GAR
Küräp durşy «Goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan» diýilýäne ýetjege meňzeýär. Gazetiň Täze ýyl sany üçin gar hakda ertirden bäri bir ýazga dümtünip oturan Atda Perreň arassa howada kellesini durlamak üçin edaranyň öňündäki meýdança çykanda, gijöýlän tutan gaý gitdigiçe tutaşýardy, boramak boraýardy.
Çykjak gyz ýaly, tutuşlygyna aklyga çolanan Asmangözeliň gözüň ýagyny iýip barýan ak lybasynyň etegi häzir hamala, gözýetime çenli tutuş barlygy öz reňkine öwürjek bolýan ýalydy. Bu görnüşi synlap duran Atda Perreň:
— Ýagyp bilýä — diýdi. Onuň beýle diýmesiniň sebäbi bar: gyş düşeli bäri eýýäm ikinji gezek şeýdip ýagýar. Öňki garyň eränine heniz bir hepde-de geçen däldir. Häzirki göz açdyrman durşy-da ýagyp, keýpden çykjagyň rejesi. Günorta, öýle uçurlaryndaky mahmal ýaly, ýazyň bir güni deýin allanäme howany gören onuň soňunyň çöpüniň bardygyna ynanmasa-da ynanmaz, ýöne birneme gar basgylandyryn öýdýän Atda Perreň weli, howanyň öwzaýyndan çen tutdy: ol howa nähiliräk bolanda, Asmangözeliň ýüzünden gar syrajagyny bilerçe bolupdy. «Ýagar» diýdi. Ine, ol ýalançy etmedi. Ýer-gögüň arasy çap-çal, özem bäri-bärde diňjege meňzänok. Ol muňa begenýär. Ýok, çen-çakynyň dogry çykanlygy üçin däl-de, bu garyň aýny wagtynda ýagýanlygyna begenýär. Anha, diňe özleri däl, alawagyrdylary bilenem köçäni dolduryp barýanlary görsene! Asmangözeliň gary diňe özleri üçin ýaly. Beýdibem bolýan oguşýa. Goňşy süýji kärhanasynyň adamlary bolarly. Çenelip zyňylýan gar tokgalary nyşana degýämi-degmeýämi, ony diňe wagtal-wagtal çykýan çasly ýa-da ýognas gülkülerden, «Uw-f-f!» edip, elini ýaňagynamy ýa boýnuna ýetirýänleriň bolşundan aňaýmasaň, biler dagy eder ýaly däl. Ol-a ol, Atda häzir özüniň näme edip, näme goýýanyny bilmeýäne meňzeýär, elindäki gar tokgasy zynç bolup, suwjaryp gidipdir. Häzir ol ony owuçdan-owujyna geçirip durşuna garlaşýanlardan salsa salaýarly-da görünýär. Gazetçiniň garlaşýanlaryň şowhunyna göterilen hyýal guşy ony sähel salymda ýaşlygynyň birmahallar guduramak guduran alyslardaky ýaýlalaryndan çykardy. Hälki süýji kärhanasynyň işçilerine derek, indi onuň göz öňünde başga bir görnüş peýda boldy. Atda Perreň gözüniň alnynda ardurja daşlaşyp barýan ýaşlygyndan galmajak bolýan ýaly, ellerini agzyna iki ýanlaýyn köweldip, jarçylaryňky ýaly, «E-he-he-he-e-e-eý!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Ýaşlygy weli, kemteresinden gaňrylaýynam diýenok, barha ara açýar. Sesi eşidilmedimikä?! Geň däl. Eşidilen bolsa-ha beýtmezdiler. Ýerde gar ýatyrka, üstesine-de häzirki ýaly ýagyp durka, näçe bogaz ýyrtaý, sesiň aşyrym-aşyrym uzak gitjek ýeri ýok. Gar ony siňdirýär ahyry! Ýa ol gygyrandyryn öýdýärmikä?! Hyýaldyr-da, onda nämeler bolanok?! Gazetçiniň ýaşlygy bilen garlaşasy gelýänligi weli, gara çyny. Gar tokgasyny onap-çenäp, maýajyny gözleýär. Göwün-dä! Göwün guşy Atda Perreňi nämäniň-nämedigine düşünip-düşünmänkä, ýene hyýal guşunyň hälki äkiden ýerine öwrüp getirdi, getirse-de, garlaşýanlardan weli, nam-nyşan ýok. Gar tokgasy bolsa henizem elinde, salaýmandyr. Beýdäýseň bolaýmazdy. Görenler geňlär, eşidenler ýaka tutar. Ol Atdanyň Atda Perreň adyna ýaraşmazdy. Kakasy pahyryň aýdyşy ýaly, günä bolardy. Takwa kişiler-ä günäni kyrka çenli kesege ýazylýan hasaplaýarlar. Diýmek, ol wagtyň geçmegi bilen ýel-ýagmyra, ygal-yslaňa bozulýan bolmaly. Eýsem, ýaşlygyň bir hezili ýalňyşlardyr günäleriň gögeleligiň üstüne atylýanlygyndamyka?! Ýok-la, ýaşlaryň uludan kiçeldilen ýalylary kän-ä. Pikir ýumagy çöşlene-çöşlene, şu ýere ýeten gazetçi ýaş kärdeşleri Guwançdyr Aşyry ýatlady. Olar edep-terbiýede ulugyz ýaly ahyryn! Onsoň olaryň öňündäki uly ýaşlylaryň jogapkärçiligidir göterýän garamaty-da uly. Diýmek, «ömür» diýlip goýberilýän iňňän çylşyrymly, synagly ýolda saly 4-5 müçäni kowalap ýörenler yzdan gelýänleriň öňündäki jogapkärçilik üçinem özlerine sak bolsalar ýagşy.
Kyrka çenli kesege ýazylýan günä galan ömrüňe daşa ýazylýarmyş. Daş bolsa elbetde, kesek däl. Gar astynda duran Atda Perreň ap-ak dünýäni birsellem synlansoň, garykjak bolan gözlerini çalaja owkalady. Möhüm bir zady aýtjak bolanda bolşy ýaly, agzyny öweltdi. Häliden bäri daşarda duransoň, üşäp gyzaran ellerini biri-birine sürteşdirdi. «Göreş meýdana çykdy, ha-a-aw!» diýip, gygyraýjak jarçy ýaly, ellerini agzyna golaýlatdy, ýöne gygyrmady-da, gapdalynda kimdir birine pyşyrdaýan deýin pyşyrdady: «Ine, saňa Asmangözeliň aklygy!». Atdanyň pyşyrdysy jowur ak töwerege geň galmagyň pyşyrdysy däldi. Häzir onuň şu tämiz gar ýaly bijirim ýüreginde şeýle bir uly kanagat bardy weli, göwnüne bolmasa ol ölçeg birlikleriniň hiçisine sygmajak ýaly. Atda Perreň ony öz ýanyndan Kanagat ülkesi diýip atlandyrdy. Aýdýan zadyna iňňän ynananda bolşy ýaly, agzy ýene öz-özünden öweldi, birdenem ýaşyna gelişmese-de, ýüzüne ýaraşýan oglantaňlyk çaýylyp, erin-ýaryn boldy: gazetçi bolaýşyňy! Şunça ýadyna düşýädi. Makalasy üçin tapyndydyr öýdeni Magtymgulynyň setiridigi hakydasyna gelip, öz-özünden utanmak utanyp, hortaňdan garaýagyz ýüzi gyzaryplar gitdi. Ýazýan zatlaryň öz sözüň, öz aýdyşyň bilen bilinmeli. Kesp-käri bilen bagly pikire çörňeşen Atda böwrüne diňşedi: dogrudan-da, Magtymgula salgylanmasaň, kanagat üçin bäri-bärdäki ölçegler kiçi boljak. Il-günüň kanagaty kiçi-girim ölçege sygyp ýörenliginde, akyldar ony ülkä, onuň giňişliklerine deňäp ýörmezdi. Halkyň «Kanagata — bereket» diýen pähimi-de söz owadanlamak däl. Ýylyň iň soňky gijesi ýeri bolmanda agardar öýdülýän gar bu gezek egri dyza ýeterli. Obadaşlarynyň aýdyşy ýaly, kanagatlyny Allatagalanyň özem gözden salmaýan bolarly.
Seri durlanmaga derek gaýta garasar sürüsi ýaly, garym-gatym pikirlerden ýaňa, kellesi hum ýaly çişen Atda iş otagyna tarap haýdady. Barşyna-da gar bilen bagly ýazgysyny gaýtadan okamaga oturdy. Sözlemleri syntgylady, sözleriň käbirini çalyşdy. Şonda-da göwnüne ol heniz çig ýaly boldy durdy. Bu gar daýhany gürletseň, topragyň melhemi, ýeriň berekedi. Öýden örýän adam üçin gözellik, päklik. Atda Perreň gar hakdaky ýazgysynda iňňän belet zadyny tas unudan eken. Gar — könelmez köne kespli çarwalar üçin synag. Onuň kärdeşleriniň ýazyşy ýaly, çarwalaryň şeýle howaly her güni edermenlik. Abraýyň bolsa diş-dyrnak bolnup gydyrdanylýan zähmet edermenligine tirkelýändigini hemme bilýär.
Gar ýene näme?
Ol bu sowala jogaby entek-entek ýagarly garyň özünden almaly ýaly, ýerinden turdy. Üçünji gatdaky iş otagynyň penjiresinden aşakda — ýaňky duran ýeri zordan saýgartdy. Ýene güýçlenipdir. Özem ümsüm, ýöne durmuşsöýerligiň ysyny berýän dabaraly ümsümlik. Sessiz. Özgeler babatda pylan zat diýmese-de, şeýle ýakymly ümsümlikde, sessizlikde ol özüni gördi, işiňe gümralygy duýdy, duýsa-da, ony kagyza geçirip durmady.
Ahyrsoňy ynjalan Atda Perreň stolunyň tahylyndan täze ýylyň senenamasyny çykardy. «2021. 1-nji ýanwar. Anna» diýen sahypasyny açdy. Jaň etmäge başlady...
Hekaýalar