08:28 Özüňi özgertmegiň özeni | |
ÖZÜŇI ÖZGERTMEGIŇ ÖZENI
Ýatlamalar
Hormatly Prezidentimiz ýazyjy-şahyrlaryň döredýän eserleriniň halkymyzyň milli däp-dessurlaryna eýlenip, terbiýeçilik tarapynyň agramly bolmalydygyny we çeper edebiýatyň hemişe durmuşyň möhüm meselelerine ýüzlenip, onuň oňyn çözgüdini gözleýändigini aýratyn belleýär. Döwrüň hakykatyny ýokary çeperçilik bilen beýan edip, adamlaryň aňyna we ruhuna täsir etmek şu günüň edebiýatynyň hem möhüm wezipesidir. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýewiň eserlerine nazar aýlanymyzda-da muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gowşut Şamyýewiň döredijiliginde ýigrimiden gowrak goşgular ýygyndysy we poemasy, sekiz romany, on powesti, ýüze golaý hekaýasy, publisistik häsiýetli makalalary esasy orny tutýar. Ýazyjynyň döredijiligi barada söz açyp, Hudaýberdi Diwangulyýew şeýle ýazypdy: «Gowşudyň eserleriniň esasy gahrymanlary sadaja oba adamlarydy. Edebiýat nazaryýetinde aýdylyşy ýaly, «jemgyýeti öňe ilerletmäge uly ukyby bolan nurbatjyklardy». Obanyň, oba adamlarynyň durmuşyna şeýle beletligi Gowşuda bu ugurda saldamly romanlary ýazmaga uly mümkinçilikleri berdi. Şol sadaja adamlaryň içki dünýäsi, gündelik işleri, söýgüsi-gaýgysy, begenç-gynançlary, ýalňyşlyklary, olaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, ýetiribem bolmajak bu gadymy durmuşdan alan sapaklary Gowşudyň saldamly romanlarynyň baş temasydy». Ýazyjynyň döreden keşbiniň okyjynyň duýgusyna täsir ederlikli bolmagy üçin häsiýetleriň janly, anyk şekilde suratlandyrylmagy gerek. Okyjy eseriň gahrymanyny ähli aýratynlyklary bilen janly şekilde görüp, synlap bilmeli. Ýazyjy gahrymanyny okyja görkezip bilmese, okyjy ony söýübem, ýigrenibem bilmez. Gahrymany çeper janlandyrmak üçin, ony düýpli öwrenmeli, eserde her bir gahrymanyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryny, alamatlaryny nygtap görkezmeli. Gowşut Şamyýewiň «Sen kim?» romanynyň baş gahrymany Aşyryň her bir hereketine, öz maksadyna ýetmek üçin edýän işlerine nazar aýlanymyzda, onuň häsiýetiniň köpdürlüligine göz ýetirýäris. Şu nukdaýnazardan ol Agahan Durdyýewiň meşhur Annaguly sölpüsini hem ýada salman durmaýar. Annaguly bilen Aşyryň häsiýetiniň deň däldigini aňmak kyn däl. Annaguly sölpiniň häsiýetinde bolýan özgerişler gahrymany hemmetaraplaýyn gowulyklara tarap kämilleşdirýär. Bu hili häsiýeti Aşyryň keşbinde hem görýäris. Olaryň ikisiniň hem häsiýetinde ilki gowşaklyk, emelsizlik höküm sürýär, häsiýetiň özgermegi bilen bolsa olar maksada okgunly, başarjaň keşbe eýe bolýar. Ýöne Aşyr Annaguly sölpi däl. Ol ýaşlykdan nämedir bir zady gözleýär, emma gözleýän zadynyň nämedigini seljerip bilmeýär. Şonuň üstünden barýança ençeme hünärler bilen iş salyşýar. Özünde gowşaklygyň bardygyna garamazdan, ol öz-özüni başarjaňlyga uýgunlaşdyrýar. Ahyrsoňy öz öňünde şeýle sowal goýýar: «Indi Aşyr kim? Sen kim? Özbaşdak ädimiň şu günden başlaýarmy?..» Bu soraglara birbada jogap tapmasa-da, ol gözlegini dowam etdirýär. «Aşyryň gözleýän zady-da alnyndan häli-häzir-ä güberip çykaýanok. Çykmasa-da gözläp ýör. Ony öz dogduk obasyndanam idedi, işe iberilen ýeri bolan Büzmeýiniň etegindäki obalardanam agtardy. Onuň gözleýäni şo-ol gadymy türkmen gölli halydy, her dürli röwüşde dokalan çuwaldy, asmalykdy, etegi, ýeňi gadymy nagyşly çyrpydy, şaldy». Görnüşi ýaly, döredijilikli açyş çeper keşpde gahrymanyň häsiýetinde ýüze çykýar. Her bir çeper açyş anyk durmuşa esaslanýar. G.Şamyýew hakyky durmuşda heniz çeperçilik taýdan doly öwrenilmedik möhüm ahlak meselelerini gozgaýan wagtynda terbiýeleýjilik ähmiýetli çeperçilik açyşlaryň üstünden barýar. Aşyryň milli sungatymyz bolan halynyň gadymy nusgalaryny tapyp, olary täzeden işläp, has-da kämilleşdirip, halka ýetirmek barada edýän tagallalary onuň ahlak keşbini açýar. Ýazyjy gahrymanynda türkmeniň haly sungatyna bolan çäksiz söýginiň oýanyşyny beýan etmek bilen, onda täze bir milli häsiýeti janlandyrýar. Gadymy nagyşly halydyr çuwallary gözläp, gum etek obalaryna öýme-öý aýlanmagy Aşyryň keşbiniň taplanýandygyna, ösýändigine kepil geçýär. Haly dokamak üçin gurnama ýasamagy, oňa haly ýüwürtmegi, üstünden ençe asyr geçiren çuwalyň nagşyny kämilleşdirip çitmegi, onuň işine bolan yhlasyny, maksada okgunlylygyny, başarnygyny görkezýär. Aşyryň häsiýetiniň, aň-düşünjesiniň ösüşinde yzygiderliligiň saklanmagy onuň häsiýetiniň türkmençilige daýanyp kämilleşýändigini alamatlandyrýar. Gahrymanyň durmuşda özüni alyp barşy, wakalara gatnaşygy, oňa çemeleşişi onuň özboluşlylygyndan habar berýär. Bu häsiýet Aşyryň özüne laýyk gelýän ahlak aýratynlyklaryny jemleýji özen bolup hyzmat edýär. Şeýle-de gahrymanyň oňyn häsiýetiniň ýüze çykyşynda dowamlylygy görüp bolýar. Aşyrda zähmete bolan söýginiň oýanmagy bilen onuň aňynda jemgyýetçilik bähbidine bolan garaýyş güýçlenýär we durmuşda ýüze çykýan päsgelçiliklere garşy durmak hyjuwy ýokarlanýar. Eserde Aşyryň ýürekden söýýän sungaty barada çynlakaý aladasynyň, yhlasynyň aýdyň beýany bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýazyjynyň amatly çeper detaly saýlap almagy, her bir söze berýän agramy netijesinde gahrymanyň zähmete bolan ajaýyp garaýşyny, oňyn häsiýetini yzarlap bolýar. Gahrymanyň içki oý-pikirleriniň, islegleriniň jemlenmegi esasynda Aşyryň jemgyýetçilik bähbide bolan pelsepewi garaýşy ör-boýuna galýar. Aýhan Hajynyň dana Magtymgulynyň keşbini şekillendirip, sungatda öçmejek yz goýşy Aşyry zähmete sary ruhlandyrýar. Eseriň baş gahrymanynyň nusgawy şahsyýetleri özüne ýaran edinmeginde jemgyýetçilik ähmiýetli bähbit bar. Şonuň esasynda Aşyryň keşbinde kärini ýürekden söýýän adamyň watançylygy jemlenýär. Güljahan GURBANMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||