15:20 Güýzler we gyzlar / esse | |
GÜÝZLER WE GYZLAR
Publisistika
Säher çigregine gaşlary gyrawladymyka diýdirýän güýz iňrigi gara gara gyş-da däl, Nowruzly bahar ýa otly tomus hem däl, görýäň-ä onuň hemişeki güýzlügi. «Hemişeki» diýilýänligi dogrusy, güýzüň güýzlügini bilip ugralaly bäri, onuň şunlugydygyny nekawlandygydyr. A.Kekilow adyndaky Aşgabat peduçilişşesinde (häzirki mugallymçylyk mekdebi) okaýarkaň, paýtagtyň etegindäki Gökje, Gypjak obalaryna daýhanlara kömege gidilýän ýetginjeklik ýyllaryňda-da, soň ýigitlik çagyňda hem, häzirem güýzüň, hakykatdan-da, şo-o-l öňküje güýzlügi. Ynha, ol bu günem adamzadyň «Dünýä» diýip atlandyran sekiz ganat öýüne arka berip otyr. Ol äpet öýüň serpigi Asmangözeliň elinden çykan. Düşegi Sähragözeliň el işi. Daşynyň gamşyny kimler çykandyr öýdýäňiz? Ýeri, Asmangözeldir Sähragözel barka, onuň ýaly uly iliň synynda boljak beýle işe batyrynyp biljek barmy diýsene! Anha, güýz şol öýe arkasyny berip otyr. Daşyndan seredene onuň öýe girip-çykýanlar bilen işi, şärigi ýok ýaly. Bu giň hem äpet dünýä bilen ýaşytdaş adam ogly güýzüň arkasyny berip oturan mähnet dünýäsiniň hemişe açyk gapysyndan girip-çykyp ýörşüne özüni güýz bilen baglanyşdyrýan zadyň nämedigini aňşyrýar. Güýzüň özi, onuň arkasyny berip oturan dünýäsi bilen ýaşytdaş bolsaň, elbetde, onça-onça zada üşügiň çatjaklygy düşnükli ahyry! Aslynda bu şeýlemi ýa dälmi, güýzüň onuň bilen işi ýok. Onuň işi bu topraga arly ýyllap der döken adamzadyň azabynyň reýgan bolmazlygy. Onuň der döküp, renç siňdirip bilseň, adam dannawy ýok. Azap edeniň öňünde ýüzügara-da bolanok. Paýtagtdan Tejene tarap uzaýan ýoluň iki ýakasynda, käýerde-käýerde gözýetime çenli ýaýylyp gidýän üzüm baglary üzümçilik gören ýaly. Bulduraşýan hoşalaryň agramyna maýrylara gelen üzüm düýpleri güýzüňem yhlasy. Ine, adam ogly şoňa düşünýär. Üzümçilikdäki üzümiň suwy ýaly ak ýaglykly gyzlar güýzüň yhlasynyň ýüzüne urmajakdan bolup, üzüm ýygyp ýörler. Şeýtmeseň, gollarynda asyl-asyl bolup görünýän hoşalar akrap urjakdyr ýa-da guş-gumra şam bolup, negözel bereketli hasyly biberekede öwürjekdendir. Gyşyň eşek öldüren, degen ýerini kesip barýan aýazly howasyndan habar berýän yeller üfläp başlamanka, hasylly ýerde diş synçgara zat goyman, ýerem, özüňem aýagyňy uzyn salyp biler ýaly bolmaly. Ýogsam ho-ol salgym atyp görünýän tütün ýaly gara baglara çenli armanda goýsa goýar. Güýzüň bu şabat günleri adam-garasy ýetik weli, ol bag saýaly däl-de, miweli, alma-enarly bag bolsa bolaýsa gerek. Hany, barybereli bakaly, görüberýäs. Barýarsyň. Hyýalyňda-da gawun başynda dikilen telärde otyrsyň. Atyzara ýoljagazdan ulagyň tekeriniňmi ýa pyýada biriniň dabanynyň sarsgynynamy, ýarylýan gawunyň sesi gulagyň düýbünde ýalydyr. Dogrusy, ol sesem däl-de, ter-tämizligiň aňlatmasy täwin bir zat. Hakyda gulagyňa baryp-ha mekdep partasynda 10-12 ýaşlyja, göwni kamys ýalymy ýa ho-ol gözýetime çenli ýaýylyp ýatan gowaçaly atyzlardaky çym ak hanalaramy çalymdaş bir wagtlaryňdan tanyş tapmaçany pyşyrdaýar: — Bir guş tutdum, jany ýok, Kellesini kesdim, gany ýok, Içinde üç ýumurtga, Jüýjesiniň sany ýok. Hyýal ýene hyýallygyny etdi: gawun başyndaky teläre alyp geldi. Gelin ýörişi bilen assa-assa barmasaň, sähel sarsgyna tisginip, bölek-bölek bolarly gawunyň birini ýarýaň, dadýaň. Agzyň degensoň saklanyp boljakmy? Garnyň arkaňa aýlanýança gidip oturansyň. Erniňi kesäýjek ýaly süýjüligi ýöne-möne süýjülik däl, oňa ylla ömür süýjüligi gatylan ýaly. Gawun başyndaky şol pursat aýdylyşy ýaly, ömürden ahyryn! Hellewläp oturan bag hyýalyň süýji kölünden alyp çykdy. Düzüm-düzüm, asyl-asyl miwesiniň agramyna şahalary jomrulaýar öýtdürýän alma, enar daragtlary diňe güýzüň däl-de, zeminiňem ýaraşygydygy golaýlanyňda has äşgär aňdyrýar. Hasyl-a hasyl jan eken weli, ýöne onuň başy ak ýaglykly ýygymçylary-da ýeterlik görünýär. Biziňkilerde «Ýedi gyzlynyň halyny günde bir sora!» diýen gürrüň bar, ýöne şunça ýygymçy gyzly bagyň halynyň teň bolmajagy il-günüň özara gürrüňçiliginde aýdyşy ýaly, köre hasa ahyry! Her alma ýa nar başyna bir gyz bolmasa-da, her iki almadyr nara bir gyz ýa-da her gyza iki alma ýa nardan ýetse gerek. Güýz säheriniň aşyrymlap öwüsýän şemaly radionyň sesini aňyrlygyna äkidýänem bolsa: «Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalykçylary şanly Garaşsyzlygymyzyň 31-nji güýzünde tutanýerli...» diýen sözleri aýyl-saýyl eşidildi. Agajyň şahasyna iltenäýen, daşy teletin gaply, «Сокол» atly kiçijek radio meger, bagyň garawulynyňky bolsa gerek, ähtimal, unudyp gidendir. Bolýan zady diý-ä! Ýöriteläýmeseň aňsat-aňsat beýdip bolmasa gerek. Radiodan eşidilen: — Al ýaňakda almasynyň-o-ow, Her elinde birin gizlär-e-e-ý- diýip, ýygymçy gyzlary taryplaýan ýaly boldy. *** Ýaz ýagynly gelip, ot-çöp parç bolup, egri dyza ýetende, «Bahar-a başyna gören ýaly boldy» diýilýär. Şu ýylky ýaly hasylly gelen güýz hakda näme diýilýänini biljek däl, ýöne sentýabryň soňaldysynda, oktýabryň başraklaryndaky çogaş günlerde çarwa illerinde aýdylyşy ýaly, ýagnyny berse, sähralara, ylla, bahar gaýdyp gelene dönýär. Çarwa dilinde oňa «güýzeg» diýilýär. «Ýaz goşa geldi» diýäýmeleri-de bar. Arly tomus samandan, gury ot-çöpden garnyny göjän ownuk mal garyş sere bolan ýylakdyr ýepelek ýaly dürli-dümen ot-çöpden kese çykansoň, gyş bitiniň burny ganajak işi ýok. Gyşa aw bolman ýaza çykansoň özüňe belli, biriň iki boldugydyr-da. Elbetde, her zadyň öz bolşy, öz wagty, öz ýeri bar. Hernal, güýzeg güýz däl. Güýz güýz şekilli bolanda, şu ýylky ýaly hasylly gelende, baý-ba-a, daýhan ady dakylanyň boluberşini bir göräýseň. Sekiz ganat ak öýe meňzeş dünýäniň bosagasyndan ätlän güýzüň rejesinden göwnühoş mülkdar aty çykan ýaly, telpegini göge zyňdy. «Kanagata — bereket» diýip der dökýän ýer eýesi «Berenine şükür» diýip oturan boldy. Şeýle şükranalyga, beýle kanagata taý geljek zat barmy? Ol seniň günema-güzeranyňdan, jemgyýetdäki ornuňdan razylygyň, şu günüňe hoşallygyň, ertirleriňe ynamyň. Ýurtda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň düýp manysy-da şoňa syrykmaýarmy näme? Pellerdäki gowaça gozalaryndan çogupmy ýa atylypmy diýen ýaly çykan sümekler sümege däl-de, bir görseň ýumurtganyň agyna, ýene bir nazarda säher şapagyna çenli aňdyrýan ýyldyzlara meňzäýýän ýaly. Mülkdar ýylboýy azabynyň beýle bisýar hasyla ýetirenine Biribardan, güýzden, hatda özündenem hoşallykdan ýaňa diňe donuna däl, bu gadymy dünýä sygmajak bolýar. Şeýle bir begenmek begenýär. Şatlygyna şarikdeş gözleýär. Altyn güýz onuň ýerinden önen harman-harman «ak altynyň» şärikdeşi. Adam ogly ýere näçe renç siňdiren bolsa, şol rençde güýzüňem hilesi, gatanjy bar. Güýz ýer eýesiniň hasyl şärikdeşi. Hele-hüle zada galaňramaýan bu gadymy halk bolsa, onuň şatlygyna şärik. Goý, begenilsin! Gyz-gelinleriň gelnalyjy gelende, ogul öýerýän enäniň başyndaky iňňeden çykma gyňajyny jyrrym-jyrrym edip ýyrtýanlaryny görenler bilýändirler. Ogly goşun gullugyndan gelende-de şeýdiläýmesi bolardy. Enäniň weli, azaryna-da däldir, gaýta «Haý, köki ýaýramyşlar» diýip, göwnübir ýalydyr. Eýsem näme? «Be-eý, birhiliräg-aý» diýdirýän onça-onça boluş il-günüň seniň begenen ýeriňde begenýänliginiň bolşy. Seniň şatlygyň il-günüňki, il-günüň şatlygy özüňki ýaly bolsa, oňa ýetesi näme bar? Ol bagt miwesini berýän daragtyň bir şahasyna goluň ýetdigi dälmidir? *** Anha, bu güýz günleri ýetişen hasyly ýetişmiş ulugyzlar ýygyp ýörler. Şu azaphon halk, il-gün harman atyp, hasyl baryny hazana galdyrman, beýlesine geçirip, duluny doldurýar. Şeýde-şeýde, güýz duluny dolduran türkmen üç aý gyşdan tä ýaza çenli öýünde aýagyny uzyn salyp oturyp bilýär. Ýazýanlaryň dilinde şu ýygymçy gyzlaryň ýaňaklary ýygyp ýören almalarydyr narlaryna deňelse-de, deňelýändir, ýöne bu ýapy ýaly diýilýän ulugyzlar alma-da däl, nar-da. Olar — mertebe, ar, namys. Almadyr nar gerekläne özüňde bardygyny, barybermelidigini aýdyp bolýar. Gyzy ýetişen, gyzly öý beýtmeýär. Ýitigli açjak gapysyny indeýe-indeýe, soraýa-soraýa onsoň habar gatýar. Anha, bagda miwe çokalamaga gelen guş-gumrular ýygymçy gyzlaryň göge göterilen gülküsine hamana, öz seslerinden utanýan ýaly, gürre ördüler. Gözüňe-başyňa döneýin kireňsiz, ter-tereň ýaşlykda onça-onça boluş geňlenenok. Olar alma atyşýan bolarly. — ?! — Bilýän. «Zöhre Tahyry» ýatlatjaksyň. Ýurduň içinde-hä däl, daşynda-da meşhur bagşy Nurberdi Gulowyň: — Tahyr Zöhre jany, Zöhre Tahyry, Alma bilen atyp urdy köşgünde-e-eý... diýen owazy gulaga gelýän ýaly. Herhal, ýaşlyk kämil, oýlanyşykly gojalyk däl. Ondaky göçgünliräkligi ýazgaryp, eline, aýagyna kakjak bolmak geregem däl. Ho-ol ýygymçy gyzlar seniň, meniň, onuň dowamy ahyry! Dowamyňa-da dowamat dilemek dogry. Şeýle dilege gezek gelende, agzy agzyna gelşip barýanlar bolýar. Uzak gum içindäki Diňli obasynda ýaşan Töremyrat aga şolardandy. «Sawçylardan ýaňa gapyňyzda at tezegi guramasyn» diýerdi. Onsoň beýle şirin, owazly dilege goşulmabilseň goşulma-da! Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW, publisist. Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/8/484. 26.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |