22:55 Pozitiwizmiñ pygambersumagy: Ogýust Kont | |
POZITIWIZMIÑ PYGAMBERSUMAGY: OGÝUST KONT
Filosofiýa
Soñky döwürlerde käbir kişiler we toparlar yslama garşy pozitiwizmi öñe sürýär hem-de özlerine pozitiwist hökmünde baha berýär. Pozitiwizmiñ nämedigine düşünmek üçin, ilki bu akymyñ esaslandyryjysy Ogýust Kontdan söz açmak gerek. Fransuz filosofy Kont 1798-nji ýylda dünýä indi. Kakasy bankda kassir bolup işleýärdi, ejesi bolsa öý hojalykçy dindar aýaldy. Dokuz ýaşynda ýaşaýan şäheriniñ kolležinde okap başlady. Uçursyz zehini bilen çalt göze ildi. On dört ýaşynda dürli sebäpler ara düşüp maşgalasyndan aýryldy we yñdarma respublikaça öwrüldi. Tertip-düzgüne eýerip ýaşamagy we häkimiýeti halamaýardy, özüne aşa bermek bilen bir hatarda hemmeleriñ özüne gulak asmagyny isleýärdi. Matematika boýunça köpleriñ ýetip bilmejek üstünligine ýetdi, netijede ýañy 16 ýaşanda Parižiniñ Politehniki institutynyna ekzamensiz kabul edildi. Ol bu ýerde diñe okuw sapaklary bilen däl, dürli pikirli akyldarlaryñ kitaplary bilenem içgin gyzyklandy. Okuwda Sent-Simonyñ pikirlerini ýaýmaga dyrjaşdy. Kursdaşlary bilen birlikde professorlaryñ birini sylaman, göwnüne degendigi we düzgün-tertibi bozýan hereketleri edendigi üçin hökümet instituty wagtlaýyn ýapdy. Kont polisiýa tarapyndan maşgalasyna tabşyryldy. Maşgalasynyñ närazy bolandygyna garamazdan Pariže dolanyp baryp, biologiýa bilen gyzyklanypdyr. Sent-Simon bilen tanşyp, ýedi ýyllap onuñ ýanynda gezipdir. Onuñ halypasy bilen arasynda kyrk ýaş tapawut bar eken. Emma Sent-Simonyñ şägirdini buýruk berip, ytagat etdirjek bolşy, Kontyñ bolsa tertipsizligi we özüne aşa ýokary baha berýän biridigi sebäpli, soñabaka oñuşman başlapdyrlar, ahyrynda her kim öz ýoluna gitmeli bolupdyr. Kont betbagt we gowşak adam bolupdyr. Ol köçede ýatyp-turup ýören bir jelebe öýlenip, ony ýola salmaga we geçmişini unutdyrmaga dyrjaşypdyr. Maddy ýeter-ýetmezçilik, dawa-jenjel bilen dowam eden bu ýaşaýşyna ene-atasy başdan razy bolmandyr. Ol dosty Walata ýazan hatynda nikalap aýalyndan gözlän zatlaryny tapmandygyny ýazypdyr, özi aýtmyşlaýyn onda "ýürek pidakärligi, häsiýet mylaýymlygy, äriniñ aýdanlaryna sabyr-takat edip biljek şahsyýet" bolmandyr. Şonuñ üçinem bagtly durmuş gurup bilmändir. Aýaly bilen ýaşaşyp başlan birinji ýylynda eýýäm "iñ zalym duşmana-da bular ýaly betbagtlygyñ rowa görülmejegini" ýazypdyr. Kont gününi dolamak üçin "pozitiw pelpese derslerini" bermäge başlapdyr. Bu dersiñ esaslary metafizikada, ýagny, imana we ynanja garşy göreşmekden ybaratdy. Onuñ pikiriçe hakykatyñ ölçegi metafizikadan mahrum bolmakdy. Ýagny, tejribe edip görmegiñ çäklerine girmeýäm we tejribe etmek arkaly subut edilmedik hiç bir mesele adam añyny meşgul etmeli däldi. Kont sapak okadyp durka, birdenkä essi aýylyp, dälireýän ýaly bolardy. Çagalygyndan bäri dynuwsyz okap-pikirlenip gelýändigi hem-de çepiksije aýalynyñ çemesizligi onuñ aklyny üýtgedipdir. 1826-njy ýylyñ 24-nji aprelinde ol öýünden gaçyp gaýdýar. Söbügini sypdyrmadyk aýaly ony bir kölüñ boýundan tapýar. Ol ýerde aýlanyp ýörkäler Kont ýene üýtgeýär, ýüzüp bilmeýänem bolsa köle özüni oklaýar. Aýaly ony zordan diýen ýaly gark bolmakdan halas edýär. Emma ol mundan soñ guduzlan ýaly bolýar, gyssagly dälihana salynýar. Ýedi aýlap dälihanada ýatansoñ, aýalynyñ haýyşy bilen öýüne dolanyp barýar. Ýöne ol barybir doly düzelişmändir. Nahar iýip durka, birdenkä aş pyçagyny alyp stola sünjüpdir, käte belent ses bilen Gomerden parçalar okapdyr we özüni Sena derýasyna oklajak derejä ýeten melanholik ahwallara uçrapdyr. Ol diñe 1828-nji ýylda özüni dürsäp bilipdir we 1829-njy ýylyñ ýanwar aýynda täzeden ders bermäge başlapdyr. 1834-nji ýylda aýaly Konty taşlap gidipdir. Emma olar birnäçe ýyllap hat alşypdyr. Baý adamlardan toplan maddy kömekleri bilen gününi dolaýan Kont şol ýyllar özüni gowy görýänleriñ we sylaýanlaryñam gaharyny getirip, howpurgadyjy çöküşlige tarap taýmaga başlapdyr. 1845-nji ýylda äri türmede oturan 30 ýaşly aýala sataşypdyr. Şol wagtyñ kanunlaryna laýyklykda äriñ türmedekä aýrylyşmak mümkin däl eken. Filosof bu ýaş aýala aşyk bolupdyr. Mundan beýläk ony görmese, duşuşmasa, oña ýazmasa güni geçenokdy. Bir ýylda 181 gezek hat ýazan Klotildasy inçekesel zerarly, ertesi ýyl aradan çykypdyr. Onuñ ölüminden soñ Kontyñ platonik söýgüsi möwjäp, ýetjek derejesine ýetipdir. Ol indi diñe merhum söýgülisiniñ ýatlamalary bilen ýaşapdyr, ony çokunarlyk derejede söýüpdir. Kont ölýänçä tegelek on üç ýyl "goraýjy perişdeleriñ iñ ulusy" diýip atlandyran bu zenanyny ýatlamak üçin günde üç wagtyna doga okapdyr. Dañ bilen 05:00-da turup, uly hormat bilen Klotildanyñ dynç alýan diwanynyñ öñünde dyzyna çöküpdir we kyrk minuda çenli sene yzygiderliligi bilen söýgülisi bilen geçiren pursatlaryny ýatlap, göz öñünde janlandyrmaga çalşypdyr. Bile oturan stoluna gül desselerini goýupdyr, özi üçin möhüm hasaplaýan duşuşyk günlerini belläpdir, günüñ iki sagadyny söýgülisine bir tüýsli ybadat we seremoniýa bilen geçiripdir. 1849-1850-nji ýyllarda onda birnäçe geñsi duýgularyñ ornandygy görülýär. Kont käbir geñ-tañsy synanşyklara girişýär. Ol indi "ynsanperwerlik dini" atly pozitiw din gurandygyny yglan edipdir. Rus patyşasyna we Osmanly döwletiniñ baş wezirine hat ýazyp, olary bu dine çagyrypdyr. Ol indi özüni pygamber hasaplap başlapdyr. Özüne iman edenleri dolandyrmaga dyrjaşypdyr. Uýýan wasany (ikony) bolsa ynsanperwerlikdir: Geçmişi, hal-ahwaly we geljegi bilen nazara alnan adamzada tutuşlaýyn baha berilende "Beýik barlyk" orta çykýar, muña çokunmak we ybadat etmek gerek. Kont bu diniñ guramalaryny, papalygyny, munuñ ygtyýarlaryny, hatda oturjak ýerini, pozitowçi ybadathananyñ meýilnamasyny, ýyllyk kalebdaryndaky 13 aýyñ 13 beýik şahsyýetiñ adyny götermegini, olaryñ haryrasyna gurlan ybadathanalary birin-birin ýazdy. Ynsanperwerligi otuz ýaşly zenan (bu gürrüñsiz, onuñ Klotildasy) hökmünde suratlandyrdy. Onuñ dininde ýylda 84 sany baýram güni, 9 sany gurbanlyk güni bolmalydy, çokunmak yşaratynyñ ýerine başga yşaratlar edilmelidi. Kontyñ dininiñem edil ýoýulan hristianlyk ýaly "üçlügi", bu diniñem apostollary, hatda aforozlary (nälet okalmalylary) bar. Ynsanperwerligiñ iñ uly ganym duşmany hökmünde şeýtanyñ deregne Napoleon Bonaparta nälet okamagy ündäpdir. Kontyñ "ynsanperwerlik dini" ady bilen guran bu dini buthananyñ hüjümine uçramagy bilen bir hatarda akyldarlar tarapyndan halanylmandyr. Buthana bu akymy küpür we hudaýtanamazlyk hasaplapdyr. Akyldarlar bolsa bu diniñ tersine çöwrülen katoliklikdigini aýdýardylar. Žan Mari Gýuýo Kontyñ dini häsiýetli sistemasyny tankyt edip, şeýle ýazypdy: "Pozitiw ylymlar bilen durmuşyñ nikasyndan din dogmaýar, dini seremoniýalar başga zat bolmadyk kontizm ruh gidenden soñ tende ýaşaýşy saklamaga synanyşmakdan ybaratdyr". Ernest Renan Kontdan söz açanda: "200 ýyl bäri birnäçe bilimli adamlaryñ özi ýaly görüp, düşünýän hakykatlaryny ýaramaz fransuz dilinde beýan edendigi üçin Konta beýik adam diýmegi meniñ gaharymy getirýär" diýýärdi. Uly umyt-arzuwlaryñ kül-külüne düşüp başlan badyna, Kontyñ täzeden akly üýtgäp başlapdyr. Añ çökündisini we duýgy tolgunmasyny başdan geçiripdir. Guran pozitiw sistemasyna doly çapraz gelýän hereket bilen mistiki we metafiziki bolşy ýaly-da geñsi din oýlap tapan filosof 1857-nji ýylyñ 5-nji sentýabrynda ynsanperwerligiñ simwoly we wekili hasaplap, "Uly barlyk" adyny befen Klotildasynyñ stolunyñ öñünde iñ soñky seremoniýasyny ýerine ýetirip duran wagty aradan çykdy. Jemil Meriç "Žurnalynda" Konta şeýle baha berýär: "Kont ýigrimi ýaşynda institutdan kowlupdyr. Şol ikiarada kimdigi belli däl bor aýala çaga dogurdypdyr. Meýhana kürsäp giren ýaly sent-simonizme giripdir. Soñra başga bir jelebe sataşypdyr. Oýnaşy hökmünde gezen aýaly bilen nikalaşandan soñ, dälihana giripdir, ol ýerden çykansoñ dini nika gyýdyrypdyr. Sena derýasyna özüni oklapdyr, hernä, halas edipdirler. Kyrk alty ýaşynda akly-huşy durugşansoñ, otuz ýaşly başga bir jelebe duşupdyr. Kyrk ýedi ýaşynda ol aýaly-da ýitiripdir. Awtobiografiýa ýazyjylaryñ biri ol biçäräni Kontyñ özi öldürdi, ýalñyş dermanlary içirip öldürdi diýip ýazypdyr. Dünýä ähli ýurdunda bular ýaly adamyñ orny ýa dälihana, ýa türme. Şeýle-de bolsa, Ogýust Kont düşünje taryhynyñ iñ başynda ýerini tapypdyr". Kontyñ pikiriçe metafizikanyñ geregi bolmaly däldi, onuñ ýerini pozitiw ylym almalydy. Muny aradan geçen şunça wagtyñ dowamynda tejribe, ylym we taryh ýalana çykardy. Tersine, politiw ylym we maglumatlarymyz ösdügiçe metafizika bolan mätäçligimiz barha artýar. Ýurdumyzda-da Beşir Fuat, Ahmet Ryza, Zyýa Gökalp ýaly birnäçe şahs pozitiwizmiñ täsirinde galypdyr, özleriçe onuñ wekilçiligini edipdir. Respublika döwründe bolsa, pozitiwist garaýyş iñ gödek görnüşde añlara we guramalara aralaşma mümkinçiligini tapypdyr, göýä özbaşdak iman sistemasyna öwrülipdir: Taryha hüjüm edýänem muña arkasyny daýapdyr, yslamyýete dil uzadanam bu garaýyşa goldanypdyr, ylym-bilim üçin, akyl-paýhas we pozitiwizm üçin hereket edýän gymmatlyklary we ynançlary ýykyp-ýumurmak isleýänler amatly pursat we mümkinçilik tapypdyr. Kyrkynjy ýyllardan bäri Türk Milli bilim ulgamynda, medeniýetinde, düşünje we sungat ugurlarynda, ýokary okuw jaýlarynda Kont giñişleýin öwrenilip gelindi. Kontyñ eserlerine, biz söz bilen aýdanda "Pozitiwizmiñ ylmyhalyna" aýratyn gyzyklanma bildirilipdir. "Yslam ylmyhalynyñ" ýerine bu kitap neşir edilip ýaýradylypdyr. Munuñ netijesinde-de dar dünýägaraýyşly, adama, medeniýete, taryha ýöntem we negatiw baha berýän, öz medeni gymmatlyklaryna duşman bolan geñsi añyýet orta çykypdyr. Türk medeni durmuşynyñ şeýle añyýet zerarly uçran ýitgisi howpurgadyjy derejä çykypdyr diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Üstesine, pozitiwizmiñ giñden wagyz edilýändigine garamazdan ylymda we tehnikada öwrenişiñ, gözleg-agtaryşlaryñ we oýlap tapyşlaryñ bolmazlygy üstünde aýratyn durlup geçilmeli meseledir. "Ynsanperwerlik dinini" gurmaga synanşan pozitiwizmiñ pygambersumagy Ogýust Kont aslyýetinde aklyndan azaşan telbäniñ biridi. Onuñ durmuşy-da görşüñiz ýaly ybrat alarlyk hekaýatlardan doly. • ÇEŞMELER [1] Ysmaýyl Kyllyogly "Pozitiwizm", Sosial ylymlar ensiklopediýasynyñ içinde. "Risale" neşirýaty. [2] S.Haýri Bolaý "Pelsepewi doktrinalar sözlügi", "Akçağ" neşirýaty. [3] Thema Larousse Ansiklopedisi. "Milliyet" neşirýaty. [4] "Sosiologik düşünjäniñ Evreleri" Türkiýäniñ "İş" bankynyñ neşirýaty. [5] Adnan Adywar "Ylym we din", "Remzi K" neşirýaty. [6] Jemil Sena "Filosoflar ensiklopediýasy", "Remzi K" neşirýaty. [7] Orhan Hançerliogly "Rublim sözlügi", "Remzi" neşirýaty. [8] Nihat Keklik "Filosoflaryñ aýratynlyklary", "Doğuş" neşirýaty. [9] Bedia Akarsu, "Döwürdeş pelsepe", M.E.Y. [10] Jemil Meriç "Žurnal", "İletişim" neşirýaty. Sefa SAÝGYLY, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |