12:20 Çeper edebiýatyñ terbiýeçilik ähmiýeti | |
ÇEPER EDEBIÝATYÑ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Edebiýaty öwreniş
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyz ata-babalarymyzdan gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek bilen, olary kämilleşdirip, ýaş nesle öwredýär. Halkymyzyň nusgalyk milli häsiýeti Watanymyza söýgüsidir. Şu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan täze ösüşlere beslenip, dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Watanyň asudalygy, erkinligi üçin ata-babalarymyz yhlaslaryny, gerek bolsa janlaryny gaýgyrmandyrlar. Munuň özi Watany mukaddesleşdirýär, biziň watançylyk duýgymyzy ösdürip, parahatçylygyň hatyrasyna has-da yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýar we ruhlandyrýar. Çeper edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup, ol ýaş nesli terbiýelemekde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Ajaýyp eserleri bilen türkmen edebiýatynda görnükli orun alan ýazyjy Nurmyrat Saryhanow gysga ömrüniň dowamynda meşhur eserleri, çeper keşpleri döretdi. Biz Nurmyrat Saryhanowy türkmen edebiýatyny baýlaşdyran, ussat ýazyjy, halk durmuşyny, däp-dessuryny gowy bilýän, söze çeper, öz mähriban Watanyny ýürekden söýen gaýduwsyz watançy hem-de bütin ömrüni, döredijilik zehinini halk üçin, Watan üçin bagyş eden söz ussady hökmünde hormatlaýarys. Onuň eserlerini türkmen edebiýaty dersinde ýaş nesle öwredýäris. Ýazyjy «Şirin», «Kitap», «Arzuw», «Soňky öý», «Ak tam», «Söýgi», «Giýew», «Baýyň gahary» hekaýalaryny, «Şükür bagşy», «Gyrnak», «Ýagtylyga çykanlar» ýaly powestleri ýazdy. Bu eserlerde beýan edilýän döwrüň wakalary dogruçyl açylyp görkezilýär. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny, «Şükür bagşy» powestini okamadyk, megerem, ýok bolsa gerek. «Kitap» hekaýasynda sada Welmyrat aganyň keşbi arkaly Magtymgulynyň goşgularyna adamlaryň çäksiz söýgüsi, belent sarpasy çeper suratlandyrylýar. «Men kitap şeýle gyzykly zatdyr, adamy pikir etdirýän zatdyr, adamyň durmuşyndan sözleýän zatdyr öýtmeýärdim... Munuň belli bahasy ýokdur, bu satylýan zat hem däldir diýip pikir etdim... Bu eger gurbum ýeter ýerine satylýan zat bolsa alaýyn diýen hyýala mündüm. Ýöne welin, öz ýanymdan bahasyna san ýeter öýtmeýärdim» diýip, Welmyrat aganyň kitap hakynda ýöredýän pikiri Magtymguly şahyryň her bir sözüniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny tassyklaýar. «Kitap» hekaýasyny okadygyňça, oňat täsir galdyrýar. Mähriban Prezidentimiz: «Islendik döwletiň medeniýetine, sungatyna baha berlende, ilki bilen, onuň şöhratly geçmişine, baý medeni mirasyna, tanymal şahsyýetlerine, çeper edebiýatyna, görnükli ýazyjy-şahyrlaryna üns berilýär. Hut şonuň üçin hem gadymy däp-dessurlarymyzy, şöhratly ýol-ýörelgelerimizi dowam etdirmek şu günki ýaş nesliň kemala gelmeginde, ruhy-jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir» diýip belleýär. Munuň, dogrudan hem, şeýledigine Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestini okanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Bu powest türkmen halkynyň milli saz sungaty, onuň at-owazasyny ýokary derejä göteren belli sazanda Şükür bagşy barada. Eserde suratlandyrylýan waka hakyky durmuşda, ýagny XIX asyryň ahyrlarynda Duşak töwereginde bolup geçýär. Powestiň baş gahrymany Şükür bagşy öz hünäri bilen halkyna hyzmat eden sazanda. Ýazyjynyň bu powestinde türkmen halkynyň saz sungatyna bolan sarpasy, meşhur sazanda Şükür bagşynyň ussatlygy bilen doganyny azat edişi beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Mälim bolşy ýaly, sazyň ýaragdan rüstem gelip bilýändigi baradaky bu rowaýat türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň esasy bolýar. Şol powest boýunça-da 1963-nji ýylda Bulat Mansurow «Şükür bagşy» atly meşhur kinofilmini surata düşürýär. ...Çagalykda bu filmi ilkinji gezek görenim ýadymda. Men o wagt oglanjykdym. Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn» diýip, bu eseriň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzir Türkmenistan dünýä ýurtlary, şol sanda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Milli Liderimiz BMG-niň belent münberinde umumadamzat bähbitli meseleleriň oňyn çözgüdini orta atýar. Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Güljahan GURBANMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |