09:58 Peýkam | |
PEÝKAM
Goşgular
21-nji fewral: Şu gün şahyr Italmaz Hudaýberdiýewiñ doglan güni. Ak guwlaryñ ýeleklerne çalymdaş, Gum astynda pynhan ýatan peýkam men Şar gara zemistan müñ esse gowy, Ak guşlaryñ gõwsün gana çaýkandan.. Yhlas bilen bõwsüp ýaýyñ dartuwyn, Nyşanadan sowa geçdim bir demde. Süýnüp gitdim unudulan ruh deýin, Nähak gany gõtermek kyn gerdende. Şindem meni goýanok õz erkime, Uzakda şartyldap çekilýän ýaýlar.. Ýuwdup iñläp gelen oklañ awusyn, Guşlaryn sag-aman ugradýar ýaýlam. Gum astynda ýatan pynhan peýkam men, Ykbalym ters geldi, Ýol ýasap gõkden... ...Synmadyk ganatlañ ýylysy ýatyr Bir çak çal Zemine sanjylan okda... Italmaz HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |