwrüldi, emma wagtynda rus edebiýatynyñ Turgenýew ýaly läheñleri onuñ eserlerini berk tankyt edipdiler. Bu tankytlaryñ käbirleri onuñ syýasy garaýyşlaryndan başlap psihologik gabartmalara çenli uzaýar. Sowet öwrülişigi ýazyja başgaça baha berdi, emma 1956-njy ýyldan soñ eýýäm başga bir Dostoýewskiý bardy. • BAÝ DURMUŞDA ÝAŞAMADY Biziñ ýazyjymyz Ýaşar Kemala çenli Tolstoýyñ muzeýinde bir aristokratyñ hemme wagt üçin bar bolan mümkinçilikden Dostoýewskiniñ perişan muzeýinde bolsa halkyñ ýazyjysynyñ uçran haksyzlygyndan söz açyp bilýär. Hakykatda şeýlemidi? Orta gatlakdan bolan aristokrat maşgalada dünýä indi. Bular ýalylara dworýanlar diýilýär. Baý durmuşda ýaşamady. Uly baýlyklara mahsus telbelikleriñ iñ pesi-de ony maliýe taýdan gowşadypdyr we ondanqm elbetde ýene psihoanalizleýji roman orta çykypdyr: "Tentek". Durmuşy kyn geçipdir. Tutgaý (epilepsiýa) keselinden ejir çekipdir. Başyndan geçiren dert-keselleri döreden eserlerinde mesaña bildirýär. Bu maglumatlar medisina ylmyny häzirem gyzyklandyryp gelýär. • DIÑE ADAMLARY SURATLANDYRÝAR "Biçäreleri” ýazandan soñ Nikolaý I-iñ gözüne düşdi. Gogolyñ hatyna ýazan düşündirişi başyna dert açdy. Hat sebäpli sürgüne iberildi. Ölüm jezasyndan iñ soñky pursatda halas boldy. Sürgünden okgunly rewolýusioner we immigrant bolup däl-de, yñdarma panslawýançy, hristian Russiýany öñe tutýan, aziýaly türkleri halamaýan biri bolup dolandy. Emma Dostoýewskiniñ aýratynlygy bu däl. Onuñ romanlaryny okaýanlar Russiýany-da, bu ýurduñ baý gatlagyny-da görüp bilmezler, onda görünýän zat diñe adamlar. Ol gürrüñsiz külli Russiýanyñ iñ söýgüli ýazyjysydyr, daşarky dünýäde-de şeýle. • TERJIMELERI GOWŞAKDY Onuñ käbir eserleri fransuz dilinden edilensoñ diýseñ gowşak çykýardy. Soñky wagtlarda ussat terjimeçiler bar. Dostoýewskiý hemişe halanyp okaljak ýazyjydyr. Käbirleri okamakdan ýadar, käbirleri üçin bolsa okalmaga mynasyp ýeke-täk ýazyjydyr. Kitap tekjesinde “Doganlar Karamazowlar”, “Jenaýat we jeza”, “O dünýäden hatlar” öwran-öwran okalmakdan ýaña sahypalarynyñ bir gyrasy ýyrtylyşyp ugran jiltler halynda hemişe durjagyny bilýärin. Gürrüñsiz skandinaw edebiýatynda-da, özünden soñky fransuz edebiyatynda-da Dostoýewskiden täsirlenenler bar. Atlaryny bermeselerem, şol stilde gidýärler. Emma olaryñ Dostoýewskiniñ derejesinde ussat romançydygyny aýtmak mümkin däl. Başga hili gözleglerem bar, hususanam Ýewropada. • DOSTOYEWSKIMI TOLSTOÝ? Bir zat möhüm: ýazyjy slawýanlaryñ bileleşmegini syýasy pikirlerinde ýañzydardy. Slawýan dünýäsiniñ onuñ üçin nähili seljermeler geçirendigi jedelli. Dostoýewskimi ýa Tolstoýmy? Meniñ pikirimçe ikisem. Käte Tolstoý Dostoýewskiden has internasionalist, emma syýasy ýazgylaryndaky ähli slawýanparazlygyna garamazdan Dostoýewskiý Tolstoýdan has internasionalistdir. • "HECE" NEŞIRÝATYNYÑ DOSTOÝEWSKIDEN ÝÖRITE NEŞIRI Geçen ýyl Dostoýewskiniñ doglan gününiñ 200 ýyllygydy. Bütin dünýäde bellendi diýip bilmeris. Geñ ýeri Russiýanyñ özi ýazyjynyñ hormatyna garaşylyşy ýaly medeni çäreleri geçirmedi. Muña derek rus dilini hökmany bilmek şerti öñe sürülýän we Russiýa Federasiýasynyñ goşun salyp halky oka tutan Gazagystanynda Dostoýewskiniñ 200 ýyllygy bellenip geçildi. • TÖWEREKLEÝIN BIBLIOGRAFIÝA Türkiýede onçakly eşdilmän galan ylmy iş edildi. "Hece Yayınları" iki uly jilt görnüşinde "Dostoýewskiniñ ýörite sanyny" taýýarlady. Iki jilt jemi 1.200 sahypadan ybarat. Işde Dostoýewskiniñ bibilografiýasy töwerekleýin berilýär. Eserleriniñ çap edilen ýyllarynam takyk berýär. Türk diline terjime eden eserlerini Birsen Karaja we Gülsün Ýylmaz Gökkis tertipleşdiripdir. Düýpli seljerme sanawynyñ käbirleri rus awtorlara degişli we rus dilinden terjime edilipdir. Biziñ deñ-duşlarymyz şumada çenli bular ýaly düýpli işiñ edilenini görmändiler. Bu asylly iş öwgä mynasyp. Üstesine şu ýerde awtorlaryñ tutuş sanawyny bermegim mümkin däl, ýöne birnäçe makalanyñ, has dogrusy monografiýalaryñ türk ýazyjylary tarapyndan ýazylandygyny belläp geçesim gelýär. Olar ylmy jemgyýetçiligimizde rus filologiýasy boýunça gyzyklanýan esasy adamlarymyz bolup durýar. Köp sanly ýubileý günleri geçirilýär. Hatda bu möhüm ýubileýler biziñ ýazyjylarymyza degişli. Ýakyn wagtda Ýunus Emre bulardan biridi. Henize çenli düýpli edilen işleri göremok. "Hece" neşirýatynyñ bu iki jiltligi düşünje dünýämiz üçin abyrsyz uly işdir, bahasyna ýetip bolmajak bähbitdir. Üstesine Dostoýewskiý boýunça başga edebiýatlaryñ edebiýatçylary tarapyndan geçirilen deñeşdirmeli bir seljerme-de goşulypdyr. Ilber ORTAÝLY. "HÜRRIYET" gazeti, 09.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |