03:47 Perwana men | |
PERWANA MEN
Goşgular
![]() Ýok, men közjagaz däl, uçgunjygam däl, Ýa bir şem yşgyna gelen perwana. Gijeleriñ Aýa uçuşy ýaly, Uýýan şol gözeliñ yşk permanyna. Ýok, men otjagaz däl, ataşjygam däl, Ýa şahyr däl söz saýlara dürdäne. Her gün Günüñ dogjagyna uýmuş deý, Bir gyzyñ yşkyna uýýan merdana. Men bir gyzda dörän yşkyñ ýalyny, Ýokdur bu yşkymy söndürip biljek, Ýedi gat ýer, arşyñ-kürşüñ üstünde Ýok meniñ söýgimi syndyryp biljek. Şeýle wepa üçin, şeýle yşk üçin Dadyp gördüm dodaklaryñ abyny. Şol gyz ýüregine päk söýgimi hem Nagyşlap ýazypdyr meniñ adymy. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |