22:47 Älemiñ başlangyjy: "Bing Bang" | |
ÄLEMIÑ BAŞLANGYJY: "BING BANG"
Alymlaryñ pikiriçe, 15 milliard ýyl mundan öñ ini-boýy iññäniñ gözündenem kiçi nokadyñ partlamagy netijesinde häzirki älem-jahan ýüze çykypdyr. "Bing Bang" ("Uly partlama") atlandyrylýan bu teoriýa älem-jahanyñ ýeke-täk we bir uly partlama bilen başlandygyny öñe sürýär. Meşhur fizik Stiwen Hoking "Indi hemmeler älemiñ we wagtyñ "Bing Bang" bilen başlandygyny kabul edýär" diýip belleýär. Ýagny älem-jahan ýagtylygyñ we energiýanyñ partlamagy bilen ýokdan bar bolupdyr. Aýratynam XX asyrda älemiñ üýtgemeýän, ezeli we soñsuz gurluş däldigini ylmy açyşlar arkaly subut edilmegi materialistik pikirli kişileri sözüñ doly manysynda serpmeden gaýtarylan ýaly etdi. Emma "Bing Bang" bulam-bujar, ugursyz we tötänleýin bolan hadysa däl. Tersine, akylly-başly jandarlaryñ orta çykmagy üçin şertleri sünnälenip taýýarlanan we adam añynyñ çäklerinden añyrdaky inçelige we çylşyrymlylyga eýe hadysadyr. Älemiñ güýç, massa, dereje, agyrlyk, elektromagnitizm, ýeriñ özüne dartyşy we beýleki ähli sanap bolaýjak aýratynlyklarynyñ şeýlekin dereje çylşyrymly formasy şeýle bir sarsdyryjy inçelik bilen kesgitlenipdir welin, munuñ tötänlik bolmagy mümkin däl. Ýer ýüzünde ýaşaýyşyñ emele gelmegi älemiñ uç-gyraksyzlygyndaky inçelik ýaly älemiñ giñelme tizligine bagly bolup durýar. Stiwen Hoking "Wagtyñ gysgaça taryhy" atly kitabynda giñelme tizligi barada şeýle diýýär: "Älemiñ giñelme tizligi şeýle bir dartgynly sepgide ýeten welin, "Bing Bang"-Dan soñky birinji sekuntda bu dereje eger "ýüz million kere milliondan bir" hasam kiçi bolan bolsa, älem häzirki ýagdaýyna gelmezden öz içine çöküp galardy". Şular ýaly inçe hasabyñ tötänleýin dörändigini we ilkinji maddalaryñ ol ýerde tötänlikden tapylandygyny aýtmak mümkin däl. Başgaça aýdanda, älemde şolar ýaly derejede ýörite başlangyç şertleri we inçe ülñileri emele getirip, hamala, şu günümizi we bizi göz öñüne tutan ýaly bolupdyr. Diñe şunuñ özem "Big Bangyñ" tötänden däl-de, meýilnamalaýyn orta çykandygynyñ iñ anyk görkezijisi bolup durýar. Mantygyñ (logikanyñ) esasy prinsiplerinden biri: "Başlangyjy bolan her bir zadyñ hökman bir sebäbi bolýar". Biziñ bilşimizçe, älem soñ ýüze çykan zat. Ýagny bir başlangyjy bar. Şeýle bolýan bolsa, onuñ bar bolmagyna bir belent akylyñ sebäp bolandygyny aýdyp bileris. Nobel baýragynyñ eýesi fizik Arno Penzias şeýle diýýär: "Astronomiýa bizi hiç zada meñzemeýän hadysa; ýokdan bar eýlenen äleme tarap äkidip barýar. Bu şeýle bir älem welin, hem ýaşaýşyñ emele gelmegi üçin şertleriñ hemmesini ýerbe-ýer üpjün edip biljek iññän eserdeñ sazlaşyga eýe hem-de özeninde "adatdan daşary" diýip boljak görnüşde maksatnama ýatyr". Şeýle-de, Stiwen Hoking "Älemiñ başlangyjynyñ bardygyny kabul etsek, onda onuñ bir Ýaradyjysynyñ bardygyny-da kabul etmeli bolýarys" diýýär. "Dünýäniñ älemiñ, adamyñ ýaradylandygyna şek-şübhe bolup bilmez" diýlende, ateistler şobada "Ýeri, onda Hudaýy kim ýaratdy?" diýen sowaly orta atyp, özleriçe ýaradylma düşünjesini püçege çykarandyrys öýdýärler. Emma ateistleriñ görmeýän, görmek islemeýän ýene bir zady bar: Allatagala ezelidir. Ýagny başlangyjy ýok. Wagta we belli bir ýere dahylsyz, göz bilen görüp, el bilen elläp bolmaýan, öz eradasy bolan çäksiz gudrat eýesi bolan barlykdyr. Soñ ýüze çykandygy mälim her bir zadyñ hökmany suratda ýaradyjysy bolýar. Emma başlangyjy ýok, ezeli Yaradyjy hakda bi sowaly bermek manysyz we boşdur. Gysgaça aýdanda, ateistler "Eger her zadyñ bir sebäbi bar bolýan bolsa, Hudaýy nämüçin mundan aýry tutýarys?" diýende ýalñyşýarlar. Älemiñ başlangyjynyñ bardygy üçin, elbetde, onuñ Ýaradany bar. Şonuñ üçinem ezeli, ýagny, başlangyjy ýok Rebbimiz hakda orta atylan bu sowalyñ hiç bir babatda manysy-da ýok, mantygy-da. Sefa SAÝGYLY, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||