PIDA
"Mukaddes Watanyñ kanuny şeýle
Özge kanun bolmaz,
Özge kanun ýok,
Dönüklere gitmek bolýar Watandan,
Dönüklere bu Watanda orun ýok."
Awtor.
I.
Moiseý elinde tutup hanjaryn
Oýlanýar öz göwresine sanjaryn.
Eden etmişine eýleýär puşman,
Ol indi düşünýär: Kim dost? Kim duşman?
Ýürekde ses edýär iñ soñky göreş,
Ahmyrly ömrüne aýlaýar nazar.
Kalbyndaky ter-ter ýapraga meñzeş
Gözel arzuwlaryn urupdyr hazan.
Çykypdyr ýüzüne gurşunyñ reñki,
Düşüpdir ysgyndan, gaçypdyr eñki.
II.
Ah, onuñ nälete siñen geçmişi,
Döredýär kalbynda agyr teşwüşi.
Giñ gideb bir oýda bialaç özi
Hemem ýat ýer oña bu daş-töwerek.
Açyk gözýetimi ümezlän gözi
Ümürli görkezýär, howlaýar ýürek.
Kepän dodaklaryn ýalaýar her dem,
Adamlae daş gitdi ýardam bererden.
Dişin gysyp az-kem ýeñýär yzasyn,
Eden etmişiniñ çekýär jezasyn.
III.
Gije birmahallar efiri diñläp,
Gürrüñ ederdiler durmuşy geñläp.
Täze dörän tanyş (nätanyş asly)
Janygyp gürlärdi juda "esasly".
Keýpin ýetirensoñ beñli temmäki
Öwerdiler şol nätanşyñ parigin.
Undardylar şeýdip ertekidäki
Aýazhanyñ asyp goýan çarygyn.
...Wah, nämä gerekdi kampaniýalar!
Başa iş düşende nirede olar?
IV.
Parik-de, grim-de gizläp bilmedi,
Çeken planlary barmady başa.
Niýetleri puja çykdy, bolmady,
Nirä barsa degdi paltasy daşa.
Odessada ele düşdi birisi -
Sionistleñ agentleriniñ irisi.
Kanun çözer olañ ykbal çözgüdin
Kanunyñ öñünde günäleri bar.
A uzakda görüp ýatyr görgüsin
Suw görmän tammany çykaran haýýar.
V.
Dem alanda biraz beýgelýär asman,
Ýassyk ýaly ýumşak bolýar ýer oña.
Maý bermeýär daşa bakmaga, arman!
Mañlaýyndan akýan ajy der oña.
Kim ony eşitjek, görjek ýa duýjak,
Ýatyr suwsuzlykdan agzy gum garbap.
(Eger kimdir biri görse-de diýjek:
"Hol ýerde ýatyr bir ýaraly arwah")
Gatan aýaklaryn gymyldatmaýar,
Göwre sowap barýar, diýen etmeýär.
VI.
Golan belentligniñ düýbünde ýatyr,
Ýetik aladasy, ýatyr ol tenha.
Diri galjagyna edýär howatyr,
Kimdir biri gelýär.
- Bärde, men ynha!..
"Belki, halas eder ol maña uçrap"
Umyt uçgunlary kalbynda syçrap,
Agras kellesini galdyrýar ýerden:
- Ahow kim bolsañ-da habar tut bärden,
Men agyr ýaraly, ýaragsyz, geliñ!"
Kömege çagyryp dişleýär dilin.
VII.
Şeýle ses eşdilýär: "Sen kime derkar,
Meniñ başdan agdyk öz aladam bar".
Daşlaşýar kem-kemden ol aýak sesi.
Umyt uçgunlary sönýär şobada,
Bakýar ýokarsyna, çölleñ eýesi
Maslykçy gyrgylar gaýýar howada.
"Meniñ gözüm üçin gelýändir olar",
Tutýar gözlerini çokalýan ýaly.
Düwmelenip düşýär ajy damjalar.
VIII.
Perdesini syrýar geçen günleri,
Ertesi ynamly mähriban şäher.
Bark urýan bezemen baglañ gülleri,
Aýdym bilen garşy alynýan säher.
Islän tarapyña uzaýan ýollar,
Bagtyñ belentligne äkelýän ýyllar.
Ysy beýhuş edýän mele-myssyk nan
Içseñ şypa berýän şerbetli suwy...
- Bagyşla günämi mukaddes Watan!
Seniñ hakykatyñ - Dünýäñ arzuwy.
IX.
Şärikdim men şu zatlaryñ baryna,
Il deñinde eýesidim ülkämiñ.
Ynamlydym, wepalydym ýaryma,
Söýgüsini gazanypdym Inkamyñ.
Şu ellerim bilen tutup elinden,
Gujaklapdym onuñ inçe bilinden.
Şu barmaklam bilen saçlaryn darap,
Ogşapdym bir gezek ýüzüne garap.
Bu gün bu barmaklar, bu eller indi,
Özüme kast etmek hyýala mündi.
X.
"Seniñ gözelligñe guwanan gözler;
Bu gün hyýanatyñ boldy şaýady.
Rahat adamlara ok atdyk bizler,
Öz bolşuma öz ýüregim awady.
Puşman edýän, asyl maksat oýanýar,
Gözel keşbiñ göz öñümde daýanýar,
Dünýäde ýeke-täk gyz sensiñ, Inka!
Akmakluk oduna ýakdym yhlasyñ.
Indi nälet okap ýörensiñ, Inka!
Men galan ömrümde şoña mynasyp.
XI.
Gül Watanym gara gözmüñ garasy,
Ýene seni görermikäm öwrülip.
Goý, keselbent enem jaýdar gargasyn,
Şol gün bolar beýik güni ömrümiñ.
(...Keselbent enesi başy ýassykda
gijeler giç gelse irkilmän durýar)
...Yzasyn unutdy... Birden hamsykdy,
Nätanyş topraga mañlaýyn urýar.
Ýürek urgusyna endireýär ýer,
Bu hala döz gelmän sandyraýar ýer.
XII.
Ýatlaýar enäniñ bir hekaýatyn...
Gadym bir zamanda şa depip atyn,
Nökerleri bilen çykýar şikara,
Ýetýär gür tokaýa gün salyp ara.
Şanyñ nökerleri gurşap daşyny,
Tutýarlar tokaýda toty guşuny.
Şa oña altyndan kapas ýasadýar,
Günde iki gezek özi esedýär,
Kyrk dürli naharyñ ugruna bakman,
Totuguş "Watan" diýp çekýärmiş arman.
XIII.
Şa guşdan soraýar: - Näme kemiñ bar?
Toty jogap berýär "Watanym" diýip.
- Eý totuguş şa tagtynda ornun bar,
Watanyñ tokaýmy? kül boldy, köýüp.
Toty jogap berýär "Watanym" diýip.
- Şeýle oñat bolsa Watan diýlen zat -
Ugradýar tokaýa: - Bar, indi azat.
Şahasyna çykyp köýük igdäniñ
Patyşa seredip, diýýär totuguş
- Seret, neneñ ajap Watanym meniñ!
XIV.
Şa sesin çykarman yzyna gaýdýar,
Bolan ahwalaty gyzyna aýdýar.
Şeýdip asyrlardan geçýär asyra,
Dilden-dile, nesillerden-nesile...
Moiseý ýatlady, ýatlady baryp,
Ol kime ýetirsin nalasyn-zaryn.
Hum ýaly beýnisi başdan geçirýär,
Maksatsyz ölümiñ harasadyny.
Watany taşlamak dönmege girýär,
Gowşadýar ýüregi urgyñ badyny.
XV.
Ýene-de galdyrýar agras kellesin,
...Jigsi girip barýar mekdep jaýyna.
(Eşdenok dogannyñ naýynjar sesin,
Kömek etmek düşmändir oñ paýyna)
Deñ-duşlary gezim edýär bossanda
Olara bu ýagdaý mälimmi ýeri?
Onda neçün jübi urduran wassal deý
Ýüzün sallap geçýär mugallymlary...
Moiseý birdenem tisginip gitdi...
Hyýal dogduk mekanyna äkitdi.
XVI.
Näletläp ýaraly ýatan näkesi,
Gazaply nazaryn dikýär kakasy.
Ýüreginswn önen öz perzendine
Ata-da heý, şeýle birehim bormy.
Belki, Moiseýiñ eden günäsi,
Bagyklap bolardan ulurak borly.
Ýalñyz galyp şeýle äpet dünýäde
Görenler ýüzüni sowýar şobada,
Ejesi hesretlu seredip goýýar,
Soñ tirsegne bakyp saçlaryn ýolýar.
XVII.
Haşlap agyr-agyr alýar demini,
Diýýär: "Dolanaryn dik bolsa başym.
Bagyşlap bilseñiz bagyşlañ meni,
Ömrümde ýeke-täk etjek haýyşym!"
Bu näm boldy, ýuwusgadan ätdimmi?
Eñkim gaçyp barýar başym ýaýkasam.
Ah, bir gezek bahar güllerin ysgap,
Ene topragyma döşüm oýkasam!
Galmazdy, galmazdy kalbymda arman,
Eý, ynsan bu duşan beladan aman!
XVIII.
Nirä geldim boş maksada kowlaşyp,
Jenaýatdan başga näme iş etdim,
Ýurdumdan aýrylyp, deñiz-dag aşyp,
Özümçe ýoklardan sögünç eşitdim.
Beren zatlary-da müñ gezek haram,
Nämüçin gaýtdymkam, akylym haýran,
...Bir günem sürdüler, hatara durzup,
Hawa... Käte ýörýäs, käte oturýas,
Üçünji gijede uly goh turzup
Golan belentligne ýetdi otrýad.
XIX.
Ýeñsämizde awtomatly aýallar,
Agyrlaşdy, agyrlaşdy ahwallar.
Barçamyz gelenler köre-körlükden,
Ýogsam Ysraýyldan kimiñ kimi bar?
Sionistleñ mekirlikde, şerlikde
Deýýus faşistlerden näme kemi bar?
Maksady: ellerin zer suwna ýuwmak,
Paý almak nebitiñ çykýan ýerinden.
Çet ýurtdan geleni ölüme kowmak,
Hyzmatkär edinmek galanlaryndan..."
XX.
...Ok sesi çykandan gaçdy Moiseý,
Eñdi özgeleren basga galan deý.
Atdylar olary öñden hem yzdan,
Iki aýagna-da ok degdi dyzdan.
Oýa eñdi ýer bagyrtlap, haş-haşlap,
Ýatdy, öz ganyna özi bulaşdy.
Ýoldaşlar ony gitdiler taşlap,
Her kim öz başyny çarasa hoşdy...
Ýatlamalar geçýär kinodaky deý,
Ýatlamalar kesýär bagryn päki deý.
XXI.
Pikirleri doñýar umytsyzlykdan,
Elinde saklap dur ýiti hanjaryn.
Bilmeýär näderin alaçsyzlykdan,
Oýlanýar ol: "Belki, özüme sanjaryn..."
Ýüregin köýdürýär otly kesindi,
Peýdasy ne ahmyr edeniñ indi,
Hanjary-da gaçdy elleri gowşap,
Ysgynsyz egildi kellesi aşak.
Pyşyrdady - "Sionistler ýok boluñ!..."
Soñ şol ýerde galdy jesedi onuñ.
Abdyreşit TAŞOW.
Poemalar